Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn deri we gözellik OWADANLYGYŇ HAKYKY BAHASY
( 55 Ses Berme )

Içi ýakymly ysly kremi saklaýan enaýyja arassa gutujygyň daşyndaky ýazgylar ýüzüňi tämizläp, seni gözel we ýaş görkezmegi söz berýär. Gutujygy açmazdan öň biraz saklanyp, onuň içinde nämeleriň bardygyndan habarly bolmagyňyzy haýyş edýän. Kosmetika serişdelerini öndürjiler gaplaryň ýüzünde esasy maglumatlary anyk we açyk ýazmadan çekinýärler. Olaryň önümleriniň içinde adamyň gormonal ulgamynyň işlemegine ýaramaz täsir edýän, allergiki täsirliligiň döremegine sebap bolýan we deriniň düwnük keseliniň döremegini tizleşdirip biljek himiki maddalar saklanýandyr. Satyn alýan kosmetiki serişdäňiziň düzüminde şeýle maddalaryň saklanýandygy ýazylanmy? Ýaýlaryň içinde maddalaryň iňlisçe ýazylyşy görkezilýär.

FTALATLAR (PHTHALATES)

Ylmy barlaglar ftalatlar bilen oglan bäbeklerdäki onelgelilik bilen bagly näsazlyklaryň, testosteron gormonynyň we erkeklik tohumynyň sanynyň pese düşmeginiň hem-de gyzjagazlaryň jynsy taýdan wagtyndan ir ýetişmeginiň arasynda baglanşygyň bardygyny nygtaýarlar. Haýwanlarda geçirilen tejribeler, ftalatlaryň önelgelilik ulgamyna ýetirýän zaherleýji täsiriniň bardygyny subut etdi. Siz bu zyýanly himiki madda hähili duş gelip bilersiňiz? Ftalatlary kosmetiki serişdelere hoşboý ys bermek uçin ulanýarlar. Meselem, ABŞ-da kanun bu himiki maddanyň saklanýandygy baradaky maglumaty anyk görkezmegi öndürjilerden talap edenok. Çykalga: ysy bolmadyk kosmetiki we derini idetmek üçin niýetlenen serişdeleri satyn alyň.

FORMALDEGID (FORMALDEHYDE)

Käbir kosmetiki serişdeleriň düzümündäki himiki maddalary, suw bilen himiki baglanşygy geçme netijesinde formaldegidi almak üçin goşýarlar. Formaldegid – kosmetiki serişdeleriň uzak wagtlap saklanmagyny (konserwant) üpjün edýän himiki maddadyr. Formaldegid kosmetiki serişdelerde zeňiň we bakteriýanyň ösmeginiň öňini alýar. Himiki baglanşyk geçirip, formaldegid döretmek maksady bilen kosmetiki serişdelere şeýle maddalary goşýarlar: DMDM hydantoin, imidazolidinyl urea, diazolidinyl urea we quaternium-15. Ýazgylarda şeýle atly maddalary gözläň.

Formaldegid güýçli allergiki täsirliligi döredýän madda. Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bu maddany kanserogen (howply täze döremeleriň sebäbi bolup bilýän ) madda diýip hasaplaýar. Sen olara nirede duş gelip bilersiň? Olar şampunlarda, kondisionerlerda we başga-da sahsy arassaçylyga degişli ideg etme serişdelerde saklanýandyr. Formaldegid çagalar uçin niýetlenen serişdelerdede bar. 2010-nji ýylda geçirilen barlaglar, ulanylýan serişdeleriň 20 %-iň bu maddany öz düzüminde saklaýandygyny äşgär etdi. Johnson & Johnson, deri we gözellik idegi uçin serişdeleri öndürýän belli birleşik, saglyk ugrunda iş alyp barýan işewirleriň talabynyň netijesinde formaldegidi öz onümlerinden aýyrjakdygyny aýdyp ylalaşdy. Başga-da kosmetiki serişdeleri öndürijileriň hem Johson & Johnsonyň hereketini nusga höküminde ulanjakdygyna umyt edilýär.

PARABENLAR (PARABENS)

Parabenlar hem käbir kosmetiki serişdelere konserwant höküminde goşulýar. Olar adamyň bedenine estrogen aýal gormonlary ýaly täsir edip, gormonal ulgamynyň kadaly işine zeper ýetirýärler. Golaýda, Garward uniwerstitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary netijesinde paraben bilen aýal-gyzlardaky onelgelilik bilen bagly kynçylyklaryň arasynda baglanşyk kesgitlendi. 2012-nji ýylda Johnson & Johnson öz önümçiliginde parabeniň ulanylmagyny togtatmaga razylyk berdi. Ýöne bu maddalary entek hem köp kosmetiki serişdeleriň düzüminde tapyp bolýar. Çykalga: parabenlaryň dürli görnüşleriniň goşulandygy baradaky maglumaty gözden sypdyrmaz ýaly, ýazgylary üns berip okaň. Parabenyň görnüşleri: propylparaben, isopropylparaben, butylparaben we isobutylparaben.

TRICLOSAN WE TRICLOCARBAN

Triklosan – bakteriýalary ýok ediji himiki maddadyr. Bu maddany Colgate Total diş pastasynda (diş etiniň çişmesiniň öňüni almak uçin goşýarlar), suwuk görnüşli sabynlarda, beden üçin niýetlenen sabynlarda, geýim-eşiklerde, iýmit önümleri kesilýän aşhana tagtalarynda we öý hojalykda ulanylýan başga harytlarda tapyp bolar. Barlaglaryň görkezişine görä, bu madda galkan şekilli mäziniň işleýşine we erkek hem-de aýal gormonlarynyň emele gelşine ýaramaz täsir edýär.

Triklokarban maddasyny bakteriýalary ýok etmek (antibakterial) üçin niýetlenen sabynlarda tapyp bolar. Barlagçylar bu maddanyň täsiri bilen önelgelilik ulgamynda döreýan näsazlyklaryň arabaglanşygynyň bardygyny nygtadylar. Ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Iýmite we derman önumlerine gözegçilik edýän döwlet edarasy (U.S. Food and Drug Administration, FDA) bu maddalaryň ikisini hem adam saglygyna howpsyz däl diýip yglan etdi we olary deri uçin niýetlenen antibakterial sabunlaryň düzuminden aýrylmalydygy baradaky karary kabul etdi. FDA öndürüjilere öz närazylygyny subut etmäge ya-da ylalaşyp, olaryň ulanylmagyny togtatmaga wagt berdi.

RETINILPALMITAT WE RETINOÝ TURŞULUGY (RETINYL PALMITATE AND RETINOIC ACID)

Retinoý turşulygyna deriň garramagynyň garşysyna ulanylýan kremlarda duşup bolar. Retinil palmitat bolsa günuň söhlesiniň derä edýan ýaramaz täsirini peseltmek uçin ulanylýan kremlaryň içinde bolýar (rus. solnsezaşitnyý krem). ABŞ-nyň alymlary bu maddalar derä çalnanda, olar gün şohlesiniň tasiri bilen deriniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyny tizleşdirýär diýen karara geldiler. Barlaglaryň netijeleri bu maddalary düzüminde saklaýan kremlary ulanýan adamlarda, deriniň rak keseline uçramak töwekgelçiliginiň ýokarlanýandygyny belledi. FDA entek maddalaryň ulanylmagyny gadagan etmän, goşmaça barlaglary talap etdi. Çykalga: bu maddalary içine alýan kremlary ulanmaň.

BUÝRA SAÇLARY GÖNELDÝÄN, DÜZÜMINE FORMALDEGID WE FORMALDEGIDE MEŇZEŞ MADDALAR GOŞULAN SERIŞDELER

Käbir saçy göneldýän serişdeleriň 10 %-den gowragynyň düzüminde formaldegid saklanýar. Gözellik salonlarynda ulanylýan, düzümi formaldegidly buglar we yslar rak keseliniň döremegine sebäp bolup bilerler. Salonlarda işleýän adamlaryň bu agyr kesele duçar bolma towekgelçiligi hasam artýar. Käbir ýurtlarda formaldegidy ulanmak gadagan edildi. Ýone entegem käbir kiçi şereketler düzüminde formaldegidly serişdeleri öndürip, önümlerini bu zatlar barada pikirlenmeýän, habarsyz alyjylaryna hödürleýärler. Çykalga: saçyňyzy göneltmezden öň, salonda nähili serişdäniň ulanylýandygyndan habarly boluň. Eger ol serişdeleriň içinde formaldegid bar bolsa, onda ony ulanmaň. Formaldegid başgaça “methylene glycol” diýip hem atlandyrylýar.

ERKEKLERIŇ SAÇ BOÝAGLARYNDA DUŞ GELÝÄN MADDA: GURŞUNYŇ ASETATY (LEAD ACETATE)

Bu madda bedende saklanýan gurşunyň derejesini ýokarlandyryp bilýär. Gurşun – nerw ulgamyny zaherleýji guýçli zäherdir. Şol sebäpden hem, Kanadada we Ýewropa birleşiginde olaryň ulanylmagy gadagan edildi. Çykalga: bu maddany saklaýan serişdeleri ulanmaň!

Bu maddalaryň, biziň her gün ulanýän serişdelerimizde bolmazlygyny kim upçin etmeli? Bu meseläni çözmäniň netijeli ýoly – satyn aljak serişdeleriň daşky owadanlygyna seretmän, olaryň düzümi baradaky maglumatdan habarly boluň!

Maral Nazarowa. - (Terjime)
 

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Oglan. 2015-03-08 02:31
3-nji we 7-nji tesbirçiler örän dogry belläpsiňiz. Meneň siziň pikirleriňiz bilen ylalaşýaryn we ony iki elläp goldaýaryn.
Sitata
 
 
#7 Ýigit. 2014-04-17 02:21
Iň elýetmez gözellik,owadanlyk gelin-gyzlarymyza tebigat tarapyndan berileni diýip hasap edýärin. Ýöne biziň döwrümizde olara duşmak kyn. Hemme ýerlerini gereginden artyk kosmetika önümleri bilen suwap,mumielenen ýaly bolup iliň öňüne, köpçülige çykýarlar. Gelşigi hem ýok. Gylyk-häsiýetleri bolsa, edil itiň barda, gepleşer ýaly däl. Hany tebigy gözel,mylahym, mähirli, sypaýy häsiýetli gelin-gyzlarymyz...
Sitata
 
 
#6 Jahyl` 2014-03-23 21:44
Kosmetikany ýerine düşürip ulanýan aýal-gyzlara guwanç bilen seredýärsiň. Ony endik edenleri ol serişdelerden daşlaşdyryp bilmersiň. Owadanlyga owadanlyk goşmak her birisiniň ymtylýan zady ahyryn.
Sitata
 
 
#5 Ýigit. 2014-03-23 00:26
Ýaş gyzlar we gelinler soňuna seretmän şeýle bir kosmetikany ulanýarlar weli, olar tebigatyň beren gözelligini yzyna gaýdyp gelmez ýaly edýärler.
Sitata
 
 
#4 Puşman. 2014-03-22 02:05
Görk agyzdan girer diýip aýdylardy weli, indi owadanlyk deriden girer edäýdiler.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2014-03-21 16:06
Hemme ugurda "Wreý" body. Öndürmeli, satmaly, gazanmaly, aldamaly... munuň netijesinde kimler baýamaly, kimler hem kesel gazanyp, kesellemeli. Kösenýän hem gözýetimi giň bolmadyk ýönekeýje, pukara adamlar. Makalanyň ahyryndaky soraga meniň hem jogap tapasym gelýär:Bu ýagdaýa kim gözegçilik etmeli? Elmetde, her kimiň ýaşaýan döwletinde her ugra degişli döwlet edaralary. Ýöne oňa gözegçilik edýän ýokmykan diýýärin. Görseň nähili zatlary zatuwa çykarýarlar. Käsini-hä okar ýaly hem däl, gaty ownuk, lupa bilen hem görnenok. Belkim biligeşlin şeýdip çykarýandyrlar. Aý,uly bolanda-da ony okajaklar az-az. Ýokarda ýazylanlary okap, netije çykarana,gaty peýdaly makala.
Sitata
 
 
#2 Gerçek 2014-03-21 13:50
Biläýmeli zatlar.
Gör her günde biz şu maddalary özünde saklaýan zatlary näçe gezek ulanýandyrys...
Sitata
 
 
#1 okyyjy 2014-03-21 05:59
gaty gowy yazgy, her zadyn bir bahasy bar. Yöne pul hiç zadyn hem hakyky bahasy bolup bilmez.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele