Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar ISLEGLER ÇAGY
( 92 Ses Berme )

Biologiki sazlaşmalar – bu adamynyň ýaşaýyş hyjuwynyň ýokarlanmagyny ýa-da peselmegini aňladýan düşünjedir. Biologiki "sagatlarymyzyň" işjeňligine baglylykda, adamlar işjeňligi giç wagty ýa-da tersine, ir çagy ýokarlanýan toparlara bölünýärler. Ondan başga-da, seksual biologiki sazlaşmalar hem tapawutlandyrylýandyr. Hut şol sazlaşmalaryň deň gelmegi hem maşgalanyň berkligini üpjün edip biljek "açar" bolup durýandyr. Ýöne ilkibaşdan erkekleriň we aýallaryň seksual sazlaşygynyň dürli bolmagy, bu kynçylygyň esasy tarapy bolup durýar.

NÄME ÜÇIN ŞEÝLE BOLÝAR?

Isleg bildirip, adamsyna ýakynlaşan wagty onuň eýýäm horlap düýş görüp ýatanyny syn edýän aýallar az däldir. Aýalynyň haýdap irden turup, çagalary mekdebe ugratmaly wagty bolsa, mähirli sypalamalary bilen ony "lezzetli gatnaşyga" çagyrýan erkekler hem az bolmasa gerek. Bu aýratynlyklar oňaýsyzlyk döretse-de, biologiki jähtden kanunalaýykdyr: aýal seksuallygynyň ýokarlanmagy 22 sagada, erkekleriňki bolsa – ir çagynyň 7-9 sagadyna gabat gelýändir. Irden sagat 7-de erkeklik jyns gormonlarynyň işjeňligi kadadan 20% ýokary bolsa, eýýäm sagat 9-da gormonlaryň işjeňligi 50%-e ýokarlanýandyr. Biologiki "sagatlar" aralyk beýnide "işe girizilip", gormonlaryň täsirine bagly, juda çylşyrymly fiziologiki hadysa bolup durýandyr.

Erkekleriň we aýallaryň jyns gormonlary günüň dowamynda kem-kemden ýokarlanyp, sagat 16:00 iň ýokary derejä ýetýändir. Tüýs söýgüňi bildirmeli wagt welin, sen iş wagtyň söýgüliňi nirden tapjak?

Agşam sagat 18-de hemme adamlaryň seksual hyjuwlylygy pese gaçýar. Bu-da düşnükli, iş güni tamamlandy, öýe ýetip bilseň armanyň ýok. Ýöne agşam sagat 22-de, aýal bedeni: "Hemme işlerim edildi, indi söýgi gatnaşyklaryna başlasam hem bolýar" diýip pikirlenýär. Ýöne erkek seksuallygy, ertir çagy ýene özüni äşgär etmek üçin uka gitmäge taýynlanýar...

AÝAL GORMONLARYNYŇ "OÝNY"

Aýal seksuallygy onuň aýbaşy halkasynyň häsiýetine bagly bolup durýandyr. Ortaça alanyňda, 28 günlük aýbaşy halkasy kada höküminde kabul edilýär. Aýal seksuallygyna aýbaşy halkasy nähili täsir edýärkä?

Aýbaşy halkasynyň 1-5-nji güni – estrogen we progesteron gormonlarynyň iň pes derejesi syn edilýändir. Siziň posalaryňyz näçe gyzgyn bolsa-da, bu günler olar zenan ýüregini ýumşatmaga ukyply däldir.

6-14-nji güni – estrogeniň derejesi ýokarlanyp, ýatgynyň diwarlary galyňlaşyp başlaýar. Ýöne progesteronyň derejesi bolsa biraz giç, diňe aýallyk öýjügi emele gelenden soň (owulýasiýa) ýokarlanyp başlaýar.

15-21-nji güni – Owulýasiýadan soň, estrogeniň derejesi ýokarlanyp, fizioligiki we akyl ýetirme görkezijilerine oňaýly täsir edýändir. Görüş we ys alyş endigi ýiteleşýär: bu döwür aýal yslary gowy tapawutlandyrmaga ukyplydyr. Aýalyň özüni alyp barşy hem üýtgeýär – ol näz etmäge, halanmaga töwekgel bolýar. Aýalyň bedeniniň ysynyň – feromonlaryň hem düzümi uýtgäp, erkeklerde aýala ýakynlaşma islegini tutaşdyrýar.

22-27-nji gün – hyjuwlaryň peselýän çagydyr. Hut şu döwürde aýallarda aýbaşynyň öňsyrasynda döreýän oňaýsyzlyklar ýüze çykyp, olarda öýkeleklik, gaharjaňlyk we aglaklyk häsiýetlerini syn etme bolýar.

ERKEK ISLEGI WE TESTOSTERON

Aýallar köplenç tebigat tarapyndan erkekleriň her aýda gaýtalanýan şeýle oňaýsyz alamatlardan mahrum edilendigini belläp tolgunýarlar. Hakykatdan bolsa bu beýle däldir. Erkekleriň hem öz "aýbaşy" halkalary we üýtgeşmeleri bolup, olar başga alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. Erkeklik seksuallygynyň hili işjeňligi 22 günlük möhletli aýlawa deň erkeklik gormony bolan testosterona baglydyr. Elbetde, bu ütgemeleri, edil aýallaryňka meňzeşlikde gözegçilikde saklama kyndyr. Ýöne öz maşgalabaşyňyza üns bilen seredip, siz onuň testosteronynyň derejesi barada netije çykaryp bilersňiz. Erkeklik gormony peselende (aýallaryňka meňzeş) biziň merdem erkeklerimiz gowuşgynsyz, öýkelek, keýpsiz bolup, olaryň işjeňligi peselýändir. Bu ýagdaýa düşünme bilen çemeleşmelidir: 10-11 günden hemme zat öňki ýagdaýa gaýdyp geler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Weýis. 2015-01-15 08:49
Islegiň ýüze çykmasam we ony ulanyp bilmek, ine durmuşyň esasy özenleriniň biri. Aýalam, erkegem islegine döz gelmän başganyň bakjasyna düşen mal ýaly özüni alyp barsa, ýaramaz ýerem şonda. Islegiňi özüňe gulluk etdirmek maşgala durmuşynyň uly gözelligi.
Sitata
 
 
#8 Sona. 2015-01-06 00:37
Köp erkek adamlar ýalňyşmaýan bolsam erkekligine buýsanyp, islegler babatda diňe aýallar olaryň isleglerine gulluk etmelidir öýdýärler. Emma weli şu saýty okan az hem bolsa many çykaran erkek nämäniň nämedigine akyl ýetirermikä diýýärin.
Sitata
 
 
#7 Okyjy 2014-12-25 00:00
Çylşyrymly ýöne tebigatyň bu ahwalatyna kelläňde aýlap otursaň örän ýerliklidigine göz ýetirdim. Sebäbi wagt bilen isleg kadaly adam durmuşynyň derwaýyslygy ahyryn.
Sitata
 
 
#6 Meýlis 2014-12-15 02:14
Men-ä aýal bedeni bu ugurda "gaýnap çykyp duran ýyly çeşme ýalymyka" diýýärdim. Ýöne gormonlar hakynda okamda weli aýal-erkek bedeniniň nähili çeşmedigine göz ýetirdim.
Sitata
 
 
#5 Yaran 2014-12-11 21:23
Yaran.0505.gmail.com
Sitata
 
 
#4 Kerim 2014-12-09 17:18
Aýal-erkek bedeniniň islegi, wagty meňzeşmikä diýip ýördüm. Hormatly lukmanyň ýazanyny okap köp zada göz ýetirdim. Aýalym bilen köp düşünişmezligiň nirededigine seljeräýdim öýdýän. Sag boluň Lukman. Olary aýalymada okatdym we düşünerçe bolduk.
Sitata
 
 
#3 Gerçek 2014-10-30 08:05
Köp ýaşan dälde köp okan köp zat biler diýleni okap ençeme bilmeýän zatlaryma göz ýetirdim öz ene dilimizde şeýle makalany okamak mümkünçiligin döredýan saglyk.info saýtyna gaty minnetdardyryn....
Sitata
 
 
#2 Okyjy 2014-10-30 05:28
Gyzykly maglumat. Biologiki sazlaşmalar barada düşünjäm bardy. Ýöne seksual biologiki sazlaşmalar barada ilkinji gezek okaýaryn. Jübütleriň jynsy gatnaşyga islegiň dürli wagtdadygyny aýdyňlaşdyranyňyza sag boluň. Makalaňyz jübütlere jynsy gatnaşyga "açar" bolar diýip tama edýärin. Ine, indi biri-biriňe düşünip, lezzetli ýaşasa bolar.
Sitata
 
 
#1 Mekan 2014-10-29 21:30
"erkek, aýal seksuallygy" barada gürrüň açýanyňyz uçin minnetdar. Biz bu zatlar barada ene dilimizde, medeniýetli söhbetdeşlik etmekde ukybymyzy ýitirip barýarys. Ilki bilenä Sowet döwründe "seks" ýok diýdiler, söňky döwürlerde, ýaş nesil bu zatlar barada pornagrafik filmlerinden öwrendiler. Ýurdumuzda bu zatlar barada iş alyp barýan lukmanlar barmyka?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele