Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar MASTURBASIÝA HAÇAN BEJERILMELI?
( 40 Ses Berme )

Masturbasiýa (onanizm) – seksuallyk jähtden özüňi alyp barmagyň görnüşi bolup, lezzet almak üçin öz jynsy agzalaryňy (ujydy, kinnigi we jynshanany) gyjyndyrmaga gönükdirilendir.

Biz masturbasiýa endigine jemgyýetiň garaýşy we ol barada umumy häsiýetnamany saýtymyzda ýerleşdirlen "Masturbasiýa: peýdalymy ýa-da zyýanly?" atly makalada beýan edip geçipdik.

Masturbasiýa ýetginjeklik döwründe, uly adamlarda jynsy gatnaşyklardan saklanmagy talap edýän ýa-da onuň geçirilip bilinmeýän halatlary seksual dartgynlylygy ýeňip geçmäge kömek edýän bolsa hem, endige öwrülip, adamyň durmuşyna berk ornaşmagy onuň kesele öwrülendiginden habar berip biler.

SEBÄPLER

Masturbasiýany geçirmek göniden-göni adamyň seksual talaplaryna baglydyr. Ýokary seksual dartgynlylygyň bolmagy ýa-da bir gezek geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň ýeterlik bolmazlygy hem onuň sebäbi bolup biler. Başga ýagdaýlarda, masturbasiýa bolan talap başga adam bilen ýakyn gatnaşyk etmäge gorky dörände ýüze çykyp biler. Köplenç bu ýagdaý öz jynsy güýjüne ynamy bolmadyk adamlarda köp duş gelýändir.

Masturbasiýanyň sebäpleri höküminde dürli seksual we ruhy bozulmalar hem bellenilip bilner. Masturbasiýa alamaty bilen ýüze çykýan seksual bozulmalar:

► Jynsy islegiň aşa ýokary bolmagy.

Erkek adamda ujydyň gönelmeginiň ýa-da dölüň dökülmeginiň bozulmalary.

Jynsy islegiň peselmegi. Şuňa aýallarda duş gelýän jynsy sowuklyk, orgazm duýup bilmezlik ýagdaýy we waginizm (jynshana myşsalarynyň ýokary dartgynlylygy) degişlidir.

Doga dörän ýa-da dogrum wagty alnan şikesler netijesinde daşky jyns agzalaryň görnüşiniň üýtgemegi. Şeýle näsaglar öz beden kemçiliklerini gizlemek maksady bilen masturbasiýany geçirmäge mejbur bolýarlar.

Jynsy agzalaryň ösüşiniň kadadan üýtgemegi (juda uly ýa-da kiçi ujyt, giň ýa-da dar, gysga jynshana).

Onanizm alamaty bilen ýüze çykýan ruhy bozulmalar:

Newrozlar;

Howsalaly ýagdaýlar, gorkular;

Şizofreniýa ýa-da şoňa menses bozulmalar;

Kemakyllylyk;

Gylygynda aşa ynanjaňlyk we howsalaly häsiýetleri bolan adamlar.

HAÇAN LUKMANA ÝÜZ TUTMALY

Masturbasiýa hereketlerine garaşly adam öz häsiýetine gözegçilik edip, şeýle hereketlerden saklanmaga ukyply däldir. Bu ugurda hemme tagallalary edeniňizden soň hem, bu gylykdan galyp bilmedik bolsaňyz – onda bu kynçylyk barada öz ýakynyňyza aýdyp, lukmana ýüz tutmaga wagtyň ýetendigini aňladýandyr. Kömek soramadan utanmaň – köp adamlar şeýle kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Onanizm bilen seksual lezzetlilige ýetmek ýeňil: öz taýyňy gözlemegiň geregi ýok we bu hereketleri islendik wagt geçirip bilýärsiň. Jynsy gatnaşyklaryň ýerini masturbasiýa bilen tutma kesel bolup, dine bir käbir halatlarda onuň üstüni dolma – kadadyr.

ONANIZMIŇ DÖREDÝÄN KYNÇYLYKLARY

♦ Adamyň ýanýoldaşy bolup, hemişe masturbasiýa geçiren ýagdaýlarynda jynsy gatnaşyklaryň bes edilip, ýanýoldaşy bilen aragatnaşyklarynyň bozulmagyna getirip biler. Masturbasiýanyň döredýän esasy kynçylygy newroz ýagdaýy bolup, ol özüňi günäkär saýma duýgusynyň döremeginden gelip çykman, erkiň we öz hereketleriňe gözegçilik etmek ukybynyň ýitirilýändiginden gelip çykýan galagopluk esasynda döreýändir.

Masturbasiýa geçirme endigi islenilýän sepgitlere ýetme ukybyndan we durmuşyň başga lezzetliklerini duýma duýgusyndan juda düşurýär. Şeýle adam töweregindäkilerden üzňe bolup, ýekelikden ejir çekip biler.

Onanizmiň başga bir gaýraüzülmesi – psihologiki jynsy gowşaklygyň döremegidir. Sebäbi adamyň jynsy gatnaşyklary geçirýän ýanýoldaşy, onuň hyýalynda döredýän erotiki keşpleri bilen deň gelmän biler.

Masturbasiýa aşa garaşly bolmak işleme ukybyny peseldip bilýär.

Bu endik özüňi hemişe günäli duýmagyňa getirýär.

Masturbasiýa ýykgyn etmek, esasan hem dürli serişdeleriň ulanylan wagty saglyk üçin howply ýagdaýlaryň döremegine getirip biler – ujyda geýlen lateks halkalary, jynshana salnan ýiti zatlar, gyjyndyryjy maddalary ulanmak we ş. m.

Eger masturbasiýa gyssaglykda geçirilip, otaga başgalaryň girip biljekdigi barada gorky bar bolsa, soňundan erkek adamlarda döli dökme ýagdaýynyň bozulmalary döräp biler.

BEJERGI ÇÄRELERI

Özüňe kömek bermek

► Özüňiziň isleýän zatlaryňyz bilen meşgullanmak: seksual güýjüňizi sungata sarp etmek, sportuň görnüşi bilen meşgullanmak, özüňize ýaramly gyzyklanma (hobbi) tapmak – şularyň hemmesi içki dartgynlylygy aýyrmaga, pikirleriňizi täze maksatlara gönükdirmäge kömek edýär.

Eger sizde saklanma kynçylygy uka gitmezden öň ýüze çykýan bolsa, dürli usullary ulanyp saklanyň. Onanizm bilen meşgullanmak islegi uka gitmezden öň döreýän bolsa, doly ýadaýançaňyz sport maşklaryny ýerine ýetiriň. Eger seksual işjeňlik ir çaglary ýokarlanýan bolsa, uka gitmezden öň, jynsy agzalara ýetmekde kynçylyk döretmek üçin birnäçe gatdan ybarat eşik geýiň.

Eger isleg örän ýokary bolsa sowuk duş kabul ediň.

Masturbasiýasyz geçen günler üçin özüňizi dürli sowgatjyklar bilen sylaglaň.

Seksual dartgynlylygy başdan geçirýän mahalyňyz öz ýakynlaryňyz, siziň "gyzyklanmaňyz" barada bilende, olaryň name pikir etjegi barada pikirleniň.

Berhiz saklamaga çalşyň. Günde birnäçe sagat nahar iýmeden we suw içmeden saklanyp, siz öz ünsüňizi seksual masmunly pikirlerden sowarsyňyz we erkiňizi türgenleşdirersiňiz.

Lukmançylyk kömegi

Onanizm isleginiň döremeginiň sebäbini anyklap, size ýaramly we peýdaly bejergini bermek üçin, bu ugurdan tejribesi bolan psihiatr ýa-da seksolog lukmanyna ýüz tutmak gerekdir. Ýöriteleşdirilen kömek näsagyň özi bilen ýa-da düzülen toparlarda geçirilip, öz hereketleriňe we oňa itergi berýän sebäpleri öwrenip, olary aradan aýyrma çäreleri geçirmäge gönükdirilendir.

Seýrek ýagdaýlarda seksual islegi gowşadýan derman serişdeleri (ruhy gamgynlylyga garşy serişdeler, güýçli rahatlandyryjy dermanlar) bellenilýär.

ONANIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK

Masturbasiýa garaşly adam seksual kanagatlanmalaryna getirýän hereketlerden saklanyp bilmeýär. Keseliň başlanýan wagtyny duýup, kynçylyk barada ýanýoldaşyňyz bilen gepleşmek gerekdir. Bu onanizmiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga kömek eder. Bulara garamazdan, jübütleriň biri masturbasiýa bilen meşgullanyp, özüne bolan gözegçiligi ýitirýän bolsa, wagtynda lukmana ýüz tutulmagy özwagtlaýyn öňüni alyş çäre bolar.

Masturbasiýa endigine getirýän sebäpleriň biri höküminde, seksual mazmunly filmleriň, kitaplaryň, wideoýunlaryň elýeterli bolmagyny belläp bolar.

Kompýuteriňizde seksual mazmunly saýtlary ýapýan enjamlary goýmaga mümkinçilik gözläň, seksual mazmunly edebiýatlary okamakdan, telekanallara tomaşa etmekden gaça duruň.

Kadaly jynsy gatnaşyklara päsgel berýän masturbasiýa hem-de oňa bolan garaşlylyk bejergä mätäç bolup, jynsy gatnaşyklaryň wagtlaýyn bolmazlygy ýa-da başga sebäpler bilen dörän ýagdaýlar bolsa kada hasaplanýandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#20 ΑψΜγrατ 2017-01-16 01:07
Salam lukman gyzlar mastrubasya edende dokyalermika sonu bilmage gyzykyan kyn gormeseniz jogap berayinda hayyst?
Sitata
 
 
#19 Mahribanym 2017-01-08 03:35
Sagbolyn Lukman:)
Sitata
 
 
#18 Lekar 2017-01-05 04:09
Quoting Mahribanym:
Aydayynda hayysh?

Quoting Mahribanym:
Salam Lukman masturbasiya etmek gyzlyk perda zyyany barmy hayysh aydayyn?


Adatça gyzlar masturbasiýa edenlerinde klitory (kinnik) gyjyndyryp keýp alýarlar. Ýöne keýp täsirinde bilip bolmaz, gyzlyk perdä çenli baryp bilmegi ähtimal.Şonuň uçin öz bedeniň anatomiýasyny gowja öwrenmeli we seresap bolmaly;)
Sitata
 
 
#17 Mahribanym 2017-01-05 03:50
Aydayynda hayysh?
Sitata
 
 
#16 Mahribanym 2017-01-03 19:23
Salam Lukman masturbasiya etmek gyzlyk perda zyyany barmy hayysh aydayyn?
Sitata
 
 
#15 Öde 2016-12-25 22:38
Öňki döwürlerde hem onanizm bilen meşgullanýan adamlar az bolmagyna garamazdan, häzirki döwürde tehnologiýanyň ösmegi bilen pornofilmleriň elýeterliligi, telewizorda erotiki filmleriň görkezilmegi, ýaşlaryň öz wagtlaryny biparh geçirmekleri, onanzme giň ýol açylmagy bilen utgaşaýdy öýdýän.
Sitata
 
 
#14 Tyrry 2016-08-26 09:35
Adamlar syrly bolup durýan bu duýgyny erki elden bermän ýeňmeseler başga zatlara ynanyp, hötde gelerler öýdemok.
Sitata
 
 
#13 Çorly. 2016-05-29 12:24
Ýanýoldaşy, ýagny aýaly bilen ýaşap ýören onanizm bilen meşgullanyp ýören bolsa, onda oňa hakykatdanam keselli, ýagny şizik (şizofreniýa)diýip açyk aýtsa bolar. Onda-da ol ötegeçmesi bolaýmasa!
Sitata
 
 
#12 AdymyÝazmagaUtanýan 2016-05-24 02:36
Lukman köp sag boluñ! Indi düşnükli memdäki käbir ýagdaýlar. 5/5 stars
Sitata
 
 
#11 Okyjy 2016-05-11 10:52
Mastrubasiya ÿetginjeklik döwri bolup, geçip gidÿärmikä diÿÿän. Bu makalada masturbasiya kesel ÿaly beÿan edilipdir. Bu makala ÿetginjekleriñ ÿalñyš düśünmekleri mümkin.
Sitata
 
 
#10 Ayhan 2016-05-09 14:41
mastrubasiya b.n gyzlaram meshgullanyamyyyyy, boźeeee, Ajy hakykat: mastrubasiya edilyan wagt (oglanlarda) goz onune getirme oglan b.n gyzyn jynsy gatnashykdaky pursaty 60-70 % adamlarda goz onune getirlip edilya, (dine gyz yalanaclygny goz onune getirip mastrubasiya etyan gaty az, bu bolsa oglanlaryn 30-35 % ni galiboylyga getirya! ( dine yalanac gyzy goz onune getirip mastr etyanler seks taydan aktiw) ÇESHME GORKEDIP BILJEK DAL
Sitata
 
 
#9 Eziz 2016-05-08 22:33
Kop sagbolyñ!
Sitata
 
 
#8 Döwran. 2016-05-08 20:24
Wajyp,aýratyn hem ýaşlar üçin wajyp makala. Bedeniň kämillige başlamagy bilen ýaşlaryň aglaba köpüsi üçin ol gutulgysyz häsiýet. On bäş, on alty ýaşda möwjäp ugraýan masturbasiýa üçin wagtyndan öň seks bilen meşgullanyp ýa-da öýlenmek, gyzlar üçin äre çykmagam ýerliksiz ahyryn.
Sitata
 
 
#7 Lekar 2016-05-08 19:22
Quoting eziz:
Salam hormatly Lukman. Masturbasiya gecirilmagi bilen saç düşmä täsiri yada zyýany barmyka? Lukman Ýenede bir sorag. Men Masturbasiya edemok yöne gije düşime mejbury ýagdaýda saklanyp bilmañ galýan. Ýagdaýyny tapsañyz soragyma jogapsyz goýman okanyñyz ucin sag bolyñ!

Eziz siziň bu ýatýanynyz kadaly we islendik sagdyn jynsy ýetişiklikde bolmaly ýagdaý..düýşüňe gyzlaryň girip spermanyň seniň aňyňa bagly bolmazdan çykmagy..bu barada doly maglumatlary şu salgydan okap bilersiňiz!
http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-durmus/yetginjekler-dunyasi/1021-pollyusiya-ya-da-seytan-oynama-name.html
Sitata
 
 
#6 Dovran 2016-05-07 22:31
Lukman maňa haçan jogap bererkä?
Sitata
 
 
#5 Mämmet. 2016-05-06 23:13
Bizä onanizm bilen kösenip lukmanlaryň kömegini haýyş edip ýörene duşamyzok. Ýaşlykda bolup geçýän bu duýgy soň ulularda aglaba köpüsinde geçip gidýärmikä diýýärin. Ýöne uly adam utanjy ýitiren bolsa onçasyny bilemok.
Sitata
 
 
#4 eziz 2016-05-06 18:29
Salam hormatly Lukman. Masturbasiya gecirilmagi bilen saç düşmä täsiri yada zyýany barmyka? Lukman Ýenede bir sorag. Men Masturbasiya edemok yöne gije düşime mejbury ýagdaýda saklanyp bilmañ galýan. Ýagdaýyny tapsañyz soragyma jogapsyz goýman okanyñyz ucin sag bolyñ!
Sitata
 
 
#3 Dovran 2016-05-05 13:09
Hormatly lukman! Eyakulyasiyanyn wagty nadip uzaldyp bolarka? Shu babatda men sizin maslahatynyza matach
Sitata
 
 
#2 Dovran 2016-05-05 13:06
Peydaly makala
Sitata
 
 
#1 Gerçek 2016-05-03 13:49
Ýaşlaryň dogry düşünje alyp özünde bolup geçýän özgerişlere ünsli bolmagyna itergi berjek makala üçin awtorlara minnetdarlyk bildirýärin!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele