Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy KOMPÝUTER WE ONUŇ BEDENE ÝETIRÝÄN TÄSIRLERI
( 19 Ses Berme )

Adam bedeni ewolýusiýanyň täsirinde ullakan üýtgeşmelere, daşyndan berilýän agramlara mejbur bolup gelýär. Käbir alymlaryň bellemegine görä, "Adam bedeni az iýip, köp hereket etmäge ukyplydyr". Ýöne häzirki zaman adamlarynyň aglabasy edara işlerinde işläp az hereketlilik durmuşyny alyp barýarlar. Kompýuterleriň peýda bolmagy bilen bu meseleler has hem çuňlaşdy. Çagalar, ýetginjekler köp wagtlaryny monitoryň öňünde oturmak bilen geçirip başladylar. Daşarda, arassa howada bir wagtky oýnalýan çaga oýunlaryna, indi kompýuterleriň üsti bilen arkaýyn hyýaly aralaşyp bolýar. Bu bolsa saglyga ters täsirini ýetirýär. Kompýuteriň başynda uzak wagtlap oturyp işlenende, okalanda, oýnalanda bu ýagdaýyň beden agzalary üçin uly agram we urgy bolup bilýandigi öňden bellidir.

Kompýuterde uzak wagtlap işlemek oňurgalara we ony gurşap alýan myşsalara ýaramaz täsirini ýetirýär:

Hereketsiz duruş. Bu ýagdaý oňurganyň myşsalarynyň gowşamagyna getirýär. Bir toparyň myşsalary öz ýerine ýetirmeli işinden gowşasa, beýleki görnüşleri hemişe dartgynly ýagdaýda saklanýarlar. Netijede myşsalarda agyry alamatlary döreýär. Uzak wagtlap dowam edýän dartgynlyk, oňurgalara we oňurgara disklerine özüniň zeperini ýetirýändir.

Küýkerilip oturmak. Eger monitor pesde duran bolsa, onda kompýuter işleýän adam hemişe öňe tarap egilip, küýkerilip oturmana mejbur bolýar. Bu ýagdaý oňurgara diskleriniň öňki bölegine agram berip, oňurgara ingileriniň döremegine itergi berip biler.

Az hereketlilik we doly däl iýmitlenme. Uzak wagtlap kompýuter bilen işleşýän adamlar özleriniň bedeniniň fiziki görnüşüne we iýmitlerine üns bermegi ýatdan çykarýarlar. Bu ýadaý hem beýlekiler ýaly oňurgalara we tutuş bogun ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirýär.

Göwraniň durkynyň bozulmagy we skolioz – kompýuterde uzak wagtlap işleýänlerde köp ýaýran meseleleriň biridir. Beýle adamlarda osteohondroz ir ýüze çykyp, oňurgara ingileriň peýda bolmak töwekgelligi ýokarydyr.

Boýunda, pilçede, kellede, arkada döreýän agyrylaryň kompýuteriň täsirinde bolmaklygy az ýüze çykmaýar. Eger sizde şeýle ýagdaýlar, agyrylar ýüze çykan bolsa, onda bejergini wagtynda almak maksady bilen lukmana ýüz tutuň, degişli barlaglardan geçiň, kompýuterli işleriňizi çäklendiriň.

Kompýuterde uzak wagt işlenilenden soň daýanç-hereket ediş ulgamynda döreýän meseleleriň öňüni alyş çäreleri:

► Ýörite ofis oturgyjyny ulanyň. Ol oňurgalara we arka düşýän agramy peseldip biler.

Siziň aýagyňyz ýere degip durmaly, dyz we but bogunlary 90° burç boýunça eplenilen ýagdaýda bolmalydyr. Aýdaklary biri-biriniň üstünde goýmaň.

Arkanyzy göni saklaň. Arkaňyzyň göni we rahat saklanmagy üçin oturgyjyňyzy sazlaň.

Kompýuterde bir sagat işlenilenden soň 10 minut ýaly arakesme ediniň.

Maşklary ediň. Az hereketli durmuş görnüşi diňe bir daýanç-hereket ediş ulgam üçin däl, eýsem ýürek-damar ulgamy, içki agzalar üçin hem ýakymsyzdyr. Günüň belli bir bölegini fiziki işlere sarp ediň. Mümkin bolsa maşynly ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynda däl-de, pyýada ýöräň.

Kompýuter görüş sindromy

Häzirki wagtda kompýuter görüş sindromynyň göze çynlakaý bir zeper ýetirýändigi barada anyk barlaglar, gözegçilikler ýok. Şeýle hem bolsa, bu ýagdaý göz üçin birnäçe oňaýsyzlyklary, ýakymsyz duýgylary, işjeňligiň peselmegini döredip bilýändir.

Kompýuter görüş sindromy indiki alamatlary ýüze çykaryp bilýändir:

♦  Gözüň ümezleşmegi;

♦  Guraklyk, gözüň gyzarmagy;

♦  Görüşiň ikilenmegi;

♦  Kellagyry;

♦  Gözüň gijemegi, gyjynjylygyň ýokarlanmagy.

Eger bu ýagdaýlara üns berilmese, wagtyň geçmegi bilen olar işjeňlige ýaramaz täsir edip, işe ukyplylygy peseldip biler.

Kompýuter görüş sindromynyň bejergisi

Köp ýagdaýlarda bu sindromdan dynmak üçin işleýän gurşawyňa birnäçe üýtgeşmeleri girizmek ýeterlikdir:

•  Ekrana düşýän söhleleri, ýagtylygy aýyryň. Eger siziň kompýuteriňiz penjiräniň öňünde duran bolsa, onuň ýerini penjiräniň gapdalyna üýtgediň ýa-da tutulary oňat edip ýapyň. Ekranyň ýagtylygyny sazlaýjylary ulanyň. Işleýän stolyňyzy deň derejede ýagtylandyryjy stol lampalaryny ediniň.

•  Stolyňyzy we kompýuteri dogry goýuň. Barlaglaryň bellemegine görä, monitoryň gözüň deňinde ýa-da azajyk aşakda, 50 sm aralykda ýerleşmegi kadaly hasaplanýar. Beýle ýagdaýda ekrana seredip gözleriňizi we boýnuňyzy oýnadyp oturmakdan dynarsyňyz.

•  Eger siz gapdaly bilen kitap ýa-da depder bilen işleşýän bolsaňyz, onda olary hem monitoryň gapdalynda ýerleşdirmäne çalşyň. Şeýle etmek bilen gözleriňizi zol-zol aşak, stola bakdyrmakdan azat bolarsyňyz.

•  Gözleriňize dynçlyk beriň. Her 20 minutdan 20 sekunt töweregi dynç alyp, penjireden daşaryk seretmeklik ýa-da gözleriňizi otagyň içine aýlamaklyk peýdalydyr. Gözler üçin niýetlenen maşklary ýerine ýetirmeklik hem has oňaýlydyr.

•  Size oňaýly bolar ýaly kompýuteriň sazlamalaryny üýtgediň. Täzeligindäki sazlamalary saklamaň. Ýagtylygy, hatlaryň göwrümini gözüňiz üçin rahat boljak görnüşüne geçiriň.

Gözleriň guraklanmagyna ýol bermäň. Okulist lukmanyna ýüz tutuň, ol size degerli dermany belläp berer.

Kompýuteriň nerw ulgamyna, pikirleniş ukybyna, özüňi alyp barşyňa edýän täsiri

Adamlar kompýuter bilen işlän pursatynda belli bir wagtyň içinde anyk meseläni, bellenilen işi ýerine ýetirmeli bolýandygy üçin ünsi jemläp, köp "kelle döwýärler". Bu bolsa çalt ýadamaklyga getirýär. Şeýle hem bolsa, barlaglaryň netijesinde kompýuteriň aň-düşünjäni giňeltmekde peýdaly tarapynyň bardygy bellidir.

Adam beýnisiniň aň-düşünjelerini giňeldýän öwrenmek, okamak, täze bir maglumatlary bilmeklik, olary ýatda saklap başga bir adama ýetirmek ýaly wezipeleri bardyr. Ýaşyň geçdigiçe bu başarnyklar peselip ugraýar. Kompýuter ýaşlar üçin bu babatda has peýdalydyr. Ýaşlaryň maglumatlary kabul edijiligi ýokary bolup, pikirleniş, aň-düşünjesini ösdürmekde belli bir derejede kompýuterleriň peýdasy ulydyr.


Kompýuter oýunlarynyň özüňi alyş barşyňa edýän täsiri

Kompýuter oýunlaryny oýnaýan köp çagada ýa-da ýetginjekde özüni agressiw alyp barmalaryň döreýändigi bu günki günde täzelik däldir. Agressiýa olaryň gündelik ekran arkaly oýnaýan, görýän sahnalarynda duş gelýändigi bilen düşündürilýär. Şeýle hem bolsa, geçirilen barlaglaryň netijesinde meseläniň diňe bir munda däldigi anyklanyldy. 2014-nji ýylda alymlar agressiw özüni alyp barmaklygyň köp ýagdaýlar bilen baglydygyny – oýunlaryň has çylşyrymly bolmagy ýa-da olary soňuna çenli geçip bilmezlikleri, olardan baş alyp çykyp bilmezlikleri bilen düşündirdiler. Bu barlaglardan çen tutulsa, geýmerleriň (kompýuter oýunlaryny yzygiderli oýnaýanlar) hiç hili zorlukly sahnalar bolmazdan, hemişe paýyş sözleri bilen agressiw hereketleri etýändiklerini bellese bolar. 2014-nji ýylyň awgust aýynda amerikan alymlary ABŞ-yň üç sany şäheriniň 5-nji synp okuwçylaryna gözegçilik geçirip belli netijeleri aldylar: günüň dowamynda 2 sagatdan köp kompýuter oýunlaryny oýnaýan çagalarda 2 sagatdan az oýnaýanlar bilen deňeşdirlende depressiýa alamatlarynyň ýokarydygy anyklanyldy.

Goşaryň "tunnel" sindromy

Goşaryň "tunnel" sindromy – penjäni dolandyrýan nerw damarynyň myşsalaryň we baglaýjylaryň arasynda gysylmagy netijesinde döreýän ýagdaýdyr. Klawiaturada we syçanjykda uzak wagtlap bir görnüş hereketi etmeklik bilen eliň barmaklary, goşarlary ýadaýar. Bu ýagdaý nerw damaryna düşýän basyşy ýokarlandyrýar.

Ilkibaşda goşarda ýakymsyz duýujylyklar peýda bolup başlaýar: wagtal-wagtal sançma, agyrma, gurşmak.

Agyry – esasy alamatlaryň biridir. Ol kütek, çümüji, barmaklara tarap ýaýramak ýaly häsiýetlere eýedir. Ir bilen barmaklaryň gurşmagy hem mahsus alamatdyr. Ýuwaşlyk bilen myşsalar tarapyndan bozulmalar ýüze çykyp, kiçijek zatlary hem elde saklamak kynçylyklary peýda bolýar. Nerwler gan damarlaryny sazlaýandygy sebäpli, barmaklarda gan aýlanşygynyň bozulmagy, eliň sowamagy, agarmagy hem mümkindir. Der mäzleriniň işiniň bozulmagy bilen, eliň aşa derlemegi ýa-da guraklanmagy, dyrnaklaryň görnüşüniň bozulmagy mümkindir.

Kompýuterde işlenilende goşaryň we barmaklaryň sagdynlygyny nädip saklamaly?

→ Eliň aýasy syçanjygy doly ýapyp, syçanjygyň aşaky bölegi goşara ýakyn ýerleşmeli;

Başam we külbike barmaklar azajyk gapdalda ýerleşip, syçanjygyň gapdal bölegine degip durmaly;

Süýem barmak – çep düwmejige, orta barmak – sag düwmejigiň üstünde ýeňiljek ýagdaýda saklanmaly;

Syçanjygy süýşüreniňizde ullakan güýç ulanmazdan ýeňillik bilen hereket etdirmeli.

Klawiaturany ulanmaklygyň düzgüni:

⇒ Eller erkin ýagdaýda, tirsek boguny 90° burç boýunça eplenilip, stoluň üstünde durmalydyr. Barmaklar hem azajyk eplenilen ýagdaýa geçmelidir. Klawiaturanyň düwmelerine diňe barmaklaryň içki, ýumşak tarapy bilen basylmaldyr.

Ýazgylar ýazylanda edilýän hereketi bilek boguny bilen däl-de, diňe barmaklar bilen etmeklik has oňaýlydyr;

Aýaňyzy stola ýa-da klawiatura goýmaň;

Eger siz uzak wagtlap işleýän bolsaňyz arakesmeleri ediniň we käbir maşklary gaýtalaň.

Kompýuteriň ýürek-damar ulgamyna ýetirýän täsiri

Ýürek-damar ulgamyna esasy ýaramaz täsir ýetirýän ýagdaý bu – az hereketlilikdir.

Ýüze çykyp biljek näsazlyklar:

► Ateroskleroz, gan basyşynyň ýokarlanmagy – uzak wagtlap oturyp işlenilende, üstesine hem süýji, ýagly iýmitleri halaýan adamda ilki bilen semizlik, ateroskleroz ýaly ýagdaýlar peýda bolup biljekdir. Uzagyndan gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirip ýürek, beýni gan aýlanyşygynyň bozulmalaryna getirjek netijelere garaşybermelidir.

Wena damar näsazlyklary, aýaklaryň wenalarynyň warikoz giňelmeleri – ganyň aýaklardan ýürege barmagy şeýlede ullakan güýji talap edýär. Uzak wagtlap oturylyp (şol sanda dik durup) işlenilýän wezipelerde ganyň aýlanyp ýürege barmagy kynlaşýar. Netijede, aýaklaryň wenalarynda gan toplanyp birnäçe gaýryüzülmeleri ýüze çykarýar. Agyrylar, gurşmalar, aýak çişmekligi ýaly ýakymsyz alamatlar peýda bolýarlar.

Babasyl (gemorroý) – muňa warikozyň bir görnüşi diýsek hem bolar. Uzak wagtlap oturyp işleýänlerde, göni içegäni gurşap alýan wena damarlarynda gan aýlanşygyň peselmegi netijesinde döreýän ýagdaýdyr.

Şeýle hem uzak wagtlap oturyp işlemekligiň gan aýlanşygyny peseldip, peşew bölüp çykaryş ulgamynyň kesellerine, önelgesizlige getirip biljekdigini hem unutmaly däldiris.

Şonuň üçin wagtly-wagtynda arakesme berip, ýönekeýje maşklary yzygiderli gaýtalamak öz bedenimize edýän ullakan kömegimiz bolup biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Şöhle 2017-06-21 20:06
Örän wajyp meseläni gozgapsyňyz. Ýene bir zat zat goşasym gelýär: kompýuteriň bedene zyýanyny azaltmak üçin dik durup ulanylýan kompýuter desgalary günbatarda barha artýar. Saglygynyň aladasyny edýän işgärler kem-kemden dik durup ulanylýan kompýuterlere geçýärler. Bu hem diýseň akylly çözgütmikä diýýän.
Sitata
 
 
#1 Saryhan. 2017-06-11 23:34
Her näme diýseňem, täze asyrda kompýutr eýýämi, adamlaryň durmuşyny gaplap aldy. Indi kompýutrde işläp bilmeýän ýaşlary durmuşdan yzda galak hasap edýärler. Öz saglygyňa örän çür bolmasaň soňky tüýkülik sakal ezmez.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele