Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy
( 17 Ses Berme )

Ýaz pasly köp adamlar üçin täze umytlaryň, özgerişlikleriň döwri. Gyşyň gutarmagy bilen tebigat janlanyp, durmuş ajaýyp görünýär. Emma paslyň çalyşmagy hemmelere oňaýly täsir etmeýär. Ýaz depressiýasyny başdan geçirenler onuň gelmegine örän ätiýaçlyk bilen garaşýar. Göräýmäge gün şöhlesi zemine siňip, toprak janlanýar, baglar ýaşyl lybasyna bürenip, töwerek-daşyňy gül-gülzarlyga bezeýär. Emma siz tebigatyň ajaýyp durkuna guwanyp ondan lezzet alasyňyz gelenok. Hemişelik ýadawlyk dynç gününden soňam aýrylmaýar, mydam gözüň ukuda ýa-da tersine gijelerine ukusyzlyk heläk edip, ýaltalyk durmuşyňyzda höküm sürüp ugraýar, ýaşaýşyň gyzygy gaçýar, ýüregiňize howsala düşüp, keýpiňiz her pursat üýtgäp dur. Üstesine gaharjaňlyk, bihuşlyk, çakyza tutmak, beden etinde, bogunlarda agyrylar, gowşaklyk ýüze çykyp başlaýar bularyň ählisi ýaz depressiýasynyň alamatlarydyr.

 
( 47 Ses Berme )

Masturbasiýa (latynça manus – el + tubare – howsala salmak) – şahsyýetiň öz bedenindäki erogen (duýgur) nokatlary gyjyndyrmak arkaly jynsy islegini kanagatlandyrmagyň bir görnüşidir.

Birek-biregiň erogen nokatlaryny gyjyndyrmak arkaly hem özara masturbasiýa geçirip bilinýär. Bu ýagdaý esasan gomoseksualistlerde duş gelýändir.

Masturbasiýa onanizm ady bilen hem bellidir. Jynsy islegi kanagatlandyrmagyň bu görnüşine dürli döwürlerde  dürli jemgyýetlerde garaýyşlar dürli-dürli bolupdyr. Adamzadyň taryhynda masturbasiýa jemgyýetiň döremegi bilen ýüze çykyp, ol jynsy kämillige ýetilýän ýaş bilen sosial jähtden jynsy gatnaşyklary başlamak ýaş aratapawudynyň ululygy sebäpli ulanylypdyr.

 
( 21 Ses Berme )

Adamyň ýady gaýtalanmajak, üýtgeşik  bir  täsinlikdir. Ýadyň käbir görnüşleri hatda ýönekeý biröýjükli bedenlerde-de bolýar. Emma ýatkeşligiň kütelýändigine diňe adamlar arz edýär. Ýatkeşligi gorap saklamak, ony berkitmek mümkinmikä diýen soraglar ýüze çykýar.

Ýatkeşlik nämekä?

Ýatkeşlik – bu adam beýnisiniň maglumatlary ýazmaga, saklamaga, zerur bolan ýagdaýynda suratlandyrmaga bolan ukybydyr. Emma maglumatlaryň nädip ýatda saklanýandygy we özleşdirilýändigi barada aýdyň we gutarnykly maglumat ýokdur. Ýöne şonda-da, ynsanyýet günleriň birinde alymlar bu meseläni hem çözerler diýip umyt edýär. Diňe şonda  ýatkeşlik bilen bagly meseleleriň gutarnykly çözülmegi ähtimaldyr.

 
( 7 Ses Berme )

Ukuda hor çekýän adamlar adatça öz horruldylaryny duýmaýarlar. Dürli sesleriň utgaşmasy bilen ýüze çykýan horruldy başgalara azar ýamanyny berip, olar gijeki asuda ukydan mahrum bolýarlar.

Gijeki "aýdymlar" kadaly ukyny bozup, gijäniň içinde birnäçe gezek oýanmaga mejbur edýär. Ýanyndaky adamlara päsgel bermezlik maksady bilen adamlar horruldydan dynmaga ymtylýarlar, ýogsam olaryň özlerini ol kän bir biynjalyk etmeýär. Ýöne köplenç horruldy saglykda düýpli üýtgemeleriň bardygyndan habar berip bilýändir.

 
( 9 Ses Berme )

Howanyň üýtgemegi her adama dürli-dürli täsir edip bilýändir. Kim güneşli güni halasa, başgalary ýagyşly howany gowy görýärler. Howanyň we klimatyň üýtgemeginiň adam saglygyna ýetirýän täsiri barada maglumatlar gadymy wagtlardan bäri bellidir.

Gadymy hytaý golýazmalarynda: "Bogunlardaky agyry ýagyş ýagyp, güýçli ýel turanda beterleşýär..." diýip, keseliň döremeginiň howa üýtgemelerine baglydygyny belläpdirler.

Alym Paraselsiň bellemegine görä bolsa, "kim ýeliň, günüň, ýyldyrym çakmanyň bedene täsirini öwrenen bolsa, ol keselleriň gelip çykyşyny hem bilýändir".

 
( 8 Ses Berme )

Suw iň bir adaty, şol bir wagtyň özünde hem iň syrly düşünje. Suw ähli janly – jandaryň ýaşaýşynyň esasydyr.  Adamyň ýaşaýşyny suwsuz göz öňüne getirmek kyn. Suw we onuň adam bedeni üçin peýdasy örän uludyr.

Hiç bir içgi suwuň ornuny tutup bilmez.

Munuň sebäbi nämede?

Gaýnadylmadyk suwuň pH derejesiniň görkezijisi 7,45 deňdir. Ol ganyň gowşak aşgarlaýjy täsirine golaýdyr.

Deňeşdirmek üçin gök çaýy alyp göreliň. Onuň pH görkezijisi 6-5 barabardyr. Kolanyňky bolsa 2-3-e golaý. Diýmek, biz suwuň deregine diňe gök çaý ýa-da kola içsek, ganymyzyň düzümindäki gan öýjükleriniň himiki düzümi üýtgeýär. Elbetde çaýyň peýdasy hem az däl, emma ony suwa derek içmek maslahat berilmeýär. Adamyň ýaşaýşy üçin günde suw içmek zerurdyr.

 
( 7 Ses Berme )

Häzirki döwürde daşky gurşawyň, esasan hem howanyň hapalanmagy adam bedenine zäherleýji maddalaryň täsiriniň azaldylmagyny talap edýär. Ýaşaýyş jaýlaryň, otagyň howasynyň arassa bolmagyna üns bermeli. Öýleri ýygnaşdyryp, dürli serişdeler bilen arassalaşdyryp bolanyňyzdan soň, gapylary we penjireleri açyşdyryň, otagy ýelejirediň. Ýuwujy we arassalaýjy serişdeleriň yzyny süpürseňizem, olaryň bir gaty galýar we bugaryp, howa düşýär. Hlor, ammiak, formaldegid, fenol bogunlarda we myşsalarda ýygnanyp, saglyga zyýan ýetirýärler.

Düzümi himiki maddaly ýuwujy serişdeler kirleri, gap-gaçlary, aşhanadaky plitany we öýdäki beýleki zatlary ýuwmak we arassalamak üçin ýörite ulanylýar.

Ýuwujy, arassalaýjy we kir ýuwujy serişdeler gündeki durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldiler. Gynansak-da, olar adama kömek edişi ýaly, zyýanyny hem ýetirýärler, rak, ýokary gan basyş, allergiýa, nerw bozulmalary ýaly keselleri döredýärler.

 
( 7 Ses Berme )

Hünärmenler beýik ökjeli köwüşleriň ýa-da krossowkalaryň nädogry saýlanylan ýa-da  hemişe diňe şolaryň geýlen ýagdaýynyň garrylykda maýyplyga uçradyp bilýändigini belleýärler.

Amatsyz köwüşler garrylyk döwründe çynlakaý kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýarlar. Bu diňe beýik ökjeli köwüşlere däl, eýsem ökjesiz köwüşlere-de degişlidir.

Hünärmenler köwüşleriň nädogry saýlanylyp, aýaklar üçin närahat bolan ýagdaýlarynyň artritiň ýüze çykmagyna sebäp bolýandygyny belleýärler. Lukmanlar  on ýyldan artrit  keseliniň yayramagyndan howatyrlanýarlar.

 
( 11 Ses Berme )

Adam ömrüniň her bir döwrüne özboluşlylyk mahsusdyr: bäbeklik, çagalyk, ýetginjeklik, jahyllyk...  Türkmenlerde aýdylyşy ýaly, her döwür – bir döwürdir. Döwürler bir - birinden tapawutlanýarlar, her bir adam olary başdan geçirýär, her döwürde-de onuň duýgulary, dünýä garaýşy kämilleşýär.

Ýetginjeklik döwrüniň hem özüne mahsus aýratynlyklary bardyr. Bu döwür adamyň çagalykdan kämillige geçýän wagtydyr. Elbetde, ýetginjeklik adam ömrüniň, ýaşaýşynyň iň çylşyrymly döwrüdir, onuň özboluşly aýratynlyklary bardyr.

 
( 6 Ses Berme )

Tomus pasly iň köp garaşylýan pasyllaryň biridir. Bu döwürde köp adamlar dynç alşa çykýarlar, wagtlarynyň aglaba bölegini öz ýakynlaryna bagyş edip bilýärler; maşgala agzalary ýa-da dost-ýarlary bilen deňziň ýakasyna gidip, dynç almaga mümkinçilik döreýär.

Deňziň aýna ýaly dury suwy, sergin şemal, arassa howa, daň ýa-da agşam şapagy — bularyň bary adamlaryň rahatlanyp, oňat dynç almagyna ýardam berýär. Deňze ilkinji gezek dynç almaga barýanlar şeýle şertlerde juda rahatlanýar-da, gün şöhlelerine meýmiräp, gün ýanyklaryna sezewar bolýan ýagdaýlary seýrek däl. Eýsem deňiz ýakasynda ýa-da islendik ýerde derini gün şöhlelerinden goramak üçin haýsy çäreleri görmeli?