Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar GIJEKI AÝRALYK: TARAPDARLAR WE GARŞYDAŞLAR
( 50 Ses Berme )

Asyrlaryň jümmüşinden öz gözbaşyny alyp gaýdýan maşgala gatnaşyklary düzgünleriniň gadymylygyna garamazdan, är-aýalyň gijeki ukysynyň bile ýa-da aýry alynmagynyň dogrulygy baradaky soragyň töwereginde jedeller şindiz hem azalanok. Elbetde, şeýle pynhan meselede belli bir düzgünlere eýermegiň asla geregi ýok. Sebäbi bir maşgala jübüdi üçin ýaramly düzgüniň, başga jübütde agzalalyk döredip, maşgalanyň dargamagyna getirip biler.

Geň bolup görünse hem, dünýä statistikasynyň bellemegine görä, her 100 nika bozulmalarynyň 7-si är-aýal düşeginde jübütleriň haýsy hem bolsa biriniň günäsi bilen ukynyň dowamly alnyp bilmezligi sebäpli döräpdir. Elbetde ukynyň ýeterlik alynmazlygynyň adamynyň gaharjaň, ýadaw bolmagyna, dowamly ýadawlyk sindromynyň ýüze çykmagyna, maşgalada düşünişmezlikleriň, dawalaryň, seksual sowuklygyň, işde bolsa iş öndürijiligiň pese gaçmagyna getirip biljekdigi şübhesizdir.

Lukmanlaryň hemmesi bir pikirde: doly dynç alma we fiziki hem-de ruhy taýdan taplanma üçin adama günde 7 sagatdan az bolmadyk wagt uklama wajypdyr. Köp alymlar bolsa zenanlar üçin bu wagtyň ýene 2 sagat dowamly bolmagyny ündeýärler.

Ýöne "Uky şalygyna" syýahaty bile geçirmelimi ýa-da aýry? Aýry düşekde we otagda ýatmagyň tarapdarlary şeýle düşündirişleri delillendirýärler:

► Adamsy ýa-da aýaly ukuda gaty hor çekýär. Dogry, dermanhanadan ýörite gulaklary ýapyp bolýan serişdeleri alyp ulanyp bolar. Ýöne bu usulyň hem kömek etmeýän halatlary az bolanok.

Maşgalada öz otagynda we düşeginde ýatmak islemeýän kiçi ýaşly çagalar bar. Şeýle ýagdaý seýrek duş gelenok. Oňa her ikinji maşgala jübütleri sezewar bolýarlar. Hemişe diýen ýaly kiçi çagalar bilen ene ýatýar, ýöne maşgalada iki we ondan hem köp kiçi çaga bolsa, beýle borjy ene-ata deň paýlaşmaly bolýar.

Adamsy alkogol içgileri kabul etmäge ýykgyn edýär. Elbetde, aragyň ysy "burk urýan" otagda ýatyp, ondan dem alma ýakymly bolasy ýok.

Adamsy we aýaly günüň dürli wagtlary işläp, dürli wagtda uklamaly bolýarlar. Köplenç olaryň biri soňky düýşleri görýärkä, beýlekisi işden surnugyp gelip, ýatmaga taýynlanýar.

Är-aýalyň biri hemişe ýorgany öz üstüne çekýär. Ýöne şeýle ýagdaýda aýry ýorganlary ýapynma oňaýly bolardy.

Düşek ýa-da är-aýal ýatak kürsüsi näçe giň bolsa-da, olaryň biri el-aýaklaryny atyp, bar düşegi eýeleýär we öz ýanýoldaşyny düşegiň gyrasyna süýşürýär.

Käbir adamlar öz ýanýoldaşyň gözüne saçlary hüžžük, ýuwunylmadyk, serenjam berilmedik halda görünmegiň gereginiň ýokdugyny we bu ýagdaýyň özüňeçekijiligi peseldýändigini belleýärler.

Seksopatologlar geçirilen tejribelerden soň, seksual sazlaşygyň jynsy gatnaşyk wagty bir düşegi ulanyp, soňundan aýry ýatýan maşgala jübütlerinde ýokarydygyny bellediler.

Ýöne köp maşgala jübütleri ýokarda bellenen delillere kynçylyk höküminde garamaýarlar we bu babatda olaryň öz pikirleri bar:

Maşgala jübütleriniň aýry düşekde we otagda ýatmagy, olaryň düşünişme ukybyny hem-de seksual islegini gowşadýar. Olar üçin bir düşekde uklama – ynamlylygyň, mähriň we söýginiň nyşany bolup durýar. Gadymy gruzin naklynyň aýtmagyna görä "Söýýänler paltanyň gynynda hem uklarlar".

Aýry otaglarda ýatmak howplydyr. Näme üçin? Ol saglyk üçin howplydyr. Jübütleriň birinden biri özüni erbet duýan wagty, ýanynda derman alyp berere ýa-da lukmany çagyrara adam bolmasa, bu ýagdaýyň pajygaly gutarjagy bellidir.

Käbir psihologlaryň pikirine görä, uklama wagty är bilen aýalyň arasynda döreýän aralyk iru-giç aýry-aýry diňe bir ukyňy almaga mümkinçilik bermän, eýsem biri-birsiz ýaşap boljakdygy baradaky pikire hem getirip biler. Pikirlenmeleriň we hyýallaryň bolsa amala aşýandygy bellidir. Bizi biynjalyk edýän zat barada bir gezek pikire batyp, biraz wagtdan onuň durmuşda amala aşandygyny görüp bolýar.

Dürli pikirlere we delillere garamazdan, gijeki ukyňy bile ýa-da aýry alma meselesini diňe jübütleriň özi çözüp biler. Ukynyň nähili ýagdaýda alynýandygyna garamazdan, esasy zat – ol siziň duýgularyňyza, gatnaşyklaryňyza, maşgalanyň ýagdaýyna täsirini ýetirmän, peýdaly we sagdyn bolmalydyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Ýamat 2017-02-12 01:30
Aralary ýygy-ýygydan dogup çül çagaly bolsaň, göwnüň islese hem gujaklaşyp, ysgaşyp ýataýmak köplere başartmasa gerek. Munuň üçin esasy zat rahatlyk gerekmikä diýýärin.
Sitata
 
 
#4 Baky. 2016-03-23 00:32
Kinofilmlerde arassa ýorgan düşekde ýatan är-aýaly görenimde bir hili höwes edenimi duýman galýarsyň. Indi näçe ýyllardyr, jyns gatnaşygynda bolaýmasa aýalym, özüm aýra düşekde ýatýarys. Öwrenişipdiris, ondan biziň söýgümiz sowaşyp baranok.
Sitata
 
 
#3 Ýigit. 2016-01-24 19:58
Saýtyň aýry otagda ýatmak saglyk üçn howplydyr. diýip ýazanyny goldaýaryn. Ol aýratyn hem gartaşan adamlara degişlimikä diýýärin, sebäbi öz aýalyň aýdylyşy ýaly ýaşlykda oýnaşyň, orta ýaşda dostuň, gartaşaňda enekäň ýaly bolýar diýýärler. Enekesiz ýaşamak bolsa durmuşda howpy döredýär.
Sitata
 
 
#2 Ýalňyz 2015-11-10 20:12
Bile ýatmakda möhüm orny aýallara degişlimikä diýýärin. Olaryň "magniti" erkekleriňkiden güýçli bolup, erkekleri özüne çekmek güýji erkekleriň aýallary çekmeginden köp esse artyga. Esasy zat erkegiň mähirliligine bagly.
Sitata
 
 
#1 Annanur 2015-11-08 22:24
Gozun doguland casy bolsa, iki yasyndaky cagany duzedip bolarmy
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele