Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar ERKEK PREZERWATIWLERI BARADAKY FAKTLAR WE TOSLAMALAR
( 10 Ses Berme )

Toslama: Prezerwatiw çylşyrymly zat

Maşgala gurmagy meýilleşdirýän käbir ýaşlar prezerwatiw sypyp, zenanyň jynshanasynda we ýatgysynda ýitirim bolup bilýär we ony aýyrmak üçin operasiýa etmek gerek bolýar diýip ynanýarlar.

Fakt: Barlaglar jynsy gatnaşygyň dowamynda prezerwatiwiň ýyrtylmasynyň ýa-da sypmasynyň örän seýrek duş gelýändigini belleýärler (diňe 2%). Bu bolsa diňe prezerwatiw nädogry ulanylanda ýüze çykýar. Prezerwatiw çykarlanda sypmagynyň öňüni almak üçin prezerwatiwiň ýokarsyndan ujydy berk saklamaly. Eger saý-sebäp bilen sypaýsa-da, prezerwatiw zenanyň jynshanasyndan aňryk gitmeýär. Ony bolsa operasiýasyz aňsatlyk bilen aýryp bolýar. Erkek prezerwatiwiň ýyrtylanyny ýa-da sypanyny aňan badyna ýoldaşyna habar bermeli. Şonda zenan eger islese, göwreliligiň gaýragoýulmasyz öňüni alyş gerdejiklerini (postinor, eskapel) kabul etmek arkaly çaga galmagynyň öňüni alyp biler.

Toslama: Täsiri pes

Birnäçe zenanlar we erkekler maşgala guranlarynda erkek prezerwatiwlerini ulanmak islemeýärler. Olaryň pikirine görä, prezerwatiw göwreliligiň we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň öňüni alyp bilmeýär.

Fakt: Erkek prezerwatiwi ujyda geýdirilýän örtükdir. Ol dölüň jynshana düşmegine böwet bolup hyzmat edýär. Şeýdibem göwreliligiň öňüni alýar. Ýene-de, ol ujytda, dölde we zenanyň jynshanasynda bolup biljek ýokançlyklaryň ýokuşmagyndan goraýar. Ol esasan ýukajyk rezinden (lateks), winilden ýa-da tebigy (haýwanlaryň derisi) serişdelerden ýasalýar.

Prezerwatiwler hem göwreliligiň, hem jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokuşmalaryň öňüni alyp bilýän ýeke-täk kontraseptiw usulydyr. Prezerwatiw waginal (jynshana), oral we anal jynsy gatnaşykda ulanylanda ýokary netijeliligi görkezýär. Onuň ýokary netije bermegi üçin olary dogry we kadaly (her jynsy gatnaşykda) ulanmaly. Nädogry ulanylan ýa-da ulanmanyň arasy üzülen ýagdaýynda her jynsy gatnaşyk bilen göwreliligiň we jynsy gatnaşyklar arkaly ýokuşmalaryň ýüze çykma ähtimallygy artýar.

Dogry we kadaly ulanylan ýagdaýynda prezerwatiwleriň göwreliligiň öňüni almagynyň netijeliligi 98%-e barabardyr. Bu bolsa, ulanyşyň ilkinji ýylynda ýoldaşlary prezerwatiwi dogry ulanýan zenanlaryň diňe 2%-i göwreli bolýar diýmekdir.

Prezerwatiwleriň AIW ýaly ýokanç keselleri geçirip bilýän deşikleri ýokdur. Eger dogry we kadaly ulanylsa, prezerwatiw AIW-iň ýokuşmagyndan 80%- 95%-e çenli netijelilikli gorap bilýär. Plastiki prezerwatiwleriň hem täsirliligi rezin görnüşlerine barabar diýlip kabul edilýär, emma şuny doly subut edýän barlaglar heniz geçirilmedi. Haýwan derisinden ýasalan prezerwatiwler AIW we beýleki jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokuşmalara garşy göreşip bilmeýär.

Adatça jynsy gatnaşyklaryň dowamynda prezerwatiwleriň 2%-e golaýy ýyrtylýar ýa-da sypyp gaçýar. Şunuň bolsa esasy sebäbi – olaryň nädogry ulanylmagydyr. Dogry ulanylan prezerwatiwler aňsat-aňsat beýle kynçylyklar döretmeýär.

Ýaglandyrmak (lubrikantlar) arkaly olary ýyrtylmakdan gorap bolýar. Ýaglandyrmagyň 3 ýoly bar: 1) jynshanadan çykýan tebigy suwuklyk bilen, 2) ýörite emeli ýaglar bilen we 3) ýaglandyrylan prezerwatiwleri ulanmak arkaly. Kähalatlarda rezin prezerwatiwleri bilen gliserinden ýa-da silikondan edilen ýaglary ulanmak howpsuz hasap edilýär. Emma ýaglar bilen ýasalan önümleri ulanmakdan gaça durmaly, sebäbi olar rezine zeper ýetirip bilýär. Arassa suwuň we tüýküligiň hem ýaglandyryjylyk ukyby bar.

Toslama: Saglyga zyýanly

Käbir adamlar erkek prezerwatiwleri erkekde we zenanda ýarawsyzlyk, ýokançly keseller, rak ýaly keselleri döredip bilýär diýip howatyrlanýarlar.

Fakt: Häzire çenli prezerwatiw ulanmak bilen baglanşykly hiç bir keseliň üstünden barylmady. Prezerwatiw dogry ulanylan halatynda dölüň dökülmegi kadaly ýagdaýda bolup geçýär. Onuň erkekde ýa-da zenanda rak keseline sebäp bolup bilýändigi barada hem hiç hili subutnama ýok. Emma prezerwatiwi ulanmagyň jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklardan, jynshananyň sowuklamasyndan, ýatgynyň boýunjygynyň ragyndan goraýandygy welin anyklanylandyr.

Rezin prezerwatiwler ulanylanda käbir adamlarda jynshanada döreýän allergiki täsirliligi (gijilewik, gyzarma, örgün, mäzleriň, butlaryň çişmegi) döretmegi mümkin. Allergiýa bedeniň köp bölegine örgüniň örmegine, baş aýlanma, dem almanyň kynlaşmagyna ýa-da rezine degeninden soň huşuň ýitmegine getirip bilýär. Emma adamlaryň aglabasynda rezine bolan allergiýa örän seýrekdir. Hatda bütin dünýäde rezine ýeňil allergiýa täsirliligini geçiren adamlar sanaýmaly diýip habar berilýär. Güýçli allergiýa ýagdaýlary bolsa heniz gabat gelinmedi diýen ýaly.

Sintetiki önümlerden ýasalýan plastiki prezerwatiwler rezine allergiýasy bolanlar üçin gowy saýlawdyr. Bularyň hem täsiri edil rezin prezerwatiwleriňki ýaly diýip hasaplanylýar. Ýöne bu heniz içgin öwrenilmedi. Amerikanyň iýmite we dermana gözegçilik edýän adminstrasiýasy (FDA) rezin prezerwatiwleri ulanyp bilmeýänlere AIW we jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklardan goranmak üçin plastiki prezerwatiwleri ulanmagy maslahat berýär. Haýwan derisinden ýasalan prezerwatiwler bolsa bu ýokanç kesellerden gorap bilmeýär.

Toslama: Dölüň ir dökülmegi

Erkekleriň we zenanlaryň käbiri prezerwatiwler ereksiýany birahat edip, dölüň ir dökülmeginiň sebäbi bolýar diýip pikir edýärler.

Fakt: Prezerwatiw ulanmak dölüň wagtyndan öň dökülmeginiň sebäbi däldir. Tersine, haçanda ol her jynsy gatnaşygyň aýrylmaz bölegine öwrülende ereksiýany uzak wagt saklamaga we ir dökülmäň öňüni almaga kömek edýär.

Toslama: Häsiýeti üýtgedýär

Ýene käbirleri prezerwatiw ulanmak adamyň jynsy isleglerine täsir edip, bedenini satmagyna ýa-da ýaryna biwepalyk edip başgalar bilen hem jynsy aragatnaşyk alyp barmagyna itergi berýär diýip ynanýarlar.

Fakt: Henize çenli prezerwatiwleriň we beýleki göwreliligiň öňüni alyş (kontraseptiw) usullaryň adamyň häsiýetini üýtgedip bilýändiginiň üstünden barylmady. Barlaglar hem konstrasepsiýanyň jynsy islegler bilen baglanyşygynyň ýokdugyny görkezýär. Tersine, kontrasepsiýany ulanmak adamlaryň saglyga we islenilmedik göwrelilige bolan jogapkärçilik sypatlaryny berkleşdirýär.

Toslama: Jynsy islegleri we gatnaşygyň lezzetini peseldýär

Köpler prezerwatiw ulanmak jynsy islegi we jynsy gatnaşygyň lezzetini peseldýär diýip ynanýarlar.

Fakt: Prezerwatiwiň adamyň jynsy islegine ýa-da lezzet alma ukybyna ýaramaz täsir edýändigi barada subutnama ýokdur. Jynsy islegiň peselmegi, jynsy gatnaşyk etmekde çekilýän kynçylyklar her dürli fiziki we emosional sebäplere görä ýüze çykyp bilýär. Bu meselelere prezerwatiwler sebäp bolmaýar. Emma käbir erkekler, esasan hem ýaşulular prezerwatiw geýende ereksiýa babatda kynçylyk çekip bilerler. Çünki prezerwatiwler ýaşulularyň jynsy agzalarynyň duýgurlygyny peseldip bilýär. Jynsy gatnaşykda lumbrikant serişdeleriň ulanylmagy kömek edip biler.

Käbir jübütleri jynsy gatnaşyk gyzyşyp başlanyndan soň, säginip prezerwatiw geýmek irizip, jynsy isleglerine täsir edip bilýär. Emma jübütleriň aglabasy prezerwatiw ulanmakdan lezzet almany öwrenýärler. Ýüzlerçe zenanlardyr erkekler prezerwatiw ulananlarynda jynsy gatnaşyklaryndan has uly lezzet alýandyklaryny aýdýarlar. Sebäbi olar keselleň ýokuşmagyny ýa-da çaga galmagyny gaýgy etmän, ünslerini arkaýyn lezzetli jynsy gatnaşyga berip bilýärler.

Jübütler gatnaşygyň lezzetini hasam artdyrmak üçin öz halaýan prezerwatiw görnüşlerini ulanyp bilerler. Onuň içini we daşyny suwly ýaglar bilen ýaglamak arkaly hem lezzeti güýçlendirip bolar. Ýöne içini aşa ýaglamakdan daş durmaly, ol prezerwatiwiň typyp gaçmagyna getirer. Gliserinden we silikondan ýasalan ýaglandyryjylary rezin prezerwatiwler bilen ulanmak has oňaýlydyr. Emma ýaglar bilen ýasalan önümleri ulanmakdan gaça durmaly, sebäbi olar rezine zeper ýetirip bilýär. Arassa suwuň we tüýküligiň hem ýaglandyryjylyk ukyby bar.

Erkek prezerwatiwi, eger jynsy gatnaşygyň dowamynda dogry wagtda geýilse, lezzet almakda kynçylyk döretmeýär.

Toslama: Ujydyň ölçegi

Käbir erkekler we zenanlar uly ölçegli ujydy bolan erkeklere laýyk prezerwatiw tapyp bolmaýar diýip pikir edýärler.

Fakt: Prezerwatiwleriň giň-dar, inçe-galyň, dürli şekilli we reňkli, ýagly-ýagsyz, spermisid çalnan we çalynmadyk onlarça görnüşleri bar.

Ujydyň ululygy adamdan adama üýtgese-de, prezerwatiwleriň senagat tarapyndan kesgitlenilen ölçegleri ýokdur. Bu hatda ösen döwletlerdede şeýle. Şonuň üçin ulanyjylara dürli markalary synap görmek maslahat berilýär. 49 mm giňlikdäki prezerwatiwler giňden ýaýran we köp ýerde elýeterli bolsa-da, prezerwatiwiň standart ölçegi ýokdur. Şoňa görä-de, käbir kärhanalar giňligi 56 mm-e ýetýänlerini hem öndürýärler.

Toslama: Hemmeler üçin däl

Ençeme zenanlaryň we erkekleriň bellemegine görä, prezerwatiwi DIŇE wagtlaýyn gatnaşykdaky, nikadan daşary jynsy gatnaşyklary edýän ýa-da gazanç üçin jynsy gatnaşyk edýän adamlar ulanmaly.

Fakt: Prezerwatiwler nikalylygyna ýa-da jynsy häsiýetlerine garamazdan ähli kişi üçin kontrasepsiýanyň ýerlikli ýoly hasaplanýar. Prezerwatiw haýyş eden islendik adama berilmelidir. Ýüzlerçe tertipsiz jynsy gatnaşyklary alyp barýan adamlar ony ýokanç kesellerden goranmak üçin ulanýan bolsalar, ýüzlerçe maşgala guran jübütler ony çaga galmagynynyň öňüni almak üçin ulanýarlar.

Iňlisçeden terjime eden: Şöhle Gulamowa

Ulanylan WEB çeşme

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele