Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy "ÖLÜMDEN HEM BETER GORKÝAN ZADYMYZ"
( 30 Ses Berme )

5-nji synpa ýaňy geçipdim. Täze bellenen türkmen dili we edebiýaty mugallymymdan ilkinji bäşligi aljak bolup öý iş berlen uzyn goşgyny ýat tutup bardym. Uly hyjuw we tolgunma bilen öňe çykyp, potolokdan gözümi aýyrman, goşgyny labyzly aýdyp berdim. Özümden göwnüm hoşdy. Sapagyň soňunda ýyrşaryp, mugallyma baha goýdurmaga gündeligimi berdim. Olam çala ýylgyrdy-da: "Gynansamam mende saňa baha ýok. Potologa aýdyp berdiň. Goý mynasyp bahanam şol goýsun" diýip, otagdan çykyp gitdi. Şodur-şodur potolok bilen aramy üzdüm.

Indi görüp otursam, asyl şol mugallymym meni glossofobiýa uçramakdan goran ekeni.

Glossofobiýa grek sözi (glossa – dil, fobos – gorky) bolup, köpçüligiň öňünde gürleme gorkusydyr. "Ýer ýüzünde her 4 adamdan 3-i glossofobiýadan kösenýär" diýip Forbes, psychologytoday.com, publicspeakingsuccess.net ýaly maglumat çeşmeleri habar berýärler. Ýazyjy we biolog Glenn Croston bolsa muny "ölümden hem beter gorkýan zadymyz" diýip atlandyrýar.

Haçanda köpçüligiň öňüne çykyp gürlemeli bolanyňda rahatlygyň bozulýarmy? Gan basyşyň ýokarlanyp, agzyň gurap, ýüzüň gyzaryp, der basýarmy? Sesiň haýallap, eliň-aýagyň titreýärmi? Eger ýokarky soraglaryň köpüsine "hawa" diýip jogap beren bolsaň, onda sen hem dünýäniň adamlarynyň glossofobiýadan ejir çekýän 75%-niň hataryndasyň.

Emma, gowy habar – bu fobiýanyň hötdesinden gelmek mümkindir. Geliň glossofobiýany ýeňmek üçin iň ygtybarly 10 maslahat bilen tanyş bolalyň!

1. Türgenleş! "Türgenleşmek kämillige eltýär" diýip ýöne ýere aýdylan däldir. Berjek çykyşyňyzdan öňürti näçe köp türgenleşik geçseňiz, şonça-da gürrüňini etjek materiallaryňyz ýadyňyza gowy ýerleşer we özüňize bolan ynamyňyz artar.

2. Şowsuzlyga taýýar bol! Çykyşdan öň nämeleriň başa barman biljegi hakynda oýlanyň we eger şeýle ýagdaý ýüze çykaýanda nädip üstünlik bilen baş alyp çykmalydygyny öwreniň.

3. Pozitiw pikirlen! Hemme zadyň üstünlikli geçjekdigi hakynda hyýallar guruň. Hyýalyňyzda özüňizi dogumly we ynamly halda janlandyrmak size ruhy taýdan rahatlyk berer. Ýasama hem bolsa ýylgyrmagy endik ediniň. Çünki beýni ýylgyryşyň ýasamasyny, hakykysyny saýgarmaýar. Ol diňe öz işini edýär we ýylgyryşa şatlygyň gormonlaryny bölüp çykarmak arkaly jogap berýär.

4. Bedeniňi hem taýýarla! Köpçüligiň öňünde çykyş etmek diňe bir psihiki däl, eýsem fiziki taýýarlygy hem talap edýär. Ýeterlik ukyňy almak, kadaly ertirlik edinmek we çykyşdan öň biraz maşk etmek bedeniňizi rahatlandyryp, sizi birnäçe ýakymsyz duýgulardan gorar.

5. Özüňi wideosurata alyp gör! Taýýarlanýan wagtyňyz özüňizi wideo düşüriň. Şonda siz özüňizi wideoda has gowy derňäp bilersiňiz. Göwnüňize jaý gelmeýän hereketleriňizi we sözleriňizi anyklap, olary düzedip bilersiňiz.

6. Iň wajyp ilkinji 30 sekunt! Islendik bir çykyşda ilkinji 30 sekunt iň wajybydyr. Eger şol 30 sekuntda diňleýjileriň ünsüni çekip bolsa, onda çykyşyň eýýäm 50% şowly geçdi diýip hasap edip bolar. Bu ilkinji 30 sekundy ýerlikli ulanmak üçin diňleýjilere sorag beriň ýa-da bir degişme bilen olary güldüriň, garaz, çykyşyňyzy olaryň ünsüni çekip biläýjek gürrüňler bilen başlaň.

7. Gözüň diňleýjilerde bolsun! Diňleýjileriň hemme zatdan öňde durýandygyny we siziň çykyşyňyzyň hem şolara bagyşlanandygyny unutmaň. Başardygyňyzdan diňleýjileriňize göni serediň. Olara hakykatdan hem birzatlar gürrüň bermek isleýändigiňizi bakyşyňyz, hereketleriňiz bilen ýaňzydyň.

8. El hereketleriňe üns ber! El hereketlerini ýerlikli ulanmak gürrüňiňiziň täsirliligini güýçlendirer. Şol bir hereketi gaýtalamakdan we başgalara öýkünjek bolmakdan saklanyň. Her adamyň özüne mahsus el hereketleri bolýar. Bulary hem öňünden türgenleşdirmek maslahat berilýär.

9. Ümleriňe berk bol! Glossofobiýa sebäpli köp adam aljyranda gürrüňiniň arasynda çakdan aşa aaa, eee, mmm, ýaly ümleri ulanagan bolýar. Üstünlikli çykyş etmek üçin ümleri başarsaňyz hiç ulanmazlyga çalşyň. Muny hem ykjam türgenleşmek bilen gazanyp bolýar.

10. Özüň bol! Hiç kimem kämil däldir. Ähli kemçilikleriňizi kabul edip, özüňize "hakyky özüňiz" bolmaga rugsat beriň. Hiç kim siziň roluňyzy sizden gowy oýnap bilmez. Başarjagyňyza ynanyň we özüňize şu sözleri ýatladyň: "Hemme zat gül ýaly. Men başararyn!" Size mahsus bolan erjelligi, dogumlylygy we ýeke-täkligi şöhratlandyrmaga ymtylyň.

Tehnologiýa adamlaryň gatnaşyklaryny hernäçe ýeňilleşdiren hem bolsa, biziň köpümiz okuwda, işde, köpçülik ýerlerinde dürli maksatlar sebäpli adamlar bilen gürleşmäge mejbur bolýarys. Hünärleriň bolsa aglabasy köpçülikde kynçylyksyz gürläp bilmek ukybyny talap edýär. Şonuň üçin hem pikirlerimizi köpçülikde erkin beýan etmäni başarsak, eýýäm dünýäde şeýle başarnygy bolmadyk adamlaryň 75%-niň sanawyndan çykýarys we bize durmuşda has köp mümkinçilik gapylary açylýar. Şahsy derejede hem bu ukyba eýe bolmagyň bize köp dostlary gazandyryp, abraýymyzy artdyryp we üstünlikler gazanmagymyza goşant goşup, durmuşymyzy aňsatlaşdyryp biljegi ikuçsuzdyr.

Awtor: Maýa Amanowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Mugallym 2016-12-26 00:05
Glossofobiýa bolmazlygy üçin çaga bilen dil biteninden birsydyrgyn kadaly gepleşigi ýola goýmaly. Ol bolsa çaganyň ýüzünň açylmagyna, gepleşine, sözleriniň taplanmagyna aýgytly täsir edýär.
Sitata
 
 
#6 Rahat 2016-12-24 14:54
Ol keselli esasan töweregimizdäki adamlarada bagly. Köpiñ öñine çykyp goşgy ya bolmasa aýdym atsa, töweregindäki adamlar üstinden gülip gürleýän adamy kemsityaler, susuny basyalar. Şomdan soñ ol adam kop gurlanok, cekinjen bolyar. Ine shundan hem kop adam cagalykdan shol kesele ducar bolup bashlayar.
Sitata
 
 
#5 Allaberenow 2016-08-30 14:27
Gowy ýazylypdyr :)
Sitata
 
 
#4 Ýazly 2016-08-16 07:53
Orator bolmak üçin orator bolup, eneden dogulan bolmaly. Türgenleşik bilen oratorlygy ösdürýände bolsaň, onuň üçin belli bir ýagdaýda bedende mümkinçilik bolmaly.
Sitata
 
 
#3 Suraý. 2016-07-22 12:34
Glossofobiýany ýeňmek üçin awtoryň mowzugyndaky 10 maslahaty örän ýerlikli, ýöne olary ýerbe ýer berjaý etmek hemmelere başardyp barar öýdemok. Sebäbi onuň üçin başarnykly erjellik gerek ahyryn.
Sitata
 
 
#2 Kösenen. 2016-07-19 23:34
Az adamyň öňünde geplemeli, düşündirmeli bolsa geplenýärem, ýöne köpüň öňünde çykyp geplemeli bolsa, duran ýerim. Ýogsam durmuş, iş tejribämem ýeterlik, bilimimem ýokary. Hemme aýtjak zatlarymy aýdyp bilmändigime, oratyrlyk ukybynyň berilmändigime gynanýardym. Makalaňyzy okap, bu başarnygyň ýeke özümde däldigine, meniňem şol 75% göterimiň içindedigime göz ýetirdim. Nahak kemsinipdirin.25% göterimiň içine girýän adamlar Hudaý tarapyndan ýaradylan adamlarmyka?! Glossofobiýanyň döremesiniň sebäbi nämedenkä? Bedende, pikirleniş mehanizminde nämeler bolup geçýärkä?
Sitata
 
 
#1 Mersii 2016-07-14 06:10
ine menem şulaň biri(((
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele