Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy TÄZE TEHNOLOGIÝALAR WE SAGLYK MESELELERI
( 29 Ses Berme )

Aragatnaşyklaryň we habarlaşmagyň täze tehnologik usullary adamlaryň has oňat okamagyna, işlemegine, täze maglumatlary almagyna, wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine mümkinçilik berýär. Emma internetiň we öýjükli aragatnaşyk serişdeleriniň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiriniň bardygyny bilmek zerurdyr. Şu döwürde internet bilen iş salyşmaýan ýa-da öýjükli telefon ulanmaýan adamlary barmak basyp sanaýmaly diýsek ýalňyşmarys. Hemişe diýen ýaly eýesiniň ýanyndaky telefonyň we internetiň täze psihiki keselleriniň döremegine sebäp bolýandygyny lukmanlar şu wagta çenli äşgär etmändiler. Aşakda iň ýaýran we indi inkär edilmeýän kynçylyklar baradaky maglumat beýan edilendir.

 

 

Hyýaly jaň eşitme duýgusy we telefonsyz galma gorkusy

Telefonyna jaň gelmese-de, onuň sesi eşidilýän ýaly bolýar. Bedenimizde sähelçe bir sanjylama duýsak ýa-da töwerekde bir ses eşidilse, biz ony telefon jaňy bilen baglanyşdyrýarys. Bu özboluşly kesel stress netijesinde döräp, ol örän giňden ýaýran üýtgeme bolup durýandyr. Başga-da giňden ýaýran psihiki bozulmany nomofobiýa diýlip atlandyryp, bu düşünje nomobilefobiýa sözünden gysgaldylyp alnandyr. Başgaça aýdanymyzda, bu söz öýjükli telefonsyz galmakdan döreýän gorkyny aňladýandyr. Şeýle ýagdaýdan ejir çekmeýänler az-azdyr. Käbir adamlaryň telefonynyň akkumulýatory çöken bolsa, olar biraz howsala düşýärler. Emma käbirleri bolsa özüni hakyky betbagtçylyga uçran ýaly alyp barýarlar.

 

Kiberkesel

Bu bozulmanyň asyl häsýetnamasy, adamyň käbir elektron enjamlary bilen işleşende, baş aýlanma, ýürek bulanma, nirä ýöreýänini bilmezlik duýgusy ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyndan ybaratdyr. Kiberkesel adalgasy eýýäm 1990-njy ýyllarda howaýy (wirtual) hakykatyň ilkinji enjamlary ulanylyp başlananda girizildi. iOS-iň täze görnüşi işlenilýänçä, iPhonyň eýeleri hem ýürek bulanma arz edýärdiler. Bu bozulma ýene-de "san deňiz keseli" ady bilen hem bellidir.

 

Facebook-gamlanmasy

Ýaşlar köplenç inernet arkaly jemgyýetçilik ulgamlarynda tanyşýarlar, bir-birleri bilen habarlaşýarlar. Näçe uzak aragatnaşyk sakladyklaryça, olaryň şonça-da keýpi bozulýar, olar köplenç gam-gussaly, aladaly bolýar. Munuň sebäbini şeýle düşündirmek bolar. Jemgyýetçilik ulgamlarynda habarlaşýan adamlar internetde özleriniň diňe gowy taraplaryny görkezmäge çalyşýarlar. Olar gözel ýerlerde düşen, hemme taraplaýyn owadan suratlaryny goýý"arlar. Olara seredýän adamyň göwnüne hemmeler özünden bagtly, owadan, şadyýan ýaşaýan ýaly bolýar. Onuň dura-bara öz-özünden, ýaşaýyş durmuşyndan göwni geçip başlaýar.

 

Internet-garaşlylyk

Internete garaşly adam ondan asla çykasy gelmeýär. Internete girip bilmedik ýagdaýynda howsala düşýär. Wagtynyň köp bölegini internetde geçirýän adam durmuşyň beýleki taraplaryny ünsden düşürýar. Ol şahsy durmuşyna, işine ýer galdyrmaýar. Alymlar şeýle bozulmanyň neşekeşlige ýa-da psihiki bozulma degişli edilmeginiň dogrulygy barada ylmy çekeleşikleri alyp barýarlar.

 

Onlaýn-oýunlara garaşlylyk

Onlaýn-oýunlara garaşly bolmak has ýygy we weýran ediji kesel hasaplanylýar. Adam şeýle oýunlara gyzygyp, özüni oýnuň bir gahrymany ýaly duýýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan howaýy, oýun durmuşyna girişip, hakykatda işini, maşgalasyny ýitirýär, horlanýar, hatda öz janyna hem kast edýär.

 

Kiberhondriýa

Kiberhondriýadan ejir çekýän adam internetde keseller barada okap, olaryň köpüsiniň özünde bardygyna ynanýar. Netijede, sähelçe kellesi agyrýan bolsa-da, şeýle adam özüni agyr kesele üçran ýaly alyp barýar. Özüni ynandyryp, ol hakykatdan hem saglygyna zyýan ýetirýär, oýlap tapan keseline duçar bolýar.

 

"Google täsiri"

Şeýle keselli adam özüne hiç hili bilimiň gerek bolmajakdygyna şübhesiz ynanýar. Onuň pikiriçe, islendik maglumaty Google arkaly alyp bolýarka, haýsydyr bir zady ýatlamagyň geregi ýok. Google peýdalanýan adam başgaça pikir etse-de, onuň "Google täsirine" garşy durnuklylygy bolmaýar. Beýni bir zady ýatda saklamak üçin özüne agram salmaýar, maglumatlary bir ýerden taýýar görnüşde almaga öwrenişýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Gully. 2015-06-10 01:17
Saýtda ýazylan makalada el telefonlarynyň döredýän ýagdaýlary hakynda dürli pikirler aýan edilýär. Olaryň zyýanly ýa-da zyýanly däldigini geljek ýyllar görkezer. Ýöne näme "özüni goraýan adamyny Hudaý goraýar" diýilýär ahyryn.
Sitata
 
 
#9 Sähet 2014-11-18 06:26
Bu zatlaryň hemmesi biznese öwrüldi. Biznes bar ýerinde akyl paýhas yza çekilip, sähelçe düzgünler bilen "oýnalýan oýunlar" arkaly gazanylýan uly pullar peýda bolýar.
Sitata
 
 
#8 Şäherli 2014-10-27 05:26
Bu ösýän tehnologiýany akylly başly ulanýan örän az. Gowy zat, örän gerek dogrymy aýtsam. Köp ýaşlary köçelerde ýa-da maşynda öýjükli telefonda gepleşip barýan sürüjileri göreniňde bular sagmyka bir diýdirýär. Salamlaşma, halyňy soraşma örän seýrek zat. Soňy nämä barjak, Alla bilsin.
Sitata
 
 
#7 Döwür. 2014-09-15 05:56
Her asyryň döredýän bir geňsi zady bar. Geçen asyrda telewizor, bu asyrda-da öýjükli telefon, internet adam gatnaşyklarynyň arasynda buzluk, ýöne bir buzluk däl aýzberg döredip, ony çepbesine çöwürdi. Indiki ösen tehnologiýanyň näme berjegini bilemok weli tebigy adamdan zada galjak däl ýaly.
Sitata
 
 
#6 Rahim. 2014-09-02 05:37
Ylmyň ösmegi bilen tehnologiýanyň ösmegi iki uçly däl. Ol zamananyň uly üstünligi. Ýöne uly alada döredýän zat ol tehnologiýa bilen ony adamlaryň ulanmak başarjaňlygy we medeniýeti gabat gelse ne ýagşy.
Sitata
 
 
#5 Muhammet. 2014-08-12 02:06
Soňky wagtlarda daşary ýurt habar beriş serişdelerinde alymlaryň çykyşlary uly gerim bilen berilýär. Onda tehnologiýanyň gowy taraplary bilen onuň saglyga garşy zyýanlary önjeýli aýdylsa-da, köpler oňa biperwaý garaýarlar.
Sitata
 
 
#4 Gartaşan. 2014-08-02 00:36
Men özüm ýaşy bir çene baran adam. Ýöne öňki döwür bilen 10-15 ýylda ösen tehnlogiýa bilen ýaşalýan döwri deňeşdirip görýärin we many çykarmaga çalyşýaryn. Gysgaça aýtsam tesbirçi Solmaz meniň pikirlerimiň ählisini ýazypdyr diýip doly aýdyp biljek.
Sitata
 
 
#3 Solmaz 2013-12-02 23:50
Internet, öýjükli telefonlar, umuman täze tehnologiýa täzelikleri gowy zat. Ýöne hemme täzelikler ýerinde, gyssagly ýagdaýlarda ulanylsa, onuň bahasy, gadyry başga.Mysal üçin çagalar telefony iş serişdesi däl-de, oýnawaç deregine oýnaýarlar,ýoluň ugrunda ýa-da awtobuslarda aýallaryň telefonda gepleşikleri dereksiz, manysyz gürrüňler, mahlasy gybat edýärler. Tehnalogiýasyz döwürde uly, kiçi ýaşly çagalar üýşüp-üýşüp her hili çaga oýunlaryny oýnardylar.Ulylar goňşusynyň garyndaşlarynyň ýagdaýyny soramaga wagt tapardy.Häzir hemme ugurlarda işleri tehnologiýa ýeňilleşdirse-de urda-tutluk, ulydan-kiçä ýetişiksiz
günde.Köpümiz internet, telefon ... bilen iş salyşyp, real durmuşda adamkärçilik gatnaşyklaryny ýadymyzdan çykaryp barýarys.Pikirlenme, seljerme ukybymyzy ýitirdik diýen ýaly. Hemme işleri gurallar ýerine ýetirip berýär. Bularyň soňy gelejekde nämä bararka!?
Sitata
 
 
#2 Gerçek 2013-12-02 20:08
Soñky döwür has-da ýaşlaryñ arasynda Internet-garaşlylyk keseli giñden ýaýrady.
Sitata
 
 
#1 maral 2013-11-28 00:16
gaty gowy, bizde şular ulanylanok.... bize dagyn façebook aňsat girip bolsa hemme kişi giden ýerini, iýen dogramasy barada ýazyp bizar ederdi. Oň adamlar pikirlenip ýazýadylar, indi biz pikirlenip bilemzok, kellä geleni façebookda yazyp oturs. Kime näme gerek sen iýen, içen zadyň, gezen ýerleriň. Hemmesi boş gurruňler....Kellaňdäki "içgeçmäni" näme gerek adamlara görkezip?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele