Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy
( 13 Ses Berme )

Ýadawlyk duýgusy her bir adamy wagtal-wagtal tapdan düşürýär. Ýöne ýatyp dynjyňy alanyňdan soň, ajaýyp durmuşyň dowam edýänligine göz ýetirýäň. Gynansak hem käbir ýagdaýda umumy tapsyzlyk, ýadawlyk hiç aýrylmaýar.

ADATYMY ÝA-DA DOWAMLY?

Soňky döwürde: "Men mydama ýadaw!" – diýen sözleri häli-şindi eşitmek bolýar. Aslyýetinde, adaty we dowamly ýadawlygyň tapawudy nämekä?

 
( 13 Ses Berme )

Adamzat bireýýämden bäri derman serişdeleriň "guluna" öwrüldi. Siz  geň galýarsyňyzmy?! Biz öz gündelik aladalarymyza gümra bolup, öz bedenimiziň ýagdaýyna üns bermegi ýatdan çykarýarys ýa-da oňa  wagt hem tapmaýarys.

Derman gerdejigi ýa-da sanjymy bilen az wagtyň içinde öz saglygymyzy dikeltmäge çalyşýarys. Başga birleri bolsa, tersine, öz bar ünsüni we wagtyny saglygyna bagyş edip, şol maksadyň ugrunda islendik dermany kabul etmäge taýyn bolýarlar.

Säher çaglary maşklary ýerine ýetirmäge, agşamlaryna bolsa ukusyzlyk kösemez ýaly gezelenç etmäge ýaltanýarys. Owadan gutujyklarda dürli-dürli witaminler, iýmit goşundylary satylýarka, ýaramaz iýmitlenmeden saklanyp, peýdaly tagamlary taýynlama nämä gerek?

 
( 11 Ses Berme )

Siz özüňizi oňaýsyz duýýarsyňyzmy? Onda, ýylgyryň! Siziň şol bada şähdiňiz açylar. Gülmäge çekinmäň. Gülki siziň durmuşyňyzy we saglygyňyzy gowy tarapa özgerder.

Şadyýan we mährem gülki keýpiňi göterýär. Gülmegi halaýan adamlar seýrek syrkawlaýarlar, olar gaharlanmaýarlar we ruhuçökgünligiň nämedigini bilmeýärler.

 
( 14 Ses Berme )

Asuda gije... Gijäniň mylaýym şemaly ýüzümizi sypalaýar. Ýyljak düşegimizde iki ýana agynyp hem-de bedenimiziň her öýjüginden syzyp çykýan ýadawlygy duýup, süýji ukynyň bizi maýyl ederine garaşýarys.Ýöne uky bizi bendilige almaga howlukmaýar. Uklamak üçin biz her zat edýäris! Bir ýerde  sanalýan zat (sanlar, goýunlar, piller, tutynyň gülleri, halynyň gölleri...) bolsa, sanap çykýarys, ýöne şonda-da uky golaýymyza-da gelmeýär. Ukusyzlyga garşy jadyly dermanlar bolaýmaly ahyry! Ýöne zyýanly täsiri bolmadyk ýekeje-de uky derman ýok. Şonuň üçin-de, uklamagyň başga-da usullarynyň  bardygyny Siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

 
( 15 Ses Berme )

Ekologiýa degişli meseleler soňky döwürde çynlakaý üns berilmegi talap edýär. Nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar geljegi üçin bu meseleleri çözmek örän ähmiýetlidir. Ýöne şeýle global meseläni çözmek üçin ilki bilen adaty gigiýeniki çäreleriň hususy we  jemgyýetçilik ýerlerinde berjaý edilmegi zerurdyr. Ösen ýurtlarda arassaçylyk babatda uly alada edilip, degişli kanunlar, kararlar çykarylýar, olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Munuň esasy sebäbi bolsa epidemiologik meseleleriň döremeginiň gigiýeniki meseleler bilen gönüden-göni baglanyşygyndadyr.

 
( 13 Ses Berme )

Rahat, asuda, sagdyn durmuş öýden başlanýar. Bir gije-gündiziň dowamynda adam ortaça 10-14 sagat öýde bolýar. Çagalar, garrylar we syrkaw adamlar bolsa ondan hem uzak wagty öýde geçirýärler. Öý adamyň ygtybarly galasydyr. Biziň her birimiz  diňe öz öýümizde rahat, arkaýyn hereket edip, özümizi erkin duýýarys. Adam işden ýadap gelende öýde ýadawlyk, emosional we fiziki dartgynlylyk azalar ýaly, öz ýaşaýan ýeriniň  rahat bolmagyny isleýär. Elbetde, munuň üçin otaglaryň owadan bezelmegi, olarda ähli oňaýlyklaryň bolmagy, arassalygy örän ähmiýetlidir. Ýöne her bir ýaşaýyş otagyň belli sanitar-gigiýenik talaplara laýyk bolmagy hem hökmandyr. Öýüň içi ýagty, gury, giň, gyşyna ýyly we tomsuna salkyn bolmaly. Dogry we talabalaýyk salnan jaý uzak wagt abatlaýyşa mätäç bolmaýar. Şeýle jaýda ýaşaýan adam sagdyn, işjeň, şähdaçyk bolýar.

 
( 16 Ses Berme )

Biz nirede we haýsy çäklerde ýaşaýandygymyza garamazdan, daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýy saglyk ýagdaýymyza öz täsirini ýetirip, bedenimizi belli bir derejede zyýanly maddalar: zäherli gazlar, agyr metallar, nitratlar, derman serişdeleri we ş.m. bilen zäherleýändir. Bu zyýanly maddalar bedenimize howa, suw, iýmit arkaly aralaşýandyr. Mundan başga-da, biz köplenç şol bir zatlary iýmäge endik edip, maşgalada adat bolan  tagamlaryň "çäklerinden" seýrek çykýarys. Biz doýmak üçin, köp iýýäris, uzak aralyklary geçmek üçin ulag serişderelinden peýdalanýarys. Umuman, köp iýip, az hereket edýäris. Şeýlelikde, biz kem-kemden diňe aşgazan – içege ulgamyna däl, eýsem ýürege, gan damarlaryna – tutuş bedenimize agram salýarys. Bedenimiz iýmiti doly özleşdirip bilmänsoň, bedendäki madda alyş-çalyş ýagdaýy bozulyp, bedenimiz "zibilhana" meňzäp başlaýar. Bu "zibiller" tutuş bedenimizi zäherläp, bedeniň kesele garşy durma ukybyny peseldýär. Şonuň üçin-de, biz öz bedenimizi şeýle "zibillerden" wagtal-wagtal arassalap durmalydyrys. Şeýle arassalaýyş çäreleriň biri-de agyz beklemeklikdir.  Biz şu makalamyzda agyz beklemeklige dini nukdaýnazaryndan däl-de, onuň adam bedenine we ruhy ýagdaýyna edýän täsiri barada gürrüň etmekçi.

 
( 18 Ses Berme )

Dünýä gymmatlyklarynyň içinde saglyk esasy orunlaryň birini eýeleýär. Biziň saglygymyza dürli faktorlar täsir edýär. Azyk harytlarynyň köpelmegi  iýmit bilen bagly keselleriň ýüze çykmagyna getirse, ahlak kadalarynyň bozulmagy, azgynlyk  AIDS keseli ýaly howply kesellere uçradýar. Spirtli içgileriň we temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny dünýä epidemiýasyna deňemek bolar. Saglygy dikeltmek ugrundaky çäreler, adatça, keseliň alamatlary ýüze çykandan soň başlanýar. Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy saglyk babatda ýüze çykýan meseleleri çözmek, olaryň durmuşa täsir edişini öwrenip, keselçiligi kemeltmek işleri bilen meşgullanýar. Guramanyň teklibine görä 1950-nji ýyldan bäri Bütündünýä saglyk güni geçirilip, 1948-nji ýyldan başlap ol her ýylyň 7-nji aprel güni bellenilýär. 2012-nji ýylda bu baýramçylyk "Garrylyk we saglyk" diýen temada we "Berk saglyk ýaşyňa ömür goşýar" diýen şygar astynda geçýär.

 
( 15 Ses Berme )

"Suw ýaşaýyş üçin zerur diýmek bolmaz,

sebäbi suwuň özi  ýaşaýyşdyr"

Antuan de Sent Ekzýuperi

1995-nji ýyldan bäri türkmen halky aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde "Suw damjasy – altyn dänesi" baýramçylygyny belleýär. Biziň halkymyz üçin suwuň gymmatlygy örän ýokarydyr. Suw tebigaty janlandyryp görke getirýär. Ol tebigatyň goýnunda mesgen tutan adamzadyň hem, haýwanatyň hem ýaşaýşydyr. Şonuň üçinem pederlerimiz, suwa sarpa goýup, "Suw damjasy – altyn dänesi" diýen pähimi döredipdir.

 
( 15 Ses Berme )

Suw! Bu tebigy baýlygy hemme halklar ýaşaýşyň gözbaşy diýip hasap edýärler. Suw bizi hemmetaraplaýyn gurşap alýar: ol biziň dem alýan howamyzda, bedenimiziň öýjüklerinde, ganymyzda bar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýylyň 22-nji mart senesini Bütindünýä Suw güni diýip yglan etdi. Şu mynasybetli biz suwuň bedene şypa beriji häsiýetleri barada Size gürrüň bermegi makul bildik.

Suwuň şypa beriji häsiýetleri bize gadym döwürlerden bäri bellidir. Hemmelere belli grek lukmany Gippokrat çeşme suwuny içmegiň we oňa suwa düşmegiň bejeriş häsiýete eýedigini subut etdi. Gidroterapiýa (suw bilen bejermek) iň gadymy bejeriş usullarynyň biri hasaplanylýar. Rim we türk hökümdarlygy döwründe adamlar suw bilen garahassalyk ýaly keselleri, dürli çişleri bejerip bolýandygyna ynanýardylar. Gidroterapiýany esaslandyryjy diýip belli nemes lukmany Sebastýan Kneýp hasaplanylýar. Ol Gadymy Müsüriň, Gresiýanyň, Rimiň we Hindistanyň tebipleriniň ulanan gidroterapiýasyny bedeni türgenleşdirmegiň we taplamagyň ulgamyna öwürdi.