Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy OLAR BIZIŇ ARAMYZDA ÝAŞAÝAR
( 20 Ses Berme )

Her ýylyň 3-nji dekabrynda Maýyplaryň Halkara güni bellenilip geçilýär. Ýöne öz durmuşy, kynçylyklary, islegleri, howsalasy, agyrsy bilen biziň aramyzda ýaşaýan bu adamlar aýratyn düşünmä, kömege, garaýşa mynasyp bolup, olar barada dine şu gün ýatlama adamçylyk jähtinden uly ýalňyşlyk bolardy.

Maýyp – fiziki, akyl ýetirme, duýuş we ruhy taýdan bozulmalary sebäpli jemgyýetde ýaşaýşa ukyplylygy çäklenen adamdyr. Bu bolsa maýyplygyň dürli derejeleri bilen häsiýetlendirilýändir. Günbatarda häzir "maýyp" sözi ulanylmaýar. Şeýle adamlary "mümkinçiligi çäklendirilen adamlar" diýip atlandyrýarlar.

Dogry, häzir maýyp adamlara döwlet tarapyndan maddy we derman serişdeler, ýeňillikli üpjünçilik kömegi berilse hem, bu kömek ýaşaýşyň hilini saklamak, jemgyýetde ýaşamak we öz hukuklaryňy durmuşa geçirmek üçin ýeterlik bolmaýar.

Maýyp çagalar hemişe iýmit önümlerine, egin-eşiklere, oýnawaçlara, şeýle-de olar jemgyýetde deň-duşlary bilen bir hatarda ýaşamagy üpjün edip biljek dikeldiş meýilnamalara mätäçdirler. Häzirki wagtda şeýle meýilnamalaryň sany azlyk edip, bolanlary hem şeýle çagalaryň diňe 2-4%-ne kömek edýändir.

Maýyp çagalar üçin doly bilim alyş meýilnamalary hem hökmandyr. Dogrusy, ýöriteleşdirilen mekdeplerde olara berilýän bilimiň hilini kanagatlanarly hasap edip bolmaýar. Çagalaryň köpüsi okuwdan soň işe ýerleşmäge mümkinçilik hem tapmaýarlar. Şeýle çagalaryň geljegi belli däldir.

Jemgyýetde uýgunlaşma – maýyp adamlaryň durmuşynda döreýän iň uly kynçylyklarynyň biridir. Bu düşünjä adamynyň işjeňliginiň, psihologiki ýagdaýynyň, jemgyýetdäki ornunyň dikeldilmegi degişli edilýändir.

Fiziki, duýuş agzalarynyň (görşüň, eşidişiň bozulmagy) we ruhy taýdan bozulmalary näsagy jemgyýetden üzňe düşürýär, oňa giňişlikde özbaşdak hereket etmäge päsgel berýär.

Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň iş tapma mümkinçilikleri hem çäklidir. Adatça olar maýyplyk üçin berilýän kömek serişdesi ýa-da ýeterlik bolmadyk iş haky bilen ýaşamaly bolýarlar. Bu bolsa olaryň saglyklaryny dikeltmek üçin sarp edýän derman serişdelerine hem ýetmeýär.

Statistiki maglumatlara görä, işe mätäçlikleriniň sebäbi höküminde birinji orunda maýyplar maddy üpjünçiligi belleseler (70%-e golaý), ikinji orunda jemgyýetiň hakyky agzasy bolmak, üçünji ýerde bolsa özlerinde adam gatnaşyklaryna talabyň uludygyny görkezýärler.

"Maýyp – maýyp däl". Şeýle bölünşik bolmaly däl!

Maýyp adamlary daş-töweregindäki adamlaryň olara bolan gatnaşyklary gyzyklandyrýandyr. Olaryň 1/3 bölegi gatnaşyklarda biperwaýlyk duýýarlar. Biz ýakynymyzda ýaşaýan maýyp adama nähili garaýarys? Biziň köpümiz olary bagtsyz, yzgytsyz, hemme zada müňkürlik edýän adamlar höküminde kabul edýäris. Şonuň üçin hem sag adamlarda duýgudaşlyk bilen bilelikde, gaça durma duýgusy hem döreýär. Ýaş adamlarda maýyplara bolan gatnaşyk has hem kemsidijidir. Olaryň köpüsi olara bilesigelijilik, üstünden gülme häsiýetleri bilen garaýarlar.
Gatnaşyklaryň şeýle negatiw taraplary maýyp adama jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik göýmaýar. Şahsy durmuşynda kanagatlylyk tapmadyk maýyp adamyň özüne nebsi agyrýar, daş-töweregindäki adamlara ynamsyz garaýar, olardan uly kömege garaşýar.

Köplenç maýyp adamynyň maşgala gatnaşyklary hem ýaramaz bolýar. Her üçünji näsag maýyplyk alandan soň gatnaşyklaryň üýtgeýändigini belleýär. Maýyp adamlaryň maşgalalarynyň aglaba bölegi özara duýgular bilen döredilmän, ýekelikden halas bolmak maksady bilen özara ylalaşma esasynda döredilýär.

Maýyp çagalarda maşgala döretmek kynçylygy geljekde diňe bir öz fiziki kemislikleri arkaly ýüze çykmaýar. Adatça şeýle çagalaryň ene-atalary olarda ulularyň durmuşyna uýgunlaşma endigini terbiýelemeýärler – ulalma saklanýar, olar psihologiki taýdan ýetişmedik, öz-özlerine ynamsyz bolup galýarlar. Köplenç çagalary maýyp bolan maşgalalar dargaýar, çaga ejesi bilen galýar.

Uly maýyp bolan maşgalalarda hem maddy, idetme, ýaşaýyş kynçylyklary bilen bagly, çözmesi ýeňil bolmadyk meseleler ýüze çykyp, maýyp agzasy bolan her altynjy maşgala bu babatda dartgynlyklara sezewar bolýandyr.

Olar biziň aramyzda ýaşaýar

Mümkinçiligi çäklendirilen adamlar biziň jemgyýetimiziň agzasy bolup, olara jemgyýetçilik dutmuşyna uýgunlaşmaga kömek edip, oňaýly durmuş şertlerini döretmek biziň borjumyzdyr.

Her maýyp adamyň öz ukyplylygy, bir zada zehini bolýar. Her mümkinçiligi çäklendirilen adamynyň bar bolan mümkinçiliklerini açyp, ösdürip jemgyýete ýaramly serişdä öwürmek, olary öz zähmet çekme ukybyna görä iş toparlaryna birleşdirme dogry we peýdaly bolardy. Bu şeýle adamlary özleriniň jemgyýete gerekli, peýdaly duýmaklaryna itergi bererdi.

Maýyp adamlaryň jemgyýetçilik birleşmeleriniň döredilip, ol ýerde olaryň zehinlerini ösdürmek, olaryň özara gatnaşmaklaryna, şahsyýet höküminde ösmeklerine şert dörederdi. Maýyp adamlaryň arasynda hem zehinli suratkeşler, aýdymçylar, ussalar, tikinçiler, şahyrlar, sazandalar, heýkeltaraşlar azlyk etmeýär ahyryn.

Olara mähirli, açyk, jemgyýetiň deň hukukly agzasy höküminde garalmagy, olary özlerini kemli duýma duýgusyndan azat edip, jemgyýetçilik durmuşyna gatyşyp ýaşamagyna kömek eder.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Ereş 2017-02-16 00:02
Çaga kiçiliginden terbiýesi ynsanperwerlik bilen alynyp barylsa soňky garaýyşlary, ol ulananda aýratyn hem ýaşaýşa ukypsyz bolan maýyplara howandarlygy başgarak bolýar. Ol bolmadyk ýagdaýynda ulylar we çagalar üçin maýyplar ikinji derejeli adamlara öwrülýärler. Onsoň ol ýerde maýyplaryň dat gününe!
Sitata
 
 
#4 Ýigit 2016-12-14 03:14
Salam. Meniñem kakam 2nji topar Owgan maýyby. Menem onuñ ogly. Kakamda-da, mende-de çyndanam durmusa bolan ynam ýok, Kakam tuweleme zehini bar, Ýöne özine ynamsyzlygy sebäpli durmusada öz isleglerini amal edip bilenok
Sitata
 
 
#3 Yhlas 2016-12-12 00:45
Maýyplaryň durmuşy ýaşaýyşdan üzňe bolmaz ýaly diňe döwletiň hemaýatyna ymtylman, täze jemgyýetjilik guramalary döredilip, bolan jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde degerli, guramaçylykly hereket etseler, olaryň durmuşy gyzykly bolarmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#2 Raýat 2016-12-09 20:00
Haýsy döwür bolandygyna garamazdan maýyplaryň durmuşlary pes ýagdaýda bolupdyr. Ony gowylandyrmak döwlet hemaýaty bilen üpjün edip, imrikdiriji zähmete gönükdirmeli. Başga şertlerde olaryň ýagdaýyny gowulaşdyrmak ynamsyz bolup durýar.
Sitata
 
 
#1 Okyjy 2016-12-07 00:13
Hormatly Lukman! Maýyp adamynyň içki dünýäsini aýdyň beýan edipsiňiz. Berekella! Sagdyn adam durmuşda bir nogsanlyk bilen maýyp bolanda, ony nähili ruhy çökgünlik gurşap alyp,özüni indi jemgyýetden üzňe, gerekmejek adam, durmuş tanapy üzülen hökmünde duýýar. Hany, çagalykdan maýyplaryň içki dünýäsini göz öňüne getirjek boluň... Maýyp sözi kelläňe, degna ulgamyna edil palta bilen urulan ýaly täsir edýär. Bizde-de gündelik durmuşda maýyp sözi mükinçiligi çäklendirilen adamlar sözi bilen çalşyrylsa gowy gowy bolardy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele