Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy HAÝWANAT DÜNÝÄSI WE ADAM – BU GATNAŞYK HOWPLUMY?
( 17 Ses Berme )

Adamzat döräli bäri onuň töweregini mydama haýwanlar gurşap alypdyr. Olaryň käbirlerini adam iýmit üçin awlasa, ýene birlerini howply duşmanlar we zyýan ýetirijiler hökmünde ýok edipdir, birentegini bolsa öz öýüne ýakynlaşdyryp, ellekileşdirmäge synanyşypdyr. Şeýdip, kem-kemden adamyň töweregine, onuň durmuşynyň hemrasy bolan haýwanlar, jandarlar ýakynlaşyp ugraýar.

Häzirki döwürde itiň wepaly, pişigiň mylakatly dostlygyna hiç bir adam şübhelenip bilmez. Käbir ýagdaýlarda olar edil maşgala agzasy ýaly saklanylýar. Öý haýwanlary saklanýan maşgalada ösen çagalarda rehimdarlyk, jogapkärlik, birek-birege ünsli bolmak ýaly häsiýetler ösen bolýar. Şeýle hem dürli keselleri bejermekde, olaryň geçişini ýeňilleşdirmekde animaloterapiýanyň (haýwanlaryň kömegi bilen bejergi geçirmek) netijesiniň ýokarylygy eýýäm subut edilendir. Haýwanlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak psihologiki bozulmalaryň utgaşykly bejegisinde, ruhy dartgynlygy aýyrmak we merkezi nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmak üçin ulanylýar. Käbir ýagdaýlarda olar adamlara daşky gurşaw bilen arabaglanyşygy sazlamagy öwredýär, galybersede ýalňyz adamlara "söhbetdeş", ömrüniň hemrasy bolup, beýleki adamlar bilen aragatnaşygyň ýetmezçiliginiň ornuny doldurýar.

Ýöne haýwanlar hem arasynda syrkawlaýar. Olaryň keselleriniň käbiri adamlara ýokuşyp, saglygyna dikeldip bolmajak howp salyp bilýär.

Haýwanlardan adama ýokuşýan keseller lukmançylykda örän ýygy duş gelýär we antropozoonozlar diýip atlandyrylýar. Itlere, pişiklere, gemrijilere (syçanlar, alakalar, deňiz doňuzjygy...), balyklara, guşlara ýokuşýan keselleriň toplumy adamlaryň kesellerinden düýpli tapawutlanýar. Ýöne bakterial we wirusly gelip çykyşy bolanlygy sebäpli olaryň käbiri adamlara hem ýokuşyp bilýär. Göräýmäge hiç hili zyýansyz jandar bolan balyjaklar ýa-da pyşdyljyklar, akwariumyny arassalanyňda, iýmitlendirmek üçin ýakynlaşaňda garabaş keseline (gribok) duçar edip bilýär.

Diňe öý haýwanlaryny saklamagyň düzgünleri doly berjaý edilende, "kiçijek dostlarymyz" bize hakyky peýdaly ýaran bolup bilerler. Ol düzgünleri ýerine ýetirmek beýle bir kyn hem däldir.

Haýwanlardan ýokuşýan keseller we olar bilen nähili göreşmeli?

Adam antropozoonozlar bilen esasan syrkaw haýwanlar bilen aragatnaşykda bolanda, soýlan malyň etini pudarlanda, derisini eýlände, haýwanlardan alynýan dürli iýmit önümlerini ulananda, olar tarapdan hapalanan suwy içende; şeýle hem adamyň ganyny sorýan mör-möjekler (çybyn, büre...) çakanda, syrkaw haýwanlar dyrnaçaklanda, dişlände ýokuşyp bilýär.

Adamyň saglygyna çynlakaý howp salýan zoonozlaryň sanawy beýle bir köp hem däl. Ýöne olaryň her biri düýpli üns berilip bejerilmegini talap edýär.

Trihinellýoz

Togalak ownuk gurçuklar – trihinellalar sebäpli ýüze çykýan howply keseldir. Ol iýmitde trihinella liçinkalary bilen zäherlenen syrkaw malyň (doňuzyň, ýabany haýwanlardan – ýekegapanyň, aýynyň, nutriýanyň we bagalar) etini gowy bişirilmän ulanylan ýagdaýynda ýokuşýar. Bu mugthorlar zäherlensizdirmek usullarynyň dürlü görnüşleriniň öňünde öz durnuklylygyny saklamaga ukyplydyrlar. Olar kakadylan, duzlanan, gaýnadylan, gowrulan etlerde hem saklanyp bilýärler. Adamlaryň iýmitde kakadylan doňuz ýagyny, wetçinany, gaýnadylan şöhlady (kolbasany), böregi, çişligi ulanmagy arkaly bu keseliň ýokuşan ýagdaýlary hem subut edilendir.

Adamyň we haýwanlaryň içegesinde ýetişen erkek we urkaçy trihinella liçinkalary köpelip, limfatiki ulgamy arkaly gana geçip myşsa düşýärler. Ýetişen trihinellalar içegede 45-60 gün, myşsada bolsa bir näçe ýyllaryň dowamynda ýaşamaga ukyplydyr.

Keseliň gizlin döwri (bedene zeperlenen etiň düşenden, keseliň ilkinji alamatlary peýda bolýança) 3-40 güne çekip bilýär. Birden beden gyzgynyň ýokarlanmagy we ýüzüň çişmegi, beden etinde, bogunlarda, garynda agyrynyň ýüze çykmagy, içgeçme, käbir ýagdaýlarda deride örgün, gözüň nemli bardasyna gan inme, ganyň düzüminde üýtgeşme peýda bolýar. Keseliň agyrlyk derejesi bedene düşen liçinkalaryň mukdaryna baglydyr.

Ehinokokkoz

Gelmintoz keseli bolup, gelmintleriň ösüşiniň liçinka tapgyryndan (sestoda) ýüze çykýar. Onuň lenta görnüşlisi haýwanlaryň (itler, möjekler, tilkiler) inçe içegesinde mugthorlyk edýär. Liçinka görnüşlisi bolsa ähli oba-hojalyk mallarynyň we adamlaryň, esasan – bagrynda, öýkeninde we seýrek ýagdaýda beýleki içki beden agzalarynda ehinokok gabarçagyň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýän we gaýraüzülmelere getirip bilýän ehinokokkoz keselini döredýär.

Ehinokokkoz esasan sergezdan itler bilen göreşilmeýän, haram ölen jandarlaryň jesetleri wagtynda aýrylmaýan, itlere ehinokokkoz keseli bilen kesellän haýwanlaryň içki agzalaryny iýmäge mümkinçilik bolan ýerlerde giňden ýaýrandyr. Ehinokokk bilen zeperlenen itler adam we öý haýwanlary bilen ýakyndan aragatnaşykda bolup, keseli döredijini aňsatlyk bilen ýaýradýarlar.

Gijilewükli demrew

Deriniň kömelejikler bilen zeperlenmegi netijesinde döreýän kesel bolup, kömelejikler adama esasan itlerden, pişiklerden we beýleki haýwanlardan ýokuşyp bilýär. Onuň sebäbi adamda we haýwanda mugthorluk edýän we ýakyn gatnaşykda ýa-da kömelejikleriň sporalary galan zatlar arkaly ýeňil ýokuşýar. Ol esasan kelläň, boýnuň, el-aýaklaryň derisini zeperlendirýär. Kesel bedene ornaşan badyna deride gyzyl tegmiller peýda bolýar. Olarda ilki alawlama hadysasy döräp, soňra ýüzi tozgalap soýulyp başlaýar. Saçlar döwülip, dökülip ugraýar. Kelle saçynyň düýbinde iriňli dömme peýda bolýar. Bejergi wagtynda geçirilmese zeperlenen ýeriň saçy düşýär.

Keseliň öňüni almak üçin öý haýwanlaryny wagtly-wagtyna suwa düşürip, olara galtaşylandan soň yzygiderli elleriňizi sabyn bilen ýuwup durmaly. Sabyn itiň tüýinden tene geçen kesel döredijiniň sporalaryny ýuwup aýyrmaga ukyplydyr.

Garadalak ýa-da sarybaş (sibirskaýa ýazwa) keseli

Öý we ýabany haýwanlaryň hem-de adamlaryň ýokançly ýiti ysytma keseli bolup, haýwanyň bedeninde kapsula emele getirýän, onuň daşynda bolsa spora görnüşinde  howasyz şertlerde ýaşaýan basillalar sebäpli döreýändir. Sporalar örän durnuklydyr. Topraga düşen ýagdaýynda olar 50 ýyldan gowrak wagt saklanyp bilýär.

Keseliň çeşmesi – haýwanlaryň maslyklary, olaryň derisi, gany. Adamlarda haýwanlaryň jesedini kesende, derisini soýanda we eýlände, gan sorujy jandarlar arkaly bu kesele duçar bolmak howpy döreýär. Sarybaş keseli gadym döwürden bäri örän howply, giden obalaryň, şäherleriň boşamagyna getirýän elhenç kesel hökmünde tanalypdyr. Häzirki döwrüň şertlerinde ol uly tebigy betbagtçylyga getirmeýär.

Keseliň gizlin döwri 1-3, seýrek ýagdaýda 14 güne çekýär. Keseliň geçişi her bir haýwanda dürli görnüşde bolup geçse-de, onuň möhleti hemmesinde örän gysgadyr. Keseliň tiz geçýän görnüşi ilkinji sagatlardan ölümçilik bilen tamamlanyp biler. Adam esasan bu keseliň deri görnüşi bilen syrkawlaýar. Kesel dörediji esasan elinde, ýüzünde we beýleki deriniň açyk ýerlerinde bar bolan sypjyrmadan, ýarylmadan we başga ýaralardan geçýär. Ýokançlygyň bu görnüşinde basillanyň tene geçen ýerinde gögümtil-gyzyl düwün emele gelýär, soňra ol garamtyl-gyzyl suwly gabarçaga öwrülýär. Bir salymdan ol ýarylýar we içindäki suwuklyk töweregine syçraýar. Onuň duran ýerindäki dokumalar jansyzlanýarlar, syçran suwuklygyň düşen ýerinde bolsa täze gabarçaklar ýüze çykýar. Bu alamatlar bilen birlikde beden gyzgyny hem ýokarlanýar. Degişli lukmançylyk bejergisi geçirilmedik ýagdaýynda gan zäherlenmesi ýüze çykýar we syrkaw heläk bolýar.

Umumy weterinar-sanitar çärelerini geçirmek – wagtynda keselden heläk bolan mallaryň jesedini, olaryň ýatan ýerini zähersizlendirmek we biotermiki çukurlara ýerleşdirip, kesel ýaýramagyň öňüni almak işlerini geçirmek, şeýle hem şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmek – sarybaş keseliniň ýaýramagynyň öňüni almakda ygtybarly gorag bolup bilýändir.

Guduzlma

Ýiti ýokanç kesel bolup, ol adaty mikroskop arkaly görüp bolmaýan, nerw dokumasyny zeperlendirýän wirus arkaly döreýär. Guduzlama syrkaw haýwanyň sagdyn haýwany dişlemesi netijesinde tüýkülik arkaly ýokuşýar. Ol adamlara, öý we ýabany haýwanlara, hatda guşlara hem ýokuşyp bilýär.

Keseliň gizlin döwri 12 günden, 3-6 aýa çenli dowam edip biler. Käbir ýagdaýda bu kesel 1 ýyldan soň hem ýüze çykýar. Bu döwriň möhleti dişlenen ýer bilen merkezi nerw ulgamynyň aralygyna baglydyr.

Guduzlama keseliniň alamatlary – haýwanlarda gorkaklygyň ýa-da öte gaharjaňlygyň peýda bolmagydyr. Syrkaw haýwanlar hiç hili sebäpsiz adamlara we beýleki jandarlara topulup dişleýärler, olarda iýmit üçin niýetlenmedik zatlary iýmek, öz hamyny ýyrtmak, gaçmaga synanyşmak ýaly häsiýetler peýda bolýar.

Keseliň kliniki alamatlarynyň aýdyň ýüze çykmagyna 3-10-15 gün galanda, haýwanlar tüýkülik arkaly guduzlama keseliniň wirusyny ýaýradyp başlaýarlar.

Guduzlama garşy göreşmek çäreleri boýunça ýörite taýynlanan düzgünnamada aşakdaky işler göz öňüne tutulandyr:

Syrkaw we şübhelenme döredýän haýwanlary aýry saklamaly, bular ýaly mümkinçilik ýok bolsa - öldürmreli;

Ölen syrkaw malyň jesedini, weterinar işgärleri gelýänçä, beýleki haýwanlar (esasan hem gemrijiler) ýanyna barmaz ýaly ýerde saklamaly. Ony 2 günden artyk saklamak bolmaýar;

Zäherlenen ýerleri formaliniň 2%-li ergini ýa-da iýiji natriý bilen zähersizlendirmek işlerini geçirmeli. Bu serişdeler bolmadyk ýagdaýynda gaýnan suw bilen zähersizlendirmek hem maslahat berilýär;

Syrkaw haýwanyň dişlän, dyrnaçaklan ähli adamlaryny ýakynda ýerleşýän sanitar-epidemiologiki ýa-da bejeriş lukmançylyk edarasyna guduzlama garşy sanjym almak üçin ugratma zerurdyr.

Ýokarda agzalan kesellerden başga haýwanlaryň adamlary: inçekesel, brusellez, tulýaremiýa, agsyl keseli, ornitoz, toksoplazmoz ýaly ýakymsyz kesellere duçar etmegi ahmal. Şol sebäpli öý haýwanlaryny, mallary saklaýan adamlar olaryň idegine çynlakaý çemeleşmelidir. Wagtly-wagtynda weterenar lukmanyň barlagyndan geçip, zerur bolan ýagdaýynda öňüni alyş sanjymlary ulanma howply keselleriň öňüni almaga ýardam berip biler. Şonuň ýaly-da, awçy hojalyklarynda degişli sanitar çäreleri geçirme, maldarlaryň degişli gigiýena düzgünlerini berjaý etmegi, keselli mallaryň etini öý haýwanlaryna bermekden saklanmak, çyban-çirkeýleriň, gemrijileriň köpelmeginiň öňüni almak, ýylda 3-4 gezek itlere, pişiklere gurçuk keseliniň öňüni alyş bejergisini geçirmek, iýmit üçin eti ýörite barlag geçirýän söwda nokatlaryndan alma hem-de eti, balygy, guş etini gowy bişirip iýmek ýaly çäreler toplumy bizi we bizi gurşap alýan haýwanlary keselçilikden goramaga kömek edip biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Çaryguly. 2014-09-21 05:09
Näme sebäpdendir bir hili düşnüksiz, käbir adamlar haýwanlary adamlardan has gowy görýärler. Bu häsiýet nesil yzarlaýarmyka ýa-da görnükl, akyldar döwlet işgäri U. Çerçiliň ýazmagyna görä "Adamlary näçe bildigimçe şonça-da itlere bolan söýgüm artýar" diýýäni dogry bolaýýarmyka?
Sitata
 
 
#4 Kerim. 2014-08-29 09:36
Şäherde, obada wagtal-wagtal eýesiz gezip ýören sergezdan pişikdir, itler köpelýär. Ýerli edaralar ýa-da adamlaryň aladasy bolmasa olar köpelýärler we howplylygy artýar. Olar aýratyn hem çagalar üçin uly gorky döredýärler. Öýde bolsun ýa-da daşarda çagalar olary oýnamak bilen şu döwürde köp duş gelýän gurçuklaryň ýaýradýan kesellerine ýolukýarlar.
Sitata
 
 
#3 Şajan. 2014-08-13 02:09
Haýwanlary öýde saklanyňda eserdeň bolmaly.Azajyk ýabanyrak häsiýetlisini saklamaly däl, etini iýeniňde diňe gowy bişirip iýmeli. Indi ekologiýanyň ýaramazlaşmagy bilen öňki wagtlarda çig içilýän ýumurtgadan, çala çirkizilip iýilýän etlerden ýüz öwürmeli
Sitata
 
 
#2 Ýaşuly. 2014-08-02 19:16
Adamlaryň dürli-dürli boluşy ýaly olaryň haýwanlara bolan söýgüsi hem dürlüdir. Birnäçeler agtyk-çowluklaryň aladasy bilen ýaşasa, başgalar iti, pişigi saklamak bilen garabaşlaryna gaý. Ýöne olaryň köpüsi olary saklamakga gerek bolan zerur düzgünleri bilibem baranok.
Sitata
 
 
#1 Batyr. 2014-07-23 01:08
Adamlar bar ýerinde haýwanlar hem bar. Ýöne olary idetmegiň we öýde saklamagyň köp seresaplylyk talap edýän aladalary hem bar. Olary gowy bilmek hem-de sanitar-gigiýena düzgünlerini berjaý etmek aladalaryň esasy bilmeli zady.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele