Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar JYNSY GATNAŞYGA BOLAN ISLEGIŇ PESELMEGINIŇ HEM-DE GÜÝJEMEGINIŇ SEBÄPLERI
( 77 Ses Berme )

Adamyň durmuşynda ýüze çykýan ýagdaýlar, beden we ruhy saglygynda dörän aýratynlyklar onuň jynsy isleginiň, hyýalynyň üýtgemegine itergi berip biler. Jynsy islegiň (libido) üýtgemegi onuň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy görnüşinde döräp, dürli sebäpleri öz içine alyp bilýändir.

Jynsy islegiň peselmeginiň sebäpleri

Jynsy islegiň peselmegi seksual talaplaryň peselmegi ýa-da düýbünden ýitirilmegi, jynsy gatnaşyklardan gaça durmak ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. Dürli endokrin bozulmalary netijesinde erkeklik gormony bolan testosteronyň derejesiniň peselmegi, bedeniň dowamly  keselleri (ýürek keselleri, nerw ulgamyň keselleri), dowamly stress hem-de ruhy gamgynlylyk ýagdaýyny başdan geçirme, käbir derman serişdelerini (meselem, gan basyşy peseldýän, ukysyzlyga garşy ulanylýan dermanlar) ulanma garşydaş jynsa bolan gyzyklanmany peseldip biler. Aýallarda göwreliligiň öňüni alyş gormonal serişdeleriň kabul edilmegi, göwrelilik döwri hem jynsy islegi peseldip bilýändir. Ýeri gelende aýtsak, aýallarda jynsy islegiň üýtgemegine aýbaşy halkasynyň döwürleri öz täsirini ýetirýändir. Jynsy islege bolan höwes aýallarda aýbaşydan soň döräp hem-de aýbaşy halkanyň ortasyna çenli saklanyp, aýbaşynyň öňsyrasynda gowşaýandyr.

Ýokarda bellenen sebäplerden başga-da, jübütleriň arasyndaky düşünişmezlikler, seksual kynçylyklar, maşgalada döreýän dartgynly ýagdaýlar, kadasyz iş güni, dowamly ýadawlylyk, agyr fiziki iş ýaly sebäpler hem jynsy gatnaşyklara bolan höwesi peseldip biler. Seksual gatnaşyklara bolan hyjuwy aýal maşgalanyň (erkegiň hem) daşky görnüşiniň özüne çekiji bolmazlygy (işden gelensoňyz öýde hähili sypatda gezýändigiňize üns beriň), gatnaşyklarda bildirilýän "sowuklyk", erkek tarapyndan bildirilýän gödeklik, biparhlylyk "öçürip" bilýändir. Seksologlaryň bellemegine görä, kähalatlarda jynsy gatnaşyklary uzak wagt geçirip bilmezlik (okuw ýa-da iş saparlary we başga sebäpler) şertleriň täsir etmegi hem jynsy islegi wagtlaýyn peseldip, olaryň kadalaşmagy seksual bozulmanyň aradan aýrylmagyna sebäp bolup bilýändir.

Dörän ýagdaýdan çykalga

Beden kesellerini (ylaýta-da endokrin bozulmalary) özwagtynda bejerme, maşgala gatnaşyklaryny söýgi, özara düşünişme hem-de sylag bildirme duýgularyna esaslanyp gurma,öýüň daşky bosagasynda hemme işdäki kynçylyklary "döküp" öýe girmek, wagtynda ýeterlik dynç almak, seksual gatnaşyklaryňyza täzelikleri girizip, biri-biriňize ünsli, mährem bolmak bu çynlakaý kynçylygy ýeňip geçmäge kömek edip biler. Androlog lukmanyň maslahatyndan soň, erkeklere testosteronyň serişdelerini bermek hem peýdaly netijeleri berýär.

Jynsy islegiň ýokarlanmagynyň sebäpleri

Amerikan alymlarynyň bellemegine görä, erkek adam bir gije-gündiziň dowamynda 124 (!) gezek jynsy gatnaşyklary barada pikir edýär. Şeýle islegiň mukdar taýdan görkezijisi hemme erkeklere degişli edilmese hem, jynsy islegiň kadadan çykýan ýokarlanma ýagdaýy kesgitlenende, adamyň beden aýratynlyklary, dini terbiýesi, durmuş ýörelgesi göz öňüne tutulmalydyr.

Lukmançylykda, erkeklerde doreýän jynsy hyjuwynyň ýokarlanmagy "satiriazis" diýip atlandyrylsa, aýallarda bu ýagdaý "nimfomaniýa" ady bilen bellidir.

Köplenç ýagdaýlarda, jynsy islegiň güýjemegi öz seksual mümkinçiliklerine ynamy bolmadyk ýa-da oňa kembaha garaýan adamlarda ýüze çykyp, bu häsiýet şol mümkinçilikleri hemişe barlap durmaga zerurlyk döredýär.

Jynsy hyjuwyň ýokarlanmagy öz seksual talaplaryny kadaly kanagatlandyryp bilmeýän adamlarda (tussagda oturanlar, deňizçiler, uzak ekspedisiýa gidýänler) hem döräp, jynsy islegi basyp ýatyrma synanşygy köp halatlarda seksual islegiň has güýjemegine hem-de ondan masturbasiýanyň kömegi bilen dynylmagyna getirip biler. Seksual islegiň güýjemegi käbir ruhy kesellerde (meselem, şizofreniýa), beýniniň täze döremelerinde, gormonal bozulmalarda, neşe serişdeleri (kokain, meň), kömürturşy gaz bilen zäherlenmeler netijesinde ýüze çykyp bilýändir.

Öz hereketleriňize gözegçilik ediň!

Şeýle kynçylykda, dyňzap duran seksual güýji gowşatmak üçin işjeňligiň başga görnüşlerini saýlap almak peýdaly bolar. Özüňizi gyzyklandyrýan iş bilen gümra boljak boluň. Işiňize üns berip, mümkin bolsa artyk iş sagatlaryny alyp işläň. Tans ediň, surat çekiň, sport bilen meşgullanyň. Gündelik durmyşyňyzyň her pursadynda peýdaly iş bilen gümra bolmaga çalşyň, şonda size jynsy gatnaşyklar barada pikir ýöretmäge wagt galmaýar.

Şu günki gün telewizor bize ýarym ýalaňaç aýallaryň we erkekleriň bedenini synlamaga mümkinçilik döredýär. Şeýle gyjyndyryjylardan özüňizi goraň.

Halk lukmançylygynda huşly gunçanyň, narpyzyň gaýnatmalarynyň bu maksat üçin ulanylýanlygy barada maglumatlar bardyr. Şeýle-de, bu maksat üçin lukmanlar käşiriň, şugundyryň, petruşkanyň, ysmanagyň, kokos miwesiniň şiresiniň kabul edilmegini maslahat berýärler. Bir günüň dowamynda 1,5 litrden az bolmadyk suwuklygy kabul etmek ündelýär. Siz diňe bir aşa bildirýän seksual hyjuwyňyzy gowşatman, bedeniňizi hem witaminler bilen baýlaşdyrarsyňyz.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 kadyr 2016-05-18 03:42
Quoting kadyr:


salam menem sorag berip bilernmi
Sitata
 
 
#8 kadyr 2016-05-18 03:40
Sitata
 
 
#7 Dark. 2016-03-28 01:29
Howwa
Sitata
 
 
#6 Kepban. 2014-04-11 23:43
Jyns isleginiň güýjemegi we peselmesi ikisem sagdyn bolanda-da men-ä esasy aýala baglymyka diýýärin. Sebäbi aýal bedeni örän näzikdä. Şolam erkegi basym tutaşdyrýar ahyryn.
Sitata
 
 
#5 Saparly. 2014-04-10 01:35
Halk arasynda bälçiklikde aýdylýan bir zat ýagny "Aýallar hemme wagtda başarýarlar, ýöne mydama islemeýärler, erkekler mydama isleýärler, ýöne hemme wagtda başarmaýarlar". Muny mydama göz öňünde tutmalymyka diýýärin.
Sitata
 
 
#4 Tumar. 2014-04-08 02:25
Aýratynlykda baha bermän, jübtleriň aýal bilen erkekiň tagallasy bir bolsa maksada ýetip bolar.
Sitata
 
 
#3 Daşgyn. 2014-04-07 00:10
Jyns gatnaşygy örän inçe duýgy we çendenaşa ýakymly. Ýöne ony haýwanlaryň ymtylmasy bilen däl-de kadaly adam psihiologiýasy easasynda çözmeli.
Sitata
 
 
#2 Maksat 2014-01-14 04:28
Salam lukman, taze yylynyz bilen, ayallarda jyns gatnashygy yanbasha etsen onun ulalmagyna getiryani chynmy? We zyyany barmy
Sitata
 
 
#1 Gerçek 2013-09-16 00:53
Bir soragym bar:
Çendenasha jynsy gatnashykda bolmak bu ishe bolan höwesi peseldip bilermi?
Shu hakda aýdaýsañyz.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele