Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy SUW – ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞYDYR!
( 18 Ses Berme )

"Suw ýaşaýyş üçin zerur diýmek bolmaz,

sebäbi suwuň özi  ýaşaýyşdyr"

Antuan de Sent Ekzýuperi

1995-nji ýyldan bäri türkmen halky aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde "Suw damjasy – altyn dänesi" baýramçylygyny belleýär. Biziň halkymyz üçin suwuň gymmatlygy örän ýokarydyr. Suw tebigaty janlandyryp görke getirýär. Ol tebigatyň goýnunda mesgen tutan adamzadyň hem, haýwanatyň hem ýaşaýşydyr. Şonuň üçinem pederlerimiz, suwa sarpa goýup, "Suw damjasy – altyn dänesi" diýen pähimi döredipdir.

Suw tebigatda iň ýaýran, şonda-da ahyryna çenli öwrenilmedik madda. Ol bedeniň suw deňagramlygyny saklamak: mineral suwlar içege, böwrek kesellerini bejermek üçin, sowuk suwy üstüňden akytmak ýürek-damar ulgamynda ýüze çykýan keselleri bejermek, nerwleri rahatlandyrmak, beden taplamak üçin zerurdyr. Hiç hili tehnologiki arassalama geçirilmedik, janly tebigy çeşme suwy kalbyňy heýjana getirip, teşneligiňi gandyrýar. Arassa suwuň adamzadyň, haýwanlaryň durmuşynda, ösümlik dünýäsinde, galyberse-de bütin tebigat üçin uly ähmiýeti bar. Suw beden öýjüklerimizi ýokumly maddalara baýlaşdyrýar we zyýanly galyndylardan saplaýar. Tebigy suwlaryň hiç birisiniň düzümi arassa H2O-dan durmaýar. Agyz suwy üçin ulanylýan tebigy suwlaryň himiki barlagy, onuň düzüminde D. I. Mendeleýewiň periodiki sistemasynyň 80 elementindenem gowragynyň bardygyny görkezdi. Şol sebäpli suwy, düzüminde ergin, kristal hally, bug görnüşindäki himiki bölekli, biologiki janly bedenli çylşyrymly gurluş hökmünde kabul edilýär.

Tebigatda suwuň 1300-e golaý görnüşi bar. Gelip çykyşy boyunça ol esasy:

  • çeşme;
  • ýagyş;
  • ýerasty;
  • gar suwlaryndan ybaratdyr.

Ýaşaýyşyň gözbaşy bolan suw, gündelik durmuşymyzda-da, oba hojalygynda-da, senagatda-da zerurdyr. Adamyň bedeni üçin suwuň zerurlygy kisloroddan soň ikinji orunda durýar. Biziň tenimiziň aglaba bölegi suwdan ybarat, ýöne ýaşyň gitmegi bilen onuň mukdary kemelýär. Adamzadyň başlangyjy bolan düwünçegiň (embrionyň) 97%, dünýä inen çagaýyň 75%, uly adamyň bedeniniň agramynyň 60-65% suwdan ybaratdyr. Bir günüň dowamyna biz 2-2,5 litr suw peýdalanýarys (içgi we iýmit arkaly). Bedeniň deňagramlygyny saklamak üçin, şonça mukdarda ol bölünip çykýar. 50-60% golaý suwuklyk, böwrek we peşew ýollary arkaly ýitip gidýär. Emma tendäki suwuň adaty möçberinden artyk ýitirilmegi heläkçilige eltýär:

  • 6-8% suwuklyk ýitende – gyzgynyň galmagy, teniň gyzarmagy, dem alyş we ýürek urma ýygylaşmagy, kellagyry, beden myşsasynyň gowşamagy peýda bolup, baş aýlanýar;
  • 15-20% suwuklyk ýitende – gan goýalyp, ýürek onuň aýlanyşyny ýola goýup bilmeýär we ölümçilik ýüze çykýar.

Adam teşneligi örän agyr geçirýär. Iýmitsiz ol 35-40 gün ýaşap bilse-de, suwdan doly mahrum bolan ýagdaýynda 3-4 günden heläk bolýar.

Agyz suwy kesel gozgadyjylardan azat bolup, adamyň saglygyna howp abandyrmaly däldir. Ol işdä ýakyn, süýji, reňksiz, dury, sowujak, tagamly we yssyz bolmaly. Suwuň düzümindäki elementleriň derejesi bellenilen talaplara gabat gelmeli. Başga jisimler bilen aragatnaşyga girende-de, arassa agyz suwy korroziýa emele getirmeli däl.

Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatyna görä, hili pes agyz suwy ulanýanlygy zerarly, ýer ýüzüniň her onunjy ýaşaýjysy ejir çekýär. Garyn garahassalygy, ganly içgeçme, mergi, ankilostomoz ýaly keseller, adama ilki bilen keselli bedenden bölünip çykýan nejasatlar bilen suw çeşmeleriniň zaýalanmagy arkaly geçyär.

Suw arkaly ýokanç: sarygetirme, tularemiýa, suw gyzzyrmasy, bruselýoz, poliomielit keselleri geçip biler. Käbir ýagdaýlarda suw, adamyň haýwan parazitleri – soguljan gurçugy bilen zäherlenmegine eltip biler.

Suwuň hili şeýle-de onuň himiki düzümine hem baglydyr. Olary ilki bilen biziň duýgy we görüş organlarymyz saýgarýar. Misiň mikrobölejikleri suwy bulanyk etse, demir oňa gyzylymtyk reňk berýär. Adamyň saglygy üçin zyýanly himiki elementleriň suwuň düzüminde artyklyk etmegi, keselçilige getirýär. Mysal üçin mis bilen seleniň birleşmesi az mukdarda adamyň bedeni üçin mikroelement hökmünde zerurdyr, emma aşa köp bolan ýagdaýy ol zähere öwrülýär.

Suw adamyň saglygy üçin zyýanly we zyýansyz mikroorganizmleriň ýaşaýyş gurşawydyr. Häzirki döwürde suwy arassalamak, onuň düzüminden zyýanly goşundylary, keseldörediji bakteriýalary ýok etmek üçin dürli usullar tapylýar. Bulara suwy ýodlamak, aktiw kümşi ulanmak, hlorlamak, ozonlamak we başgalar degişlidir.

Hlor güýçli okislendiriji bolup kesel dörediji mikroorganizmleri ýok edýär. Emma derýalardan we köllerden ýygnalan suwlaryň düzüminde akdyrylýan hapa suwlar bilen gelen dürli zyýanly maddalar bar. Hlor olar bilen täsirleşmä girende, örän ýakymsyz birleşme emele gelýär. Hlor bilen fenolyň birleşmesi ýaramaz ys berip, bagra we böwrege täsir edýär. Emma az mukdarda ol beýle howply däl.

Suwy hlorsuz zäherlendirmek amatly däl, beýleki alternatiw usullar gymmat düşýär.

Suwy ozonlaşdyrmak Ýewropada ulanylýan esasy usuldyr. Ozon arkaly zäherlendirilen suw örän tagamly we yssyz bolýar. Emma bu usulyň hem kemçilgi bar. Ozon dürli maddalar bilen täsirleşmä girýär, fenol bilen emele gelen birikme hlorofenoldan hem beter zäherli jisim emele getirýär.

Suwy arassalamakda aktiw kümşi ulanmak gadymdan gelýän usullaryň biri. Gadym döwürde ýaşan adamlar suwy kümüş gaplarda saklamak arkaly ony arassalaýan ekenler. Häzirki döwürde kümşüň ionlaryny bakteriýalaryň gabygy bilen birleşdirmek arkaly suwy arassalaýarlar. Emma kümüş agyr metal bolany üçin, ol adamyň saglygyna zyýan ýetirmegi mümkin diýip, bu usuly diňe arassa suwy uzak saklajak bolanlarynda ulanýanýarlar.

Ýodlamak – suwy meýdan şertlerinde arassalamak üçin ulanylýar. Bu usul esasan, ýüzülýän howdanlaryň suwuny arassalamak üçin, şeýle-de ýörüş şertlerinde, ýörite ýodlanan gerdejikler bilen guýulardan we dury çeşmelerden alnan suwlary zäherlendirmek üçin ulanylýar.

Ultramelewşe şöhlesi arkaly suwuň zähersizlendirmek — örän netijelei usullaryň biridir. Ultramelewşe şöhlesi bilen arassalamagyň ähmiýeti şulardan ybarat:

  • tehnologiki prosesiň wagtynyň gysgalygy;
  • suwyň tagamynyň we himiki häsiýetiniň üýtgemezligi;
  • guralyň ýönekeýligi;
  • ekologiki taýdan arassalygy.

Suw – adamzat üçin peşgeş berlen beýik gymmatlykdyr. Häzirki informasion tehnologiýalar zamanynda, senagatyň ösen wagty, dünýäde adam sanynyň yzygiderli köpelýän döwri biz tebigatyň eşretliklerini ata-babalarymyzdan miras alman, geljekki neslimizden karz alýanlygymyzy unutmaly däl. Şonuň üçin-de, her damja suwuny altyn dänesi kimin aýap, gelejekki nesilleriň hem aladasyny etmelidiris.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Zafar 2017-04-10 10:21
Suw damjasy altyn dänesi
Sitata
 
 
#9 Bally. 2017-04-04 22:58
Ilatly ýerlerde ýany dermanly gezip ýörene köp duşsaňam, içer ýaly agyz suw göterip ýörene az duşýarsyň. Bedende madda çalyşmalary suw bilen geçýär. Suwsyz gezseň öz-ösüňe kast edýärsiň ahyryn.
Sitata
 
 
#8 Şäherli. 2016-01-08 02:00
Ýaşalýan ýerde suw meselesi çözülse aglaba durmuşyň meselesi çözüldigi. Şäherde bir gije-gündüzde suw bolmasa nämeleriň boljakdygyny göz öňüne getirmek hem örän ýakymsyz.
Sitata
 
 
#7 nariman 2015-12-25 19:16
Ffguhhgff
Sitata
 
 
#6 Ekolog. 2015-10-21 01:33
Topuragyň we howanyň hapalanmagy soňky onýyllyklarda suwuň hiliniň peselmegine getirdi. Agyz suwundan döreýän keselleriň artyp barmagy zamananyň döreden bu ýaramazlygyny dünýä möçberinde çözmegi talap edýär.
Sitata
 
 
#5 Gartaşan. 2015-09-12 02:19
Pikir edýärin weli tebigatyň özi hem howanyň ýagdaýyny suw bilen sazlaşdyrýan ýaly bolup dur. Yssy ýurtlada kölleriň, kanallaryň emeli köpelmegi, aýratyn hem tomus aýlarynda howanyň köp çygly bolmagynda, adamlarda gurak howada bedene ýaramaz bolan näsazlyk döredýär.
Sitata
 
 
#4 Myhman. 2015-07-20 00:15
Ilatly ýerlerde suw meliarasiýasyny (onuň özi hem ylym ahyry) degerli alyp barmasaň, suw bolanda hem adamlar onuň ýetmezçiliginden kösenýärler. Indi näçe ýyllardan bäri biziň obalarymyz suwaryş we agyz suwunyň ýetmezçiligini aýratyn hem tomus aýlary ýiti duýýarlar.
Sitata
 
 
#3 Laçyn. 2015-06-14 23:28
Tebigatyň bu eçilen baýlygyny, dogrymy aýtsam melhemini köp ýerlerde harlanýandygy suwy ulanmak babatda medeniýetiň aşa peseldimikä hem diýdirýär. Sebäbi köp ýurtlarda onuň saýhally saklanyşy, ulanyşy dürli-dürli netijeler bilen belli.
Sitata
 
 
#2 Okyjy. 2015-05-28 23:49
Howa bilen suw janly-jandaryň durmuşynyň özeni bolsa-da, adamzat indi näçe wagtlardan bäri olary zaýalamak bilen meşgul bolýan ýaly. Senagatyň, tehnologiýanyň ösmegi bien ol has hem örç alýar.
Sitata
 
 
#1 Obaly 2014-01-18 02:15
Suwsuz ýaşaýyş ýok. Şäher ýerinde oňuşmazça däl. Dat, obada ýaşaýanlaryň gününe, olar bir damja arassa suwyň zary. Ýöne şäheriň kä ýerlerde ýollaryň ugrunda, gyş möwsüminde ýyladyjy sistemanyň näsaz turbalaryndan bisarpa akýan suwlara newsiň agyrýar.Şolara wagtynda eýeçilik edilse suwuň gymmatlylygyna göz ýetiriljek.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele