Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn garrama TÜRGENLEŞEN MYŞSALAR GARRYLYGA ÇENLI JUWANDYRLAR
( 13 Ses Berme )

Ýylyň islendik paslynda her bir erkek adama ynamlylyk berýän zat nämedir öýdýärsiňiz? Elbetde, gujur-gaýrat! 

Söýgüli aýalyny garraýança ellerinde götermek isleýän her bir erkek kişi hemişe gujur-gaýratda bolmagyň arzuwandydyr. Kimdir biriniň bu zatlar biderek diýip pikir etmegi hem ahmal. Ýöne onuň bu pikiri düýbünden nädogrudyr!

Adamyň ýaşyna garamazadan, her ýaşda-da berdaşly we çydamly myşsalary edinse bolýar. Alymlar gartaşan myşsalaryň gujur-gaýratyny, işjeňligini agram götermek arkaly saklap bolýar diýip hasaplaýarlar. Bu babatda daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan köpsanly barlag işleri geçirildi.

Kimdir biriniň bu nämä gerek diýmegi mümkin. Garrap, tapdan galansoň, agyr ýükleri götermeli däl-de, baglary, gülleri suwarmaly diýerler. Emma gerontologlar bütenleý başgaça pikir edýärler (gerontolog – bu garrylyk we adam ömrüni uzaltmaklyk meseleleriniň üstünde işleýän alym). Gartaşan erkek özüni ýaş wagtyndakysy ýaly garaşsyz duýasy gelýär. Hojalyk işlerinde bir bedre suwy hiç kime haýyş etmän, özi getirende, garry özüni ynamly duýýar. Özüni şeýle ynamly duýýan garry hüňürdeýän-de däldir. Ol hatda indiki ýaşlaryň terbiýesiz ösýändigini tankytlap-da duranok. Gartaşan adam özüniň fiziki başarnyklaryny tapdan galan ýaşytdaşlary bilen  deňeşdirende, onuň öz-özüne bolan ynamy artýar. "Gördüňmi, men nähili zor-a! Goňşym bolsa lagşap gidipdir" diýip, öwnüp-de bilýär.

Gujur-gaýraty bilen öwünmegi halaýan erkekler myşsalarynyň güýjüni, çydamlylygyny türgenleşdirmelidir. Lukmançylyk hünärmenleri agramly daşlary götermek bilen edilýän maşklaryň saglyga oňaýly täsiriniň bardygyny anykladylar. Beden türgeneşigi maşklar arkaly ýaşlykda başlanylsa has-da oňatdyr. Ýöne halk arasynda «Hiçden giç ýagşy» diýen nakyl hem bardyr.

 

Ýüregi türgenleşdirmek

Agyrlyklary götermeklik ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaşdyryp gowulandyrýandygy käbir alymlar tarapyndan anyklanyldy. Olar agramly daşlary götermek bilen edilýän maşklardan soň gandaky holesteriniň derejesiniň peselýändigini ýüze çykardylar. Belli bolşy ýaly, holesteriniň köp mukdarda bolmagy beýnä gan urmagynyň, ýürek infarktynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Holesteriniň türgenleşik wagtynda näme üçin azalýandygy alymlar üçin hem entäk doly aýan däl. Olar munuň sebäbi barada birnäçe çaklamalary aýdýarlar. Birinjiden, agramly daşlary götermek bilen maşk edýän adamyň agramy azalýar we onuň endamyndaky ýagyň mukdaryň kemelýär. Belki, şu sebäbi görä gandaky holesteriniň mukdary kemelýän bolmagy ahmal.  Ikinjiden, çydamlylygyň artmagy bedeniň himiki düzümine täsir edýärler.

Türgenleşik mahaly myşsalar kuwwaty köp mukdarda sarp edýärler.  Bedeniň myşsalar agramy näçe köp bolsa, adamyň organizmindäki maddalaryň alyş-çalşygy şonça-da tizleşýär.

 

Süňkleri beketmek

Adam haýsydyr bir agyr zady göterende, süňklerine düşýän agramy artdyrýandyr. Munuň netijesinde süňklerde mineral maddalaryň mukdary artýar. Bu bolsa öz gezeginde süňkleriň bekemegine ýardam edýär. Sebäbi bilşimiz ýaly, garrylyk döwründe azar berýän osteoporoz ýa-da süňkleriň portlugy olaryň düzümindäki mineral maddalaryň ýitirilmegi netijesinde ýüze çykýar.  Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde agramly daşlary göterip türgenleşýän adamlaryň süňkleriniň dokumalary beýleki adamlaryňkydan has dykyz bolýandygy mälim boldy. Şonuň üçin-de mümkin boldugyndan, beden türgenleşiklerini yzygiderli ýagdaýda geçirmek saglyk üçin peýdalydyr.

 

Türgenleşige başlamazdan öň birnäçe peýdaly maslahatlar.

  1.  Hökmany suratda lukman bilen maslahatlaşyň. Eger-de ol sizde osteoporozyň alamatlarynyň bardygyny anyklasa, siz üçin ýörite ýeňilleşdirilen maşklar toplumyny düzmeli bolar.
  2. Eger-de siz heniz agramly daşlary götermek arkaly türgenleşip görmedik bolsaňyz, onda ýöriteleşdirilen sport toplumyna baryp, tälimçä ýüz tutuň. Ol size türgenleşigiň inçe tilsimlerini öwreder. Soňabaka siz özbaşdak hem türgenleşip bilersiňiz.
  3. Agram daşlaryny götereniňizde, islendik beýleki işlerde bolşy ýaly dem alyň. Maşklary ýerine ýetirip bolýançaňyz, birsydyrgyn dem alyň. Demiňi saklamak saglyk üçin zyýanlydyr. Sebäbi gan basyşyň ýokarlanmagy mümkindir.
  4. Agramly türgenleşikleri ýeňil zatlary götermekden başlamaly. Türgenleşikleriň hepdedäki sany hem çäkli bolmalydyr. Birbada 10-15 gezek daş götermek ýetirlikdir. Soňabaka ýuwaş-ýuwaş köpeldiberiň.  
  5. Güýji köpeltmek üçin köp wagt gerek däldir. Onuň üçin iki-üç hepde ýeterlikdir. 2-3 aýyň dowamynda arakesmesiz türgenleşseňiz, myşsalaryňyzyň gujur-gaýraty size söýgüli aýalyňyzy berdaşly gollaryňyzda götermäge mümkinçilik döreder. Gazanan üstünlikleriňizi ýokary derejede saklamak isleseňiz, hemişe agramly daşlary göterip türgenleşmegi dowam etdirmeli bolarsyňyz. Sebäbi çalt gelen gujur-gaýrat çalt-da gidip biler.
  6. Öz-özüňize zor salmaň. Özüňize laýyk agramy we göwnüňize ýaran zatlary göteräýiň. Ganteleni halamaýan bolsaňyz, alyň eliňize ýekedabany! Esasy zat göterýän agramyzyň daş keşbi däl-de, olary göterip, yzygiderli türgenleşip durmakdyr.
  7. Ýene-de esasy maslahatlaryň biri-de — göteren agramly zadyňyzy emaý bilen ýere goýmak. Munda çydamlylygy beketmegiň bar syry ýatyr. Eger siz ele alan daşyňyzy „üç-de” ýokary göteren bolsaňyz, ony dörde çenli sanaňyzda ýere goýmaly. Agyr zatlar emaý bilen ýere goýlanda, myşsalaryň terslin gysgalmalary bolup geçýär. Bu bolsa olaryň çydamlylygy artdyrýar.
  8. Agyrlyk daşlaryny islendik ýaşda-da göterse bolýandyr. Bu babatda myşsalaryň dokumalary örän täsindir. Olaryň çalt uýgunlaşmaga, ýagny 40, 60 ýa-da 90 ýaşda-da çydamlylygyň artdyrmak häsiýeti bardyr.  

 

Amerikanyň Massaçusets ştatynyň Taft uniwersitetiniň hünärmenleri haýran galan märekäniň öňünde agram daşlaryny götermek arkaly türgenleşdirilen myşsalarynyň göwrüm kuwwatynyň 100%-den 200%-e çenli artan 90 ýaşly garrynyň çykyşlaryny guradylar.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Tälimçi.. 2016-04-30 19:55
Türgenleşmegiň özi beden üçin bahasyna ýetip bomajak derman ahyryn. Onuň bedeniň ähli agzalary üçin uly ähmiýetiniň bardygy subut edilen. Türgrenleşik ähli dermanlaryň ýerini tutup bilýär, ýöne dermanlar türgenleşigiň öwezini tutup bilmezler.
Sitata
 
 
#7 Emin. 2016-03-27 23:13
Ýürek-damar üçin türgenleşik hemme ýaşda hem peýdalydyr, ýöne gartaşan adamlar üçin süňklere aşa agram bermek hatarlymyka diýýärin. Sebäbi olarda osteoporoz bolmagy bilen dörän portlyk aşa hereketde süňküň däwülmegine getirýär. Aýratyn hem bitmesi kyn bolan but süňküniň kellesiniň döwülmegi örän howplydyr.
Sitata
 
 
#6 Gözel. 2015-12-13 01:55
Erkek adam bedene agramly iş bilen meşgullanýan bolsa neýagşy, eger-de ol hem bolmasa we türgenleşmek onuň üçin ýat bolsa, ol adam daşyndan sypaty dowamly kesele sezewar bolana meňzeýär.
Sitata
 
 
#5 Amanly. 2015-10-20 23:42
Öz erkini elde saklap bilýän adam saglygy hakynda alada edip yzygiderli türgenleşik bilen maşgullanýar. Erki gowşak adamlar köp düşündirişlere garamazdan türgenleşige artykmaç pişe ýaly garaýarlar.
Sitata
 
 
#4 Tälimçi 2014-02-03 12:04
Öz saglygy barada alada edýän her adamyň özi-özüne lukman! Ýagdaýyňy bilip iýmitlenmek bilen bir hatarda bedeniňi türgenleşdirmek... garramaklygyň öňüni almagyň bir usulydyr. Ýöne ýaltalyk, biperwaýlyk ... diýen zatlar hem bardyr. Şony ýeňip geçmeli
Sitata
 
 
#3 okujy 2012-06-28 13:31
sag bolung lukman jogaplanynyz uchin, minnetdar
Sitata
 
 
#2 Lukman 2012-06-27 22:47
Hormatly okyjy!
Sport bilen türgenleşmelerden soň jynsy gatnaşyklary geçirmek, Siziň jynsy gatnaşyklaryňyzyň hiline zyýan berip bilmeýär.
Şonuň ýaly-da, gazanan sport görkezijileriňizi peseltmeýär. Ýöne belli bolşy ýaly, uly sport ýaryşlaryň öňsyrasynda türgenlere jynsy gatnaşyklary geçirmek maslahar berilmeýär. Bu çäre türgeniň beden we ruhy güýjüni aýap saklamaga kömek edýär.
Sitata
 
 
#1 okujy 2012-05-26 20:04
bah sagja bolun bu makalany on bir gorupdim, son okaryn diyip yadymdan cykypdyr. hazir okap gordum peydalyja maslahatlar bar eken. men bir soragym bardy shular yaly mashyklar bilen meshgullanyp son jynsy gatnashyk bilen meshgullansan bir hepdeki eden mashyklarynam peydasy yok diydiler welin chynmyka
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele