Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar AGRAMYŇ AŞA ÝOKARLANMAGYNYŇ JYNSY HYJUWA ÝETIRÝÄN ÝARAMAZ TÄSIRI
( 45 Ses Berme )

Beden agramynyň aşa ýokarlanmagy netijesinde döreýän semizlik adamyň jynsy hyjuwyny peseldip, ýakyn gatnaşyklaryň ýygylygyny azaldyp bilýär.

Aýal maşgalalarda beden agramynyň aşa ýokarlanmagy has agyr ruhy kynçylyklara getirip biler. Sebäbi, olaryň pikiri boýunça, semiz adam owadanlygyny, tebigatyň beren gözel syratyny, ýüzüniň we bedeniň öňki durkuny ýitirýär. Şol aýallaryň özüne bolan ynamy gaçyar. Olaryň öňki mesaýy durmuşy gizlin durmuşa öwrülip başlaýar, köpçülikden gaçyp öz ýaşaýşyny kynlaşdyrýarlar. Erkli aýallar özüne ýigrenç döredýän kilogrammlar bilen göreşip başlaýarlar.

Agramyň aşa ýokarlanmagynyň aýalyň jynsy hyjuwyna ýetirýän yaramaz täsirleri dürli-dürli bolýar. Has dogrysy, ol täsirler ikä bölünýär: psihologiki we fiziologiki ýaramaz täsirler.

Psihologiki täsir. Häzirki zaman modanyň kanunlaryna laýyklykda – aýal 90-60-90 sm. ölçeglere gabat gelýän bedenli bolmaly. Hor we uzyn zenanlar – gözelligiň etalony. Moda industriýasy şeýle görkezijileri mahabatlandyryp, olary nusga höküminde görkezýär. Şol esasda, aýal maşgalanyň jynsy hyjuwy we islegi psihologiki ýaramaz täsirlere sezewar bolýar. Ýokary beden agramly aýallar erkek adam bilen tanyşmakdan we indiki boljak gatnaşyklardan çekinip başlaýarlar. Aýallaryň bular ýaly çekinjeňligi soňy bilen utanjaňlyga geçýär we jynsy gatnaşyklara bolan garaýyşlaryny üýtgedýär. Semiz aýallaryň artykmaç agramlylygy jynsy gatnaşykda hereketleriň çäklenmegine we gowuşgynsyzlyga getirip, wagtyň geçmegi bilen olaryň jynsy gatnaşykdan asla ýüz öwürmegine sebäp bolup biler. Başga tarapdan seretsek, erkek adamlar jemgyýetde oňlanýan däplere we ülňülere görä özüne ýoldaş edip hor aýallary saýlamaga çalyşsalar hem, özleri şony boýun almasada, olaryň pynhan islegi etli-ganly, dolmuşja zenanlary isleýär. Ähli zada sebäp bolýan faktor – ýokarda agzalyp geçen modanyň talaplary!

Fiziologiki täsir. Jübütleriň biriniň ýa-da ikisiniň hem semizligi zerarly jynsy gatnaşyklary geçirmekde kynçylyklaryň döremegi (gowuşgynsyzlyk, demiň gysmagy, aşa derlegenlik we baş.) semizligiň jynsy hyjuwa ýetirýän fiziologiki yaramaz täsirlerine degişli bolup durýar.

Umuman aýdanyňda, beden agramynyň görkezijileriniň artmagy aýal maşgalada aşakdaky hertaraplaýyn bozulmalaryň döremegine getirip biler:

► özünden göwni geçme, ýagny özüne bolan ynamyň peselmegi;

jynsy gatnaşykdaky gowuşgynsyzlyk;

jynsy gatnaşykda talaba laýyk lezzetiň bolmazlygy;

jynsy gatnaşyga bolan islegiň ýitmegi;

bilgeşleýin jynsy gatnaşykdan saklanmak;

kiçi çanaklyk agzalarynda durgunlylyk alamatlaryň bolmagy;

aýal jyns ulgamynyň keselleriniň (şol sanda endokrin bozulmalar) döremegi;

jynshananyň duýujylygynyň peselmegi;

orgazm (keýp alma) duýgusynyň bolmazlygy;

jynsy gatnaşyklara biperwaý garamak.

Agramy aşa ýokary bolan erkek adamlar, aýal maşgalalara garanyňda, beýle ruhy bozulmalara sezewar bolmaýarlar. Sada dilde aýdaňda, adamzat jemgyýetiniň kuwwatly bölegi bolan erkekler, öz semizliginden kän bir çekinip baranoklar. Olaryň bedeninde muskullar agyr atletika bilen meşgullanýan türgeniňki ýaly bolmasa-da, hatda sallanyp duran garny-da, jübütine ony erkek hökmünde kabul etmäge päsgel bermeýär. Erkek adamlaryň etalony bolan – gadymy grek heýkelleri, aýal maşgalalarda ýaly, semiz erkeklerde olara meňzeme ýa-da kybapdaş bolma islegini döretmeýär diýen ýaly. Emma şu günki gün, jemgyýetiň içinde öz bedeniniň aladasyny edýän, özüne zor salyp aşa agyr türgenleşikler we derman serişdeleri bilen bedenini tertibe salmaga ymtylýanlar hem bar. Ýöne näme-de bolsa, agramynyň aşa ýokarlanandygyndan çekinýän erkek adamlar, aýal maşgalalara garaňda gaty az duşýar.

Ýöne agramyň aşa ýokarlanmagynyň erkek adamlaryň jynsy hyjuwyna ýetirýän fiziologiki ýaramaz täsiri welin, aýal maşgalalaryňka garanyňda näçe esse ýokarydyr. Onuň sebäbi, semiz erkek adamlaryň ganynda estrogen gormonynyň (ýag gatlagynyň agdyklygy sebäpli) görkezijisi juda ýokary sanlarda saklanýar. Globulin belogy bilen esasy erkeklik gormony bolan testosteron birleşip, erkek adamlaryň jynsy hyjuwyny ýokarlandyrýalar. Emma bu birleşmäni estrogen gormony dargadýar. Şu hadysanyň netijesinde, testosteron gormonyň täsiri estrogen gormonyň hasabyna azalýar we semiz erkek adamyň jynsy hyjuwy peselýär. Jynsy hyjuw peselip, wagtyň geçmegi bilen jynsy gowşaklyga (impotensiýa) sezewar edip bilýär.

Los-Anželes uniwersitetiniň ýanyndaky Iýmit Merkeziniň hünärmeni, Herbalife kompaniýasynyň ylmy-maslahat beriş jemgyýetiniň wise-prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Luidjy Gordonyň belleýşi ýaly, "Ýalňyş iýmitlenmäniň jynsy gatnaşyklaryna ýetirýän täsiri iki sany biri-biri bilen baglanşykly zatlardan ybarat. Onuň birinjisi – jynsy hyjuw, ikinjisi bolsa – jynsy gatnaşygy doly derejede ýerine ýetirip bilmezlik".

Jyns gormony bolan testosteronyň gandaky derejesi iýmitdäki peýdaly maddalaryň doly toplumyna – beloklara, ýaglara, uglewodlara, mineral we witaminlere baglydyr. Mundan başga-da, testosteronyň gandaky derejesi, adamyň fiziki işjeňligine hem baglydyr.

Adamyň bedenine iýmit üsti bilen gelýän energiýanyň doly we dogry harçlanmagy bozulanda, kadada bolşy ýaly, agramyň aşa ýokarlanmagy we semizlik döräp başlaýar. Artykmaç kaloriýalar esasan mallaryň ýagy we ýönekeý uglewodlar arkaly bedene düşýär. Şeýlelikde, hereketleriň az bolmagy, edil iýmitlenmäniň kadaly bolmaýşy ýaly, bedendäki testosteronyň derejesiniň we jynsy hyjuwyň peselmegine getirýär.

Ikinji meselämiz bolsa – jynsy gatnaşygy doly derejede ýerine ýetirip bilmezlikdir. Semizligiň ýene bir sebäbi, gandaky umumy holesteriniň derejesiniň, ýagny, zyýanly holesteriniň (pes dykyzlykly lipoproteidler) ýokarlanmagy we uglewodlaryň çalşygynyň bozulmagydyr. Bu ýagdaý, erkekleriň we aýallaryň jynsy agzalaryny gan bilen üpjün edýän damarlarynda aterosklerozyň emele gelmegini güýçlendirýär. Erkek adamlarda ereksiýanyň bozulmagy, aýal maşgalalarda jynsy gatnaşykdan lezzet alyp bilmezlik aterosklerozyň netijesi bolup durýar. Umuman aýdylanda, şu sebäpleriň hersi aýratynlykda jynsy ýagdaýlara her tüýsli täsir edýär, emma, şu sebäpleriň hemmesi, özara baglanşyp, adamyň jynsy gatnaşyklaryna we durmuşyna ýaramaz täsirleri güýçlendirýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Pirjan. 2015-11-15 01:28
Agramy aşa ýokary bolan är-aýalyň jynsy gatnaşygy lezzetli duýgyny hubbata öwürýär. Eger olar ýaş bolsalar erki elden ýitirmän horlanyp bilseler, ol durmuşyň köp utyşy, başarmasalar weli olara ýöne duýgudaşlyk edäýmek galýar.
Sitata
 
 
#7 Ýazyr. 2015-09-25 00:10
Semizleriň ýagdaýy köre mälim ahyryn. Olar azajyk ýöremeli bolanda haşşyldap dem almasy kynlaşýar. Ol adamlarda jyns hyjuwyň bolmaklygy gury hyýala öwrülýän bolmagy mümkin. Sebäbi bedeniň işiniň alyş-çalyşmalary bozulanda kadaly ýagdaýa garaşmak netijesiz.
Sitata
 
 
#6 Berdaş. 2015-08-22 00:33
Aýal semrese görküni ýitirýär, erkek semrese görkem gidýär weli şonuň bilen birlikde erkekligem gowşaýar. Olara daşyndan seretseň nebsiň agyrýar. Şonuň bilen birlikde erkini elden aldyran adamlary ýadyňa salýar.
Sitata
 
 
#5 Kakaly. 2015-07-05 10:17
Önemä bolsa bolandyr weli su döwürde semizlik aýallaryň we erkekleriň arasynda köp ýaýran kesele öwrülen ýaly bolaýdy. Esasy sebäbi az hereketlilik hem-de iýmitleriň hiliniň üýtgemegimikä diýýärin.
Sitata
 
 
#4 Hyyalbent 2015-07-01 09:54
Tanny-sizin ayalynyz bilen ayrylysmagynyzy ya-da ol zenan bilen omrunizin ahyryna cenli omur surmeginizi elbetde Sizin ozuniz cozyarsiniz. Yone, siz durmus gurmankanyz hem ayalynyz semizdimi?
Sitata
 
 
#3 Taňňy. 2015-06-13 00:51
Aýalym otuz dört ýaşynda bir çagasyny alyp atasy öýüne gitdi. Alajym ýok, ol semiz, horlanmasy ugra barmaýar, erki hem onuň ýaly ýok. Meniň özüm hortaň, onuň bilen köpçülige çykmaga utanýaryn. Durmuşyň esasy bölegi öňde. Aýrylyşmaly boldum.
Sitata
 
 
#2 Mugallym. 2015-06-06 01:41
Bizde türkmenlerde köpler agramyň aşa ýokarlanmasyny, semizligi gowy durmuşyň nyşany hasap edýärler. Onuň sebäbi bolsa lukmançylygyň bu babatda gazanan netijelerine adamlaryň düşünjek bolmazlyklary ýa-da olary äsgermezlikleri bolup durýar. Olary ýaşlykdan çagalara düşündirmeli we mekdeplerde degerli öwretmeli.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-06-04 02:48
Hemme halklardada şol sanda bizdede erkek adamlaram, aýallaram artykmaç agramyň jynsy hyjywa zyýan ýetirýändigi barada bilýändiler öýdemok. Bilýän bolsalar adamlar edil soňky gün ýaşaýan ýaly iýmezdiler. Artykmaç agramlylar jynsy hyjywyň pesligini başga bahanalar bilen düşündirmäge çalyşýarlar. Bu pyýadanyň hem bolup oturyşy öňünde goýulan blinçikdenmi ýa-da çapadydanmy ýüz öwürjege meňzänok.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele