Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy UKY, MENI BENDILIGE ALSANA...
( 14 Ses Berme )

Asuda gije... Gijäniň mylaýym şemaly ýüzümizi sypalaýar. Ýyljak düşegimizde iki ýana agynyp hem-de bedenimiziň her öýjüginden syzyp çykýan ýadawlygy duýup, süýji ukynyň bizi maýyl ederine garaşýarys.Ýöne uky bizi bendilige almaga howlukmaýar. Uklamak üçin biz her zat edýäris! Bir ýerde  sanalýan zat (sanlar, goýunlar, piller, tutynyň gülleri, halynyň gölleri...) bolsa, sanap çykýarys, ýöne şonda-da uky golaýymyza-da gelmeýär. Ukusyzlyga garşy jadyly dermanlar bolaýmaly ahyry! Ýöne zyýanly täsiri bolmadyk ýekeje-de uky derman ýok. Şonuň üçin-de, uklamagyň başga-da usullarynyň  bardygyny Siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

1-nji usul. Gündizki aladalaryňyzy egin-eşikleriňiz bilen "çykaryň"

Bizi  gündizki alada-gaýgylarymyz  ýatyrmaýar. Psihologlaryň maslahatyny ýadyňyza salyň: çözülmedik meseleler ýa-da ýakymsyz ýatlamalar bilen kelläňizi doldurman ýaşajak boluň. Gahar, öýke-kine, göriplik ýaly ýaramaz duýgulardan daşlaşyň. Mysal üçin, iňlisler ýatmazdan öň gündiz öýkeleşen adamlarynyň ählisinden ötünç soran adamyň has rahat ýatýandygyna ynanýarlar. Rus nakylynda bolsa şeýle diýilýär: "Göribiň ukusy bolmaz". Şonuň üçin hem gije ar almagyň pikirini etmän, ýakymly zatlar barada pikir etmelidir. Siz nädip uklanyňyzy duýmarsyňyz.

2-nji usul. Mosartyň sazlary we ýelpewajyň (wentilýatoryň) sesi ukusyzlyga garşy iň oňat serişdedir.

Mosartyň sazy beýleki klassiki sazlara garanda, ukusyzlyga garşy ulanylýan iň oňat bejergi serişdesidir. Olar arterial gan basyşy we ýürek urmalary kadalaşdyrýar, nerw dartgynlylygyny gowşadýar. Siz Mosartyň sazlary bilen gyzyklanmaýan bolsaňyz, onda islendik asuda sazy diňläp bilersiňiz. Sazyň  arasynda tolkunlaryň we çarlaklaryň sesi eşidilse, has täsirli bolýar. Eger-de sizi saz uka gidirmese, onda wentilýatory işlediň. Onuň bir boluşly sesi  siziň uklamagyňyza kömek eder.

3-nji usul. Ukusyzlyga garşy serişdeleriň ýene-de biri... itdir!

Birinjiden, itiňiz  bilen oýnamak stress ýagdaýlarynyň öňüni alýar. Ertir-agşam bolsa ony hökman daşarda gezdirmeli bolýar. Ukudan öň arassa howada gezelenç etmek nerw ulgamyny köşeşdirýär. Aýlanyp ýörkäňiz ýaramaz duýgular, biynjalyk  edýän aladalar barada pikir etmejek boluň. Bularyň ählisi siziň rahat uklamagyňyza ýardam berer.

4-nji usul. Fiziki ýadawlyk sizi agşam düşdügi ýatyrar.

Üns beren bolsaňyz, günuzyn iş-güýç bilen meşgullanyp ylgasaň, öýlän ýadawlykdan zordan aýak üstünde durýarsyň. Tizräk düşegiňize geçip ýatmagy arzuw edýärsiň. Günde-günaşa gaty ýadamagyň hem tersine, uka zyýan ýetirmegi mümkin. Ýöne çen bilen ýerine ýetirilýän fiziki işler örän peýdalydyr.

5-nji usul. Agşam sagat 6-7-den soň nahar iýmejek boluň.

Bu diňe rahat uklamak üçin däl-de, eýsem semremezlik üçin hem peýdalydyr. Aç ýatmak hem maslahat berilmeýär. Siz biýnjalyk bolarsyňyz. Agşamlyk nahardan doýmadyk bolsaňyz, bir käse gatyk içiň ýa-da biraz gök önüm iýiň.

6-njy usul. Deňiz duzy ýa-da hwoýa, narpyz atylan suwly wanna  giriň.

Suwuň gyzgynlygy 37ºС-den ýokary bolmaly däl. Wannada 10-15 minutdan artyk ýatmak maslahat berilmeýär. Suwa düşünip bolan badyňyza ýeriňize geçiň. Siz tiz wagtdan uklarsyňyz.

7-nji usul. Şol bir wagt ýatmagy  endik ediniň.

Her gije şol bir wagt ýatmagy endik edinseňiz, siz ukusyzlykdan ejir çekmersiňiz. Bedeniňiz hem şol bir wagt ýatmaga öwrenişip gider.

8-nji usul. Gyzykly bolmadyk kitap ýa-da telewizion gepleşik hem ukladýar.

Daşary ýurt diliniň grammatikasyny gije öwrenmek uklamaga kömek edýär. Haýsydyr bir zat  gyzyklanma döretmese, biz pallaýarys, arterial gan basyşymyz peselip, şol bada ýatasymyz gelýär. Tersine, gyzykly, özüne çekiji zat bolsa, biziň uky ýadymyza düşmeýär. Şol sebäpli hem, lukmanlar ukusyzlykdan ejir çekýän adamlara gijelerine işlemegi ýa-da örän gyzykly gepleşiklere tomaşa etmegi maslahat bermeýärler.

9-njy usul. Aýagyňyzyň aşagyna mylaýym suwly grelka ýa-da çüýşe goýuň.

Şeýle hem, ýatmazdan öň, baldyrlaryňyza gorçisaly gyzdyrgyçlary ýapmak bolar. Adamlaryň köpüsine bu usul kömek edýär. Ýorganyňyzy ýapynman, biraz üşäp, soňra üstüňizi ýapsaňyz, sizi ýylylyk gurşap alar, düşegiňiz has ýakymly bolar. Ýeriňizden turup,10 minut poluň üstünde aýak açyk gezmeläp, soňra ýatsaňyz, tiz uklarsyňyz.

10-njy usul. Ýatmazdan öň,bir bulgur mylaýym süýt ýa-da ary baly garylan mylaýym suw içiň.

Adamlaryň köpüsi şeýle edenlerinden soň, süýji uka gidýärler.

11-nji usul. Sag gapdalyňyza, dyzyňyzy biraz epip ýatyň.

Şeýdip ýatsaňyz, myşsalar gowşaýar, ýürege bolsa agram düşmeýär. Hor çekýän adamlar üçinem sag gapdalynda ýatmak amatlydyr, sebäbi şeýle ýagdaýda olar kän hor çekmeýärler. Eger siz şonda-da hor çekseňiz, onda arkan ýatmaň we dem alşyňyzy ýeňletmek üçin ýassygyňyzy beýgeldiň.

12-nji usul. Ukusyzlygy alada edinmäň!

Deýl Karnegi ukusyzlygyň biziň işjeňligimize we içki kuwwatlylygymyza täsir edýändigini, şonda-da onuň ölüm howply däldigini dogry belleýär. Bedeni ukusyzlyk däl-de, ol barada alada heläk edýär. "Men şu gije uklap bilermikäm?" ýa-da "Gije sagat 1 bolupdyr, men bolsa henizem ýatamok" diýip, her minut sagada seredip durmak islendik adamyň degnasyna degip, nerw dartgynlygyna elter.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Talyp. 2015-06-18 00:54
Peýdaly maslahatlar. Ýöne durmuşda uklamaýan ýa-da gaty az ýatýan adamlar hem bar diýýärler. Olaryň beýle ýagdaýlarynyň sebäbi nämekä? Beýnileriniň öýjükleri başgaça gurulyp, işleýişi başgaçamyka? Olar nädip ýatman işläp bilýärlerkä?
Sitata
 
 
#5 bega 2015-01-15 00:11
Mena roldada uklayan gijan yary bolsa swetaforda yatyp galan wagtymam bar.
Sitata
 
 
#4 Mamajan. 2014-04-14 01:08
Kelläňi ýagny beýniňi rahat sakla. Ony bulaşdyrsaň näçe derman içseňem kömegi az bolar.
Sitata
 
 
#3 Ýigit. 2014-04-12 02:20
Ukyň dermany hereketdirlaý. bedeniň hereketi ýetenden soň ümsüm ýerde däl, eýsem uly sesli märekäniň golaýynda hem ýatýarsyň-a.
Sitata
 
 
#2 Rahat. 2014-04-09 16:39
"Söýgi görk islemez, uky ýassyk" diýilşi ýaly hany kemter ukysyz ýaşabam gördä.
Sitata
 
 
#1 Söhbetdeş. 2014-04-06 01:50
Adama bir-gije gündüzde 7-8 sagat ýatyp uky almaly diýilýär, weli ömrüň haýp üçden biri uky bilen geçýän bolsa-da ganyň bedene gerek bolşy ýaly bu süýji duýgam örän gerekdä.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele