Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar MEN DOGANOGLANYMY HALAÝARYN…
( 53 Ses Berme )

Häzirki döwürde biziň jemgyýetimizde baglanşylýan garyndaşara nkalaryň sany azalyberenok. Dogry, Ýewropa ýurtlarynda we Demirgazyk Amerikada beýle nikalaryň sany 1%-den ýokary däl, ýöne Aziýa ýurtlarynda olaryň sanynyň ýokary bolmagy syn edilýär.

Türkmenistanda garyndaşara nikalaryň derejesi barada anyk maglumat ýok, ýöne biziň jemgyýetimizde hem baglanşylýan şeýle nikalaryň sany öňki ýyllar bilen deňeşdirlende biraz peseldi. Bu peselmäni bolsa ilki bilen ýaşlaryň gözýetiminiň giňelmegi, migrasiýanyň ýokarlanmagy bilen düşündirip bolar. Oňa garamazdan, ýaşuly nesliň pikirine görä, garyndaşara nikalar öz berkligi we agzybirligi bilen tapawutlanyp, guda bolan maşgalalaryň maddy we ruhy gymmatlyklaryny saklamaga ýardam berýär. Onuň şeýledigini tassyklaýan ýa-da ret edýän maglumatlar ýok, ýöne bu nikalaryň täze, doguljak nesil üçin howplydygy barada lukmanlaryň düşündirişleri aýratyn ünsi talap edýär.

Genleriň "oýny"

Geliň genetikanyň kanunlaryny ýada salalyň. Adam özünde 30 müňe golaý geny göteriji bolup, olar jübütler görnüşinde ýerleşýärler. Olaryň biri atasyndan "miras" alynsa, beýlekisi enesinden alynýar. Dominant (üstün çykyjy) we resessiw (gowşak täsirli) genler tapawutlandyrylýar. Şeýle dominant geniň özi hem "sag" jübütinden üstün çykyp, nesil yzarlaýan keseliň döremegine getirýär. Meselem, Gentingtonyň horeýasy ýaly seýrek duş gelýän kesel. Resessiw geni göteriji adam bolsa bütin ömrüni sag bolup, bu şikesli geny çagalaryna geçirip bilýändir. Ýöne şikesli, resessiw geniň täsiri, beýleki atadan (ýa-da eneden) alnan sag gen jübütiniň kömegi bilen basylýança, kesel ýaýbaňlanmaýar. Garyndaşara nikalaryň howplulygy hem şonda: garyndaşlarda meňzeş genler köp bolýar. Edil şuňa meňzeş ugur bilen ençeme agyr nesil yzarlaýjy keseller geçirilýär: lal-güňlük keseli, albinizm, nerw ulgamynyň we nesil yzarlaýjy alyş-çalyş ulgamynyň keselleri. Şonuň ýaly-da, ýakyn garyndaşlaryň nesillerinde diňe bir nesil yzarlaýan keselleriň döreme derejesi ýokarlanman, eýsem çaga düwünçeginiň düşme, öli çaga bolma we doga kemçilikli çagalaryň dünýä inme töwekgelçilikleri ýokarlanýandyr.

Ýöne garyndaş ene-atanyň ikisi hem şeýle üýtgän (keselli) geni göteriji hem bolsa, olardan dogjak çagalar hemişe nesil yzarlaýan keseller bilen kesellemeýär. Sebäbi üýtgän geni göterijileriň jynsy öýjükleriniň diňe ýarsy bu üýtgemeleri saklaýandyr. Eger düwünçek iki sany kadaly, sag öýjüklerden ösüp başlasa, çaga geljekde sag bolup biler, çünki ol ene-atadan uýtgän geni almaýar. Eger düwünçek bir sag we bir üýtgän öýjüklerden emele gelse, onda hem sag bolar, ýöne öz ene-atasy ýaly ýaramaz geni göteriji bolar.

Aýdylanlardan bir esasy netije çykaryp bolýar: nesilde garyndaşara nikalaryň sany näçe köp boldugyça, şonça hem ýaramaz, keselli genleriň utgaşmagynyň köp emele gelme töwekgelçiligi artýandyr. Şuňa mysal edip, lukmanlar Ýewropada belli bolan Gabsburglaryň maşgala daragtyny ýatladýarlar. Patyşa maşgalalarynyň agzalary köp ýyllaryň dowanynda garyndaşara nikalary baglanşypdyrlar: Filipp-II birinji nikasynda öz doganoglan uýasyna öýlense, ikinji nikasyny ýegeni bilen baglanşypdyr. Onuň ogly Filipp-III doganoglan uýasyna öýlense, agtygy Filipp-IV ýegeni bilen nika baglanşypdyr. Taryha olaryň ruhy taýdan kemçilikli, kemakyllylygyň dürli derejelerinden ejir çeken, hiç hili döwlet işlerine ýaramadyk nesilleri bellidir. Ýene bir mysal – nesilden nesle, süýtdeş aýal we erkek doganlary bilen nika baglanyşan müsür faraonlarynyň maşgalalary. Eger olaryň nesilleri edil şu sebäpden ýitip giden bolsalar hem, olaryň nesillerinde garyndaşara nikalaryň baglanşylmagynyň düzgün bolup galandygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Howplulyk derejeleri

Genetikler ýakyn garyndaşara nikalary howplulyk derejesi boýunça aşakdaky toparlara bölýärler:

1. Süýtdeş erkek we aýal doganlar, dürli ýumurtgalyklardan emele gelen ekizler, ene-atalar we çagalar birinji derejeli garyndaşlara degişli bolup, olaryň arasyndaky gatnaşyk "insest" (latyn. – gadagan) diýip atlandyrylýar. Şeýle gatnaşyklar lukmançylyk we etiki kadalara görä köp ýurtlaryň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilendir. Şeýle-de, eneleri ýa-da atalary bir bolan erkek we aýal doganyň arasynda baglanşylýan nikalar gadagan edilýändir. Şeýle nikada näsag çagalaryň dogulma töwekgelçiligi 60-65%-e deňdir.

2. Daýylar, daýzalar, ýegenler, mamasy we babasy ikinji derejeli garyndaşlara degişli edilip, olardan keselli çaganyň dogulma töwekgelçiligi 25%-e barabardyr.

3. Doganoglan aýal ýa-da erkek, üçünji derejeli garyndaşlara degişli bolup, olarda näsag çaga dogulma howpy 4-6%-i düzýändir (maşgalada nesil yzarlaýan keselleriň we nesillerinde ýakyn garyndaşlyk nikalaryň bolmadyk halatynda). Başga tarapdan seredeniňde, doganoglan jübütlerinde sag çaga dogma ähtimallygy 94-96% barabardyr.

Men doganoglanymy halaýaryn

Eger bardy-geldi, müňlerçe oglanlaryň we gyzlaryň içinde, sizde dörän söýgi oduny diňe doganoglanyňyz tutaşdyryp, diňe onuň bilen bagtly durmuşy meýilleşdirýän bolsaňyz, onda sizi gutlaýmak galýar. Ýöne toý dabarasyny tutmazdan öň, öz nesil daragtyňyzy düzüp we öwrenip (geçen nesilleriňizde garyndaşara nikalaryň sany we duş gelen nesil yzarlaýan keseller barada maglumatlar), genetik lukmanyň maslahatyny almak örän ýerlikli bolar. Genetik lukmanlar siziň nesil daragtyňyzy öwrenip, geljekki nesilleriňize howp salyp biljek keselleriň bardygy ýa-da ýokdugy babatda maglumat almaga kömek edip bilerler.

P. S. Bir maşgalada nesilden nesle diňe nesil yzarlaýan keselleri saklaýan genler geçirilmän, akyllylyk, başarjaňlyk häsiýetlerini kesgitleýän genleriň toplumy hem geçirilýändir. Taryha ylyma we sungata uly goşandyny goşan agzalary bilen tanalýan maşgalalar bellidir. Meselem, kompozitor I. S. Bahyň kyrk alty garyndaşy ussat sazandalar höküminde belli bolupdyrlar. L. N. Tolstoýyň we A. S. Puşkiniň eneleriniň ejeleri süýtdeş dogandyrlar.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 mekan 2016-04-21 19:46
salam. egerde atanmyz dogan bolsa nahili bolar
Sitata
 
 
#9 Toýly. 2016-01-21 00:20
Hormatly Lukman! Siziň garyndaşlyk nikasy hakynda ýazanyňyzy okap, özümi örän bagtly hasap edýärin. Meni daýzamyň gyzyna öýlendirdiler, dört çagam sad aman ýaşap ýörler. Tohum äýjükleri hakynda okanymdan soň, aýalyma söýgüm hasam artdy. Belkäm aşygym "alçy gopandyrda"
Sitata
 
 
#8 Okyjy. 2015-11-06 01:32
Garyndaşara nikalardan dünýä inýän çagalaryň bir näçeleri soň döwlet üçinem, ata-enesi üçinem uly betbagtlyk. Wagtyň görkezmegi bilen mümkin boldugyça kanun esesynda ol nikalary ret etmeli. Zyýany hakynda weli ýaşlaryň arasynda düşündirişi giňden ýaýbaňlandyrmaly.
Sitata
 
 
#7 Tuwak. 2015-10-09 23:08
Garyndaşlykda nikanyň arkasynda köp halatda maşgalanyň maddy ýagdaýy keserip durýar. Bizde halkyň başynda bela bolup duran galyň nämelere itermeýär. Garyndaş arasyndaky ylalaşyk beýleki zatlardan rustem gelip, özge islegleri çete çykarýar.
Sitata
 
 
#6 Gartaşan. 2015-09-19 07:21
"Söýgi görk islemez, uky ýassyk" diýilişi ýaly söýýän bolsaň özüňe garşy durmak hemmelere başardyp duranok. Aý, inim takdyra ten berip näme öýlenmeli borsyňda, bular öňem durmuşda bolan zatlar.
Sitata
 
 
#5 Durun. 2015-09-18 01:04
Garyndaşara öýlendirmek ýa-da gyzy äre bermek könäniň galyndysy bolup dowam edip barýar. Bizde käbir taýpalarda biri-birinden gelin edinip, gyz almak öňden ýoň bolan zat.
Sitata
 
 
#4 Zöhre. 2015-08-20 08:46
Doganoglanyňy söýmäňde näme aýal-gyzyň soňy görünip durmy. Hemme duýgularda hem özüňe basalyk bermeli we halk arasynda gelişmeýän zatlardan daşrakda durjak bolmaly. Şu gün bolmasada soň amala aşyrmadyk zadyňa ökünmersiň.
Sitata
 
 
#3 Galandar. 2015-08-19 00:07
Aý gardaş! Söýgüň tutaşyp asmana galan bolsa näme diýjek, doganoglanyňy söýde maksadyňa ýet. Ýöne durmuş seniň öňüňde, ol hem uzak bolsa, soňrak çoşgara çolaşyp heläk bolaýma. Lukmançylygyň subut edişi ýaly oňatja pikiri kelläňde aýlap, nesiliň hakynda hem ýazylanlara gulak as, bolmasa "soňky tüýkülik sakgal ezmez" bolaýmasyn.
Sitata
 
 
#2 Okyjy. 2015-08-16 01:08
Peýdaly, durmuşy makala. Ýöne biziň türkmenlerimizde durmuş guranlarynda nesil daragyty, nesilden-nesile geçýän keseller bilen gyzyklanýan ýaşlara ýokmyka diýýärin. Ulylar hem bu ýagdaýa parhsyz garaýarlar.
Sitata
 
 
#1 maral 2015-08-15 18:25
Gary gyzykly Makala adamlarymyz uchin
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele