Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy BIZ NÄME ÜÇIN SYPAÝYLYGYMYZY ÝITIRDIK?
( 11 Ses Berme )

...Awtobusda adam köpdi. Olar awtobusyň dymyk salonynyň içinde biri birine söýenşip diýen ýaly durdylar. Ulag durmaly duralgasyna ýakyn geleninde salonyň ortasyndan ýol torbalaryny göterip, öňündäki adamlary itip gelýän orta ýaşan daýzanyň meni hem yzymda duran adamlara tarap itip, aýagymy basyp gidenini duýup galdym. Adamlar daýzanyň gödek hereketine gatyrgandylar, emme daýza olara barmysyň hem diýmedi. Men bolsa, eger daýza ýol berilmegini sorap: "Men geçäýin" diýip haýyş eden bolsa hem adamlaryň onuň haýyşyny bitirjekligi barada pikirlendim. Meniň aýagymyň agyrsynyň aýrylmagy üçin bolsa daýzanyň "Bagyşla!" diýen jümlesiniň ýeterlik boljakdygy barada oýlandym. Adamda näme göwün bar?...

Näme üçin müşderilerini garaşdyran edara gullukçysy: "Garaşdyranym üçin bagyşlaň!" diýmegi özüne kiçilik bilýär? Näme üçin öňümizde gapyny açyp berýän adama "Minnetdar!" diýip ýylgyrmagyň ýerine, biz soky ýuwdan ýaly (men şeýle pursatlara köp duş geldim) bolup geçip gidýäris. Näme üçin awtobusa eli ýükli giren aýalyň ýükini göterşip, öz oturan ornuny beren ýaş ýigit (ol ýaş bolsa hem) "Sag bol!" diýen söze mynasyp bolup bilmeýär?

Biz biri-birimize bolan hormaty ýitirýäris. Şonuň bilen bilelikde bolsa sypaýylygy hem unutdyk. Belki-de biziň köpümizde ol aslynda hem ýokdur? Bizi bu häsiýet bilen terbiýelän däldirler? Maşgalada hemişe sögülip terbiýelenen, hemişe kemsidilen we şahsyýet deňinde görülmedik çagadan ulalanda sypaýy, mylakatly häsiýetli adam ýetişmezmikä diýip pikir edýärin. Biziň köpümiz sypaýylyga gerekmejek häsiýet höküminde garaýarys we ony suwjuklygyň, gowşaklygyň, baş egmegiň ýa-da ýaýaplamagyň alamaty höküminde kabul edýäris. Şonuň üçin edara ýolbaşçylaryna bu häsiýet aslynda hem tanyş däl, olar sypaýy bolmakdan çekinýärler. Biz hemişe eklenjiň, pul gazanmagyň, öz maddy hyýallarymyzy amala aşyrmagyň aladasynda. Biziň ýanymyzdaky adamlar bilen mähirli gatnaşyklary gurnamaga, olara ýakymly duýgulary, ünsi peşgeş bermäge wagtymyz hem, islegimiz hem ýok. Biziň käbirlerimiz bolsa bu häsiýeti diňe işimizi bitirmek üçin ýa-da wagtlaýyn garaşly adamymyza ýakynlaşmak üçin ulanýarys.

Sypaýylyk näme?

Sypaýylyk:

► Ol medeniýetli we inçeden sözleýiş, özüňi dogry alyp barma we öz hereketleriňi sazlaşykly gurnama;

Ol islendik pursatlarda hem mähirli gepleşme we hereket etme ukyby we islegidir;

Ol gatnaşyk edýän adamlaryňa (maşgalada, işde) bildirýän adaty hormatyň, gatnaşyklary saklamak üçin bildirýän tagallaň;

Ol adamyň özüni alyp baryş kadalarynyň dogrulylygynyň, bilimliliginiň we içki dünýäsiniň gözelliliginiň dogry sazlaşmagydyr.

Iň esasy hem-ol adamynyň içki dünýäsiniň medeniýetliligidir. Öz içki dünýäňe bu häsiýeti "ýugurmak" üçin sen hemişe öz üstüňde işlemeli bolarsyň.

Gatnaşyklarda sypaýylyk saňa nähili kömek edip biler?

Sypaýylyk:

♦ Islendik pursatlardan hem dogry baş alyp çykmaga, dogry hereket etmäge mümkinçilik berýär;

Özüňi "elde saklamaga" kömek edýär;

Ol seniň iň kämil adamçylyk häsiýetleriňi bildirmäge mümkinçilik berýär, olary başgalara aýan edýär;

Ol adamlara seniň bilen gatnaşykdan, sözleşmekden kanagatlanma, mähirli duýgulary berýär;

Ol seni gödek bolmadan azat edýär.

Sypaýylygy özüňde nähili terbiýeläp bolýar?

• Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň kada-düzgünlerini öwreniň we oňa eýerjek boluň. Rus dilinde oňa "etiket" diýilýär. Ol düzgünlere eýerip adam özünde sypaýylyk, mylakatlylyk häsiýetleri terbiýeleýär.

Okamak. Her bir köp okan adam sypaýy däldir – ýöne her bir sypaýy adam okaýandyr. Adamyň gözýetimi näçe giň boldugyça, şonçada ol töweregini gurşap alýan adamlara hormat bilen garaýandyr: şonçada ol özünde sypaýylygy terbiýelemä ýakyndyr.

Adamlar bilen sözleşmegi öwreniň. Adamynyň gepini bölmän, ünsli diňlemäni öwrenmek bilen adam özünde sypaýylyk häsiýetini terbiýeleýär.

Sözleşiň. Sypaýy we medeniýetli sözleşmegi siz diňe sypaýy adam bilen gepleşme arkaly öwrenip bilersiňiz.

...Şu gün ir çagy işe barýakam, goňşym: "Işe ugradyňmy? Ertiriň haýyrly bolsun!" diýip ýylgyrdy. Men onuň dogrudan hem haýyrly boljagyna ynandym.

Ýazan: Selbi Myradowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Teswirçi 2018-01-12 22:48
Örän dogry belläpsiňiz, Selbi. Bizde sypaýçylyk ýönekeýje maşgala gatnaşyklaryndan başlap jemgyýetçilik ýerlerine çenli kemçilik edýär. Öýde birek-birege sypaýçylykly ýüzlenmek, iň bolmanda saçak başynda nahar bişirene we çörek, duz geçirene sagbolsun aýtmak hem endigimiz däl. Onsoň muňy köpçülik ýerlerinden garaşybam oturmaly däl. Men ösen döwletleriň sypaýçylyk medeniýetine telpek goýýaryn. Olaryň hatda ýönekeýje dükançylaram müşderileri güler ýüz bilen garşy alyp, günleriniň gowy geçmegini arzuwlap ugradyp goýberýärler. Birek-birege sypaýy we hormat goýup ýaşaýan jemgyýetleriň adamlary hem bagtly bolýar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele