Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn garrama GARRYLYK DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY: OSTEOARTROZ
( 9 Ses Berme )

Bu kesel ýuwaş-ýuwaşdan assyrynlyk bilen gelýär. Hemme zat birdenkä peýda bolýan gowuşgynsyzlykdan ýa-da bogunlardaky çalaja duýulýan agyrylardan başlanýar. Mysal üçin, siz käwagt oturmakçy bolanyňyzda ýa-da basgançakdan düşmekçi bolanyňyzda, dyzyňyzda sanjy duýýarsyňyz. Hawa, diňe aşak düşeniziňde, ýokary galanyňyzda däl. Ine, şu alamatlar osteoartroz keseliniň ilkinji alamatlarydyr. Bu alamtlar ilkibaşda gaty bir bildirip-de durmaýar. Saklanyp, demiňizi biraz dürsäniňizden soň agyry wagtlaýynça goýberýär. Emma soňabaka agyrylar hatda oturgyja oturjak bolanyňyzda-da peýda bolar. Bu agyrylar gijelerine has hem güýjeýär.

Osteoartroz keselini bejerip bolmaýar. Ýöne onuň ösüşini togtadyp ýa-da haýalladyp bolýar. Osteoartrozyň döremeginiň belli bir sebäbi ýokdur. Adam garradygyça, onuň organizminde bolup geçýän alyş-çalyş prosessleri üýtgeýär. Munuň netijesinde kekirdewükler gurap, döwülegen, çat atagan bolýarlar. Olar ýukalýar, käwagt bolsa düýbünden ýitip gidýärler. Bulary bary kentlewükleriň «könelişmegi» bilen düşündirilýär. Şunuň bilen birlikde süňk dokumalary hem üýtgeýärler. Bogun süňkleriniň gyralarynda «osteofitler» diýip atlandyrylýan ösüntgiler peýda bolýar. Halk arasynda olara «duz ýygnanmasy» hem diýilýar. Süňkleriň dykyzlyk ýagdaýy peselýär. Olar organizmdäki garmonal bozulmalarynyň netijesinde kalsini ýitirip, örän port bolýar. Şeýlelikde, osteoartroz keseli döreýär.

 

Osteoartroz bedene gök düşmeleriniň, döwük-ýenjikleriň, siňir-damarlara, bogunlara şikes ýetmeginiň netijesinde döreýär. Osteoartroz futbolçylaryň we şahtýorleriň (dyz, tirsek, egin osteoartrozy), kätipleriň we halyçylaryň (eliň ownuk bogunlarynyň osteoartrozy) keseli hasaplanylýar. Adamyň agramy kadalaýyk agaramyndan artyk bolan ýagdaýynda ýa-da ýasydaban bolanda, ol osteoartroza duçar bolýar. Sebäbi agram bogunlara düşýär. Ýasydabanlyk adamyň göwresiniň durşuny üýtgedýär. Munuň netijesinde bolsa bogunlara köp agram düşýär. Mysal üçin, eger siziň agramyňyz 80 kile bolsa, her dyzyňyza 40 kile agram salýarsyňyz. Howlukman ýörän ýagdaýyňyzda bu agram 4 esse, ylgan ýagdaýyňyzda bolsa 6 esse artýar. Şonuň üçin-de bedeni kesele duçar etmez ýaly, onuň döremegine sebäp bolýan faktorlary aradan aýyrjak bolmaly: horlanmaly, bedeniň durşuny dogrulamaly (bükülmän, dogry durjak bolmaly), çendenaşa agyr işlerden gaça durmaly, agyr işleri dynç alyş bilen gezekleşdirip etmeli. Ýasydabanlyk bar bolan ýagdaýynda köwşüň içinde ýörite ortopedik köwüş petegini ulanmaly, ýörite taýýarlanylan aýakgaplary geýmeli. Aýakgap rahat we oňaýly bolmalydyr, zenanlar beýik ökjeli köwüşlerden gaça durmalydyr. Käwagt süýnýän galyň matadan ýörite edilen dyzbaglary geýmek kömek edýär. Olar dyz bogunlaryna düşýän agramy azaldýarlar.

Agyrydan nähili dynyp bolar? Bogundaky kütek, sorkuldaýan agyryny ýylylyk, elektroterapiýa, iňňe sanjymlary arkaly ýeňledip bolar. Bogunlara kän agram bermejek bolmaly, olary aýamaly. Çanaklygy but süňki bilen birleşdirýän bognuň, dyz çatrygynyň bognunyň osteoartrozynda we ýasydabanlykda azrak ylgamak, azrak bökmek, azrak oturyp-turmak we agyr zat götermezlik maslahat berilýär. Beýikli-pesli ýerde çalt ýöremeli däl. Köp wagtlap şol bir durkda oturmak hem zyýanlydyr. Sebäbi näsag bogunlarda gan aýlanyşygy bozulýar. Şonuň üçin-de, her 15-20 minutdan 5-10 minut dynç alyp, bogunlara düşýän agramy ýeňletmek maslahat berilýär. Bogunlara düşýän agramy aýyrmagyň iň oňat usuly — aýagyňy uzyn salyp ýatmak ýa-da oturan ýeriňde aýaklaryňy uzatmak. Myşsalary gowy tapda saklamagyň iň gowy usuly — oňaýly köwüşde tekiz meýdanda howlukman ýöremek. Her gün 20-30 minut gezelenç etmek sizi oňat durkda saklar. Iň esasy zat howlukmazlyk. Şu ýokarda agzalan ýagdaýlar özüňizde bardyr öýdüp, heniz-de, emma sport bilen meşgullanmak islegiňiz bar bolsa, onda ýüzmekligi saýlaň. Sebäbi ýüzmek sportuň iň oňaýly görnüşidir. Suwda bogunlara hiç hili agram düşmeýär, myşsalar bolsa oňat oňat işleýär.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Gyzylgül. 2016-05-03 14:29
Ýaşlykda bedeni goldamak hem ýerlikli weli, aýratyn hem elli ýaşdan soň örän möhümmikä diýýärin. Ol ýaşda maddalaryň çalyşmagynyň üýtgemegi bilen bedende örän derwaýys bolan mikroelementleriň, witaminleriň sazlaşygyny döretmek üçin lukmanyň maslahatyna görä olary kabul edip durmaly.
Sitata
 
 
#3 Gartaşan. 2016-01-03 02:05
Osteohandroz, osteoparoz, osteoartpoz, artrit, artroz we ýene-ýeneler Hudaýym saklasyn, garrylykda ýaşamak höwesi gaçyp barýar. Halk arasynda ýöne ýere aýdylmandyr:"Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar","Garrylyk, garyplyk, ölüm üçüsi, bilmedim men olaň haýsy uly kiçisi".
Sitata
 
 
#2 Annam 2015-12-12 23:25
Köp sag bol hormatly lukman! Siziň şu ýazan makalaňyzy okap bir ýagdaýa üns berip gowy düşündim. Bizde türkmenlerde ulylar, aýratyn hem dyz bogunynda osteoartroz ýüze çykanda "duz ýygnanmak" bilen baglanyşdyrýarlar. Men hem olaryň aýdanlaryna ynanýardym, weli indi takyk zat düşnükli bolaýdy.
Sitata
 
 
#1 Nazarly. 2015-10-22 00:17
Saýtyň öňki, soňky makalalaryny okaýaryn weli öňde ýetip gelýän gartaşmadan bir hili gorky döreýär. Ol ýaşda azar berýän keselleriň sany artmak bilen bejermeleri kyn bolup, ýöne ýaşlygyň lezzetli wagtlaryny ýatlap ýörmeli bolaýarmyka?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele