Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar EGER ISLEG BOLMASA... ÝA-DA JYNSY HÖWESI PESELDÝÄN SEBÄPLER
( 39 Ses Berme )

Elbetde, jynsy gatnaşyklary hemişe islemek ýagdaýy hem, edil oňa isleg bildirmezlik ýaly bozulmalara degişli edilýändir. Ýöne bu gatnaşyklara günüň dowamynda 5 gezege çenli isleg bildirme ýagdaýy bilen deňeşdirlende, jynsy höwesiň ýitmegi has ýygy duş gelýändir.

Seksologlaryň bellemegine görä, höwesiň ýitmeginiň sebäpleriniň anyklanylmagy, ony döretmegiň çärelerini tapmaga kömek edip biler.

Stress

Emosional dartgynlylyk ýagdaýynda adam jynsy gatnaşyklaryndan başga hemme işleri, gündelik endiklerini ýerine ýetirip bilýär. Stress bagtlylyk gormonlarynyň bölünip çykyşyny togtadyp, jynsy höwesi duýmakda bökdençlik döredýär. Ruhy dartgynlylyga getirýän sebäplere garamazdan: işdäki kynçylyklar, öý-hojalyk aladalary ýa-da ýakynlaryň bilen tersleşme − şeýle aladalardan hemişe adamyň seksual durmuşy "ýitgileri" çekip bilýändir. Strese getirýän sebäbi aradan aýryp, jynsy höwese bolan islegi dikeldip bolar.

Ýanýoldaşyň bilen aragatnaşygyň bozulmagy

Höwesiň ýitmeginiň has ýygy duş gelýän sebäplerine jübütleriň dawalaryny, tersleşmelerini, biri-birine düşünişmezliklerini degişli edip bolar. Eger erkek adamlar tersleşme meselelerini, "öýke ýazmagy" ýakyn gatnaşyklaryň kömegi bilen çözmäge ýykgyn edýän bolsa, tersine, aýallarda oňa bolan höwes doly ýitip bilýändir. Şonuň üçin hem, eger pynhan gatnaşyklara sowuklyk aralaşan bolsa, biri-biriňize bolan ynamlylygyň we aragatnaşyklaryň derejesini barlap görüň.

Alkogol

Güýçli bolmadyk alkogol içgisiniň köp bolmadyk mukdary siziň jynsy höwesiňizi ýokarlandyrmaga kömek etse hem, onuň mukdarynyň köpeldilmegi bedeniň seksual duýgurlylygyny peseldip biler. Ondan başga-da, köp aýallara serhoş, agzyndan aragyň ysy gelip duran erkek adam bilen aragatnaşygy gurmak diýseň ýakymsyz bolýar. Esasy çykalga − içmezlik.

Ukynyň ýetmezçiligi

Düşekde ilki bilen ukynyň alynmalydygyny, diňe soň onuň pynhan gatnaşyklary ýerine ýetirmegiň "meýdançasyna" öwrülýändigini ýatda saklamalydyr. Uky ýeterlik dowamly bolmalydyr. Eger siz ukyňyzy almaýan bolsaňyz, seksual "işdämenligiňiziň" peselýändigine geň galmaň. Siziň bedeniňiziň ol islegi döretmäge kuwwaty ýetenok, çünki bu gatnaşyklary amala aşyrnak uly güýji talap edýändir.

Çagalar

Eger çaga dogmazdan öň aýalyň jynsy gatnaşyklara bolan islegi bar bolan bolsa hem, çaganyň dogmagy bilen isleg üýtgäp biler. Onuň sebäbi çaga emdirilýän döwürde höwes dörediji gormonlary togtadyjy prolaktinde hem däl. Ýadawlylyk − esasy sebäpdir. Çaga idetmek köp wagty we güýji talap edýär. Hatda çaganyň atasy hem jynsy islegiň ýitendigini duýup biler. Çykalga − çaga seretmekde kömek etmäge isleg bildirýän ýakynlaryňyzyň kömegini almakdyr.

Derman serişdeleri

Käbir derman serişdeleriniň ulanylmagy seksual islegi peseldip biler:

► Ruhy gamgynlylyga garşy ulanylýan dermanlar;

Gan basyşy peseldýän dermanlar;

Göwreliligiň öňüni alýan gerdejikler;

Himiýa bejergisinde ulanylýan serişdeler;

AIW garşy serişdeler;

Finasterid.

Bu derman serişdelerini kabul edýän wagtyňyz, başga sebäpler bolmazdan jynsy höwesiň peselýändigini duýýan bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. Ol dermanyň mukdaryny azaltmagy ýa-da ony täsiri boýunça başga dermana çalyşmagy maslahat berer.

Öz bedeniňi halamazlyk

Eger siz öz daşky keşbiňizden hoşal bolsaňyz, onda özüňizi seksual gatnaşyklarda ynamly duýup bilersiňiz. Eger özüňize aýnada seretmek ýakymsyz bolsa, özüňiziň üýtgedip biljek zatlaryňyzy üýtgediň (özüňize serediň, kosmetolog lukmanyna ýüz tutuň). Özüňize bagly däl zatlar (meselem, boýuňyz, aýagyňyzyň ölçegi, ýüzüňiziň görnüşi) oňaýsyzlyk döretse, psihoterapewt lukmanyna ýüzleniň. Öz bedeninden we görkünden nägile ýanýoldaşyňyza kömek ediň. Onda özüne bolan ynamlylyk, hoşallyk, söýgi dörediň.

Artykmaç agramlylyk

Bedeniniň artykmaç agramlylygyndan kösenýän adamlarda jynsy islegiň peselmegi ýygy ýüze çykyp biler. Onuň sebäpleri höküminde öz-özüňe göwnüň ýetmezligini hem, gormonal bozulmalary hem belläp bolar. Sport bilen meşgullanyp, iýmitiňizi çäklendiriň − höwes täzeden dörär.

Saglyk ýagdaýlary

Aýallarda keýp alma (orgazm) ýagdaýynyň, erkek adamlarda bolsa ujydyň gönelmeginiň bozulmalary pynhan gatnaşyklara bolan höwesi sowadyp bilýän sebäplerdir. Eger lukman erkek adamyň ýagdaýyny "erektil disfunksiýa" diýip kesgitlemedik bolsa, bu ýagdaýy onuň aýaly düzetmäge kömek edip biler. (Saýtda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk", "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makalalary oka) Ýanýoldaşyňa bolan söýgi, düşünme we üstünlige bolan ynam şowsuzlyk gorkusyny ýeňip geçmäge kömek eder. Bu bozulmanyň psihologiki sebäplerini psihoterapiýa usullary aradan aýyrmaga kömek edýär.

Aýallarda hem meňzeşräk ýagdaýdyr. Eger aýal maşgala bu gatnaşyklardan ruhy lezzet alyp, oňa orgazm duýgusyny her gezek başdan geçirme hökman däl bolsa, onda aladalanmaga esas ýokdur. Biri-biriňizi duýuň we söýüň − lezzetlilik duýgusy hemişe siziň hemraňyz bolar.

Testosteronyň derejesiniň peselmegi

Eger endokrin keseller sebäpli ýa-da ýaş ulaldygyça (erkek adamlarda) testosteron gormonynyň derejesiniň peselmegi siziň jynsy höwesiňize zyýan ýetirýän bolsa, lukmana ýüz tutuň.

Ruhy gamgynlylyk

Ruhy gamgynlylyk sizi lezzet berip biljek hemme zatlardan, şol sanda jynsy höwesden hem juda düşürjek sebäp bolup durýandyr. Çykalga − psihoterapewt lukmanyna ýüz tutuň we gamgynlylygyň psihologiki bejergisini ulanyň.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Magtym 2017-01-04 00:00
Aýalyň seksuallygy ýaramaz ýagdaýynda jyns gatnaşyklaryň lezzetli boljakdygyny pikir edip hem oturma. Aýal seniň ýagdaýyňa düşünip, goltgy beren babatynda jyns gatnaşygyň başgarak bolar.
Sitata
 
 
#3 Myrat 2016-05-03 11:29
salam ...ayaldaky yiti viruslar nadip peyda bolyarka name sewapden .we ol doran wiruslary nadip ayyryp bolarka .mumkin bolsa maslahat berseniz .ullakan haysh bilen .shu wirusyn zyyany bn 2_cagamdan ayryldym.......mumkin bolsa komek edayin ....
Sitata
 
 
#2 Gumman. 2016-04-06 22:07
Saýtda ýazylan her bir düşündiriş seniň göwnüňe düşnükli bolaýýar. Dogrudan hem olaryň biriniň azajyk beýleräk bolan ýagdaýynda jyns gatnaşygynyň bozulmagy mümkin. Şonuň üçinem kada bozulan ýagdaýynda her bir adam olardan takyk many çykarmaly.
Sitata
 
 
#1 Bahram 2016-04-05 00:54
Är-aýalyň arasyndaky jyns gatnaşygy kadaly bolmasa, halyň harap bolýandygy şübhesizdir.Aýratyn hem, tebigaty boýunça erkek üçin ruhy taýdan göwnüçökgünlige getirýän ýagdaýdyr. Wagtynda ondan çykalga tapsaň aşygyň alçy gopdugy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele