Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar BU SENIŇ ÇÖZGÜDIŇ BOLMALY!
( 78 Ses Berme )

Bu hadysa biziň durmuşymyzda diňe bir gezek bolýar. Lezzetlilik, howsala, gyzyklanma, küýseme duýgularyň sarsgynly birleşmesini döredýän ýeke-täk gezegi, durmuşda diňe bir gezek gaýtalap bolýar. Şol birinji gezegiň geçişi hem adamynyň soňky seksual durmuşyna, garşydaş jynsa bolan garaýşyna, maşgala gymmatlyklaryny bahalandyrmasyna öz aýgytly täsirini ýetirip bilýändir.

Hawa, siz dogry aňladyňyz. Men jynsy gatnaşyklaryň başlanyşy barada aýdýaryn. Döwürdeş ýaşlar fiziki taýdan ir ýetişýärler. Maglumat alma meselesinde hem olarda hiç hili kynçylyk döremeýär – ýörite ýazylan kitaplar, Internet ulgamy, telewideniýe (jynsy gatnaşyklary mazamlamaýan kinofilmlere duşmak juda kyn), galyberse-de, hemişe dogry we doly bolmadyk dostdyr-joralaryň maslahaty. Ýöne maglumaty kabul edip, ony durmuşda ýerlikli we zyýansyz ulanma çenli aralykda ep-esli menziller ýatyp biler...

JYNSY GATNAŞYKLARY HAÇAN BAŞLAMALY?

Şeýle sorag bilen gyzyklanyp, mekdep okuwçylary bilen geçirilýän duşuşyklarda, maňa has hem ýetginjek oglanlar ýygy ýüzlenýärler.

Bu soraga her kim, her dürli jogap berer. Her ýurtda hem, halkyň medeniýetine, maşgala gymmatlyklarynyň mizemezligine, dini garaýyşlaryna, eýeleýän sosial derejesine baglylykda adamlaryň bu gatnaşyklary başlama ýaşy dürli bolup biler. Statistiki maglumatlara ýüzlensek, jynsy gatnaşyklary hemmeden ir Islandiýada (ortaça 15,6 ýaş), soňundan Şwesiýada (16,2 ýaş), Finlýandiýada (16,5 ýaş), Norwegiýada (16,5 ýaş), Bolgariýada (16,9 ýaş) we Portugaliýada (16,9 ýaş) başlaýarlar. Rossiýada jynsy gatnaşyklary ortaça 18,7 ýaşda başlanýar.

Hemmelerden giç jynsy gatnaşyklary Malaýziýada (23 ýaşa), Indiýada (22,9 ýaş), Hytaýda (22,1 ýaş) we Tailandda (20,5 ýaş) başlaýarlar. Dünýäde jynsy gatnaşyklary başlamagyň ortaça ýaşy 18,4 ýaşa barabardyr.

Lukmanlaryň bellemegine görä, fiziologiki taýdan kämilleşme 18-22 ýaş aralygynda tamamlanyp, adamynyň köpelmäge ukyplylygynyň döreýänligini hem aňladýandyr. Beýle diýsem, "ilkinji jynsy alamatlar döräp, ilkinji aýbaşy gelenden soň, aýal maşgala göwreli bolmaga ukyply ahyryn" diýip, maňa garşy çykmagyňyz mümkin. Dogry. Ýöne entek fiziologiki taýdan kämilleşmedik beden, göwreliligi göterip, sagdyn çaga dogurmaga ukyplymy? "Bizi jynsy gatnaşyklar gyzyklandyrýar, siz bolsa çagadan tutdyňyz" diýip gatyrganmagyňyz hem mumkin.

Her niçik hem bolsa, adamynyň fiziologiýa we ruhy taýdan kämilleşmegini we meseläniň ýuridiki tarapyny göz öňüne tutup, hünärmenler jynsy gatnaşyklaryň 18 ýaşdan soň başlanmagyny ýerlikli hasaplaýarlar.

Ýöne jynsy gatnaşyklary başlamazdan öň, psihologiki we ahlaklylyk tarapdan taýynlygyňyzy özüňiz üçin aýdyňlaşdyrmagyň zerurdygyny belläsim gelýär.

JYNSY GATNAŞYKLARY MAŇA HÄZIR BAŞLAMA ZERURMY?

Bu gatnaşyklary başlamazdan öň, oňa bolan islegiňiziň sebäbini anyklap, wagtyň geçmegi bilen puşman etmejekdigiňize ynamyňyz bolsun. Ýetginjek oglanlar:

► jynsy gatnaşyklary başlan deň-duşlaryndan kem galmajak bolup;

öz gyzyklanmasyny kanagatlandyrjak bolup;

dörän islegine baş gelip bilmän;

döwrebap görünme islegi bilen;

özüne bolan söýgini tassyk etdirmek maksady bilen;

tejribe almak maksady bilen;

alkogol we neşe serişdeleriniň täsiri astynda

jynsy gatnaşyklary başlap bilýärler.

Gyzlar öz tebigaty boýunça ýumşak, göwüntapyjy bolup, jynsy gatnaşyklary başlamagyň sebäpleriniň arasynda öz söýgüsini we arassalygyny oglana subut etme, söýýän oglanyny ýitirme gorkysynyň bolmagy ýaly sebäpler agdyklyk etse-de, döwrebap bolma islegi, alkogol serişdesiniň täsiri ýaly sebäpleri hem belläp bolar.

JOGAPKÄRÇILIGI DUÝMAGY ÖWRENIŇ

Jynsy gatnaşyklary başlamagy ýüregine düwen oglan hem, gyz hem indiden beýläk öz hereketleri babatda jogapkärçilikli bolmalydygyny bilmelidir. Çünki olar ululara mahsus durmuşa gadam basdylar, bu durmuşda bolsa dürli kynçylyklary ýeňip geçip, belli bir düzgünlere eýerme zerurdyr.

1-nji DÜZGÜN – HIÇ HAÇAN GYSSANMAŇ! – Size berlen şol birinji gezegi geçirmek üçin, şaýlan adamyňyzyň mynasypdygyna göz ýetiriň. Bu ýagdaýa has hem gyzlar üns bermelidir. Siz bu oglan bilen durmuşa bile gadam basyp, maşgala gurmaga taýynmy? Oglanyň size bolan gatnaşygy çynlakaýmy ýa-da onuň siziňkiden tapawutly meýilleri barmy? Siz bu gatnaşyklaryň üsti bilen oglana öz päkligiňizi, söýgüňizi subut eden ýagdaýyňyzda, ol siziň çözgüdiňize düşünip, ony minnetdarlyk bilen kabul edermi? Eger bu adam bilen durmuş ýoluňyz aýrylşa, size indiki duşan oglan düşünip bilermikä? Erkek oglanlaryň aglaba böleginiň, durmuş gurlanda gyzyň päkliginiň nyşany höküminde gyzlyk perdesiniň barlygyna üns berýändigini ýatdan çykarmaň.

2-nji DÜZGÜN – JYNSY GATNAŞYKLARY ÖZ ISLEGIŇIZ BILEN, AKYL-HUŞUŇYZYŇ DÜRS ÝAGDAÝYNDA BAŞLAŇ – bu gatnaşyklary alkogol ýa-da neşe serişdeleriniň täsiri astynda, boýun etmäniň ýa-da şert goýmanyň ("Maňa bolan söýgüňi subut et", "Diýenimi etmeseň, seniň bilen duşuşyp bilmerin") täsiri bilen başlama ýalňyşlykdyr. Şunuň ýaly ýagdaýlara duşmaz ýaly, gatnaşýan, wagt geçirýän, oturyşýan adamlaryňyzy ýakyndan tanama we göwnüňize ýaramaýan oturşyklardan gaça durma wajypdyr.

3-nji DÜZGÜN – BU GATNAŞYKLARA MAHSUS KYNÇYLYKLARDAN HABARDAR BOLUŇ – eger siz bu gatnaşyklary başlamagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onda bu babatda bilimliligiňizi artdyrma artyk bolmazdy. Adamynyň fiziologiýasy we anatomiýasy barada orta mekdeplerde maglumat alan bolsaňyz hem, şol alan maglumatlaryňyzy ýatlama peýdaly bolardy. Öňüni alyş çärelerini dogry saýlamak üçin bolup biljek kynçylyklary hem bilme ýerliklidir. Birinji alnan jynsy tejribeden esasan iki sany kynçylyk ýüze çykyp biler: jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keseller we islenilmedik göwrelilik.

Bu gatnaşyklaryň "sowgat berip" biljek keselleriniň (merezýel, hlamidioz, sözenek, uçuk, trihomoniaz we baş.) alamatlaryny öwreniň. Bu peýdaly bilimlilikdir. ÝATDA SAKLA! Bu keseller bilen keselländigini adamynyň daşky keşbinden bilip bolmaýar. Daşyndan göräýmäge görmegeý we syrdam ýigit ýa-da göze ýakymly aýal maşgala hem bu ýokançlyklary göteriji bolup bilýändir.

Prezerwatiw – bu ýokançlyklara böwet bolup biljek ýeke-täk serişde bolup durýandyr. Ony dogry geýmegi öwreniň we her seksual gatnaşyklarda ony ulanmagy endik ediniň. Bu endigiň siziň saglygyňyzy gorap biljekdigini ýatda saklaň.

4-nji DÜZGÜN – ÝAGDAÝA DOGRY BAHA BERMEGI BAŞARYŇ – islenilmedik göwreliligiň öňüni almak diňe aýal maşgalanyň esasy aladasy bolup durýandyr. Öz durmuşyňy we geljegiňi başga adama ynanmak uly ýalňyşlykdyr. Eger islenilmedik göwreliligiň döremegi toý dabarasy bilen tamamlanaýan ýagdaýynda hem, şeýle nikalar seýrek ýagdaýlarda bagtly bolýarlar. Sebäbi islenilmedik göwrelilik diňe siziň durmuşy meýilleriňize däl-de, siziň ýakynlaryňyzyň durmuş meýilleriniň amala aşmagyna hem päsgel berýär. Siziň çözgüdiňiz nähili bolaýanda hem, ol siziň durmuşyňyzy üýtgeder. Abort etdirip, siz özüňizi geljekde önelgesizlige sezewar edip bilersiňiz. Eger bagtly maşgalany gurma başa barmasa, doguraýan ýagdaýyňyzda hem, siz çagany eke özüňiz terbiýelemeli bolarsyňyz.

Jynsy gatnaşyklary başlamaga hyýallanan gyza, ginekolog lukmanynyň göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri babatda maslahatyny alma we aýbaşy gelmelerini kadaly gözegçilikde saklama peýdaly bolardy. Bu soragda daşdan eşiden maglumatlaryňyzy ulanmadan gaça duruň.

BU DIŇE SENIŇ ÇÖZGÜDIŇ BOLMALY!

Adam doglup, ulaldygy saýyn öz durmuşynda müňlerçe gezek dogry we özi üçin peýdaly çözgütleri kabul etmeli bolýar. Çagalyk çagymyz ene-atalar şuny biziň ýerimize ýerine ýetirýärler. Biz ulalyp, dünýä akyl ýetirip başlamyzdan soň, ýagdaýlardan netije çykarmagy öwrenip başlaýarys. Näme geýmeli? Özüňi nähili alyp barmaly? Nirde okamaly? Dostyňy (joraňy) nähili saýlamaly? Dörän duýgulardan nädip baş alyp çykmaly?

Eger günleriň bir güni, jynsy gatnaşyklary başlama islegi seniň hyýalyňa gelen bolsa, pikir et! Eger seniň üçin, bu gatnaşyklaryň söýýän ýeke-täk adamyň bilen nikada başlanmagy onçakly wajyp bolmasa, onuň seniň durmuşyňy, geljegiňi üýtgedip, wagtyň geçmegi bilen puşman etdirmejekdigine ynamly bol!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Gartaşan. 2015-11-02 23:55
Ata bilen enäniň çaga terbiýesi sazlaşykly alynyp barylsa maksada laýyk bolarmyka diýýärin. Olaryň üstünliklerine we ýalňyşlaryna ata-ene tarapyndan maslahat bilen arabaglanyşykda subut edip baha berilse çaganyň olara bolan ynamynyň artmagy üçin öňe gidişlik bolardy.
Sitata
 
 
#9 otda_yanyan 2015-11-02 07:23
"...deň-duşlaryndan galmajak bolup..."

Gynansak-da, ýetginjeklik ýaşdakylaryň we ýetginjeklik ýaşdakylardan aňy bilen tapawutlanmaýanlaryň arasynda öz kellesi, aňy-düşünjesi we gymmatlyklary bilen netije çykarmaga derek öz deň-duşlaryna bir zat subut etjek bolýarlar. Eýsem, seniň durmuşyňdaky wajyp wakalara degişli soraglary sen illeriň sen barada nähili pikir edýändigine esaslanyp çözmelimi?

"Döwrebap görünmek üçin"

Eger ýalňyşmaýan bolsam adam jynsy gatnaşyklaryna özünden öňki biologiki görnüşinde (Homo Sapiýens bolmazyndan ozal) wagty hem ukyplydy. "Döwrebap" adamlaryň pikirine görä, bu 21-nji asyryň trendymyka?

"Söýgiňi subut etmek üçin"

Söýýän adam öz isleglerine we bedenine diýenini etdirip bilýärmikä diýip, pikir edýärin. Eger gyzy söýýäniň çyn bolsa, onda onuň geljegi bilen oýun etmek gyz üçin howplydygyna düşünmek gerek.

P.S. Örän durmuşy makala. Lukmanyň bu ýazan makalasy üçin, onuň elini berk gysmak isleýärin.
Sitata
 
 
#8 Ýaran. 2015-04-16 01:49
Bizde açyk aýdyp ýörseň gowama hasap edilmeýände bolsa jynsy gatnaşyklar hakynda durmuşyň bu sapagyny ýaşlara örän gowy öwretmeli. Ony gülkä öwürmän, durmuş pelsepesine öwürmeli.
Sitata
 
 
#7 Tumar. 2015-04-03 00:33
Şu gidişine gitse jynsy gatnaşyklar babatda biziň ýaşlarymyz Islandiýadan (15,6) hem öňe geçip rekord goýaýjaklar ýaly. Klimat üýtgedimi ýa-da içilýän suwdanmy bolmasa iýmitler üýtgäp ýörmi, bir üýtgeşikliklerä boldy.
Sitata
 
 
#6 Setdar. 2015-03-14 17:22
Gyzlar oglanlardan ir ýetişýärler diýilýär. Şonuň üçin olary berkiräk saklamaly. Öň türkmende şeýle bolupdyra. Ata-babalar ýalňyşan däldirlerä.
Sitata
 
 
#5 Meylis 2015-03-11 21:45
Hakyky dogry bellap gecdiniz edil hazirki durmushda yash oglan gyzlar gaty sazmezlige yol beryarler, kyn yagday gyzlara kyn erteki gun birinin mashgalasy bolmaly gyzlyk perdesi yok gyz hemmanin yuzuni yere bakdyrar.
Sitata
 
 
#4 Meýlis. 2015-03-07 01:00
Inje duýgy bolan söýgüni ýaşlaryň birnäçesi gündelik haýwan seksine öwürdilerä. Erbet ýerem tüýs şondada.
Sitata
 
 
#3 Gerçek 2015-02-27 00:54
Ýaşlaryň arasynda şu makaladaky agzalan meseleleri giňişleýin düşündirmek örän nitijeli bolardy diýip pikir edýän...
Sitata
 
 
#2 Bekew. 2015-02-25 00:57
"Durmuş gurmak bir gezek ondada oýlanmak gerek" diýip aýdymda aýdylyşy ýerlikli hem bolsa,kellesiniň göçmesini wagtynda saklap bilmän durmuşda ol aýdylanlary inkär edip ýören köpelen ýaly.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-02-24 01:30
Durmuşy makala. Berekella! Kämillik ýaşyna ýetmedik, kä halatlarda ýeten öz guýgularyna bäs gelip bilmän, soňuna seretmän jynsy gatnaşykda bolandan soň puşman edýän oglan gyzlar durmuşda köp duş gelýär. Adamyň ömründe ýekeje gezek berilýan pursada oýlanjykly,jogapkärli garamaly. Sebäbi türkmeniň "soňky tüýkülik sakgal ezmez" diýen jümlesi şu meselede-de örän ýerlikli diýip hasaplaýaryn.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele