Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy BIZ NÄME ÜÇIN SÖÝÝÄRIS?
( 43 Ses Berme )

Söýgüniň nämedigini aýdyp bilýän adam, hiç
haçan söýen däldir.

A. Bret.

Biz öz durmuşymyzda millionlarça adamlara düş gelsek hem, näme üçin diňe bir adamyny söýýäris? Maýsa bilen Gurban üç ýyl bir ýerde işläp, näme üçin häzir biri-birine başgaça seredip başladylar? Ýaşlarynyň, dünýägaraýyşlarynyň dürlüligine garamazdan, näme üçin Myrat Aýnanyň ugrunda perwanaka? Bu zatlar durmuşyň düşündirip bolmajak kanunlary bilen bolup geçýärmikä ýa-da tötänlikmikä? Elbetde, ýok. Her tanyşlyklar bize öňünden görlüp bilinmejek tötänlikleriň netijesi bolup görünse-de, olar biziň kesgitläp bilmejek, ýöne öz taýymyzy saýlamakda belli bir çözgüde ýetmäge kömek edýän talaplar netijesinde bolup geçýändir. Psihologlar talaplary birnäçe toparlara bölýärler.

Ýekelikden gaçma

Adamynyň enesi bilen emosional gatnaşygynyň ülňüsi, onuň kalbynda ömürlik yz galdyryp, onuň adamlar bilen soňky gatnaşyklaryna hem täsirini ýetirýändir. Kiçi çaganyň ýaşaýşy enesiniň oňa sözsüz düşünşine, onuň talaplaryny düýşuna, ene tarapdan berlen mähirliligiň derejesine baglydyr. Eger çagalykda bize şu zatlar ýetmezçilik eden bolsa, bize düşünýän adamyny tapma islegi bizde has hem güýçli ýüze çykyp biler. Çagalykda ene-ata mährinden ýetmezçilik duýan adamda, öz tapan taýyndan emosional garaşly bolma ýagdaýynyň döräp biljekdigini bellemelidir.

 "Men Aşyry hiç haçan taşlap bilmen. Ony ýitirip bilme gorkusy mende şeýle bir galagoplyk döredýär. Men ony ýitirsem, meni kim söýer? Men ýeke galmakdan gorkýaryn" - diýip, 26 ýaşly Gülälek öz howatyrlanmalaryny beýan edýär.

Beýle söýgi berk ýaly bolup görünse hem, onuň düýbünde dürmuşda ýetmezçilik eden söýgüniň öwezini doldurma islegi ýatýandyr.

Men seni tanaýaryn

Elbetde, bir okuw jaýynda okalanda, bir edarada işlenilende ýa-da goňşy jaýda ýaşalanda öz söýgüli taýyňa duşma mümkinçiligiň ýokarlanýandygyny kesgitlemek üçin sosiolog bolmagyň geregi ýokdur. Ýöne bu diňe biziň gündelik gurşap alýan adamlarymyz bilen tanyşýandygymyzy aňlatmaýar. Söýgi-has inçe we çylşyrymly düýgüdyr. Zigmund Freýdiň kesgitlemesine görä, biz diňe öňden aňymyzda "ýaşaýan" adamyny duýup, kabul edýäris. Başgaça aýdylanda, biz ilki bilen öz aňymyzda isleýän taýymyzyň "suratyny çekip", diňe şondan soň şoňa meňzeş şahsyýeti durmuşda saýlap alýarys. Ol gyzyň ýa-da oglanyň obrazynyň öňden biziň kalbymyzda ýaşaýanlygy üçin, ol özüne çekýär we diýseň tanyş we mähirli bolup görünýär.

Sen ejeme (kakama) meňzeýärsiň...

Kämil gatnaşyklarda biziň saýlap alan taýymyz ene-atamyzyň obrazyna hem deňeşdirilýändir. Eneňiziň ýa-da ataňyzyň obrazyny ýada salýandygy üçin, ol gyz ýa-da oglan sizi özüne çekip biler. Edil şol sebäpden, oglan öz ejesiniň daşky sypatyny (inçeden uzyn boýly ýa-da orta boýlydan togalajyk) we häsiýetini özünde saklaýan gyzy saýlap almaga ýykgyn edýän bolsa, gyz hem öz kakasynyň obrazyna deň gelýän oglany saýlamaga isleg bildirer.

Ýöne durmuşda ters ýagdaýlar hem duş gelip biler. Çagalykdan ene-atasy bilen çylşyrymly gatnaşyklarda bolan oglan ýa-da gyz, içki närazyçylygynyň ýüze çykmasy höküminde, olara düýbünden meňzemeýän adamyny özüne ýanýoldaş höküminde saýlap biler. Bolmasa, professoryň gyzy, 27 ýaşly Aýnuryň kommunal hyzmatlary edarasynyň ussasy Polady çyn ýürekden söýenini nädip düşündirip bolar?...

Mende ýok zat sende bar

Şu günki gün biz öz taýymyz bilen gatnaşyklara uly umyt baglap, olaryň hemme tarapdan göreldeli we talabalaýyk bolmagyny isleýäris. Belki şu sebäpden, biz özümizde bolmagyny isleýän zatlarymyzy özünde jemleýän adama duşmaga ymtylýandyrys. Başgaça aýdylanda, biz özümiziň kämilleşen obrazymyzy görkezýän "aýnanyň" gözlegine çykýarys. 26 ýaşly Gülnäz şeýle düýgulary Amana duşanda başdan geçiripdi: "Ol diýseň syratly we özüne ynamly, baý, başarjaň hem-de wäşi oglan. Onda mende bolmadyk zatlar, esasan hem agzybir maşgalasy-ene-atasy we iki sany jigsi bar. Çagalar öýünde geçen çagalygymda men bu barada diňe arzuw edýärdim. Men pikir etdim: eger meni şeýle adam söýen bolsa, diýmek men nem bu durmuşda belli bir sepgitleri eýelän bolmaly".

Ýöne adamyň özünde bar bolan dogry sypatlaryny özüne ýöňkäsi gelmän, ony saýlan taýyna "geçirýän" halatlary hem bolýandyr. Meselem, aňasty aňynda aýal özüni ynanjaň we garaşly saýyp, özünde pähimliligi we dogry çözgütleri tapyp bilme ukybyny jemleýän erkek adamyny tapmaga isleg bildirip biler. Şeýle etmek bilen ol özi baradaky hemme jogapkärçiligi öz taýyna ýükleýändir.

Biz özümizde halamaýan sypatlarymyzy saklaýan adamyny hem saýlap, öz ýaramaz häsiýetlerimizi duýmazlyga, olaryň bardygyna düşündiriş tapmaga çemeleşip bileris. Meselem, men özümde bar bolan ýaltalygy we geleňsizligi halamok, ýöne meniň taýym hem edil şeýle häsiýetleri özünde saklaýar. Men wagtyň geçmegi bilen, ony has ýalta saýyp, mende şeýle kynçylygyň ýoklugyny ykrar etmäge bolan hukugy gazanyp bilýärin.

Gözleýän zadyňy tapma

Biz söýgüde öňki ýakyn gatnaşyklarymyzda ýetmezçilik eden düýgülarymyzyň öwezini dolmaga çalyşýarys. Biz bize peşgeş berlen şatlyk we bagtlylyk düýgüsyndan ganasymyz ýa-da öň alan "köňül ýaralanmalaryna" melhem tapasymyz gelýär. Ýöne şol ýetmezçilik edýän zadymyzy başga birinden alma isleginiň bolmagynyň, ýalan tama etmelere hem getirip biljekdigini bilmelidir.

...26 ýaşly Yhlas, özünden 8 ýaş uly bolan Bibini halaýar. Onuň dost-ýarlary Yhlasa düşünmeýärler we oňa igenýarler. Ýöne Bibi bilen gatnaşykda Yhlas üçin diňe bir mähirliligi we syrdaşlylygy gözleme dälde, eýsem çagalygynda ýetmezçilik eden goraglylyk düýgusyny we tertipliligi duýma hem möhümdir.

Siziň köpüňiz psihologlaryň düşündirişini okap: "Beýle çylşyrymlylyklara üns berme nämä gerek? Söýgi gözsüz bolýar. Kalbyňa söýgi ody aralaşanda, seniň içki talaplaryňa diň salyp duranok" diýmegiňiz mümkin. Megerem, siz mamlasyňyz.

Söýgi gapyňyzy kakanda, ony uly minnetdarlyk bilen kabul etmegi başarmalydyr. Kämil, hakyky söýgi gatnaşyklary iki adamynyň tansyny ýadyňa salýar. Tans edýänler sazyň akymyna hereket edip, gerek bolsa ýerlerini çalyşmaga, gapdala sowulmaga ýa-da bir ädim öňe çykmaga mümkinçilik tapýarlar. Şunuň ýaly gezekleşdirmeler netijesinde berip we kabul edip alýan söýgüň berkeýär we ýaýbaňlanýar. Durmuş ýolunyň uzak aralygyny geçen adamlar: "Men söýmäni başardymmykam? Ýassykdaşyma düýgülarymyň bar güýjüni we öwüşginini beýan edip bildimmikäm? Onuň beren söýgüsine çyn ýürekden şatlandymmykam?" - diýip, özlerine sorag berýärler.

Bütün ömrümizi duýgulary biri-birimize bermäne we kabul etmäni öwrenme netijesinde: "Men söýgüde ýaşadym" diýen jümläni özüňe aýdyp bilme mümkinçiliginiň döremegi uly bagtlylyk dälmi näme?

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#15 Meylis 2015-10-04 07:40
Salam,men hem okadym we haladym.durmuşda mañada şeyle waka gabat geldi.Şeýle waka üçin maslahat gerek maña,kime ýüz tutup
bolarka.
Sitata
 
 
#14 Ideya 2014-11-14 19:41
Egerde söyguni saklasynyz gelyan bolsa onda soyyan gyzynyza biraz asudalyk berin. Men bilşime göra köp oglanlar gyzlary gaty berk emosiyanal tarapdan danyp goyyalar. Sen menki, yok sen name üçin ol oglan gepleşdin...we yene yeneler. Gyzlar muny halamaz. Goy, erkek dostlary bar bolsa gatnaşsyn, gepleşsin. Ol gyz seni çyndan söyyan bolsa, seni hiç wagdam taşlamaz. Yok sen feysbukdaky suratyny bir oglan halapdyr, halanda name, ol gyz senin soyyanin ahyry, ol oglanyn "like" goyany bilen seni söyyan gyz gaçyp gidenoga...
Sitata
 
 
#13 Okyjy 2014-11-14 19:21
Hemmelere salam, yazan makalanyzy okadym we gaty haladym. İçimde köpden bari şu pikir bilen gezyan. We siz bilen paylaşmak isledim. Kamahal söyyan gyzyn bilen dost yaly gepleşesin geler. Ona söyyandigini aydasyn gelsen sebabi dostluk gatnaşyklaryn bozulmagyna sebap bolarmyka diyip gorkyaz. Şeyle birine duşasyn gelya haçanda söyyanini aydanda şol dostluk baglarynyz hasam berkar yaly.
Sitata
 
 
#12 David 2014-02-21 04:48
Okyjy, men Yewropa hakynda söz açamok.Ýöne häzirki söwürde köçeden geçip barýana-da söýgiñ nämedigini bilmän süýkenip ýörler.Söýgi bu duzak däl, oýun edip ýörer ýaly.Her adamyñ öz içki dünýäsi bar, bu mesele-de galpa ýol berilmez.Sizden düsündirise garasyan. OK
Sitata
 
 
#11 R.Hukukchy 2014-02-15 00:48
Hemmelere salam! Durmushda iymitsiz yashap bilmeyshi yaly, adam ol soygisiz yashap bilmez. Egerde yash juwanlar birek bireginiñ filosofski hukuklaryna dushunseler bular uzak yashashyp bilerler. Dushunen yada dushunmedik halatlarynda hem soygisi yashayar.1ni soyip sonam ayrylshmak bu birek biregi synanshyk durmushynyzyn oz anynyzaky bolan dushunshmezligi gorkezyar shunlukda filosofski dushunshmezlik bashlaya sonam yazya psihiki nadogry pikirlenman anynyza gelen hapalary dilin bn ichinden chykaryp diymek bn gul yaly durmusha nokat goyyanyz shon unem turkmenchilikde shukur et diyilya. Bir bashlama sonam yalnysh dp gaytma yza dushunmane chalysh, bizin her birimizde esasy yalnyshlyk oz kemchiliklerimizi owrenmeyanimizdedir. Hapa psiki pikirlerinizden elmydama dilinizi dashda saklan! shonda gowne degilmez dine bir mashgalada dal glabalny agzybir yashayysha hemem sagdyn yashamagynyza komek berer...
Sitata
 
 
#10 Okyjy 2014-02-12 00:13
Dawid, gürrüň söýüşip, nikalaşyp durmuş gurýan jübütler barada gidýär. Asylly türkmen maşgalasynda binika ýaşaýan ýaşlar ýokdur diýip tama edýärin. Bizde Ewropanyň adatlary, düzgünleri, kada-kanuny ýok ahyryn. Ol başga ýagdaý.
Sitata
 
 
#9 David 2014-02-11 19:48
Diñe biri-biriñi halasyp, sulhuñ alyp, düsünsip ýasajak bolsañ nikalasmaly ! Durmus bu oýunjak däl.Geçen durmus ýoluñy yzyna dolap bolmaýar.Sonyñ üçin häzirki döwürde söýgi meselesinde "ÝETMIS ölçäp, bir kesmeli" !!!♡♥
Sitata
 
 
#8 Okyjy 2014-02-11 16:05
Söýüşip, biri-birini sulhlary alyşyp durmuş guran ýaşlaryň arasyndaky "pajarlap ýanýan söýgi ody" wagtyň geçmegi bilen közäp, öçýärmikä? Söýgi könelýärmikä?
Sitata
 
 
#7 Ýanan gelin 2014-02-07 12:08
Men-ä şu söýgä kän bir ynanyp hem baramok. Bu bir iki ýaş juwanyň arasyndaky güýçli, ösen duýgusymykan diýýärin. Hany biri-birini söýüp, halaşyp durmuş guranlar agzibir, ylalaşyp, biri-biriniň göwnüne degmän ýaşasynlarda... Ýok, köpüsi it bilen pişik ýaly. Gowy görüşýän bolsaň biri-biriňe ajy, diýmesiz sözleri diýip bolarmy?! Söýgi menä şahyrlar üçin bir tema diýip pikir edýärin.
Sitata
 
 
#6 Mahir 2014-02-07 01:58
gaty gowy ýazylypdyr
Sitata
 
 
#5 Okyjy 2014-02-01 00:34
Makalany okap pikire batanyňy duýman galýarsyň. Biziň durmuş durýan ýaşlarymyz öz taýlaryny saýlanda ýokarda görkezilen talaplary göz öňünde tutýarlarmyka!? Men-ä tutýandyrlar öýdemok. Biziň ýaşlar taýlarynyň owadanlygyna, boýuna, syratyna, ata-enesiniň baýlygyna seredip, durmuş gurýarlar.Talaplary göz öňüne getirip,aňynda aýlap bilýän düşünjeli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bizde ýokdur diýseň hem boljak...
Sitata
 
 
#4 Gerçek 2014-01-31 01:36
Makalany okap häzirki ýaşlarymyzyñ söýýän, söýdüm diýip birek-biregi aldap ýörmän şular ýaly peýdaly zatlary okap dünýä garaýyşlaryny giñeldip düşünjelerini artdyrsalardy diýip pikir etdim.
Sitata
 
 
#3 Umyt 2014-01-30 00:32
Gaty gowy pikirler. Makalany okan her ýaşdaky adam oýlanýar, öz durmuşyny aňynda aýlap, özüçe netije çykarýar.Ýöne "men söýgüde ýaşadym" diýen çümläni aýdýan çübütler meniň pikirimçe azmykan diýýärin.
Sitata
 
 
#2 Pikirli 2014-01-29 02:47
Söýgi duýgusy örän inçe we süýji. Kysmatda sende bu duýga mähirli, pähimli gulluk etmek berlen bolsa, seniň örän bagtly boldugyň.
Sitata
 
 
#1 Maral 2014-01-29 00:36
Bravo!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele