Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn garrama 1-nji OKTÝABR – GARTAŞAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
( 24 Ses Berme )

Birnäçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň köp ýurtlarynda 1-nji oktýabr gartaşan adamlaryň Halkara güni höküminde bellenip geçilýär.

1982-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň garrylyk döwrüniň kynçylyklary boýunça kabul eden taslamasy esasynda, Birleşen Milletler Guramasy 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda her ýylyň 1-nji oktýabryny gartaşan adamlaryň Halkara güni diýip bellemekligi yglan etdi. Ilkibaşdan gartaşan adamlaryň gününi Ýewropada, ondan soň bolsa Amerikada, 1990-njy ýylyň ahyrynda dünýäniň hemme ýerinde belläp ugradylar. Gartaşan adamlaryň güni Skandinawiýa ýurtlarynda her ýyl uly gerim bilen bellenilip geçilýär. 1-nji oktýabrda gartaşan adamlaryň jemgyýetdaky orny we olaryň hukuklaryny goramaga bagyşlanan konferensiýalar, kongresler, festiwallar gurnalýar. Jemgyýetçilik guramalary we fondlar dürli ynsanperwerlik işlerini geçirýärler.

Gartaşan adamlaryň halkara gününde Birleşen Milletler Guramasy ol adamlaryň diňe bir uzak ýaşamagyny gazanman, eýsem olaryň durmuşynyň oňat hilli, köpugurly, gyzykly, kanagatlanarly bolmagyny üpjün etmek ugrunda hemme ýurtlaryň tagalla etmeklerine çagyrýar. Häzirki döwürde dünýäde 60 ýaşdan geçen adamlaryň sany 700 milliona barabar diýip hasaplanýar. Bu sanyň 2030-njy ýylda 1,4 milliarda ýetmekligine garaşylýar.

Bu gün sene höküminde Russiýada, Azerbeýjanda, Belarusda, Latwiýada, Moldowada, Ukrainada hem bellenilip geçilýär.

Türkmenlerde altmyş ýaşa ýeten adamlar gartaşan, ýetmiş ýaşa baranlary goja, ýagny garry hasaplanýar.

Meniň pikirimçe, ýetmiş ýaşa ýetip barýan adama bu senäniň Halkara we döwlet derejesinde bellenilmegi örän oýlanyp kabul edilen ýakymly bir çözgüt diýip hasaplamalymyka diýýärin. Pikir edip otursaň, meniň bu ýaşan ýaşymyň durmuşymda ýakymly we şonuň bilen birlikde oňaýsyz taraplaram isleseň, islemeseň biri-birine çatlyşyp geçip gidip barýar. Durmuşda iň gymmatly zat adam saglygydyr weli, ýöne seniň adamlaryň arasynda bolup hem-de olara gerekdigiňi duýup ýaşamak ýakymlylygy sende oňat duýgy döredýär.

Geçen döwürlerde pensiýa ýaşyna ýeten gartaşan adamlar öz islegi bolmasa işleýän işinden boşadylmaýardylar. Oňa durmuşyň kadasyna öwrülen ýagdaý ýaly garaýardylar. Gartaşan adamlaryň köpüsi saglygy hakynda belli bir ýagdaýda aladalanýardylar. Türkmenistanda we öňki Soýuzda hyzmat edýän töleg ýagdaýlary esasynda elýeterli şypahanalarda bejergi alyp, öz saglyklaryny bejerdýärdiler.

Häzirki döwürde, pensiýa ýaşyna ýeten gartaşan adamlaryň aglaba köpüsiniň islemeden daşlaşdyrylmagy olaryň durmuşlarynyň başgaçarak bolmagyna getirdi. Olar indi höwes bilen işläp ýören işlerinden, öz kärdeşlerinden, gündeki pikir alşyp ýören adamlaryndan üzňe bolup, öýlerinde dört diwaryň arasynda öz gymmatly durmuş akymynda barýan ömürlerini geçirmeli bolýarlar. Bu aýdylanlar saglygyny ýitirip, işe ukypsyz gartaşan adamlara dälde, öz işlerini abraý bilen ýerine ýetirip ýören, akylly-başly, işeňňir gartaşan adamlara degişlidir.

Pensiýa bellemekden başga aladany göz öňünde tutman, jemgyýet ol adamlaryň uly durmuş, zähmet tejribesine garamazdan, olaryň her günki wagt geçirmelerini tukatlyga öwürdi.

Ýurtda döwlete degişli däl guramalar bolup, olar hakynda alada ýola goýulsady, belki hem azda-kände ýagdaýdan çykalga bolardy.

Şu döwürde, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň üýtgemegi esasynda ýaşlaryň öz ýagdaýlarynyň ýabygorly bolup durýanlygy sebäpli, olaryň ol adamlar hakynda aladalary örän ujypsyz. Adalatyň hatyrasyna aýtsam, döwlet tarapyndan olaryň pensiýalarynyň möçberi ýylyň-ýylyna ýokarlanýar. Ýöne olaryň durmuşa degerli, akylly, paýhasly, hakykata gabat gelýän maslahatlary diňlenilmeýär.

Ýurtda hereket edýän ýaşlar guramalary öz işlerinde gartaşan adamlar hakynda aladalary göz öňünde tutup, olaryň durmuşlary bilen gyzyklanyp dursalar talaba laýyk bolardy. Ýöne olaryň bu ugurda alyp barýan önjeýli işleri duýlup, göze görnüp duranok.

Mümkinçiliklere görä, gartaşan adamlaryň we garrylaryň saglyklaryny gözegçilikde saklap, degişli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün edip duran bejeriş edaralary bolsa, olar üçin aýratyn söwda dükanlary işledilse, bu bildirilýän aladalaryň oňat taraplary bolup durardy. Gazet-žurnallarda, radio we telewideniýede olar hakynda gepleşikler berilip durulsa, olaryň durmuşlaryny gowulandyrmakda öňe ädilen ädim bolardy.

Her bir kadaly durmuşda ýaşaýan adamyň, aýal ýa-da erkek bolsun, 55-60 ýaşa barýança çagalaryny ösdürme, terbiýeleme, olary kärli etmek üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmak aladasy bilen ýaşap, şol ýaşa nähili ýetenini hem duýmaýar. Esasy aladalaryň biri hem, olary öýli-işikli edip, maşgala durmuşyny döretmek we olara bu babatda kömek bermek bilen utgaşýar. Ol aladalaryň ep-eslisini başdan geçirip, çagalary we döwlet tarapyndan goldawa garaşýan we ony duýmaýan gartaşan adam ýol çatrygynda diňe öz pikirleri bilen içini hümledip galyberýär.

Her bir adam sagdyn, akylly, zehinli bolsa-da, töweregindäki adamlaryň goldawyna, esasan hem ruhy goldawyna ýagny, mähre, ruhy dünýäsi üçin gerek bolan özara adam gatnaşyklaryna garaşmak bilen ýaşaýar. Olaryň ujypsyz ýa-da bolmadyk ýerinde ýaşuly adamynyň ýaşamaga islegi pese gaçýar.

Gartaşan adamlaryň köpüsi durmuşlarynda toplanan tejribe boýunça, adam aňynyň türgenleşmegi we ösmegi üçin zerur bolan küşt, şaşka oýunlaryny uly höwes we gyzyklanma bilen oýnaýarlar. Olaryň medeniýetli dynç almaklary üçin her şäherde, şäherçede, obada mümkinçilik döredip, aýratyn otaglar bilen üpjün edilse, olary oýunlara gyzyklandyrmadan başga-da, söhbetdeşlik gurnamak üçin çaý, kofe içer ýaly şertler döredilse örän gowy bolardy.

Başga ýurtlarda 65-75 ýaşyndaky adamlar wagtlarynyň gyzykly geçmegi we saglyklarynyň oňatlaşmagy üçin syýahatlara çykýarlar. Bu babatda işler ýola goýulsa ýaşuly adamlaryň durmuşlary şeýle gyzykly we manyly bolardy.

Gartaşan adamlara, garrylara aýratyn hem olaryň maýyp bolanlaryna, ýeke ýaşaýanlaryna ýaşlary, mekdep okuwçysyndan başlap, talyplara çenli kömege imrikdirmek zerurmyka diýýärin. Geçen ýyllarda hem "timurçylar" ady bilen mekdep okuwçylary olara kömege gelerdiler.

Umuman aýtsam, gartaşan adamlar hem bir mahallar ýaş bolup, döwlet edaralarynda işläp, döredip, oba meýdanlarynda öz janlaryny aýaman gujurly zähmet çekip, Watanymyzyň ösmegine, şu günki derejesine ýetmegine uly goşantlaryny goşan adamlar. Olar hakdaky edilen aladalar şu günki nesil üçin hem edilýän alada bolardy. Durmuş dowam edýärä!

Biziň ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýynyň pajarlap ösmegi uly nesil üçin bildirilýän aladalary gowulandyrmaga we olaryň durmuşyny manyly, gyzykly etmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Ýaşuly okyjy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Rzaguly 2016-09-01 07:56
"Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar" diýip, Magtymguly şahyr bedeniň gowşap, keselçiligi göz öňünde tutan bolmagy mümkin. Ýöne, oň zamanynda bolmadyk ýaş döwrüňde işläp, gazanan pensiýaň şu döwürde uly kömek bolup durýar.
Sitata
 
 
#8 Okyjy. 2016-01-28 02:07
Gartaşýançaň, pensiýa ýaşyna ýetýänçäň aladalaryň ýeterlik, ýöne ondan soň hem ol adamlaryň durmuşda gerekdigini bilip, adamlaryň arasynda durmuşa höwes bilen ýaşamaklaryna şert döretmek döwletiň we ýaş ösüp barýan nesliň aýrylmaz aladasy bolmaly.
Sitata
 
 
#7 Haýtly. 2015-11-30 23:25
Ol günüň bellenilmegi gowy welin, ýöne ol adamlar üçin aladalaram galdyrmaly. Şeýle edilse ösüp barýan nesil üçinem uly terbiýeçilik ähmiýeti bolardy. Sebäbi ep-esli ýyllaryň geçmegi bilen olar hem gartaşanlar bolmalydyklaryny bilmeli.
Sitata
 
 
#6 Gapur 2015-11-28 00:18
Gartaşan we garry adamlar barada degerli aladany döwletiň başynda oturan adamlar ýola goýmasalar, aýry-aýry adamlaryň aladalary deňiz damjalary ýaly ujypsyz bolaýmasa.
Sitata
 
 
#5 Mäter 2015-11-20 22:52
Men daşary ýurtlaryň birinde ep-esli ýyllardan bäri ýaşaýaryn.Pensiýa ýaşyna ýeten saglyk ýagdaýy boýunça işe ýaramly adamlaryň wezipesinden boşadylyp, dört diwaryň arasynda galmaklaryny durmuşa garşy çäre diýip kabul etdim.
Sitata
 
 
#4 Mykgy. 2015-10-04 22:27
Makalany uly höwes we tolgunmak bilen okadym. Sebäbi ol adamlaryň biziň durmuşymyzda möhüm orny bolmak bilen, olar biziň ýaşlygymyzyň we ondan öňki birnäçe wagtyň hem arhitektorlary ahyryn.
Sitata
 
 
#3 Ýigit. 2015-10-03 01:04
Habar beriş serişdelerini okasaň, men haýsy ýurtda ýaşaýarkam diýip haýran galýarsyň. Hemme zat güläle-güllük. Ýöne üns berilýän gartaşan adamlar sanaýmaly. Ýa-da onam tanyşlyk bilen üns berdirmelimikä! Köp gartaşan adamlar "bortyň" ahyrsyna taşlanan ýaly.
Sitata
 
 
#2 Okyjy. 2015-10-01 22:21
Ýurdumyzyň ähli gartaşan adamlaryny bu gün bilen gutlaýaryn. Olara saglyk, uzak ömür, maşgalala abadançylygyny çyn ýürekden arzuw edýärin. Olary ruhdan düşmän, işjeňliklerini saklamaklaryna çagyrýaryn.
Sitata
 
 
#1 msahetov 2015-10-01 15:07
gowy aýdyma gowy wideo taýýarlapdyrlar şu ýerde:
https://www.youtube.com/watch?v=7C6ft5slp0o

"Goňşyňa uzadyp goňşy okara,
Oň bilen bolmana mydam duz-emek,
Gözleýän zadyňa gözüň açmana,
Bilmeýän zadyňa bermane kömek,
Maňlaýy gasynly garrylar gerek."

Türkmen milli dessurlarymyza eýersek halk bolup, hökümet tarapy hem formalny telewideniýe üçin masgarabaz etmese aksakal ýaşulylarmymyzy,
garrylarymyz ýakynlap gelýän gabyry göz öňüne tutup, egoistligini taşlap aksakallyk, ene-mamalyk etseler, köp problemalar çözülerdi. Umuman, bu sosýal meseleleriň günbatar stiline gysga döwürde çözülmäne çalyşylmagy dogry däl. Ýaşululyk we ýaşkiçilik medenýetimiziň, türkmen medeniýetiniň çuň köklerine palta urýar sosýal meselelerimiziň günbatar usulunda çözülmäne çalyşylmagy. SSSR döwründäki putýowka ulgamy erbet däldi. Bulam kaptalistik ulgamda mümkin däl ýaly görünýär.

Ýöne ýerlikli tema, mesele gozgalypdyr.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele