Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn deri we gözellik BOÝY ÖSDÜRMEGIŇ USULLARY BARADA PEÝDALY MASLAHATLAR
( 38 Ses Berme )

Megerem, ýer ýüzünde öz keşbinden doly razy adam ýok bolsa gerek. Köp kosmetiki ýetmezçilikleri dürli serişdeler bilen ýapyp bolýan bolsa, "boýumy nähili ösdürmeli?", diýen meseläni çözmek üçin adamlar bedenini dürli synaglara,  özüni bolsa howpa iterýärler. Boýy ösdürmegiň usullary kän, ýöne netijeli we howpsuz ýoluň azdygyny bilmek zerurdyr.

Häzirki zaman usullary ulanyp, adam her bir ýaşda öz boýunyň ösmegine ýardam berip biler, ýöne ol näçe ýaş bolsa, işiň netijesi şonça ýokary bolýar.  Boýyny ösdürmegi arzuw edýänleriň ýolunda  diňe olaryň ýaltalygy böwet bolup biler.

Adamyň  ösüşi 20 ýaşyna çenli dowam edýär diýip hasaplanýar, ýöne mundan soň ýene-de 5 ýyl ösüş haýallyk bilen dowam edýär. Ýöne dürli usullaryň kömegi bilen adam 30-40 ýaşda hem boýunuň ösmegine täsir edip biler. Häzirki döwürde boý ösdürmegiň dürli usullary ulanylýar. Olary esasy dört topara bölüp bolar:

Boý ösdürmegiň hirurgiýa  usullary (operasiýa ýoly bilen injigi uzaltmak);

Gormonal  usullary (boý ösmegine jogapkär süňklerdäki işjeň zolaklarynyň täsirli somatotrop gormonlaryny ulanmak);

Fiziki  usullary (fiziki maşklaryň toplumynyň kömegi bilen ösüş zolaklaryny tijendirmek);

Fiziologiki  usullar (energiýany harç etmek bilen sazlaşyklykda, belok-witamin-mineral berhizi, çilim çekmekden çetleşmek, işjeň durmuş  ýörelgesini alyp barmak, psihogen faktory).

Ösmegiň hirurgiýa  usullary

Bu usul bilen  boýy ösdürmek aýaklary uzaltmagyň hasabyna amala aşyrylýar. Akademik G.A.Ilizarow tarapyndan işlenip taýýarlanan hirurgiýa usuly boýuny ösdürmegi isleýän adamyň öz razyçylygy bilen ýerine ýetirilýär. Hirurgiki usul aýaklarda köpsanly operasiýalary geçirmek bilen bagly bolup, belli bir derejede adamyň bedenine howp salýan usuldyr. Butlary ýa-da uýluklary, injigi uzaltmak boýunça operasiýa tapgyrlaýyn,  başaşa ýa-da birwagtda geçirilip biler. Bu  operasiýanyň dowamynda ilki bilen aýaklaryň  degişli  bölegi döwülýär we ol ýere Illizarowyň apparaty ady bilen belli bolan ýörite ortopediki abzal berkidilýär. Soňra aýaklar bir  gije-gündiziň dowamynda 1 mm tizlikde çekilip uzaldylyp başlanýar. Garaşylýan netijä ýetilenden soň, Illizarowyň apparaty aýagyň süňklerini berkidýär we olar kem-kemden sepleşip bitişip başlaýar. Hirurgiki täsir etme bellenen netijeleri gazanmaga şert döretse hem, işe ukyplylygyň uzak wagt ýitirilmegi, süňkleriň ýokançlyklar (osteomiýelit) bilen zeperlenmegi ýaly gaýraüzülmelere getirip biljekdigini bellemelidir.

Boýy ösdürmegiň gormonal usullary

Boýy ösdürmegiň ikinji ulanylan usulyna gormonlary ulanmak bilen bagly çäreler degişlidir. Adamyň boýunyň ösmegini sazlaýan  esasy gormon – somatotrop ýa-da ösüş gormonydyr. Bedende bu gormonyň ýetmezçilik etmegi nesil yzarlamak (ösüş genleriň sintezine we sekresiýasyna jogap berýän genleriň şikesligi), doga (dogrum döwründe ýetirilen şikesligiň netijesi) ýa-da gazanylan (beýni çişmesi, kelle-beýni şikesligi) görnüşde bolup biler. Bütün dünýäde ösüş gormony ýetmeýän syrkawlary bejermek üçin gennoinžener usuly bilen alnan adamyň ösüş gormonyny ulanýarlar. Olaryň içinde giňden bellileri: norditropin, humatrop, inotropin, saýzen serişdeleridir. Bu serişdeleriň netijeliligi örän ýokary diýip hasaplanýar. Bejerginiň birinji ýylynda çagalar ortaça 10-12 sm ösýärler. Lukmanyň gözegçiliginde, uzak wagtyň dowamynda, yzygiderli geçirilen bejergi uly adam üçin adaty hasaplanýan boýa ýetmäge mümkinçilik berýär. Bejergi näçe ir başlansa, netijesi şonça oňat bolýar. Ýöne boý gormonlarynyň sanjymy örän agyryly bolup, olaryň ýaramaz täsirleriniň zyýanly netije bermegi ahmal:

bedeniň çişginliligi;

bogunlarda agyry;

ginekomastiýa (erkeklerde süýt mäzleriniň ösmegi);

böwregiň işiniň peselmegi;

süýji keseliň döreme töwekgelçiligi;

gipotireoz;

kellagyry;

görüş ukybynyň peselmegi;

ýürek bulanma, gaýtarma;

kekirdewük dokumasyny saklaýan agzalaryň (burun, barmaklar) ulalmagy.

Şol sebäpli bejergä örän çynlakaý we seresap çemeleşmeli. Boýuň ösmeginde ösüş gormonyndan başga-da  galkan şekilli , böwregüsti  we jyns mäzleriniň işjeňligi wajyp orny eýeleýär.

Boýy ösdürmegiň fiziki  usuly

Netijeliligi boýunça, boýy ösdürmegiň fiziki usuly, hirurgiýa usulyndan asgyn gelmeýär. Bu usuly amala aşyrmak üçin adamyň bütin durkuna täsir edýän, şonuň bilen birlikde boýuň ösmegine ýardam  berýän dürli trenažorlary we esasan hem ýörite maşklary  ulanýarlar.  Fiziki maşklar beden etiniň we süňküň ösmegine kömek edýär, artyk ýagyň toplanmagynyň öňüni alýar. Şeýle hem dogry we yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlarda boýunyň 10 sm golaý kemelmegine getirýän oňurga gyşarma keseli ýüze çykmaýar.

Bu usuly ulanmak bilen 15-20 ýaşly juwanlaryň ösüş zolaklaryny tijendirip, örän gowy netijeleri gazanyp bolýar. Adatça, türgünleşigiň birinji hepdesinde olar 2-3 sm ösýärler. Elbetde, 35-40 ýaşda bular ýaly netijäni gazanmak kyn, ýöne  şonda  hem adamda goşmaça kuwwat saklanýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Fiziki maşklar boýuň ösmegine gönüden-göni täsir etmek bilen birlikde, beden durkunyň dikelmegine, garyn myşsasynyň bekemegine, ýöreýşiň gowulanmagyna hem ýardam berýär.

Boýuň ösmegi üçin peýdaly bolan ýönekeý fiziki maşklaryň toplumy şulardan ybarat bolup biler. Ilki bilen kyn bolmadyk umumy berkidiji maşklaryň kömegi bilen az-kem el-aýagyňy ýazmaly. Ony ýöremekden başlamak peýdaly. Soňra aýlanyş hereketleriň, öňe, gapdala, arkan egilmek, öwrülmek, bat almak maşklary bilen elleriň, aýaklaryň, oňurganyň bogunlaryny ýazmaly. Mundan soň bolsa 3-5 minudyň dowamynda ýeňil ylgamaly we ýörite maşklara başlamaly:

Diwara golaý, oňa seredip duran ýagdaýda, aýagynyň barmaklaryna daýanyp, mümkin boldugyça gönelip, ýokaryk dyzamaly.

Turnikde özüňi götermeli, soňra sallanyp, mümkin boldugyça bedeniňi gowşatmaly we birnäçe minut asylyp durmaly.

Asylyp duran ýeriňde aýaklaryňy saga-çepe maýatnik görnüşde hereketlendirmeli (maşk döwründe myşsalar maksimal gowşadylmaly).

Bedeniňi gowşadyp asyyp duran ýagdaýda göwräňi saga-çepe öwürmeli.

Gezekleşdirip sag, çep, soňra iki aýakda ýokaryk bökmeli. Belentlikde asylan zada eliňiz bilen ýetmegi maksat edinmek hem bolar.

Arkan ýatmaly, aýaklar bile göni, eller gapdala uzadylan. Gezekleşdirip ilki sag, soňra çep aýagy dik ýokaryk galdyrmaly.

Ýüzin ýatmaly, aýaklar göni, eller arkada birleşdirilen . Kelläni we eginleri galdyryp arkan ýaý atmaly.

Ýüzün ýatyp, elleri göwräň ugruna göni uzaldylan ýagdaýda. Birleşdirilen aýaklary arkan galdyrmaly.

Arkan ýatmaly, eller bilde bolmaly. Bileleşdirilen aýaklary galdyryp, olary kelleden aşyrmaga synanyşmaly.

Agzalan maşklaryň her birini görnüşine görä fiziki taýýarlygyňyzy göz öňüne tutup, azyndan 6-12 gezek gaýtalamak maslahat berilýär. Görkezilen ýörite maşklary, hepdede 2-3 gezek suw howdanlarda ýüzmek, suw bilen bejeriş çäreleri kabul etmek (saunalar, 37-39ºC ýylylykda – deňiz duzly, pürli ekstraktly, derman otly ýyly wannalar), owkalama, beden taplamalary bilen üstüni ýetirmek ösüş zolaklary gyjyndyryp, beden dokumalarynda gan aýlanyşygy, maddalaryň çalşygyny janlandyrar. Bu işleriň netijesinde boýuň ösüşi az-kem çaltlaşyp başlaýar. Şeýle hem boýuň ösmegine sportuň woleýbol, basketbol, uzynlyga bökmek ýaly görnüşleri oňat täsir edýär.

Boýy ösdürmegiň fiziologiki usuly

Adamyň boýy onuň ýaşaýşynyň biologiki şertlerine we belli bir derejede  durmuşynyň dowamynda iýmit üsti bilen kabul eden kuwwatlylyk derejesine, dürli ýagdaýda sarp eden kuwwatlylygynyň tapawutlygyna baglydyr. Uzyn adamlaryň gysga boýly adamlara garanyňda -  uly bolsun, çaga bolsun, köpüsi gowy iýmitlenendigi, ugruna gowy seredilendigi, az syrkawlandygy, umuman ýokary biologiki häsiýetnamasynyň bolandygy subut edilen.

Boýy ösdürmegiň usullarynyň içinde ösüş ýagdaýyna ýardam berýän, iýmit düzümini dogry düzmeklik boýunça maslahatlar möhüm orun eýeleýär. Adatça ol her bir adam üçin aýratyn düzülýär, ýöne umumy maslahatlar hem bar. Mysal üçin poliwitaminler, aýratyn-da gyşyna we ýazyna  örän peýdalydyr. Ösüp gelýän beden üçin ýabany ösýän otlar: krapiwa, selme, tozga, mat-maçeha, atgulak, narpyz, kislina, iwan-çaý, hyýar ýapragy örän peýdalydyr. Däne ösümlikleri, has hem gara çörek we dürli şüleler: greçkaly, süleli, şeýle hem bally doroga, bagyr, ýumurtga, ýeterlikli mukdarda gök önümler, ir-iýmişler we miweler, itburun, zeýtun we gül tozgajyklary; bedeniň ösüşini  oňat tijendirijiler bolup durýar.

Doly gymmatly uky hem uzyn boýly bolmagyň girewidir; adamyň esasy uky wagtynda, gije ösýändigi bir mahal subut edilendir.

Adamyň endokrin ulgamynyň merkezi nerw ulgamy bilen ýakyndan bagly bolany üçin, uzak wagtlap ruhy dartgynlygy başdan geçiren çagalaryň (mysal üçin, eger çaga oňaýsyz psihologiki şertde saklansa) somatotrop gormonynyň sekresiýasy pese düşýär we olar haýal ösüp başlaýar. Bular ýaly ýagdaýda fiziki maşklar we ýörite iýmit düzümi bilen bir hatarda içki psihologiki ýagdaýyny ugrukdyrmak boýunça usullar ulanylýar.

Şeýlelikde, boýuňy 7-10 sm uzaltmak, her bir adama başartjak iş diýseň hem bolýar. Agzalan usullar boýunça boýuňy ösdürmegiň ugruna çykmak, siziň zähmetsöýerligiňiz we maksada okgunlygyňyz bilen  sazlaşyp, garaşylandan hem ýokary netije görkezer diýip ynanýarys.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Muhammetaly 2016-11-15 14:54
Men ozum barada aydasym gelenok
Sitata
 
 
#8 Gokhan 2016-03-04 13:55
Halyk! Boyun osdurmegin fiziki usuly bilen mesgulanyp govy netije gazanyp bolyar has dogrusy govy osus gazanyp bolyar men men 1ay on 1'62dim fiziki usuly bilen mesgulandym yany yakynda boyum 1'69 mundan basgada usulary bar havarlasmak ucin tilfon belgim 66 51 33 35
Sitata
 
 
#7 Halyk 2016-03-04 00:04
Hormatly lukman menin boyum 1.65 men oz boyumun gysgadygy ucun gaty gynanyan sonun ucinem men durmusda kop yerlerde gaty kemsinyan.maslahatynyzda gorkezişiniz yaly haysy usul bilen amatly bolarka.meni kanagatlandyrarsynyz diyip umyt edyan.?
Sitata
 
 
#6 Gokhan 2016-02-24 15:50
Hormatly yokarda gorkezilen fiziki usulary nace wagtyna gecsen 18yasda peydaly sular dogrusynda aydaysanyz
Sitata
 
 
#5 Gokhan 2016-02-21 10:51
Men Gokhan 1998 18 yasymda men su wagt boyum 1.62 yone bu gorkeziji bizin yasymyzda kici bolya hormatly lukman kop pikirlenmek kawagt az wagtlyk susupes oturmak pishologiyana agram salyp az pikirlenmek boyun osusini togtadyp bilermi sular dogrusynda soragymy kanagatlandyrsanyz sizden hosal bolardym sag bol sizden geljek jogaba garasyan !
Sitata
 
 
#4 Azat 2015-10-04 10:34
Sps maslahatynyza. Bu maslahatlaryn 2 yoluny barlap gorerin we 1 hepdeden jogabymy aydaryn.
Sitata
 
 
#3 Bakygeldi 2014-12-18 12:07
Menin boym 1.42 yylym 1999 synpdashlarymdan boyum kici. Boyum gaty hayal osyar .
Sitata
 
 
#2 Bakygeldi 2014-12-18 12:07
Menin boym 1.42 yylym 1999 synpdashlarymdan boyum kici. Boyum gaty hayal osyar .
Sitata
 
 
#1 gulruh 2014-11-16 10:12
men 19 yashymda emma menin boyum 1m 37 sm .men bu boyu ozume layyk damika dp pikir etyan. We munada yeterlik yagdayda stresslaryn tasiri barmyka dp dusunyan. Sebabi diysen kan pikir etyan we gaty kan zada gysynyan elbetde munun hem yeterlik sebapleri bar. Su zatlary aradan ayyrmak un nam etmek mumkin bolup biler?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele