Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy ÖŇÜNI ALYŞ SANJYMLARY EDILMESE ...
( 6 Ses Berme )

Caga dünýä inende ol käbir kesellere göreşme ukyby bilen dogulýar. Bu bolsa eneden çörekçe arkaly täze doglan çaga geçýän antitelalaryň (kesel dörediji bedene düşende ganda emele gelýän goraýjy öýjükleriň) işidir. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çaga hemişe goşmaça antitelalary enesinden alyp durýar. Ýöne onuň ýaly goraglylyk  wagtlaýyn häsiýete eýedir. Öňüni alyş sanjymlary ulanmak (immunizasiýa, waksinasiýa) – kesellere garşy bedeniň göreşmek ukybyny emeli ýol bilen döretmek we saklamakdyr. Onuň üçin kesel dörediji bakteriýalaryň we wiruslaryň howply bolmadyk bir bölegi ulanylýar.

Waksinasiýa – çagalary infeksion kesellerden goramagyň iň zerur we howpsys çäreleriniň biridir.

Waksinalar bedene hakyky kesel dörediji infeksiýalar düşendäki bolşy ýaly, bedeniň gorag ulgamyny  gyjyndyrýar. Ulgam bedene emeli ýol bilen goýberilen infeksiýa garşy göreşýär we ony “ýatda saklaýar“. Eger infeksiýa bedene gaýtadan ýokuşsa,ulgam oňa garşy netijeli göreş  “yglan edýär“.

Häzirki wagtda waksinalaryň dört görnüşi ulanylýar:

·         Ysmaza, gyzylja, gyzamyga, hapgyrtma garşy ulanylýan, gowşak diri kesel döredijilerden edilen waksinalar.

·         Gökbogma garşy ulanylýan öldürilen kesel döredijilerden edilen waksinalar.

·         Anatoksin saklaýanlar – bakteriýalaryň we wiruslaryň toksinlaryndan ýasalan waksinalar.

Meselem bürme bilen täjihoraza garşy waksinalar – anatoksinlerdir.

Biosintetiki waksinalar – olar çylşyrymly bioinženerçilik usuly  bilen alynýandyr. Meselem, gepatit B we gemofil  infeksiýasyna garşy waksinalar. 

Çagalaryň wagtly – wagtynda we dogry waksinasiýa geçmegine gözegçilik ediň. Waksinasiýa geçmegiň tertibi meýilnama boýunça alnyp barylýar. Sagdyn çagalar hiç hili kynçylyksyz sanjymlary meýilnama boýunça alýandyrlar. Bu babatda hemişe öz lukmanyňyz bilen habarlaşyp we maslahatlaşyp duruň!

 

TÜRKMENISTANDA    MEÝIlNAMA     BOÝUNÇA   GEÇIRILÝÄN

KESELLERIŇ    ÖŇÜNI    ALYŞ    SANJYMLARYNYŇ     TERTIBI:

Öňüni alyş sanjymlaryň geçirilýän wagty

Öňüni alyş sanjymlaryň görnüşleri

  Täze doglan bäbeklere ilkinji 24 sagadyň dowamynda

  wirusly gepatit  “B“ garşy;

  2 - 3 günlükde

  inçekesele garşy we ysmaz (polimiýelit) keseline garş

  2 aýlykda

  wirusly gepatit  “B“ garşy;

  gökbogma, täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  ysmaz (polimiýelit) keseline garşy;

  meningit, sepsis, agyr öýken sowuklama garşy;

  3 aýlykda

  gökbogma, täjihoraz, bürme;

  ysmaz  (polimiýelit) keseline garşy;

  wirusly gepatit “B“ garşy;

  meningit,  sepsis, agyr öýken sowuklama garşy;

  4 aýlykda

  wirusly gepatit  “B“ garşy;

  gökbogma, täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  meningit, sepsis, agyr öýken sowuklama garşy;

  ysmaz (polimiýelit) keseline garşy;

  12 - 15 aýlykda

  gyzamyga garşy;

  hapgyrtma garşy;

  gyzylja garşy;

  18 aýlykda

  gökbogma, täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  ysmaz (polimiýelit) keseline garşy;

  6 ýaşda

  täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja garşy;

  14 ýaşda

  inçekesele garşy;

  15 ýaşda

  täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  25 ýaşda

  täjihoraz, bürme kesellerine garşy

 

Waksinasiýa geçirmegiň ähmiýeti barada metbugatda häli-şindi dürli pikirler aýdylyp gelinýär. Waksinalaryň ýaramaz täsiriniň ýüze çykmagyny nygtap garşy çykmalar hem tapylýar. Ýöne keselleriň getirip biljek gaýraüzülmeleri seýrek ýagdaýlarda ýüze çykýan waksinalaryň ýaramaz täsirinden howplydyr. “Öňüni almak üçün sanjym edilenden keseli başdan geçireniň gowy“ diýen pikiriň dogrudygyny tassyklaýan delil ýok. Beden agzalarynyň keselleriniň, şol sanda ragyň käbir görnüşleriniň hem başdan geçirilen infeksiýalaryň netijesidigini ylmy taýdan subut edildi.  

 

Eger öňüni alyş sanjymlary edilmedik bolsa onda:

·         Her 5-nji adam täjihoraza (difteriýa) ýolugardy, kesellänleriň 10%-ine ölüm howpy abanardy;

·         Hapgyrtma duçar bolmadyk adam tapylmazdy, kesellänleriň 0,1%-i ker we önelgesiz galardy;

·         Her 4-nji adam aşgazanasty mäziň kesellerine sezevar bolardy;     

·         Inçekeselden we inçekesel meningitinden goranmak ýekeje adama hem başartmazdy;

·         Gökbogma ýekeje adamy hem aýap goýmazdy, syrkawlar 2-3 hepdeläp üsgülewikden ejir çekerdi, olaryň 1% -iniň keseli ötüşip, öýkende beterleşmeler ýa-da ensefalit ýüze çykardy;

·         Adamlaryň köpüsi poliomiýelite duçar bolardy, olaryň ençemesi maýyp bolardy;

·         Döwük-ýenjikli her bir adama bürmä garşy syworotka sançmaly bolardy;

·         Gyzylja ýolugan göwreli aýallaryň 25%-iniň (kesel göwreliligiň irki döwründe ýokuşanda) ýa-da 10%-iniň (kesel göwreliligiň giçki döwründe ýokuşanda) maýyp çaga dogurmagy mümkindi;

·         Her bir adam gyzamyk bilen kesellärdi, bu kesele ýoluganlaryň 1%-i aradan çykardy, 5%-i maýyp bolup galardy;

 

Ýokanç kesellerden goranmak üçün öňüni alyş sanjymlary wagtynda yzygiderli alyň.

Janyňyz sag bolsun!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 lekar 2017-04-11 00:51
indi 9 ýaşda gyzjagazlara adam papilloma wirusynyň döredýän howply çiş kesellerine garshy hem urulýan ekeni.Ýalňyşmasam,2016 njy ýylda goshuldy shu sanjym.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele