Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn garrama "ATAM, GEL IKIMIZ GEPLEŞELI!"
( 30 Ses Berme )

Adamyň ruhy saglygy köp babatda onuň başga adamlar bilen gatnaşygynyň hiline bagly bolup durýar. Gartaşan adamlar bilen gatnaşygy saklamagyň we söhbetdeş bolmagyň hem öz aýratynlyklary bolýar. Ýyllar arka atyldygyça, gartaşan adamlaryň saglygy düýpli fiziologiki üýtgeşmelere sezewar bolup, olar bilen saklanýan aragatnaşygy hem kynlaşdyryp bilýändir.

Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we gerontologlaryň birleşiginiň kabul eden bölünmesine görä, gartaşan adamlara – 60-74 ýaşlylar, garrylara – 75-90 ýaşly adamlar, uzak ýaşaýjylara bolsa – 90 ýaşdan ulular degişli edilýändir.

ÝAŞ AÝRATYNLYKLARYNYŇ ADAMLAR BILEN ARAGATNAŞYGA TÄSIR ETMEGI

Bedeniň fiziologiki garramagy netijesinde gartaşan adamlaryň özüni düýüşy erbetleşýär. Şol esasynda hem uly ýaşly adamynyň özüne berýän bahasy peselýär, özüni gereklenmeýän we hiç zady oňarmaýan ýaly göwniçökgünlik döreýär. Gartaşan adamlar özüni durmuş akymyndan yza galýan kimin duýup, şatlanma we durmuşyň lezzetini doly derejede duýma duýgusyny ýitirýärler. Şol sebäpden hem olarda başgalardan çetleşme, ýekelige ýykgyn etme, gamgynlylyk ýagdaýlary döräp biler.

Beýniniň ýaş bilen bagly üýtgemeleri netijesinde gartaşan adamlaryň pikirlenme hadysalary haýallaýar, pikirleri jemleme ukyby peselýär. Şol esasynda gartaşan adam esasy gürrüňden ünsüni bölüp, başga zatlar barada gaýtalap aýdyp bilýär ýa-da gürrüňde sabyrsyz bolup, käwagtlar gaharjaň tolgunmalar bilen hem gürrüňi bölüp bilýändir.

Ondan başga-da, gartaşan adamlar gürrüňdeş bolmakdan çalt ýadaýarlar. Güýçlerini tygşytlamak maksady bilen, olar az ähmiýetli hasaplaýan aragatnaşyk etmelerinden saklanýarlar.

Gartaşan we garry adamlaryň häsiýetine we ýaşaýyş tertibine mahsus birnäçe aýratynlyklary bellemek bolar. Geliň olaryň üstünde jikme-jik durup geçeliň.

WAKALARY "ÇIŞIRME"

Düzgün bolşy ýaly, gartaşan adamynyň durmuşy köpdürli wakalara baý bolmaýar. Ýöne ýönekeýje durmuş wakalary olaryň wagtyny dolduryp, günüň esasy manysyna öwrülip bilýändir. Netije-de, ýaşlar üçin wajyp bolup görünmeýän wakajyk hem, gartaşan adamyň bir gününiň ýaşaýyş manysyna öwrülip bilýändir. Meselem, telefonda gepleşme, öňki işdeş dotlary ýa-da goňşylary bilen gürrüňdeş bolmak, nepaga pullaryny gidip almak we başgalar.

Hut şu sebäpler üçin hem, öz garry ataňyzyň ýa-da gartaşan ejeňiziň, goňşyňyzyň ýanyna myhmançylyga barmazdan öň, güni we wagty babatda habardar etseňiz dogry bolar. Myhmançylyk saparyňyz barada öňünden habarlaşma we meýilleşdiren işlerine päsgel bermezligi göz öňüne tutma, olaryň ruhy asudalygyny we öz durmuşyna gözegçilik etme duýgusyny saklamaga ýardam berip biler.

WAGTYŇ ÖZBOLUŞLY KABUL EDILMESI

Gartaşan adam hemişe şu günki güni bilen ýaşaýar. Olaryň geçmişiniň her bir pursady hem häzirki wagtdada dowam edýär. Olaryň aýawlylyk, ätiýaçlyk üçin zatlary aýryp goýma häsiýeti hem şunuň bilen düşündirilýändir. Gartaşan adama özüni ünjä goýýan kynçylygy barada aýdyp, içini dökmezden, gürrüňdeşlikde başga mesele barada söz açma kynçylyk döredip biler.

ÖZÜNI TÄZEDEN ÝAŞ WE GUJURLY DUÝMA ISLEGI

Gartaşan adamlaryň öz geçmişi barada gürrüň etmegine islegiň ýokarylygynyň sebäbini bilmezlik, köp halatlarda olara döreýän düşünişmezligiň sebäbi bolup biler. Gürrüň berme wagty adam özüni ýene ýaş, owadan we gujur-gaýratly duýýar. Ol öz gazanan durmuşy üstünliklerini täzeden duýýar, hyýalynda köne dostlary, tanyşlary bilen duşuşýar. Gerontologlaryň bellemegine görä, ýatlamalar gartaşan adamyny emosional asudalyk bilen üpjün edip, özboluşly bir döredijiligiň görnüşi bolup hyzmat edýar, gamgynlylygy ýeňip geçmäge we şähdiaçyklyga eýe bolmaga kömek edýärler. Şonuň üçin hem, uly ýaşly adamlary ýatlamalara bolan isleginden mahrum etmän, tersine, oňa bolan islegi döretme peýdaly bolardy. Size bolsa, ýatlamaly gürrüňdeşligi alyp barmak üçin wagtyňyzyň belli bölegini tygşytlap goýma zerurdyr.

Gartaşan adamlaryň köpüsi öz deň-duşlary bilen aragatnaşyk saklaman, özünden kiçi, ýaş nesle degişli adamlar bilen söhbetdeş bolmaga ymtylýarlar. Abhaziýanyň uzak ýaşaýjylarynyň durmuş tejribesini öwrenýän barlaglar, goňşylary, ýakyn garyndaşlary bilen söhbetdeş bolmak, ýaş nesle maslahat berme mümkinçiliginiň bolmagy, garry adamlaryň ýaşaýşynyň dowamlylygyna peýdaly täsir edýändigini görkezdi.

ARAGATNAŞYGY GOWULANDYRMAGA KÖMEK EDÝÄN PURSATLAR

Saglygynyň gowşap başga adamlara garaşly bolmagy, gartaşan adamynyň özünden göwni geçip, özüni maşgalada artyk duýmagyna, başgalara "ýük" bolma gorkusynyň döremegine getirip biler. Aragatnaşykda onuň öz öňünde bahasynyň galdyrylmagyny, öz güýjüne ynanmagyny gazanma – siziň ilkinji amala aşyrmaly çäräňiz bolup durýar. Onuň garrylygyny ýatladyp durmaň. Onuň ýerine, onuň öz saglygyna seredişini, mellekde işleýşini, öýe serenjam berşini belläp, öwüň.

"Öz saglygyň barada alada edişiňe men şatlanýan", "Agşamlaryna gezelenç etmegiňä örän dogry", "Sen gaty şähdiaçyk görünýäň", "Bu mellegi gül pürkülen ýaly edäýpsiňiz!" diýen ýaly öwgüli sözler gartaşan adamlar üçin uly höweslendirme bolup biler.

Öz aragatnaşyk saklamalaryňyzy maşgala däbine öwürme hem gartaşan ene-atalaryňyz üçin uly ýeňillik döredip biler. Meselem, her gün agşam telefon arkaly jaň edip, ýagdaýyny sorama, her hepde şol bir günler myhmanşylyga barmak.

Gartaşan adamda özbaşdak bolmak ukybynyň saklanmagyny gazanyň. Maşgalada kiçijik bir işi ýerine ýetirmeden ony mahrum etmäň. Maşgala durmuşyna, hojalyk işlerine kömek edip, ol özüni maşgalanyň hakyky, gerekli, peýdaly agzasy höküminde duýýar.

Eger siz garry ata-enäňiziň, daýzaňyzyň ýaşaýyş şertlerini (öýde abatlaýyş işlerini başlaýarsyňyz, goşlaryň ýerini çalyşýarsyňyz we baş.) üýtgetmekçi bolsaňyz, olar bilen hökman maslahatlaşyň. Öz halaýan zatlarynyň arasynda galdyrmaga çalşyň. Halk arasynda: "Garry agajyň ýeri üýtgedilmeýär" diýip, aýdýarlar. Belki-de, ejeňiz üçin täze ýerde gurlan uly jaýdan, öz köp ýyl ýaşan, köneje jaýy has amatly we asuda görner. Öz ýakynlaryňyzyň psihologiki amatlyklaryny goraň. Size gowy bolup görünýän zat, gartaşan adam üçin hemişe ýaramly bolup bilmeýär.

Gartaşan adamlaryň psihologiki aýratynlyklaryny bilme, ýaş nesle olar bilen dogry we iki tarap üçin hem ýakymly söhbetdeşlik gurnamak üçin ähmiýetli bolup biler. Ýöne her niçik hem bolsa, bu aragatnaşygyň esasyny pähimli, köpi gören nesle bolan uly hormat, kömek etme we düşünme islegi düzmelidir. Ýyllaryň aýlanmagy bilen, özüňiziň hem şol ýaşlara barjakdygyňyzy unutmaly däldir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Ýaşuly 2014-10-31 00:04
Gartaşan garry adam üçin wajyp gerek zada öz ýaşyňa görä tebigatyň eçilen saglygy welin, esasy zatlaryň biri, oňa hormat göýýan maşgala agzalary bolmalymyka diýip pikir edýärin. Magtymgulynyň ýazyşy ýaly, "Hudaý berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni". Örän dürs aýdylan söz, durmuşda öz beýanyny aýdyň görkezýär.
Sitata
 
 
#7 Kerkili 2014-10-28 07:14
Her etraplarda ýa-da obalarda gartaşan adamlar boş wagtlaryny gyzykly geçirer ýaly abzallaşdyrylan (ýaşlaryna görä sport enjamlary, küşt, şaşka, gazýet-žurnallar... bilen) jemgyýetçilik ýerleri açylsa gowy bolardy.
Sitata
 
 
#6 Okyjy 2014-10-17 07:08
Gyzykly maglumat. Adam ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagy ýaşaýyş durmuşyň gowylygynyň, lukmançylyk hyzmatynyň nähilide bolsa ýokarylygynyň alamaty. Hany, öňki döwrüň adamlarynyň ömrüniň dowamlylygy bilen deňeşdirip göreliň. Olar dürli keseller sebäpli orta ýaşda (40-50 ýaşda) durmuş bilen hoşlaşypdyrlar.Ýöne uzak ýaşyň eşretini görüp, göwnejaý ýaşaýan gartaşan adamlar az. Olaryň bir bölegi dine uýup, "molla" bolmaga ymtylýarlar. Ikinji böleginiň aňyny sussypeslik gurşap, özlerini gereksiz köçä taşlanan hasaplaýarlar. Ýogsam olar işe ukyply ýaşulylar.
Sitata
 
 
#5 Synçy 2014-10-13 04:34
Tesbirçi Atsyz! Men seni sylaýan diýip ataňa kiçijik çaga ýaly göni aýtmarsyňa, sen uly adam, onuň psihologiýasyna düşünip, oňa bolan mähriň, aragatnaşygyň bilen ykrar edersiň. Ýöne şol ýakymly aragatnaşyk adamlaryň biri-biriniň arasynda-da ýitip barşy ýaly ata-ene bilen çagasynyň arasynda-da ýitip barýar.
Sitata
 
 
#4 atsyz 2014-10-10 23:35
Biz ýaşlar yaşuly adamlar barada "hawa, mne ululary sylaýan" diýmekden başga zat başaramzok. Hemme ýurtlarda bu aragatnaşyk uýtgedi. Indi ýaşuly adamy sylamak biziň milli häsiýetimiz däl diýp pikirlenýän.Näçe ýaş adamlar telefonlyna aňkaryp geçirýäler wagtlaryny ene atalary bilen adam ýaly gürleşip bilmän? Awtobuslarda galman oturýalar, ýer bermän!
Sitata
 
 
#3 Gartaşan 2014-10-09 05:24
Tesbirçi Pikirli dogry belläpsiňiz. Häzirki ýaşlaryňa köpüsi garramajak ýaly. Olaryň gartaşan adamlara sylag hormaty ýok.Olar özlerini hemme zady bilýän, ulylaryň maslahatynada mätäç däl hasap edýärler. Gerek ýerinde garşysyna bellik edip, degerli maslahat beripseň, öz diýeni, öz kellesi. Saňa öňki durmuşdan galan zat höküminde garaýarlar.
Sitata
 
 
#2 Pikirli 2014-10-06 07:06
Ýerlikli ýazylan makala. Hiç kimiň garrasy gelenok. Garrylyk wagty gelende hemmämiziň hem başymyzda bardyr. Ata-ene saýlanyp alnanaok, şonuň üçin ony bolşy ýaly kabul edip, olara sylag-hormat goýmaly. Olaryň bolmazlyklary tötänden duýdansyzdyr.
Sitata
 
 
#1 Agtyk 2014-10-03 05:47
Be-e-e! Gartashan adamlaryň güni hem barow! Biläýmeli. Bu güni Bütin dünýä derejesinde bellenýän bolaýmasa!? Türkmenistanda-ha shu günüň bellenýänini duýamyzak. Döwletde gartashan adamlara sylag, hormat bar bolsa ishe ukyply, tejribeli aňly-düshinjeli köp sanly hünärmenleri siz garradyňyz diýip ishden çykarylyp goýbermezdiler.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele