Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn garrama GARRYLYK DÖWRÜŇ AÝRATYNLYKLARY
( 25 Ses Berme )

Garrylyk adam ömrüniň bir döwrüdir.  Adamyň ýaşy ulaldygyça, garrylyk hem şoňa görä ýakynlaşýar. Elbetde bu biologiki prosessdir. Ýöne garyllyga, garramaklyga  bolan garaýyş her bir adamda aýry-aýry bolýar.

Garry ýa-da gartaşan adamlaryň jemgyýet üçin peýdalydygy ýa-da  olaryň  gerekmejek ýükdigi baradaky jedelleriň çözgüdini alymlar, lukmanlar, şahyrlar, pelsepeçiler tapmaga synanyşýardylar. Pikirler dürli-dürlüdi. Käbiri garrylygy adam ömrüniň ajaýyp, kämil bir döwri hasaplasalar, beýlekiler oňa sustupeslik bilen garaýardylar.

Garrylyk döwrüniň iň janköýer tarapdary Rim syýasatçysy we pelsepeçisi Mark Tuliý Siserondy. Biziň e.ö. 44-nji ýylda ol "Garrylyk barada" diýen gepleşigini  ýazýar. Bu işinde Siseron garrylygy öwýär we ony ussatlyk bilen wasp edýär. Siseronyň aýtmagyna görä, garry ýa-da gartaşan adamlar jemgyýet üçin iň gymmatly adamlardyr. Ol garrylyga ýaramaz garaýan adamlaryň şu esasy pikirlerine, günäkärlemelerine garşy çykýar:

  1. Garrylyk adamyň jemgyýetçilik durmuşyna päsgel berýär.
  2. Ol ýany bilen fiziki gowşaklygy we dürli keselleri alyp gelýär.
  3. Ölümiň ýakynlaşmagyndan gorkyny döredýär.

Siseronyň pikirine görä, paýhasly garry özüniň durmuş tejribesine guwanýar, olary ýaşlara öwretmäge çalyşýar.

I asyrda ýaşap geçen Seneka bolsa garrylaryň özleriniň gereklidigini duýmagyny örän wajyp hasaplapdyr. Onuň aýtmagyna görä, adam ömri dowamlylygy bilen däl-de, many-mazmunlylygy bilen gymmatlydyr.

Gerontolog I. Dawydowskiý tejribäni we paýhasy wagtyň funksiýasy hasaplaýar. Olar uly adamyň artykmaçlygydyr. Gerontologiýa ylmy üçin "ömre ýyl goşmak" däl-de "ýyllara ömür goşmak" has ähmiýetlidir.

Emma gadymy ýazyjylaryň arasynda garrylygy adam ömrüniň gamgyn, gyzyksyz bir döwri ýaly suratlandyrypdyrlar.

Garrylyk dogrudan hem birgiden psihologiki kynçylyklary döredýär. Garrylyk isleseň-islemeseň "hiç bir iş etmän oturmagyň" döwri hasaplanylýar. Köpler üçin bu örän agyr bolýar. Garraýan adam ömrüni "öňki" we "soňky" döwre bölýär, olary deňeşdirip ýaşaýar. Bu ýagdaý hem garry adamyň içki dünýäsine belli derejede täsir edýär. Ol özüni töwerekdäkilere gerekli duýmagy isleýär.

Sagdyn ruhly garrylar bar bolan  tanyşlary, ýakynlary bilen aragatnaşyk saklamagy dowam edýärler. Bu esasanan garry aýallara degişlidir, sebäbi olaryň ýaşaýyş gatnaşyklary erkeklere garanda has giň bolýar.

Emosional taýdan durnuksyz garrylar, göwnüne ýaşlar olaryň üstünden güljek ýaly, özleri olara ýük boljak ýaly duýgulary başyndan geçirýärler. Elbetde, şeýle pikirler garrynyň adamlara goşulman ýaşamak isleýändiginiň esasy sebäbidir.

Bedeniň fiziki taýdan garramagyna päsgel berip bolmaýar. Emma garramagy az-kem haýallatmak bolsa mümkindir.

Käte adam öz  hakyky ýaşyndan has uly ýa-da ýaş görünýär. Şol sebäpli hem "biologik ýaş" diýen düşünje girizildi. Adatça adamda garrylygyň alamatlary 60 ýaşda aýdyň ýüze çykyp başlaýar. 60-dan 70 ýaşa çenli adam  gartaşan hasaplanylýar. Hakyky garrylyk bolsa adam bedeni ösmegini bes edenden soň başlanýar. Garry adamlaryň eşidişi, görşi, ys almak ukyby peselýär. Olaryň  psihiki işjeňligi hem pese düşýär. Olar emosional taýdan örän gowşak bolýar. Gartaşan adam durmuşdaky bolup geçýän özgertmelerden howatyrlanýar, ol hemişe öwüt-nesihat bermegi endik edinýär. Öz-özüne erk edip bilmezlik bolsa  garrylary gaharjaň, agressiw ýa-da sustupes, sähel zada aglap duran edýär. Olar örän aladaçyl bolýar. Ujypsyzja zatlara aşa gynanýarlar ýa-da aşa begenýärler. Olaryň bolşy käte lälik çaganyň bolşuna meňzeýär.

Gartaşan adamlaryň ýaşaýşyny durmuş we psihologik sebäpler hem kynlaşdyrýar. Uzak ýyllaryň dowamynda işläp pensiýa çykan adamyň durmuş endikleri üýtgeýär, ol özüni dereksiz hasaplaýar, ýekesireýär. Ol maddy taýdan hem özüni arkaýyn duýmaýar. Esasan hem bu ýagdaý ýeke bir iş bilen meşgullanyp bilýän adamlarda has ýiti duýulýar. Döredijilikli, köp ugurly bilimi bolan adamlar bolsa öz gowy görýän işleri bilen meşgullanmaga köp wagtyň boljakdygyna begenýärler.

W. Gize garry adamlary garrylyga bolan garaýyş boýunça üç topara bölýär:

  1. Özünde garrylygyň alamatlarynyň bardygyny boýun almaýanlar- ruhyçökgün-garry
  2. Garraýandygyny boýun alýan we daş-töweregindäki bolup geçýän zatlara syn edip baha berýänler
  3. Garraýandygyna gorky bilen garaýanlar

Gartaşan ýa-da garry adam özüni köplenç keselli hasaplaýar. Ýöne köplenç olaryň "keselleri" ýekesiremekden döreýär. Hut şol sebäpli hem bu ýaşdaky adamlaryň ruhy ýagdaýyna  uly üns bermeli. Maşgalanyň ýaş agzalary garrylaryň ýanynda köpräk bolmaly, olar bilen gürrüňdeş bolmaly, aýdýan zatlaryny sabyrlylyk bilen diňlejek bolmaly. Ýakynlary goldaw berseler, garryny ýeke goýmasalar, onuň ýaşaýyşa bolan höwesini artdyrjak bolup jan etseler, garrynyň saglyk ýagdaýy has gowulaşýar.

Garry adamlar üçin  hiç bir zat etmän oturmagyň hem peýdasy ýokdur. Elbetde agyr işleri ýerine ýetirmek gartaşan adamlara aňsat düşmeýär. Emma ýeňil-ýelpaý işler welin garra ýakymly bolar. Garry adam öz eden işinden lezzet alar, öz gereklidigini duýar we töweregindäkilere kömek eder. Şeýle edilse, garry adam pensiýa çykmagy ömrüniň ahyry ýaly kabul etmän, durmuşynyň bir bölegi ýaly kabul eder.

Adam garranda, onuň ýanynda çagalary, agtyklary ýaşaýar. Elbetde olar garra özboluşly şatlyk getirýär. Ýöne garry adamyň öz deň-duşlary bilen görüşmegi, gürrüňdeş bolmagy halaýandygyny unutmaly däldir. Mümkin bolsa, onuň göwnüni tapmak üçin, onuň gowy görýän adamlaryny myhmançylyga çagyryň, olar bilen özüňiz hem gürrüňdeş boluň, gowy hezzet-hormat edip, garryny begendiriň. Ol öz myhmanlarynyň ýanynda özüni has oňaýly duýar, size-de buýsanar.

Adatça garry adamlar uzak möhletleýin meýilnamalary  göz öňünde tutmaýarlar. Garrylyk döwründe adam geljege däl-de geçmişe we şu gününe bil baglaýar.

Syrkaw garrylar barada aýdylanda hem olaryň psihologik aýratynlyklary barada unutmaly däldir. Sanjym edilende ýa-da derman içmeli bolanda, olar käte ynjyk bolýarlar. Şonda garra seredýän adam örän sabyrly bolmaga çalyşmalydyr, dermanlary kabul etmegiň zerurlygyny sypaýyçylyk bilen düşündirmelidir. Garry adamlara özbaşdak suwa düşünmek hem kyn bolýar. Olary wagtly-wagtynda suwa  düşündirmegi ýatdan çykarmaň.

Garry adamlaryň iýmitini oýlanyşykly taýýarlamaly. Hereketleriň azalýandygy sebäpli, garry adamlaryň köplenç içi ýöremeýär. Şol sebäpli hem olara süýt önümlerini, ir-iýmişleri (alma, garaly), kişmiş, kişde ýaly önümleri iýdirmeli. Mümkinçilik bolanda, garry adam bilen pyýada gezelenç etmeli.

Adam näçe ýaşynda bolsa-da, onuň göwni garramaýar. Şonuň üçin garrylara  ýagty, owadan egin-eşikleri geýdirmegi hem endik ediniň. Garry näsaga oňat gözegçilik edilse we bejergi geçirilse,  olaryň agyr keselleri  geçirenleriniň  hem ýagdaýlary gowulaşýar, durmuşa, ýaşaýyşa bolan höwesi artýar.

Garry adamlaryň biziň kömegimize mätäçdigini her birimiz bilmelidiris. Olara elimizden gelen kömegi etmeli, olaryň bize gerekdigini her pursatda bildirmeli. "Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek" diýip hem ýöne ýere aýdylan däldir. Garrylary görenimizde, özümiziň hem garrajakdygymyzy unutman, olara rehimli, mährem garalyň, olara ýaşlygymyzyň  bir bölegini bagyş edeliň.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Süleýman. 2014-08-13 01:32
Garrylyk döwrüniň tenekär alamatlarynyň esasysy optumistik we kanagatlylyk diýip pikir edýärin. Olar ýeterlik bolmasa başga zatlar az kömek etjegi belli.
Sitata
 
 
#8 Mama. 2014-08-02 02:07
Garry adama esasan alada iki tarapdan bolsa gowy bolarmyka diýýärin. Döwlet tarapyndan hem ol adamynyň maşgalasy tarapyndan. Emma şolaryň ikisini hem duýman, hany bir garrylyk döwrüni ýakymly geçirjek bolup gördä! Onsyzam "Dert ýamany garrylykdyr" diýip ýöne ýere aýdylmaýar ahyryn.
Sitata
 
 
#7 Taýmaz. 2014-07-22 03:00
Her bir adamzat ömrüniň ýaşlyk ýa-da garrylyk döwri bolsun öz ýetmezçiligi we kynçylygy bar ahyryn. Şoňa döz gelip ýaşamany oňarsaň onda sen hakyky adam.
Sitata
 
 
#6 Okyjy. 2014-07-13 02:26
Öňki döwürlerde ýagny, bizde türkmenlerde hem adamlar az ýaşapdyrlar. Orta ýaş 45-60 ýaş bolupdyr. Kyrk, elli ýaşda entek garrylyk başlamaka olar özüni gartaşan hasap edipdirler. Indi orta hasap bilen durmuşyň gowylaşmagy we lukmançylyk kömekleriň artmagy bilen köpler 60-90 ýaşaýarlar. Şonuň üçin hem garrylygy gowy geçirmäge esas bar diýip düşünýärin.
Sitata
 
 
#5 Gartaşan. 2014-07-08 09:23
Garrylyga özüňi entek garrylyga ýetmänkäň taýýarlamalymyka diýýärin. Ýöne ol garrylyga Hudaýyň jezasy ýaly seredýän adama başartmaz. Ýatan ýeriňden birden dik säm galjak bolaňda başyň aýlanjak bolşy ýaly garrylygyň täsirini birden kabul etmän ýuwaş-ýuwaşdan özüňi öwrenişdirmeli.
Sitata
 
 
#4 Mesgen. 2014-07-02 20:59
Garrylyk hakynda köp aýdymam ýazylan, dünýä ylmyna belli bolan danalaryň galdyryp giden parasatly sözlerini bilmak her bir garrylyk ýaşyna ýeten üçin örän wajyp. Sebäbi ol aýdylanlar ol adama garrylyk döwrüniň durmuşyň bir bölegini subut edýär we ruhyny galdyrýar.
Sitata
 
 
#3 Meýlis 2014-03-04 17:46
Garradym diýip el gowşuryp oturmak keseliň bir görnüşi ahyryn. Birinji zat ýagdaýyňa görä öňki edýän hereketleriňi et, gam-gussa el berme, bälçikligi ýatdan çykarma, akylyňy ýaşlara paýla, olar bilen üýtgeýän durmuş akymynda gepleşjek bol, diňlemegi başar, mähirlilik bilen çydamlylyk garramagyň öňüne böwet bolýan häsiýetlerdir.
Sitata
 
 
#2 Ýaşuly 2014-03-03 19:02
Sagdyn ösüp, ýaşap garrylyga ýetmek uly bagt dälmi? Şol bagty ulanmak üçn hem garrylykda seniň kalbyňy pähim, paýhas, sabyrlylyk, çydamlylyk gaplap dursa, seniň aşygyň alçy gopdygy dälmi näme?
Sitata
 
 
#1 Döwran 2014-03-03 01:13
Gowy aýal bilen ýaşamak, ogul-gyzyň ýaramly bolsa Magtymguly şahyryň ýazyşy ýaly "Hudaý berse sagadatly bir perzent, garralan çagyňda ýaş eder seni".
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele