Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy AGYZ BEKLEME WE SAGLYK
( 16 Ses Berme )

Biz nirede we haýsy çäklerde ýaşaýandygymyza garamazdan, daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýy saglyk ýagdaýymyza öz täsirini ýetirip, bedenimizi belli bir derejede zyýanly maddalar: zäherli gazlar, agyr metallar, nitratlar, derman serişdeleri we ş.m. bilen zäherleýändir. Bu zyýanly maddalar bedenimize howa, suw, iýmit arkaly aralaşýandyr. Mundan başga-da, biz köplenç şol bir zatlary iýmäge endik edip, maşgalada adat bolan  tagamlaryň "çäklerinden" seýrek çykýarys. Biz doýmak üçin, köp iýýäris, uzak aralyklary geçmek üçin ulag serişderelinden peýdalanýarys. Umuman, köp iýip, az hereket edýäris. Şeýlelikde, biz kem-kemden diňe aşgazan – içege ulgamyna däl, eýsem ýürege, gan damarlaryna – tutuş bedenimize agram salýarys. Bedenimiz iýmiti doly özleşdirip bilmänsoň, bedendäki madda alyş-çalyş ýagdaýy bozulyp, bedenimiz "zibilhana" meňzäp başlaýar. Bu "zibiller" tutuş bedenimizi zäherläp, bedeniň kesele garşy durma ukybyny peseldýär. Şonuň üçin-de, biz öz bedenimizi şeýle "zibillerden" wagtal-wagtal arassalap durmalydyrys. Şeýle arassalaýyş çäreleriň biri-de agyz beklemeklikdir.  Biz şu makalamyzda agyz beklemeklige dini nukdaýnazaryndan däl-de, onuň adam bedenine we ruhy ýagdaýyna edýän täsiri barada gürrüň etmekçi.

Agyz beklemäniň bedenimize we ruhy ýagdaýymyza ýetirýän peýdasy

Agyz bekleme döwri – üýtgeşik döwür

Agyz bekleme döwri bedenimize agram salýan artykmaç zatlardan dynmaga ýardam edýär. Adamlaryň köpüsi muny dini parz diýip hasaplap, ony diňe Hudaýa ynanýanlar berjaý etmelidir öýdýärler. Aslynda welin bu beýle däl. Adamlar agyz beklemek arkaly beden we ruhy dünýäsiniň "ýowaryny" geçirmäge mümkinçilik alýar. Agyz bekleme döwründe adamyň bedeni köp iýmekden "halas edilip" özüni "dürsemäge" mümkinçilik alýar. Agyz bekleme döwründe adamyň bedeni we ruhy şypa alyp, ol hemmelere bagt we ýagşylyk arzuwlaýar. Agyz bekleme döwründe adam özüniň kimdigi, nähilidigi we öz edýän işleri barada oýlanýar. Agyz bekleme döwründe adam dawa-jenjelden, göriplikden, ýamanlykdan, gybatdan, pýyş sözlerden, arakdan, çilimden, umuman erbet zatlardan gaça durýar. Bular bolsa ýüregimiz, köňlümiz, tutuş bedenimiz üçin hakyky peşgeşdir. 

Biziň döwrümizde aç bolmagyň saglyk üçin peýdalydygy ylmy taýdan tassyklanandygy üçin, ol lukmançylykda bejergi usullaryň biri hökmünde ulanylýar. Şeýle usulyň peýdasy barada lukmançylygyň professorlary Nikolaýew we Nilow "Azyk önümleri" atly žurnalda 1967-nji ýylda çap edilen "Açlygyň saglyk üçin peýdasy" diýen makalalarynda şeýle ýazýarlar: "Daşky gurşawyň ekologiýasy gitdigisaýy erbetleşýär. Şeýle şertlerde sagdyn bolmak, bedeni "zibillerden" arassalamak, artykmaç ýaglardan dynmak üçin ýylyň dowamynda azyndan 3 (ýöne 4-den köp däl) hepde aç bolmalydyr". Açlyk – adam bedeni üçin peýdaly bolup, onuň goraýjylyk ukybyny galkyndyrýandyr.  Sebäbi adamyň bedenine iýmitiň barmasy kesilen ýagdaýynda, ol ähli güýjüni bedendäki zyýanly mikroblary öldürmäge, "zibillerden" arassalanmaga, howply çişlerden we täze döremelerden dynmaga gönükdirýär. 

Açlygy bejergi çäresi hökmünde öwrenen nemes alymlary ýylyň dowamynda 3-4 hepde sagat 10.00-dan 15.00 aralygynda hiç zat iýmän-içmezligiň saglyk üçin örän peýdalydygyny subut etdiler. Doktor Bill Şernber bolsa ýylyň dowamynda 3-4 hepde agyz beklemäniň uzak ýaşamagyň esasydyr diýip hasaplaýar.

Agyz beklemäniň beden üçin  peýdasy köpdürlüdir:

1. Agyz beklemäniň netijesinde bedeniň artyk agramyndan dynyp bolýar.

2. Agyz bekleme immun ulgamynyň işini gowulandyrýar, sebäbi limfa düwünleriň işi 10 esse gowulanyp, öýjükleriň sany köpelýär. Bu öýjükler bolsa immun ulgamynyň işini sazlap, bedeniň köp kesellerden saplanmagyna ýardam berýär.

3. Agyz bekleme döwründe bagyr we böwrekler arassalanyp, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlary kadalaşýar. Agyz beklemäniň netijesinde ganda natriniň mukdary köpelip, kaliniň kristallaşmagynyň öňüni alýar. Ganda moçewinanyň köpelmegi bolsa peşew çykaryjy ýollarynda daşlaryň döremeginiň öňüni alýar.

4. Agyz bekleme iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirýär. Şeýle ýagdaýda tüýkülik mäzleri, aşgazan, bagyr, aşgazanasty mäzi, içege dynç alýar.

5. Agyz bekleme endokrin mäzleriniň işine kömek edýär. Bu mäzler iýmitdäki ýokumly maddalaryň özleşdirilýän wagtynda alyş-çalşygynyň sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde aktiw gormonlaryň bölünip çykmagyna ýardam berip, bedeniň gormanal deňagramlylygyny kadalaşdyrýar.

6. Erkekleriň we aýallaryň önelgelilik ulgamynyň ýagdaýy gowulanýar.

7. Agyz bekleme jynsy islegleri we höwesleri peseldip, jemgyýeti ahlak bozuklygyndan goraýar, öz jynsy höweslerimize erk etmäge kömek edýär.

8. Agyz bekleme döwründe bedendäki ýarawsyz we gowşak öýjükler dargap, täze öýjükleriň sany artýar. 

9. Agyz bekleme döwründe bedeni zäherleýän ammiagyň çykarylmagy 100 (!) esse artýar.

10. Agyz bekleme döwründe çilimden we spirtli içgilerden saklanmak – öýken we bagyr üçin hakyky "dynç alşa" öwrülýär.

11. Agyz bekleme döwründe adamyň köňli dynç alýar. Durmuş ýagdaýlary we dartgynlylyk adamyň nerw ulgamyny zeperlendirýär. Häzirki döwrüň lukmanlary ölen nerw öýjükleriniň dikeldilmeýändigini belleýärler. Emma agyz bekleme döwründe geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde munuň beýle däldigi tassyklanyldy. Nerw öýjükleriň dikeldilmegi üçin köňül rahatlygy gerek.

12. Agyz bekleme döwründe adam öz isleglerini we höweslerini "jylawlamagy" başarýar. Bu bolsa onda özerkliligi türgenleşdirýär.

13. Agyz bekleme döwründe adam başgalar barada erbet pikir etmezlige, görip bolmazlyga çalyşýar. Umuman, göriplik hemme erbetlikleriň gözbaşydyr. Şeýle erbet häsiýetden dynmaklyk adamy ruhy taýdan baýlaşdyryp, beden taýdan sagdyn edýär.

14. Agyz beklemeklik adama sabyr-takatly bolmagy öwredýär. Sabyr-takatlylyk bolsa adamy tötänlikde edilýän ýalňyşlardan goraýar.

15. Agyz bekleme döwründe adam dünýäniň hysyrdyly işlerinden daşlaşyp, durmuşyň hakyky manysy barada oýlanýar. Özünde bar bolan (ýagşy zatlar) we bolmadyk (erbet zatlar) zatlar babatda şükürli bolmagy öwrenýär. Adam başgalaryň günäsini bagyşlaýar, özüniň-de bagyşlanylmagyny soraýar. Bular bolsa adamyň köňlüne rahatlyk berip, onuň ruhy "zibillerden" arassalanmagyna ýardam edýär. 

Agyz bekleme kimler üçin maslahat berilmeýär?

Lukmançylyk jähtinden, bedeniniň saglyk ýagdaýyny we bolup biljek gaýraüzülmeleri göz öňüne tutup, şu sanawdaky adamlara agyz beklemek maslahat berilmeýär:

  • keselli adamlara;
  • göwreli ýa-da çaga emdirýän aýallara;
  • agyr zähmet bilen meşgullanýanlara;
  • agyr beden kesellerini geçirip, tapdan düşen näsaglar.Öz saglyk ýagdaýlaryny dikeltmek maksady bilen olara kadaly iýmitlenmek zerurdyr;
  • iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerine (öt çykaryş ýollarynyň  kadasyz işlemegi, öt haltanyň we aşgazan asty mäziň keselleri) ýoluganlara;
  • süýji keseli bolanlara;
  • süňkleri şikeslenen hem-de süňkleriniň portlugyndan (osteoporoz) ejir çekýän adamlar.

Agyz beklemezden öň, dowamly keselleri bolan adamlar lukman bilen maslahatlaşyp, degerli bejergi we taýýarlaýyş çärelerini almagy unutmaly däldir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 Weli. 2016-07-05 23:44
Oraza we Gurban aýlarynda aýdylyşy ýaly (aýratyn hem käbir ýurtlarda) ynsanperwerlik ruhynda halk köpçüligine derwaýys bolan harytlary arzanladylaýjak ýaly weli bu jähtden bizde ol hakda ýatlanylmaýar. Bu hem bir jemgyýetiň ünsünden sypan ýagdaýmyka!
Sitata
 
 
#10 Berkeli. 2016-06-21 23:33
Oraza tutmaga öz saglyk ýagdaýy bolman ýören daýzalaryň we daýylaryň agzyndan kesip allanyň öňünde parzlaryny berjaý etjek bolup, takyk bir möçberde pul harçlap unaýan adamlaryna paýlap ýörmekleri bir hili nebsiňi agyrdýar. Belkem, olar ýürekleriniň agysy bilen aglaýandyrlar.
Sitata
 
 
#9 Kerim. 2015-10-21 00:40
Agyz beklemegi ýagny oraza aýyny aç suwsuzlygyň aýyna öwürmän ony mümkinçiligi bolan her bir musulman üçin parz bolan mukaddes aýa öwürmegi öz öňüňde borç edip goýmaly. Seniň daşyňdaky her bir adam uly ýa-da kiçi bolsun saňa Hudaýa ýakyn bolan adam ýaly garaýarlar.
Sitata
 
 
#8 Okyjy. 2015-09-11 23:56
Käbir adamlar gonamçylykda adam jaýlananda we oraza tutanynda bir hili Hudaýy çalt-çaltdan ýatlap, soňra bolsa ynsanperwerlik duýgysyndan gaça durup, ruhyny üýtgedip başgarak bolýarlar. Ol adamlaryň bolşyny görüp geň galýarsyň we haýpyň gelýär.
Sitata
 
 
#7 Çörekli. 2015-07-19 01:03
Remezan aýynyň gowylyklarynyň içinde oňatlyklarynyň birleri hem gadyr gijesi we agyz açdyrmak. Adamlaryň biri-birleri bilen görüşmekleri hem uly bir ýalkamaly ýagdaý diýip hasaplaýaryn.
Sitata
 
 
#6 Welnazar. 2015-07-17 00:02
Remezan aýyny diňe bir horlanmak üçin ulanmak ýalňyşmyka diýýärin. Onuň esasy maksady ruhy dünýäňi giňeltmek bolup durýar. Horlanmak isleseň beýleki aýlar we hereketler hem ýeterlik ahyryn.
Sitata
 
 
#5 Sürüji. 2015-07-15 09:48
Kesellerden ejir çekýän adamlar, ýagny iýmit siňdiriş agzalarynyň näsazlyklary, süýji keseli we ýürek-damar keselleri bilen ejir çekýän adamlaryň Oraza aýynda agyz beklejek bolup ýörüşlerini göreniňde örän haýpyň gelýär. Olara düşündirmek duran bir hyllalla.
Sitata
 
 
#4 Gowşut. 2014-08-25 08:23
Oraza hakynda din we lukmançylyk jähitden ýazylanlar örän ýerlikli we peýdaly. Uly kiçiniňöz islegine görä amala aşyryp orazany tüýs ýüregi bilen berjaý etse oňa ýetesi zat ýok.
Sitata
 
 
#3 Mämmetweli. 2014-08-16 20:20
Öz saglygy hakynda yzygiderli alada etmän bir aý dowamynda agyz beklemek we gündüzine köp ýatmak bilen saglygy gowulandyryp bolar öýtmek ýalňyş bolaýmasa. Mukaddes aý bolan oraza öňünden özüňi taýynlap çemeleşilse saglygyňa we ruhy dünýäňe gowy goltgy bolardy.
Sitata
 
 
#2 Lukman. 2014-08-07 00:08
Bizde Türkmenistanda yssy jöwzaly tomus aýlary oraza tutýan üçin belli bir kynçylygy bilen belli boldy. Ol iýmit bilen bagly bolman, gündüziň uzaga çekmegi we bedeniň suwsuzlanmasy bilen baglydyr. Suw wagtly wagtyna içilmeýänligi ganyň goýalmagyna getirýär. Bu bolsa howply ýagdaýlary döredip bilýär.
Sitata
 
 
#1 Gartaşan. 2014-07-28 00:32
Musulmanlarda remezan aýy örän gowy aý hasaplanýar. Şonuň bilen birlikde Oraza-agyz beklemek köne döwürden bäri belli bolup, çalt-çaltdan Hudaýy ýatlamak, oňa ýakyn durmak bilen ruhy taýdan baýlaşma hem-de adam bedeniniň saglygy bilen baglydyr.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele