Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy DEŇIZ HEZILLIGI: ONY HOWPSUZ ETMEGIŇ DÜZGÜNLERI
( 14 Ses Berme )

Tomusky dynç alşyň iň uly lezzeti we gyzygy açyk suw howdanlarynda suwa düşmek hasaplanýar. Şonuň üçin hem, öz dynç alyş rugsadyny deňziň, derýanyň, kölüň kenarynda geçirmegi ýüregine düwen adamlar örän peýdaly dynç alşyň görnüşini saýlap alýarlar. Çünki suwda ýüzme diňe bir lezzetli bolman, eýsem saglyk üçin juda peýdaly bolup durýandyr. Şonuň bilen bilelikde hem, açyk suw howdanlarynyň belli bir düzgünler berjaý edilmedik ýagdaýynda jana howp salyjy ýerlere öwrülmegi ähtimaldyr.

Tolkunlar bilen göreşden saklanyň

Suwda ýüzüp bilmeýän adamlar üçin açyk suw howdanlary hakyky howp salyjy ýerler bolup durýarlar. Islendik ýetip gelen uly suw tolkuny sizi kenardan daşa zyňyp, deňizdäki dynç alyşdan howatyrly düýgularyň galmagynyň sebäbi bolup biler. Şonuň üçin hem, suwa girip halas ediji enjamlardan – ýel berlen rezin halkadan, žiletden we gola geýilýän serişdelerden peýdalanmak ähtibarlydyr. Soň hem, kenardan daşlaşmazlyk örän möhümdir. Ýüzüp bilmeýän adamlara ýel berlen ýüzüji düşeklerde hem ýüzme maslahat berilmeýär, sebäbi olar islendik halatda agdarylyp bilýärler.

Eger Siz ökde ýüzüji bolsaňyz hem, howpsuzlyk düzgünlerine eýeriň

Hiç haçan nätanyş ýerde, onüň çüňlugyny bilmän ýüzüji bolmaň. Ýalpak ýere özüňizi başaşak oklan pursadyňyz, kelle çanagynyň we oňurganyň howply şikeslerine sezewar bolup bilýärsiňiz.

Oýun edip biri-biriňizi "gark etme" synanşygyndan gaça duruň. Siz degişseňiz hem, "gark edilýän" adam gorkup we suwy ýuwdup biler. Damarlaryň we diafragmanyň (dem alyş myşsasy) ýygrylmagy netijesinde başlanan oýun pajygaly gutaryp bilýändir.

Eger siz günüň aşagynda gyzan bolsaňyz, suwa derrrew özüňizi urmaň. Temperaturalaryň tapawudy diafragmanyň ýygrylmagyna we dem alşyň togtamagyna getirip biler. Esasan hem gartaşan we ýürek-damar keselli adamlar ünsli bolmalydyrlar.

Suwuň aýlawly akymyna düşüp aljyramaň. Uludan demiňizi alyň we suwuň aýlawly akymynyň aşagyna ýüzüp ony geçiňde, suwuň ýüzüne çykyň.

Deňizde gaý turýan gün suwa düşmäň. Eger bardy-geldi siz kenardan uzaklara daşlaşdyryp barýan äpet tolkunlar bilen göreşe girişen bolsaňyz hem, tolkuny tutuň. Ol kenara tarap barýan wagty siz hem hemme güýjüňizi jemläp, kenara tarap hereket ediň. Tolkundan ýüzüp gidip, yzyndan gelýän tolkun üstüňizi basmaz ýaly ylgaň ýa-da süýşüp gidiň.

Suwa, esasan hem sowuk suwa düşülende ýüze çykyp biljek damar çekmelerden özüňi halas etmek üçin, suwda geýýän eşigiňiziň iç ýüzüne iňňebajyk dakyň. Damar çekmeler dörän wagty topuk myşsalaryna bir-iki gezek iňňebajygy sançma ýeterlikdir.

Suwa düşmek üçin amatly wagtlar-ertirlik naharyndan 1-1,5 sagat soň, 9-dan sagat 12 çenli we öýlänlik naharyndan 2-3 sagat soň, 16 sagatdan 17 sagada çenlidir. Suwa girmezden öň, 15-20 minut dynç alma, güne ýylanma, bedeniňi owkalap, birnäçe ýönekeý fiziki maşklary ýerine ýetirme peýdalydyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Taýmaz. 2016-07-20 00:33
Deňziň rahatlygy, suwa düşülýän kenar ýakasy jana ýakymly lezzet. Şemal suw üstünde güýçli bolanda uly deňiz gomlary bilen bäsleşjek bilmak howply ýagdaýlar döredip biler.
Sitata
 
 
#5 Sapa. 2016-07-07 00:48
Deňiziň görki we suwy örän jadylaýjy. Köp mahaldan soň onuň bilen ýüzbe-ýüz bolsaň, ol seniň keýpiňi göterýär we bedeniňe özboluşly kuwwat berýär. Şonuň üçin adamlar ýylyň dowamynda ol ýerde dynç almagy arzuw edýärler.
Sitata
 
 
#4 Ýaşuly. 2016-06-24 23:14
Birnäçe günlük deňize dynç almaga baranyňyzda özüňize basalyk berip, agşamlaryna kafe, barlarda, restranda wagtyňyzy geçirmän, deňiz kenarynda dem alyp gezmeläň. Bu ýagdaýda, aýratyn hem dem alyş agzalary, ýürek-damar ulgamy, beýniňiz üçin deňiz howasy uly bejergi bolar.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2016-06-02 22:53
Sowetler döwründe hem Kaspiniň kenarynda dynç almagyň onçakly ýakymy ýokdy. Indi näçe ýyllaryň dowamynda kenarda gurulan Awaza dynç alyş zolagy-şäherçesi sagaldyş-bejeriş we dynç alyş merkezine öwrüldi. Ol ýerde adamlaryň dynç almagy üçin ähli zerurlyklar göz öňünde tutulan.
Sitata
 
 
#2 Berkeli. 2015-10-03 00:30
Deňze barjakmy ýüzmäni öwren. Bolmasa, birinjidenä deňiz gorkuly, ikinjiden hem kenarda doňňaradaş ýaly oturyp gaýtsaň, lezzetiň ýaryny duýman gaýdýarsyň. Oňa barjak bolsaň özüňä däl, çagalaryňa hem ýüzmäni öwret!
Sitata
 
 
#1 Mirew. 2015-08-28 01:05
Her näme diýilsede haýsy deňizdigine garamazdan aýratyn hem tomus döwründe kenara ýakyn suw zolagynda betbagtlykly ýagdaýlar gaýtalanyp durýar. Munuň esasy sebäbi adamlaryň deňize taýýarlyksyz barmaklary we kadaly düzgünleri berjaý etmäge sowuk-sala garamaklarydyr.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele