Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy ÇÄKSIZ SÖÝGI: BERK TUTÝARMY, DIÝMEK SÖÝÝÄNDIR?!
( 12 Ses Berme )

Goňşymyzyň gyzy 5 ýyl halaşyp durmuşa çykdy. Daşyndan göräýmäge durmuşy gül ýaly. Köp gyzlaryňam onuň bagtyna gözleri gidýär. Emma ol indi ejelerine islän wagty gelip bilenok. Diňe adaty Nokia telefon ulanýar. Her bir etjek zadyny ýoldaşyndan ýa gaýynlaryndan sorap etmeli. Men onuň ejelerine gelende "Çykmankamam maňa diýenini etdirýärdi, indi hasam beter gysyp saklaýar. Gabanmak, goramak gowudyram welin, her bir zadyň çägi bolmaly dälmi?" diýip, zeýreneni eşitdim.

Jemgyýetimizde söýgi we maşgala gatnaşyklarynda bir tarapyň (esasanam oglan tarapyň) agalyk etmegi seýrek gabat gelmeýär. Iň gynandyryjy ýerem muny adamlaň bolmaly zat hökmünde kabul etmesi. Köpler muny bolmaly zat hökmünde kabul etselerem köpleriň durmuşy ýa söýgi gatnaşyklary haýsam bolsa bir tarapyň çäkden çykmagy sebäpli bozulýar.

Söýgi gatnaşyklarynda araçäk näme?

Söýgi gatnaşygy iki başyň birleşmegi bilen tamamlanmaýar. Ol yzygiderli fiziki, emosional we psihiki hereketleri öz içine alýar. Bu gatnaşygyň pajarlamagy üçin bolsa iki tarap hem diýýän sözlerinden başlap edýän pikirlerine, bile geçirýän wagtlaryna çenli çäk goýmany başarmaly. Sen öz islegleriň we talaplaryň barada söýgüliň bilen arkaýyn gürleşip bilmeli. Eger ol gaharlanyp, saňa garşy çyksa, onda bu eýýäm onuň saňa bolan hormatynyň pesliginden nyşan.

Özüňi söýgi gatnaşyklarynda howpsuz duýmagyň we iki tarabyň hem islegleriniň kanagatlandyrylýandygyna güwä geçmegiň iň gowy usuly bulary ikiçäk maslahatlaşmakdyr. Söýgi gatnaşyklarynda serhetleriň bozulmazlygy üçin göz öňüne tutmaly käbir zatlar:

Emosional çäk

S harply söz: "Seni söýýän" sözi gatnaşykda her adam üçin her hili wagtda başlap biler. Eger söýgüliň muny diýip başlan bolsa, sen hem heniz arkaýyn diýip bilmeýän bolsaň gamlanmagyň geregi ýok. Belki sen entek taýýar dälsiň. Muny hökman ýoldaşyňa duýdurmaly we onuň saňa "söýýän" diýende özüňi nähili duýýandygyňy aýtmaly.

Aýra wagt geçirmek: Taýyň bilen bilelikde wagt geçirmek nähili lezzetli we zerur bolsa ondan aýra wagt geçirmek hem sagdyn söýgi üçin şonça zerurdyr. Siziň ikiňiziňem özbaşdak, dost-ýarlaryňyz ýa-da maşgalaňyz bilen wagt geçirmäge erkinligiňiz bolmaly. Sen haçanda özbaşdak wagt geçirmegi isleseň muny ýoldaşyňa çekinmän aýdyp bilmeli.

Fiziki çäk

♦ Howlukma: Fiziki gatnaşyklara şol bada başlamaly diýen kanun ýok. Söýgi gatnaşygynda nämäniň haçan bolmalydygyny diňe jübütleriň özleri kesgitleýärler. Sagdyn gatnaşykda fiziki ýakynlaşma diňe ýoldaşyň bilen öz meýilleriňizi we duýgularyňyzy maslahatlaşyp, ikiňizem doly ýagdaýda taýýar wagtyňyz başlanylmaly.

Jynsy gatnaşyk salgyt däl: Sen ýoldaşyňa hiç zat bergili däldigiňi unutmaly dälsiň. Ol saňa sowgat satyn alsa-da, her näçe "söýýän" diýse-de, saňa onuň edenlerini yzyna gaýtarmak parz däl. Eger ol senden "gaýtargy" talap etse, bu eýýäm serhetden geçmek bolýar. Hatda öň onuň bilen jynsy gatnaşykda bolan hem bolsaň muny her gezek etmäge borçly dälsiň. Jübütler biri-birine "ýok" diýende onuň hakykatdanam "ýok" jogapdygyna düşünmeli.

Elektroniki çäk

Haçanda söýgi gatnaşygy internete çykyp başlanda sagdyn we sagdyn däl gatnaşygyň serhetlerini bilmek kyn bolup bilýär. Facebook, Instagram, Twitter, Snapchat ýaly ýaýgyn sosial saýtlarda jübütler üçin kadalaram ýok. Onda näme etmeli?
Gatnaşygyňy internete çykarmak barada ýoldaşyň bilen gürleşmezden ozal öz-özüňe aşakdaky soraglary bermek arkaly nämäniň seň üçin rahat boljagyna düşün:

→ Taglemek ýa-da "check in" etmek nähili bolar?

Biz gatnaşygymyzyň statusyny post etmelimi?

Ol meň online dostlarymy yzarlasa ýa-da dostlaşsa bolarmy?

Maňa haçan sms ýazyp biler we meň näçe wagtda jogap bermegimi isleýär?

Birek-biregiň elektroniki enjamlaryny ulansak bolarmy?

Gatnaşygymyz barada post, twit ýa-da teswir ýazyp bilerismi?

Haçanda öz ýagdaýyňa düşüneniňden soň, ýoldaşyň bilen maslahatlaşyp, elektroniki gatnaşygyňyzyň nähili bolmalydygy barada ylalaşyga gelip bilersiňiz. Onuň islegleriniň seňkiden tapawutly bolmagy ahmal we munda birek-birege düşünip, ikiňiz üçinem iň göwnejaýlaryny saýlamak dogry bolar. Emma, eger ol saňa islemeýän zadyňy etdirjek bolsa ýa-da saňa hojaýynçylyk etjek bolsa sen munuň çäkden çykmakdygyny onuň ýüzüne aýtmalysyň.

Elektroniki gatnaşygyň ylalaşygy wagtyň geçmegi bilen üýtgäp biler. Ilki başda arkaýyn edip bilen zatlaryňyzy soňra edesiňiz gelmezligi ýa-da soňra has köp zatlar edesiňiz gelmegi mümkin. Ylalaşyga üýtgeşiklikleriň girizilmegini hem ýene-de ikiňiziň özara we agzybir maslahatyňyz çözer.

Elektroniki ylalaşykda aşakdakylary göz öňüne tutmagy hem unutmaly däl:

⇒ Açar sözleri şahsydyr: Ýoldaşyňa näçe ynanýan hem bolsaň, onuň bilen telefonyň, sosial saýt hasaplaryň açar sözlerini paýlaşmak dogry pikir däldir. Erkinlikde özbaşdak wagt geçirmäge hukugyň bolşy ýaly internetdäki şahsy maglumatlaryňa hem diňe seniň doly hukugyň bar. Ýoldaşyňa hasaplaryňy ulanmaga rugsat bermek onuň senden birugsat islän zadyny post etmegine, seň başgalar bilen näme gürleşýäniňi bilmegine we netijede gerekmejek gabanjaňlygyň ýüze çykmagyna getirip biler (hatda gabanara hiç zat ýogam bolsa).

Suratlar we sekstiň: Fiziki serhetiň zerur bolşy ýaly, elektroniki enjamlar arkaly arkaýyn ugradyp biljek we bilmejek zatlaryňda hem serhet bolmaly. "Ugrat" düwmesini basanyňdan soň ugradan zadyňy kimiň görüp biljegini sen çözüp bilmeýäň. Eger ýoldaşyň saňa sekst (jynsy islegleri oýarýan surat ýa ýazgy) ugratsa we sendenem şony talap etse sen oňa beýle etmäge özüňi rahat duýmaýandygyňy aýdyp bilmeli. Ol bolsa öz gezeginde muňa gaharlanman, saňa düşünmeli we seni sylamaly.

Serhetleriň esasy bölegi hormatdyr. Sen we söýgüliň gatnaşygyňyza nämäniň laýykdygyny we däldigini aç-açan gürleşmegi başarmaly. Birek-birege hormat bolan ýerinde gatnaşykda nähili üýtgeşmeler bolup geçse-de hiç kim zyýan çekmeýär.

Onda, indiki gezek ‘taýym’ diýýän adamyň seniň elektroniki enjamlaryňa rugsatsyz aralaşsa, senden islemeýän zatlaryňy talap etse ýa-da seniň erkinligiňi eliňden aljak bolsa, belkem onuň bilen serhetler barada egri oturyp, dogry gürleşmegiň wagty gelendir...

Makalanyň awtory: Şöhle Mämmedowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 betje 2017-10-17 20:53
Quoting Gokdepeli:
Bir yerlerden bir zat tapyp terjime edip güzürdedip otyrlar.

terjime etmesek, yazmasak wahhabitler geljek
Sitata
 
 
#10 Miwe 2017-10-16 16:24
Oglanlar ýalňyş düşünipdirler oytyan. Makaladaky gurruñi edilyan hasiyet gabanjanlyk dalde ynamsyzlyk, hormatsyzlyk. Turkmen oglanlarynda yaman köp gabat gelinyar. Biri bilen soyuşip başlasalar derrew gyzy ellerindäki emläkleri yaly kontrol etjek bolup başlayalar, onam gabanyp etyan diyen bolýalar. Gelinler, gyzlar boş yere nalamayar. Olar uzakly gün nahar edip, arassaçylyga seredip erkeklere hyzmat edyaler, emma gaytargy hökmünde diňe gysylýalar, ellerinden erkleri alynyar. Olaram hormata, mähre, ynama, şahsy erkinlige erkekleň bolşy ýaly mynasyp we mätäç ahyry...
Sitata
 
 
#9 Hemra 2017-10-16 14:47
Quoting Gokdepeli:
Bir yerlerden bir zat tapyp terjime edip güzürdedip otyrlar.

Hakykylay
Sitata
 
 
#8 Gokdepeli 2017-10-14 22:35
Bir yerlerden bir zat tapyp terjime edip güzürdedip otyrlar.
Sitata
 
 
#7 Hemra 2017-10-13 09:40
Ozune yakyn bolan ayalyny gabanmazlyk ol nadanlyk bolya. Adamsy gabanyan diyende ayaly mana ynanmayan diyip oykeleya ol nadogry ynamsyzlyk bashga gabanjanlyk bashga hersi bashga duygy.
Sitata
 
 
#6 Gokdepeli 2017-10-12 15:02
Quoting Muhammet:
Erkek kishide ,,gabanjañlyk'' naharda duzyñ bolshy yaly bolmalydyr.

Az bolsa-da köp bolsa-da bolanok
Sitata
 
 
#5 Muhammet 2017-10-10 16:09
Erkek kishide ,,gabanjañlyk'' naharda duzyñ bolshy yaly bolmalydyr.
Sitata
 
 
#4 Gokdepeli 2017-10-09 23:29
Gabanmak duýgusy bolmadyk erkek binamysdyr.
Sitata
 
 
#3 Hemra 2017-10-07 17:56
Gabanmak bashga ynamsyzlyk bashga bu duygulary bashyndan gechiren ynsan bilya.
Sitata
 
 
#2 Hemra 2017-10-05 17:10
Haysy sayta girsem yone Ayallar nalap oturandyrlar arleri ishden gelende guler yuz bn garsy alyan yaly. Un haltadaki sonky uny kakandada ayal chayyn keypini ucurmaly dal diyilya. Ana shonun yaly ayalym bolsun bashyma tach etjek soyjek bagtly etjek gozlerinden dine begench gozyashlaryny akdyrjak. Name etselerem ayallaryny gabanman nira diysede ynanyp goyberip ayallarynyn balagyny yygnadyp bilman bozulyp yoren mashgalalar az dal ahyryn. Men haysy sayta girsemde dine ayallaryn adamsyndan nalap derdini dessan edip oturanyny goryan. Meselem men ayalymy janymdan artyk soyyan ony ozge gozlerdenem gysganyan diyeli olam men plan joram bn plan etraba toya gitjek diyse ol hem mana hoshyakmasa gepin gysgasy shona kalbym ichki dunyam rugsat bermese gabansam goyberesim gelsede goybermek elimdeb gelmese onda erkek kishi name etmeli goyberse gabanjanlykdan kalby azap chekyar eger ayalyda o yagdayyna dusunman buda yene azap berse shol dogrymy?
Sitata
 
 
#1 Hemra 2017-10-05 16:57
erkek kishi ayalyny elbetde gabanmaly. Ikinjiden ayal mashgala erkegin hokmany suratda diyenini etmeli ol biryere gitme diyyan bolsa gitmeli dal. Plan ishi etme diyyan bolsa etmeli dal. Alla tagala erkegi ayala bash edip goydy. Erkek oz ayalynyn ikinji Hudayy eyesidir. Shol ayal adamsyny razy etmeli ol onun buyrugy. Adamsy plan ishi etme diyse ya plan ishi etme diyse diyleni etman nalap narazylyk doretmeli dalde oz buyrugyny bilmeli ayal mashgala. Oz arrygyny zar eden kishi arrygyna zar bolar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele