Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn deri we gözellik DERLEMEK: FIZIOLOGIKI ÄHMIÝETI, SEBÄBI, GIGIÝENIKI ÇÄRELERINIŇ GÖRNÜŞLERI
( 44 Ses Berme )

Bedenden burçak-burçak bolup akýan der köp pursatlarda bizi oňaýsyz ýagdaýa goýsa-da, onuň uly fiziologiki ähmiýetiniň bardygyny ýatlamak peýdaly bolsa gerek.

Derlemek – beden gyzgynyny sazlaşykda saklamaga gönükdirilen adaty fiziologiki hadysa bolup, ol bedeniň daşky gurşawda döreýän ýokary gyzgynlylyga ýa-da salynýan güýçli fiziki agramlylyga bildirýän täsiridir.

Kadadan aşa derlemek bolsa, her bir adamyny dürli ýaşda, ençeme ýaramaz pursatlara duçar edýän nähoşlukdyr. Aşa derlemek ujypsyz tolgunma ýüze çykanda ýa-da uly güýç sarp edilmeýän adaty fiziki hereketde hem ýüze çykyp bilýär. Ýöne derlemek hiç bir sebäpsiz döreýän bolsa, onuň käbir keselleriň ýa-da ýagdaýlaryň alamaty bolmagy ahmaldyr.

OŇAÝSYZLYGA GETIRÝÄN YS

Adatça der yssyzdyr. Ýöne teniň ýüzünde birnäçe sagatlap saklanan der, onda ýaşaýyş ukybyny saklaýan bakteriýalaryň işjeňligi sebäpli ýaramaz ysyň döremegine getirýär. Derli tende bakteriýalar güýçli depginde köpelip başlaýar, has hem ýagdan we belokdan durýan bölünip çykmalary çykarýan deri mäzlerinde olar özüni oňaýly duýýarlar.

GIPERGIDROZ NÄME?

Lukmançylykda aşa derlemek "Gipergidroz" termini bilen atlandyrylýar.

Bedene fiziki agram düşende, yssy howada, ysytma ýagdaýy ýüze çykanda derlemek - kada hasaplanýar. Şeýle hem aşa derlemek ýagdaýy refleks boýunça - ýiti ýa-da gyzgyn iýmit, alkogol içgisi kabul edilende, emosional dartgynlyk ýüze çykanda döräp bilýändir. Sintetiki süýümden dokalan eşikler, gysýan aýakgap geýlende, çyglylygy ýokary bolan otagda bolnanda hem der bölünip çykmasy ýokarlanyp biler. Bularyň ählisi adamyň bedeniniň öte gyzmagyna garşy gorag çäresidir, ýagny fiziologiki (kadaly) gipergidrozdyr.

Kadaly däl (patologiki) gipergidroz – ýokarda agzalan sebäplerden başga, nerw we endokrin ulgamyň bozulmalary zerarly ýüze çykýan ýagdaýdyr.

Bu ýagdaýda güýçli derlemek bedeniň belli bir ýerlerinde ýüze çykyp bilýär: eliň aýasynda, ýüzde, dabanda we goltuk oýunda. Nähoşlugyň bu görnüşi "ýerli gipergidroz" diýiň atlandyrylýar. Mundan başga hem "umumy gipergidroz" diýip atlandyrylýan bedeniň tutuş aşa derleme ýagdaýy hem ýüze çykyp bilýär.

GIPERGIDROZYŇ SEBÄPLERI

Der teniň ýüzüne der mäzleriniň üsti bilen bölünip çykarylýar. Bu suwuklyk 97,5-99,5% suwdan, duzlaryň ujypsyz mukdaryndan (sulfatlardan, fosfatlardan, hloridlerden) we bir näçe başga maddalardan (efir-kükürt turşulygyndan, kreatinden, moçewinadan, peşewturşy duzlardan) ybaratdyr. Deriň ysyna mydama ýag mäzleriniň sekretiniň ysy goşulýar. Ýakymsyz ysyň döremegine ammiýak we moçewina hem ýardam berýär. Adatça der arkaly bedenden zäherli maddalar, kabul edilen derman serişdeleriniň galyndysy, madda çalşygynyň önümleri bölünip çykýar.

Şonuň bilen birlikde, öte derlemeklik der mäzleriniň işiniň bozulmagynyň netijesi hem bolup durýar. Derlekligiň güýjemegine dürli faktorlar sebäp bolýar:

► Endokrin ýagdaýlar we keseller: aýbaşydan galma döwri, süýji keseli, ösüş gormonynyň ýokarlanmagy bilen ýüze çykýan akromegaliýa, galkan şekilli mäziň işjeňliginiň güýjemesi;

Psihoemosional ýagdaýynyň üýtgemegi we nerw ulgamynyň şikeslenmegi: wegeto-damar distoniýasy, beýnä gan inme, Parkinsonyň keseli, fobiki bozulmalar, howsalalyk hüjüminiň güýjemegi;

Ýokanç keseller: gyzzyrma, brusellýoz, sepsis, AIDS, inçekesel, gelmintoz;

Ýürek-damar ulgamynyň keselleri: gan basyşynyň ýokarlanmagy, ýüregiň işemiýa keseli;

Çiş keselleri;

Genetiki keseller;

Arakhorluk, kömelek bilen zäherlenmek, neşe serişdeleriň täsiriniň netijesi.

Süýji keselinde wegetatiw nerw ulgamyna degişli süýümler zeperlenýär we tutuş bedende güýçli derleme ýüze çykýar. Goltukasty çukurjykda, eliň aýasynda we aýakda ýüze çykýan aşa derlegenlik – güýçli ruhy dartgynlygyň görkezijisidir. Aýak derlemesi daban derisiniň keseli (kömelekli zeperlenmesi) bilen hem bagly bolup biler. Sähel zada tolgunýan duýgur adamlarda ujypsyz stress ýagdaýy ýa-da kiçijik tolgundyryjy pursat kelle derisinde deriň bölünip çykmagynyň sebäbi bolup bilýändir.

Gijeki derlemek, adatça, umumy derlemegiň bir bölegi bolup durýar. Erkek adamlarda bu ýagdaý emosional durnuksyzlygy, gan basyşynyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmaklygy zerarly ýüze çykýar. Zenan maşgalalarda gijelerine derlemek bedeniň gormonal gurluşynyň üýtgemegi bilen düşündirilýär. Adatça bu ýagdaý göwrelilik ýa-da aýbaşydan galma döwründe bolup geçýär.

Ýöne gijelerine aşa derlemegiň lukman bejergisini talap edýän, başga keselleriň netijesinde ýüze çykyp bilýändigini hem unutmaly däldir.

Çagalarda derleklik adatça, ýaş özgerişlikleri bilen bagly bolýar. Bedende bolup geçýän üýtgeşmeler sebäpli wagtyň geçmegi bilen körpejäniň beden gyzgynlygy kada girýär. Şol sebäpli bir ýaşa çenli çagalarda güýçli derleme ýagdaýy kada hasaplanýar.

Eger sizi güýçli derlemek ýagdaýy biynjalyk edýän bolsa, onuň sebäbini anyklamak üçin barlag çäreleriniň toplumyndan geçmelidir. Zerur bolan ýagdaýynda newrolog, onkolog, endokrinolog, ginekolog lukmanlaryna hem ýüz tutma zerurlygy döräp bilýändir.

BEJERGI ÇÄRELERI

Gipergidroz keseliniň bejergisi örän çylşyrymly bolup, sabyrlylygy we meselä toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýändir. Köplenç bejergini gaýtalamaly ýagdaýlary hem bolýar. Lukmanlaryň arasynda bu kesele garşy göreşmegiň usullary boýunça ýeke-täk pikir ýokdur.

Öte derlemeklige garşy göreşi şahsy gigiýenany berjaý etmekden başlamalydygyny ýatlatmagyň geregi ýok bolsa gerek. Lukmanlar bromidiň propantelinini, rahatlandyryjy serişdeleri, fiziki faktorlarlardan ionoforez (täsiri 1-3 hepdä ýetýär) usulyny peýdalanmagy maslahat berýärler. Derlekligi bejermekde Botoks (botulotoksin) sanjymlary ulanmak has ygtybarly serişde hasaplanýar. Hünärmen tarapyndan geçirilen birnäçe sanjym, sizi bu oňaýsyz kynçylygy 7 aýyň dowamynda ýatdan çykarmaga kömek edip biler. Aşa derlemekligiň has netijeli usullary hem işlenilip, amaly lukmançylykda ulanylýandyr. Goltukasty çukurjygyň aşa derlemesini aýyrmak üçin ýerli liposaksiýa usuly (çukurjykda ýerleşýän der işläp çykarýan mäzleri ýag gatlagy bilen gyryp aýyrmak), ýüzüň we eliň aýasynyň aşa derlemeginiň öňüni almak üçin simpatiki nerw süýümlerini kesip aýyrmak çäresi geçirilýändir.

Göwrelilik döwründe peýda bolýan aşa derleme ýagdaýyndan lukmanlar diňe gigiýeniki kadalary berjaý etmek arkaly goranmagy maslahat berýärler. Meýdan kyrkbognunyň, söwüt gabygynyň ýa-da pyntyk agajynyň (agzalan serişdeleriň haýsy hem bolsa biriniň 1 nahar çemçesini 300gr suwda gaýnatmaly) gaýnatmasyny sürteçe siňdirip endamyňy süpürmek oňat netije berýär. Aýbaşydan galma döwründe dörän aşa derlemekligi ornuny tutujy gormonal serişdeleri kabul etmek arkaly peseldip bolar.

Kellede ýüze çykýan aşa derlekligi bejermek çylşyrymly hasaplanýar. Bu ýagdaýda barlag çäreleri geçirilip, näsagyň beden aýratynlygyna görä bejergi bellenilýär.

Şeýle hem güýçli derleklikden halas bolmak üçin, lukmanlar aşakda bellenip geçilen çäreleri ulanmagy maslahat berýärler:

♦ Berhiz saklamak: iýmitden düzüminde teobromin we kofein bar bolan önümleri aýyrmak – kofe, kakao, kola, çaý, şokolad...

Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek: güniň dowamynda iki gezek duş kabul etmeli, rahat we sintetiki bolmadyk, tebigy ýa-da emeli süýümlerden taýýarlanyp tikilen eşikleri geýmeli, aýakgap laýyk ölçegde we gaýyşdan tikilen bolmaly;

Adaty dezodorantlaryň we antiperspirantlaryň ýerine, alýumohloridleri saklaýan serişdeleri ulanmaga ýykgyn etmelidir (meselem, "Odoban", "Maksim", "Drisol");

Elektroforez usuly bilen bejergini tapgyrlaýyn kabul etmeli. Bejerginiň berýän oňaýly netijesi 8 günden soň aýdyň bildirip, bejergi tapgyrlaryny yzygiderli gaýtalap durmalydyr;

Lukmanyň görkezmesi bilen lonopin, prozak, atropin, propranolol ýaly serişdeleri ulanma hem netijeli hasaplanýar;

Goltukasty çukurjygynyň ýokary derlekliginde botulotoksin A sanjymyny almak;

Simpatiki nerw ulgamyna degişli nerw süýümlerini kesip aýyrmak;

Der bölüp çykarýan mäzleri gyryp aýyrma usulynyň dürli görnüşlerini ulanmak;

Ýokary derlegenlik ýüze çykýan ýerinden deri bölegini aýyrmak.

Häzirki zaman lukmançylygyň gazanan ösüşlerine garamazdan, bu oňaýsyzlykdan kösenýän adamlar bejergi usulyny saýlanynda öz ýagdaýlaryna salgylanmalydyr.

Size bu oňaýsyz ýagdaýdan halas bolmakda halk lukmançylykda ulanylýan melhemler hem uly kömek berip biler.

HALK LUKMANÇYLYGYNYŇ USULLARY BILEN DERLEGENLIGI BEJERMEK

Halk lukmançylygynda aşa derlemege garşy esasan dürli derman ösümliklerden taýýarlanan gaýnatmalarda öllenen mata ýapgylary we melhem daňylary ulanylýar. Olaryň birnäçesiniň düzüm bölegini mysal getirip bileris:

• Ýüzüň aşa derlemesinden halas bolmak üçin, 1 çaý çemçe sirke bilen garylan dub we söwüt agajynyň gabygynyň şiresini ulanmak bolar. Şiräni 1:10 gatnaşykda suw bilen garyp, günde iki gezek ýüzüňi ýuwmaly;

Goltuk derlemesini bejermek üçin halk lukmançylygynda ulanylýan usullaryň biri 6 nahar çemçesi çopantelpegiň üstüne 2 litr gaýnan suw guýup demine goýmaly. 1 sagat geçenden soň 2 nahar çemçe iýmit sodasyny goşmaly we taýýar bolan ergin bilen goltukasty çukurjygy süpürmeli. Şeýle hem munuň üçin dub gabygynyň gaýnatmasyny ýa-da alma sirkesini ulanmak bolýar;

Halk lukmançylygynda goltuk derlemesinden halas bolmak üçin ýene bir serişde giňden ulanylýar: meýdan kyrkboguny (1:10) bilen hoza (1:10) arak guýup taýýarlanan ergine günde iki gezek goltugyňy süpürmeli;

Goltuk derlemesiniň öňüni almak üçin garaýagdan taýýarlanan sabyn (degtýar sabyny) hem giňden ulanylýar. Sabynyň ýakymsyz ysyna garamazdan, ertir we agşam onuň bilen ýuwunma peýdaly netijeleri berip biler;

Güýçli aýak derlemesinden halas bolmak üçin ýatmazdan öň, dub agajynyň gabygyny külke edip aýaga sepmeli we jorap geýmeli. Irden mylaýym suw bilen ýuwup aýyrmaly;

Her gezek aýak ýuwulandan soň, 2 litr gyzgyn suwa 3 nahar çemçesi deňiz ýa-da nahar duzuny goşup mazaly eretmeli we aýagyňy şu gyzgyn suwda saklamaly;

Derlek aýakdan halas bolmak üçin lawr ýapragyny, çopantelpegi, gwozdikany we atgulagy gaýnadyp, yzygiderli şol gaýnatmalarda aýagyňy saklamaly.

Aşa derlemeklikden dynmak üçin uzaga çekýän stress, emosional dartgynlylyk ýagdaýlaryndan dynmagyň möhüm bolup durýandygyny belläsimiz gelýär. Köplenç aşa derlekligiň sebäbi edil şol faktorlar bolup durýar.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 Atsyz 2016-09-10 00:03
El derlemekden nadip dynmaly
Sitata
 
 
#10 Okyjy. 2015-06-18 00:32
Derleseň gowy bolarda. Böwregiň işleýşine ýeňillik bolar. Der çykarýan mäzler hem öz işlerini etmelä.
Sitata
 
 
#9 Atsyz 2014-02-26 12:31
Goltuk derlemesine garsy name etmeli? Men gunde suwa dussemde reksona calsamda sonda da derleyan name maslahat beryaniz Lukman?
Sitata
 
 
#8 Arassaçyl 2014-02-06 01:05
Atsyz tomusda biziň howamysda pagta matadan tikilen köýnekleri geýmeli. Emma owadanlygyna, reňkine guwanyp, sintetik matalardan tikilen köýnekleri geýýärler. Ony hem bir gezek geýseň edil alaja gözen ýaly bedeniň derleýän ýerlerinden der çykyp köýnegiň porsaýar.Sabynlary bar, ýöne şol porsy köýnegi ýuwman gaýtadan geýýärler. Dezodarant dagy sepinen bolsa bar onda der bilen gatyşýar. Onsoň şol adamynyň ýanynda
durar ýaly däl.
Sitata
 
 
#7 Lukman 2014-02-06 00:27
Derlemäge garşy ündelýän serişdelere diňe lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen baha bermeli.
Sitata
 
 
#6 Biynjalyk 2014-02-05 12:51
Kadaly derlemek örän oňat. Oňa özüňden many çykarjak bolup endamyňa himiýa sürtüp bomaza...
Sitata
 
 
#5 Tämizje 2014-02-03 11:40
Ýaşlykda hemme mäzleriň erjel işleýşi ýaly der çykarýan mäzjagazlar hem işleýärler. Iki-ýeke bedeniň näsazlyklarynda alamaty bolaýmasa, galan ýagdaýlarda mäzjagazlar öz işini ýerine ýetirýärler. Ony derlegenlilik hasap etmeli däl-de her adam yzygiderli hususy gigiýenäniň düzgünlerini berjaý etmeli.
Sitata
 
 
#4 Begli 2014-01-31 01:12
Wah! Şu wagt gyzgynjak burçly unaş içip derläýseň. Sowuklapdyryn, ýeňil bolaýjak ýaly.
Sitata
 
 
#3 Perwaýly 2014-01-31 00:40
Türkmenlerde diýýärler:"Derleseň derdiň çykar". Kadaly derleýän bolsaň oňa ýetesi näme bar.Ýöne ýataňda, gezeňde "alaja gözen" diýilýän haýwan ýaly porsap ýörseň gülki-hä borsyň.
Sitata
 
 
#2 Atsyz 2014-01-30 22:37
Bizde bir porsy adamlar bar...esasanam tomusda. Geyimleri gymmat baha, yone sabun almana pullary yok.
Sitata
 
 
#1 Okyjy 2014-01-30 20:36
Derleklikden dynmak üçin ýokardaky berilen maslahatlardan başgada, kadaly bedeni terbiýeleýji maşklar bilen meşgullansaň, bozulan wegetatiw nerw ulgamynyň işleýşini sazlaşdyryp, derleklikden dynmaga ýardam berýär.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele