Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy ÝOL HOWPSUZLYGY: BIZE HOWPSUZLYK KEMERLERI NÄME ÜÇIN GEREK?
( 15 Ses Berme )

Ýaňy ýakynda gyssanyp bir maşyna münmeli boldum. Öňki oturgyçda oturmaly bolanym üçin, kemeri alyp dakmana synanşyk edemde sürüji maňa: "Jigim, kemeriň dakylýan ýeri döwük. Ýöne öňüňe ataýsana. Ýoldaky gözegçiler zat diýmese borla" diýip, maňa ýüzlendi. Men ýylgyryp onuň bilen razylaşsam hem, özümi wagtlaýyn howp astyna salýandygyma düşünýärdim...

Gadyrly awtoulagyň eýesi!

Siz şu sanlardan habarlymy: her ýyl dünýäde 1,3 million adam köçe-ýol hadysalarynyň pidasy bolup, 20-50 million adam olar sebäpli dürli şikeslenmelere sezewar bolýandyr. Ýol hadysalary, esasan hem 35 ýaşdan yaş adamlaryň ölüminiň iň esasy sebäbi bolup durýandyr. Awtoulagdaky howpsuzlyk kemerleriniň ulanylmagy bu pajygaly sanlary iki esse azaltmaga kömek edip bilýär. Sen şundan habarly bolup hem, howpsuzlyk kemerleri dakmaýan bolsaň, onuň çynlakaý sebäbini kesgitlemäge synanyşmalysyň.

Çaknyşyk bolup geçende awtoulaga näme bolýar?

Geliň bir ýagdaýy göz önüne getirip göreliň. Sen hemme güýjüň bilen ylgap barýakaň, diwar bien çakyşýarsyň... Elbetde sen özüňi erbet duýarsyň. Güýçli ylgap barýakaň, önüňden duýdansyz dikilip goýlan diwara yarym metr galanda, sen özüni saklap bilerdiňmi? Hut şunuň ýaly yagdaý, 25 tizlik çäklendirmesinden sürlüp barýan awtoulag başga zat bilen çakyşan ýagdaýynda hem ýuze çykýandyr. Urgy ýüze çykan ýagdaýda ulag sekundlaryň dowamynda durýar, yone seniň göwräň öz hereketini (fizikanyň kanunlaryna laýyklykda) dowam etdirýär. Kemeriň dakylmadyk ýagdaýynda, ýolagçynyň göwresiniň ulagyň öňki aýnasyna ýa-da abzallaşdyrylan tagtasyna degme we şikes alma howpy ýokarlanýandyr. 25 çäklendirmeden sürlen ýagdaýda şeýle howply bolsa, 50-den ýa-da 100-120-den sürlen wagtynda dörejek urgy güýjüni bir göz önüne getirip görüň! 3-4 esse güýçli urgy ýa-da başgaça aýdylanda, urgyň güýji we zarby üç gat jaýdan gaçmagyň zarbyna barabar bolup durýandyr. Dogry dakylan kemerler bu urgydan seni saklaýar, seni olüm howpundan halas edýär!

Howpsuzlyk kemeri dogry dakynyň!

"Dogry dakynmak" düzgüni, kemeriň iki boleginiň hem seňiň bedeniňe ykjam yapyşyp durmalydygyny aňladýar. Şunuň esasy maksady, çaknyşygyň zarbyny seniň bedeniň şol urga we agrama çydap biljek agzalaryna – çanaklyk we egin süňklerine düşürme synanşygydyr. Kemeriň ýeke egin bölegi dakylsa, çaknyşyk wagtynda sen onuň aşagyndan çykyp, oňa bulaşyp, bogulyp bilersiň. Ýeke biliňden geçýän bölegini dakynsaň, ol ýüzuňi rula degmek howpundan saklap bilmez.

Howpsuzlyk kemeri dakynmazlygyň sebäpleri:

"Men ine su ýanymyzdaky dukana baryp gaýtjak". Ine şeýle ýagdaýda kemeri hökman dakynaýmalydyr! Sebäbi bolup geçýän ulag çakyşmalaryň 80%-i, adamlaryň öýleriniň daşynda, esasan hem öýüňiň töwereginiň 40 km. aralygynda we 60 tizlk çäklendirmesinden sürlende ýüze çykýandyr.

"Men başga maşyn bilen çakyşman, sebäbi men tejribeli sürüji". Hawa, seň tejribäň ýollarda doreýän howply ýagdaýlardan gaça durmana we çözgüt tapmana kömek berer. Ýöne sen gowy sürüji bolsaňam, ýaramaz, tejribesiz, geleňsiz sürüjiler seni urup biler. Şeýle sürüjileriň köpdügini unutma.

"Çaknyşyk bolan wagtynda, men elimi, aýagymy diräp özümi saklap bilerin". Eliňi, aýagyňy diremäne ýarym sekunt mümkinçilik bolanda-da, urgyň zarby elleriňi we aýaklaryňy pytradyp biler.

"Çaknyşyk bolan ýagdaýda, howpsyzlyk kemeri meni ulagymyň içinden çykmaz ýaly eder diýp gorkýaryn". Maglumatlara görä, çaknyşyk bolan wagtynda iň howpsyz ýer, ulagyň içi bolup durýar. Sürüji ulagdan zyňylyp giden ýagdaýynda ölüm howpy hasda ösýär. Eger sen ulagdan çalt çykmaly bolsaň, aljyraňňy ýagdaýda – ýangyn sebäpli ýa-da ulagyň suwa çümen ýagdaýynda kemerler seni halas eder. Sen huşuňy ýitirmedik yagdaýyňda ulagdan çalt çykyp bilersiň.

"Kemerler amatly däl". Şu günki howpsuzlyk kemerleri sürüjilere orän amatly bolar ýaly ýasalýarlar. Kemerler seniň hereketiňe görä üýtgeýärler, olary aňsatlyk bilen giňeldip we daraldyp bolýar. Awtoulag birden dursa, ýorite mehanizm olary bir ýerde bekleýär. Egniňden geçýän kemeri azrak çekip boşadyp amatly dakyp bilersiňiz, amatlylyk gysyçlary kemeri giňeldýärler. Kemer gysga bolsa, sen kemeri uzaltmana kömek edýän bölegi satyn alyp bilersiň.

"Maňä kemer gerek däl. Ulagymda howa ýassygy bar". Howa ýassygyň barlygy gaty gowy zat! Howa ýassygy kemerleriň netijeliligini 40% ýokarlandyrýar. Ýone howa ýassygy hiç wagt kemerleriň deregine ulanylmaga niýetlenip bilmez, sebäbi ol gapdaldan gelýän urgudan seni halas edip bilenok.

"Meni Alla gorar!" Mümkin sen, "Alla ilki bilen özüni gorany we özüne hormat goýany goraýar" diýen pähimi eşidensiň!...

Ilki bilen seniň goraglylygyň öz eliňdedigini hiç haçan unutma!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Şükür. 2014-03-22 00:23
Kemer dakynmagyň artykmaçlygyny düşündirmegiň geregi ýok. Diňe sürüjileriň arasynda ony inkär edýän boýnyýogyn, gödek, biparh adamlar. Olar bilen barlyşyksyz göreşmeli.
Sitata
 
 
#6 Dawyd 2014-03-20 17:49
Diňe talap, talap, ýene bir gezek talapy güýçlendirmeli we ýol gözegçiliginde arassa adamlary işletmeli. Ýol gözegçilik gullugyny hannaslardan arassalamaly.
Sitata
 
 
#5 Sürüji 2014-03-20 00:18
Ýolagçy öz tesbirini örän gowy ýasyp, Bizde türkmrnistandaky ýagdaýy daşary ýurtlardaky bilen deňeşdirýär. Bizde-de oňa ýazylan görkezmeler, talaplar, düşündirişler azlyk edenok. Ýöne olar bizde ýerine ýetirlenok. Sebäbi para diýilen bela durmuş ýörelgesine badak atyp dur.
Sitata
 
 
#4 Arslan 2014-02-17 01:40
Howpsyzlyk kemeriniň peýdasy subut edilensoň hemme ýeňil maşynlarda ygtybarly ornaşdyrylan. Ýöne, türkmen sürüjilerine kemer dakynmak degişli däl ýaly. Olar ýol hereketiniň düzgünlerini äsgerenoklar. Sürüjileriň özünde eserdeňlik bolmasa, menä mejburluk bilen kemer hem dakdyryp bolmaz, ýol hereketiniň düzgüni berjaý etdirip bolmaz.
Sitata
 
 
#3 Gülnäz 2013-12-01 01:10
Gündelik durmuşa ornaşdyrmaly gowy zat. Wah-eý haýsy gowulyklar durmuýda ýerine ýetirilýär. Hemme ugurlarda pkazuha bolşy ýaly,sürüjiler hem özleri hem remeni dakynman, öňüne atyp,DAI-iň işgärleriniň "gözüne çöp" atyp, aldaýar.Adamlaryň jogapkärçilik duýgusy ýok bolup gidipdir.Talap edijilere para berseň, hemme zat güläle-güllük.
Sitata
 
 
#2 Bega 2013-11-30 03:26
Masgarala biz...medenivetimiz pes. Bizde adamy urup owretmeli, halys başga dile düsünenoklar. Biziň adamlarymyz özünde hiç hili jogapgärçilik duýanoklar, hemme zady buýruk bilen etdirmeli kemer bolsyn, priwiwka bolsyn...depeden hökman biri gygyryp kemsidip durmaly.
Sitata
 
 
#1 Ýolagçy 2013-11-29 00:34
Şu makalany ulag sürüjiler okap,oňa parhsyz garaman,her bir ýolagçynyň kemeri dakynmagyny talap etseler,gör,ýolda bolup geçýän näçe pajygaly hadysalarynyň öňi alynardy! Näçe adamlar wagtyndan öň durmuş bilen hoşlaşmazdy!
Daşary ýurtlarda sürüjiniň ýanyda orursaň hem, yzky hatarda otutsaň hem gowy kemeri dakmasaň sürüji ýola ugranok, dakýançaň garaşyp dur.Çagalary gujagyňda otyrdyp ýola gidilenok.Yzky hatarda, ortada çagany kolýaskanyň çeleginde ýatyryp, gowy remen bilen berkiärler.Şeýdip, ýakyn ýol bolsun, daş ýol bolsun ýola ugralýar. Düzgüni ýerine ýetirmeseň jerime salynýar.Talap güýçli. Sürüjiler ulagy bir ädim hem sürmäge gorkýarlar.Ýolagçylaryň şol talap durmuşyna ornaşdyrylan, olar oňa endik bolupdyrlar.Remeni dakynmasaň geň galyp,ýüzüňe seredýärler.Şonuň üçin hem uzak ýol bolsun, şäheriň içi bolsun,Bizdäki ýaly ýollarda çalam-çaş bolup, geçen ýol-ulag heläkçiligine duş gelnenok.Bizdäki ýaly şaýola çykyp, çapyşyp, etafediýa gurnanoklar. Ýol hereketiniň dügünleri kadaly berjaý edilýär.Belki, bizde-de şeýle düzgün ýola goýulyp, talap güýçlenerdä!?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele