Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn jynsy gatnaşyklar
( 103 Ses Berme )

Bu gün hemişe ykjam we şadyýan Gözeliň daş-töweregi bilen hiç seri ýokdy. Bölüm müdüriniň beren tabşyryklaryny ýatlamak üçin ünsüni jemlemäge edýän synanşyklary başa baranokdy. Müşderler bilen iş haýal gidýärdi. Wagtyň geçmegi bilen Gözel olary diňlemeýändigini we käbir soraglary gaýtalap soraýandygyny aňşyryp utandy. Howsaladan we gynançdan dolan ýüregi ýarylyp, hemmelere onuň hasratyny äşgär etmäge synanyşjak ýaly bolup göründi.

Ol adamsy Myrat bilen bagtly ýaşaýardy. Iň bolmanda şu güne çenli ol şeýle hasaplaýardy. Myrat uly hojalyk birleşmesinde baş inženeriň wezipesini ýerine ýetirýär. Olaryň iki çagasy ösüp gelýär. Köp ýyllar hususy jaýsyzlykdan kösenip ýaşan maşgala ýaňy-ýakyn täze jaýa göçüpdiler. Ilki bilen maşgalanyň bähbidini ileri tutýan we adamsyny çyn ýüregi bilen söýýän hem-de sylaýan Gözel üçin Myratdan ýakyn we eziz adam ýokdy.

 
( 140 Ses Berme )

Siz: "Jynsy gatnaşyklar nämeden başlanmaly?" diýen soraga, elbetde, "Süýji we mähirli posalardan" diýip jogap bermegiňiz mümkin. Ýöne şol posalar ýanýoldaşyňyzyň bedeniniň dürli ýerlerine ussatlyk bilen paýlanan ýagdaýynda Siziň ten galtaşmalaryňyzyň nähili düýgurly, gatnaşyklaryňyzyň bolsa nähili lezzetli boljakdygyny bilýärsiňizmi? Megerem, bilýän bolsaňyz gerek. Aýallara we erkeklere mahsus duýgur "erogen nokatlaryň" gyjyndyrylmagy seksual hyjuwlylygy möwç aldyryp, Sizi jynsy gatnaşyklara taýynlaýar, olaryň has lezzetli we şypaly bolmagyna ýardam berýär.

 
( 175 Ses Berme )

Biz hemişe möwç alyp, öňe dyňzap barýan durmuş akymynyň ugry bilen hereket edip barýarys. Bir tarapdan şeýle bolmaly hem ýaly. Ýöne näme üçindir 10-15 ýyl ozal berk we agzybir maşgalada höküm süren söýgi hyjuwy ýatyşyp, är-aýal ýatakhanasyna sowuklyk we durgunlylyk aralaşýar. Söýgi duýgusy öçmedik hem bolsa, söýgi agşamlaryny öňki mähir we hyjuw bilen geçirmäge isleg hem bolanok, ýeterlik güýç hem galanok. Maşgaladaky seksual gatnaşyklar belli bir galypa salnyp, ol belli bir tertipde geçirilýär. Biz söýgi gatnaşyklaryny geçirmä, maşgalada göz öňüne tutulýan borçlulygy ýerine ýetirme ýaly garaýarys.

 
( 61 Ses Berme )

Lukmançylykda jynsy islegiň ýüze çykyş ugrunyň we ony kanagatlandyrmagyň şertleriniň bozulmalaryny jynsy azgynlyk, jynsy perwersiýa ( lat. "perversio" öwrülme) diýip atlandyrýarlar. Jynsy perwersiýalar jynsy islegiň ýüze çykyş häsiýetiniň bozulmalaryna degişli edilip, adamynyň jynsy kanagatlanma adaty bolmadyk usulyň kömegi esasynda ýetýändigi bilen häsiýetlendirilýär.

Olara jynsy gatnaşyklar üçin adaty bolmadyk özüňi alyp barma häsiýetiniň ýüze çykmagy ýaly bozulmalar degişlidir. Bu topara jynsy gatnaşyk geçirýän ýoldaşyňa ezýet berme arkaly (sadizm) ýa-da tersine, ol tarapdan ezýet, agyry duýup seksual kanagatlanmany alma degişli edilip bilner. Psihologlaryň bellemegine görä, mazohizmiň emele gelmeginiň düýp sebäbi, adama temmi berme ýa-da zulum edilmegi netijesinde onda alaçsyzlyk duýgusynyň döräp, ömürlik emosional yz galdyrmasy bolup biler.

 
( 100 Ses Berme )

Jemgyýetdäki gatnaşyklaryň arasynda jynsy gatnaşyklary ýaly inçeden çylşyrymly, köpdürli emosional taraply gatnaşyklar ýok bolsa gerek. Gatnaşyklaryň beýleki görnüşleri belli bir kada-düzgünler bilen alnyp barylýan bolsa-da, erkek bilen aýalyň arasyndaky gatnaşyklar durmuş akymynyň köp taraplaryna bagly bolup durýandyr. Köp meseleler emosional ýakynlylyk, seksual häsiýetnama ýaly faktorlara bagly bolup, olary belli bir kanunalaýyklyga deň getirme, belli bir ülňä salma asla mümkin hem däldir.

 
( 72 Ses Berme )

Adamyň durmuşynda ýüze çykýan ýagdaýlar, beden we ruhy saglygynda dörän aýratynlyklar onuň jynsy isleginiň, hyýalynyň üýtgemegine itergi berip biler. Jynsy islegiň (libido) üýtgemegi onuň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy görnüşinde döräp, dürli sebäpleri öz içine alyp bilýändir.

Jynsy islegiň peselmeginiň sebäpleri

 
( 72 Ses Berme )

Dünýä halklarynyň durmuş ýörelgelerinde, däp-dessurlarynda  görünýän özboluşlylyk bu halkiaryň jynsy gatnaşyklaryna hem degişli edilip bilner. Jynsy gatnaşyklardaky dürli-dürli aýratynlyklar şeýle bir özboluşlylygy, kähalatlarda bolsa geňgaldyryjylykly häsiýeti bilen tapawutlanýar welin, "Bah, şeýle-de bolýar eken-ow?" diýeniňi duýman galýarsyň. Ýöne bu gatnaşyklar näçe köpdürli, özboluşly bolsa-da, olaryň aňyrsynda maşgala gatnaşyklaryny, özara duýgulary pugtalandyrmaga gönukdirilen synanşyklar, islegler ýatandyr. Başga tarapdan bolsa, şeýle ýokary duýgularyň manysyna her halkyň özboluşly düşündiriş berýändigini göz öňüne tutmalydyr.

 
( 82 Ses Berme )

Biziň döwrümizde jynsy gatnaşyklary meselelerinde hemme zat ap-aýdyň, düşnükli ýaly. Bu barada maglumatlary biziň dürli çeşmelerden almaga mümkinçiligimiz bar. Oňa garamazdan, jynsy gatnaşyklaryň fiziologiýasy barada döredilen toslamalar agyzdan-agza geçip, goşmaça "täzelikler" bilen baýlaşýar. Geliň, pynhan gatnaşyklarda duş gelýän iň ýörgünli toslamalar bilen tanşyp, hakykaty mälim edeliň.

 
( 64 Ses Berme )

Adamyň iýýip-içýän zatlarynyň onuň durmuşyna, saglygyna gönüden-göni täsir edýändigi ählimize belli hakykat. Bu, elbetde, jyns gatnaşyklaryna hem degişlidir.

Adamlar ertirden agşama çenli iş bilen meşgullanyp, gije diňe süýji uky barada arzuw edýärler. Jyns gatnaşyklaryna bolan höwes peselmek bilen bolýar, ýadawlyk, dartgynlyk höküm sürüp başlaýar. Şeýle ýagdaýlarda afrodiziaklar kömege gelýär. Ösen ýurtlarda adamlaryň jyns gowşaklygyna garşy ulanylýan serişdelere köp pul harçlanylýar. Mysal üçin, Germaniýada seksual biperwaýlylyk bilen göreşe 17 million marka sarp edildi. Amerikada bolsa ilata afrodiziaklary satyn almak üçin, ýylyň dowamynda 300 müň resept ýazylyp berildi.

 
( 82 Ses Berme )

Erkegi we aýaly näme birleşdirýär? Olar näme üçin bir-birinden aýra ýaşap bilmeýärkä? Mümkin, munuň sebäbi olaryň garşylykly jynsa degişliligindedir. Erkekleriň we aýallaryň arasynda gatnaşyklar dürli häsiýete eýe bolup bilýär. Olar dostlukly, mähirli gatnaşyklarda bolup bilýärler. Emma erkek bilen aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyklaryň eýeleýän orny örän uludyr. Erkek we aýal bir-biri bilen ýakynlaşyp, ajaýyp fiziki we emosional taýdan lezzet alýarlar. Jyns gatnaşygynyň dowamynda erkek kişi diňe özi barada, öz islegini kanagatlandyrmak barada pikir etmän, öz söýgüli zenanyny hem kanagatlandyrsa, onda seksual gatnaşyklar belli bir kämillik derejä mynasyp bolýar. Şeýle ýagdaýlarda erkegem, aýalam bu ajaýyp söýgi pursatlarynyň dowam etmegini isleýärler. Elbetde, bu hereket ikitaraplaýyn bolmalydyr.