Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy DYRNAGYŇY GEMIRME ENDIGI WE ONDAN DYNMAGYŇ USULLARY
( 24 Ses Berme )

"Gyzym, bes et indi dyrnaklaryňy gemirmäni. Iciň gurçukdan dolar" diýen sözleri men çagalyk döwrümde enem-atamdan ýygy-ýygydan eşidýärdim. Zyýanly hem gelşiksizdigine düşünsem-de, maňa bu endigi taşlamak kyndy. Men ýaşym gitdigiçe, dyrnaklarymy gemirmekden gutulmak maksady bilen, köpler bilen sorag-jogap alyşmaga başladym. Dürli çeşmelerden maglumatlary okadym. Şeýlelik bilen hem, dyrnak gemirme endiginiň sebäpleriniň we ony bes etmäge kömek edip biljek usullaryň üstünden bardym.

Dyrnak gemirme – bu eldäki dyrnaklaryň ujuny ýa-da dyrnagyň daş töweregindäki derini dişleriň bilen çeýnäp goparmakdyr. Bu endik çagalyk döwründe peýda bolup, dürli ýaşlara çenli dowam edip bilýär. Subut edilen tejribelere we maglumatlara görä, çagalaryň 60%-i, ýetginjekleriň bolsa 45%-i dyrnaklaryny gemirýärler. Bu näsagdyn endikli adamlar dyrnaklaryny köpçülikde, öýde gemirýänliklerini özleri hem aňşyrmaýarlar. Netijede, dyrnak gemirme endigi bolan çagalaryň we ýetginjekleriň dyrnaklary köplenç kelte bolýar.

Psihologlaryň we lukmanlaryň bellemegine görä, dyrnak gemirme endiginiň döremeginiň esasy sebäpleri aşakdakylardan ybaratdyr:

► Stress;

Içgysgynçlyk;

Aljyraňlyk;

Tolgunmak;

Özüňi ýalňyz duýmak;

Dürli psihologiki we emosional sebäpler.

Mysal üçin, ýetginjeklerde köplenç okuw synaglarynyň ýakynlaşmagy hem-de olara taýýarlyk görmeklik stress döredip bilýär. Netijede, olar özlerini köşeşdirmek üçin dyrnaklaryny gemirýärer. Bu endik diňe bir näsagdyn hasaplanman, eýsem, gelşiksiz hem hasaplanylýar. Gyzlaryň we oglanlaryň barmaklaryndaky dyrnaklarynyň juda kelte, gyýym-gyýym bolmagy örän aýylganç hem-de üns çekiji bolýar.

Çagalaryň dyrnagyny gemirmegi köplenç olaryň psihiki näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy sebäpli ýüze çykýar.. Dyrnak gemirmeklik endigi "nerw ulgamynyň näsazlygy" hökmünde görlüp, çagalarda bolan barmak sormaklyk, burun dörjelemeklik hem-de diş sürtme (ýokarky hem-de aşaky äňiň dişlerini biri-birine süýkemeklik/sürtmeklik) endikleriniň hataryna girýär. Käbir subut edilen tejribelere görä, dyrnak gemirme endiginiň döremeginde genleriň hem möhüm orun tutýandygy anyklanyldy.

Saglyga zyýany

Amerikan lukmany Dr. Merkolanyň bellemegine görä, dyrnak gemirme aşakdaky bellenilen saglyk näsazlyklaryna getirýär.

► Kesel dörediji ýokançlyklar.

Dyrnaklaryň aşagynyň hapanyň, bakteriýanyň in köp üýşýän ýeridigi biz üçin täzelik bolmaly däl. Bu bakteriýalaryň hataryna içege taýajygy ýokançlygy hem girýär. Içege taýajygy dyrnaklaryň uçlarynda toplanyp, dyrnaklar gemirlende agza düşýär we içege keselleriniň peýda bolmagyna sebäp bolup bilýär. Subut edilen maglumatlara görä, dyrnaklaryň ujunda bakteriýalar iki esse köp bolýar.

Dyrnakda ýokançlyklaryň döremegi.

Dyrnak gemirlende barmaklaryň daş-töweregindäki derä ýokançlyk düşüp, dyrnak gatynyň we dyrnagyň erňeginiň alawlama ýagdaýyny döredip bilýär. Netijede, barmagyň daş-töwerekleri çişip we gyzaryp okuma (panarisiý) keseliniň döremegi mümkindir. Käbir halatlarda ol hirurgiki bejergini talap edip biler.

Diş keselleriniň döremegi.

Dyrnak gemirme, elbetde, dişleriň zaýalanmagyna hem sebäp bolup bilýär. Dyrnak gemirilýän mahaly agyz ýapylyp, ýokarky we aşaky äňiň dişleriniň biri-biriniň üstünde oturyşyny üýtgedip bilýär. Bu endik dişleriň gowşamagyna, olaryň juda ir dökülip başlamagyna getirip biler. Ondan başga-da, dyrnak gemirne netijesinde agyz boşlugyna düşýän ýokançlyklar diş etiniň alawlama kesellerini (gingiwit) döredip biler.

Dyrnak gemirmegi nädip taşlamaly?

Dyrnak gemirme endigini bes etmegiň usullarynyň ulanylşy adamyň ýaşyna baglylykda dürli-dürlidir:

→ Dyrnaklaryň uçlaryna skoç ýelmemek ýa-da olary lukmançylyk plastyry bilen örtmek.

Dyrnaklaryň uçlaryna ajy iymit önumlerini, meselem, gyzyl ýa-da gara burç ýa-da kosmetiki serişde bolan ajy lak çalmak.

Bu ýagdaýda, dyrnaklar agza eltilende yakymsyz tagam, ajylyk duýlup, bu endik wagtyň geçmegi bilen bes edilip bilner.

Dyrnaklary gaýçy ýa-da başga serişdeler bilen wagtly-wagtynda gysgaldyp durmak.

Haçanda dyrnaklar sähelçe ösüp başlanda, olary gemirmezlik üçin derrew gaýçy bilen gysgaltmak zerurdyr. Has hem ene-atalar çagalarynyň dyrnaklaryna üns berip, wagtynda gysgaldyp durmaly.

Duýduryş bermek.

Eger çagalaryň dyrnaklaryny gemirýänliklerini görseňiz, olara mylakatlylyk bilen duýduryş bermeli. Ýokarda belläp geçişim ýaly, bu endigi bar adamlar, köplenç dyrnaklaryny gemirýändiklerinden habarsyz bolýarlar. Şol sebäpli hem, gelşiksiz bolmaz ýaly, olary köpçülikde utandyrman, mylaýymlylyk we adamkärçilik bilen duýdurmalydyr. Eger-de özüňiz dyrnagyňyzy gemirýän bolsaňyz, onda dost- ýarlaryňyzdan ýa-da maşgalaňyzdan birine size duýduryş bermegini haýyş edip bilersiňiz.

Owadanlyk salonyna gidip "ýalan" (plastik) dyrnak dakdyrmak.

Bu usulyň maňa peýdasy has köp boldy. Öz hakyky dyrnaklarymyň ýörite kleý bilen ýelmenen plastiki dyrnaklaryň astynda galmagy sebäpli, men wagtyň geçmegi bilen dyrnagymy gemirmäni bes edip başladym.

Haçan lukmana we psihologa ýüz tutmaly?

Haçan-da dyrnak gemirme endigi has beterleşende, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň ukulary we rahatlyklary bozulýar, barmak uçlarynyň ganamagy ýaly alamatlar ýüze çykyp başlaýar. Şeýle ýagdaýlarda lukmana we psihologa ýüz tutup, gerek bolan bejergileri almak zerurdyr.

Makalanyň awtory: Aýläle Gurbanowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Pomma 2017-05-12 23:00
Haýsysyndan biri-birine geçeni belli däl, sebäbi adamlardada, haýwanlarda dyrnaklaryny gemirip, aýagyny ýalap, ýörenleri duşýar ahyryn. Ýöne wagtyň geçmegi bilen ol häsiýetler öz-özünden aýrylyp gitmek bilen.
Sitata
 
 
#4 Söhbet 2017-01-11 02:03
Dyrnak gemirýän çagalar özüne görä tagam duýmasalar, belkäm gemirmezdiler. Kiçi çagalaryň bir wagtyň dowamynda şykgy (toprak) ýalap ýörenlerine duşulýar ahyryn.
Sitata
 
 
#3 Maral 2017-01-09 22:36
Çagada ol ýagdaý bolmaz ýaly onuň ünsüni sowmak üçin güýmenje döretmeli. Eger ony etmeseň, çaga dyrnak gemirmäni häsiýet höküminde kabul edýär.
Sitata
 
 
#2 Rahat 2016-12-24 14:44
Mende dyrnak gemirme endigi bar . Häzirem bar ýöne menä näçe goýjak boldym başarmadym.
Ýokardaky berlen maslahatlaryñ köpüsine edip gördim bolmady.
Sitata
 
 
#1 Aÿköke 2016-12-24 13:16
Bašam barmagy sormak endiginem goÿdyryp bolar burç we ÿeneler bilen
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele