Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar ZENAN DUÝGURLYLYGYNY ÝOKARLANDYRMAGYŇ SYRLARY
( 62 Ses Berme )

Isleglerine garamazdan, erkekleriň hemmesi aýallaryna jynsy gatnaşyklarynda hakyky, lezzetli duýgulary peşgeş bermäge ukyply däldirler. Erkek adamlaryň köpüsi jynsy gatnaşyklaryny geçirmegiň ýagdaýlaryna, usullaryna, tehnikasyna üns berýän bolsalar hem, aýal bilen bolan bu gatnaşyklarynyň emosional, duýgurlylyk tarapyna az üns berýärler ýa-da asla ony ünsden düşürýärler. Köp erkek adamlaryň pikiriçe, jynsy birleşmeden öňki oýunlar, sypalamalar, posa alyşmalar gerekmejek wagt geçirmeler diýip hasaplanýar. Aýal maşgalanyň teni juda duýgur, erogen nokatlaryna baý bolup, emosional duýgulary başdan geçirme, özi bilen bolup geçýän seksual hadysalarynyň jadylaýjy akymyny duýma talaby olar üçin wajyp bolup durýandyr.

Aýal maşgalany jynsy birleşmä çenli emosional taýdan taýynlamazlyk, onuň beden duýgurlylygyny ýokarlandyrma ymtylyşa üns bermezlik aýal tarapyndan orgazmyň (jynsy gatnaşykdan alynýan lezzetlilik duýgusy) duýulmazlygynyň, jynsy gatnaşyklaryň agyryly bolmagynyň sebäbi bolup biler. Bu soraglar babatda aýalyň ýa-da onuň adamsynyň sowatsyz bolmagy seksual taýdan aýalyň sowuklygyna, jübütleriň arasyndaky jynsy gatnaşyklarynyň duýgusyz, bir akymda, birmeňzeş, "gurak" alnyp barylmagyna getirip, är-aýalyň biri-birine bolan ýakynlygyna, ruhy birleşiginiň berkligine ýaramaz täsir edip biler.

Aýal üçin lezzetlilik duýgusy näme?

"Lezzetlilik, lezzet almak" sözi başdan geçiren ýakymly duýgularyňdan hoşal bolmagy, kanagatlyk tapyp begenmegi aňladýandyr. Aýallar duýgulary has güýçli we täsirli başdan geçirýändikleri sebäpli, olar erkek üçin ujypsyz bolup görünýän kiçijik hereketlere hem uly täsirlilik we duýgy bilen jogap berýärler. Öz söýgüli ýaryňy garaşylýan jynsy gatnaşyklara taýynlamak üçin onuň göwnüni götermelidir. Onuň üçin bolsa onuň halaýan zadyny alyp, kiçijik sowgatlary gowşurma, halaýan aýdymçysynyň konsertine ýa-da görmek isleýän teatral oýnuna çagyryş petegini alyp gowşurmak ýerlikli bolup, onuň ýüregine saýlanan "açar" bolup hyzmat edip biler.

Aýal maşgalanyň emosional meýliniň döremegi bilen jynsy ýanaşma başlamaga mümkinçilik açylýar. Ýöne erkek adamlaryň hersiniň bu soragda öz düşünjeleri bolýar. Köpler aýal maşgalanyň jynsy gatnaşyklardan lezzet alma mümkinçiligini diňe orgazm duýgusy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu beýle däldir. Näzik zenan teni şeýle duýgur bolup, söýgüli adamsynyň islendik sypalamasy aýalda täsin, ýakymly, maýyl ediji duýgulary döredip biler. (Zenan bedeniniň syrly nokatlary barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Men Seni duýýaryn" atly makaladan okap bilersiňiz).

Erkek adam sypalamalar, mylaýym çemeleşmeler, ýakymly, söýgüden doly sözler bilen gyjyndyrylan aýal maşgalanyň oňa bütinleý hemme söýgüsini bermäge taýyndygyny ýatda saklamalydyr.

Söýgülimiň sesi

Pynhan gatnaşyklarda öz söýgülisiniň sesinden hem aýal maşgala az lezzet alanok. Söýgüli ýary mylaýym, gulaga ýakymly sözleri pyşyrdanda zenan ýüregi ereme bilen bolýar. Dyňzap gelýän islegiň täsiri bilen köplenç erkek adamlar aýalyň "gulagy bilen gowy görýändigini" ýatdan çykaryp, uruşdaky sorag edilýän partizan kimin sesini çykarman aýaly jynsy ýanaşma "çagyrýarlar".

Öz söýgüsini bildirýän sözleri aýdyp eretmegiň ýerine, köplenç erkek adamlar sesini çykarman aýalynyň eşiklerini çykaryp ugraýarlar. Gulaga ýakymly birnäçe jümleleri aýdyp, söýgüli ýaryňyzy jadylaň. Meselem, "Seniň owadandygyňy!", "Saňa seretme nähili ýakymly!" diýen jümleler söýgüliňiziň ýüregini eredip, ony heýjana getirer. Söýgiňizi bildirýän sözleri aýdanyňyzda ünsli boluň. Zenanyň hakykatdan hem siziň pikiriňizçe owadan we sizi özüne çekýän beden agzalaryna seredip öwgüli sözleri aýdyň. Meselem, gözleriniň owadanlygyny, ýüpek saçlaryny, görmegeýligini. Tersine bolanda, ol sizi özüniň üstünden gülýändir diýip pikir etmegi mümkin.

Eger siziň söýgüli zenanyňyz dolmuşja bolsa, oňa ol barada aýtmagyň geregi ýokdur. Onuň ýerine onuň bedenini nähili halaýandygyňyzy, onuň bedeniniň görnüşiniň çekilen suratlardaky gözel zenanlaryňka kybapdaşdygyny belläp öwüň. Eger siziň söýgüli ýaryňyz tersine, hortomsy bolsa, ol barada hem aýtmagyň asla geregi ýokdur. Onuň siz üçin "kiçijik, naşyja, goragsyz guşjagaz" bolup, ony hemişe goramagy isleýändigiňizi duýdursaňyz dogry bolar.

Jüpüne düşýän, siziň duýgularyňyzy bildirýän mylaýym, öwgüli sözleri ýerinde sözleme hem zenan ýüregini eýelemegiň bir usulydyr.

Ys lezzeti

Aýal maşgalanyň seksual duýgurlylygyny söýgüli erkek adamsynyň bedeniniň ysy hem ýokarlandyryp bilmäge ukyplydyr. Erkek adamdan gelýän deriň ýa-da çilimiň ysynyň hem gyjyndyryp biljekdigi baradaky pikirler nädogrydyr. Ýeri kime bu ýakymsyz yslar täsir edip bilerkä? Güýçli ysly parfýumeriýa serişdelerini köp ulanmagyň hem geregi ýokdur. Çalajadan bildirip duran, ýöne ýakymly yslary ulanmaga çalşyň.

Aýallaryň köpüsi arassalygyň ysy – şampunyň, sabynyň ysy gelip duran adamsynyň bedenini halaýarlar. Beýle bolanda, är-aýal jübütleri wannada biri-birini ýuwmanyň kömegi bilen lezzetliligiň başlangyjyny peşgeş berip bilerler.

Söýgüň üçin sag bol!

Aýal maşgalanyň jynsy ýanaşma taýynlygynyň döremeginiň, onuň erkek adamdan uçursyz seksual ýeňişlere, edermenliklere garaşýandygyny aňlatmaýar. Söýgi bilen utgaşdyrlan posalar, guçmalar we süýji sözler – zenanyň erkek adamdan garaşýan düzüjileridir. Diňe şularyň kömegi bilen erkek soňky lezzetlere bolan mümkinçilikleri açyp biler.

Şular üçin aýal erkek adam tarapyndan göýberilen seksual säwlikleri hem bagyşlap biler, ýöne aýallaryň hiçisi hem islän çagy mähir-muhabbatyň bolmazlygyny bagyşlap bilmez.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 Beşir 2017-05-21 17:20
Dogrymy aýtsam, jyns gatnaşygynda örän näzik, inje duýgyny ýokary belentlige galdyrmak hemme adama mahsus hem dälmikä diýýärin. "Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin" diýipdirlerä".
Sitata
 
 
#10 Bayko 2017-04-08 07:57
Dogry!!!
Sitata
 
 
#9 Ahmed 2017-02-15 23:38
"Işdä nahar iýip ugranyňda açylýar" diýilşi ýaly seksual duýgylar hem aýal-erkek arasynda lezzetli duýgylar möwüç urmagy bilen öz beýanyny tapýar.
Sitata
 
 
#8 Nazzy 2017-01-19 22:20
Aýalyň we erkegiň sowuklygy (lukmançylykda ol subut edilen) durmuşda köp kynçylyklary döredýär. Bu ýagdaýda kömek üçin mollalara ýüz tutman diňe seksopatolog, galybersede psihiatr lukmana ýäz tutmak maksada laýykmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#7 Okyjy 2016-11-15 19:55
Aýal gyjyndyrmany başarsa, ärleriň hiç birisem ýüpünden boşap, başganyň ekinine düşüp, parçalap ýören mal ýaly töwerege ylgap ýörmezä! Belkäm ol hem adam tebigatynyň näsazlygynyň bir görnüşi bolaýmagy mümkin.
Sitata
 
 
#6 Melekhan 2016-09-08 15:55
Lukmanjan gayrat edip jogap bereyinda!!!men islegsiz yagdayda jynsy gatnasykda boldum we ol birinji gezekdi men agyry hiszat duymadym hatda ganam gelmedi.ol nameden?ondan òn hichili gatnasykda bolup gormandim?sonyly yagday bolsa gyzlygyn alnandygy alamaty bolup bilermi? Jopaba sabyrsyzlyk bn garasyAn
Sitata
 
 
#5 Melekhan 2016-09-08 15:48
Lukmanjan
Sitata
 
 
#4 Melekhan 2016-09-08 15:47
Lu
Sitata
 
 
#3 Bega 2016-09-07 22:25
Goyulyan zatlar super
Sitata
 
 
#2 Ahally 2016-08-22 22:43
Kim gaýkyny söýer, kim küýkini. Her aýalyň öz ugruny tapmak gerek. Onsoňam aýal hem äriniň isleglerini kanagatlandyrjak bolmaly. Diňe erkek kösenip ýörmeli däl-ä aýalyny gyjyndyrjak bolup. Gezekli çemçe )) Ilki äri aýalyny oýnamaly, soň aýaly hem ärini. Ärinde bar bolan zatlary ))
Sitata
 
 
#1 Bilesigeliji 2016-08-22 16:36
salam Lukman. Lukman "Виагра,сиалис, левитра" dermanlary, erkegin we ayalyn jynsy gatnashyga bolan howesini guyclendiryan dermanlar barada ginishleyin aytmagynyzy we tema acmagnyzy hayysh etyan. Ol dermanlar atylanda dogrudanam jynsy gatnashyga bolan islegi guyclendiryarmi, azarlatyarmy dushundirish berayinda?!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele