Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn deri we gözellik GÖZÜŇ AŞAGYNDA GÖK TEGMILLERIŇ WE "HALTAJYKLARYŇ" EMELE GELMEGINIŇ SEBÄPLERI
( 14 Ses Berme )

Biz ukymyzy we dynjymyzy alan, sähdiaçyk adamlar bolsak hem, gözümiziň aşagynda "haltajyklaryň" döremegi bizi näsag we ýadaw görkezip biler. Bu ýagdaý göräýmäge gaty bir düýpli kynçylyklary hem aňlatmaýar, sebäbi biziň hiç ýerimiz agyrmaýar hem-de gijemeýär ahyryn. Ýöne bu ýagdaý köp kosmetiki oňaýsyzlyklary döredip, käwagtlar bolsa saglyk babatda ýüze çykan kynçylyklardan habar berip biler.

Gözüň aşagynda döreýän "haltajyklaryň" emele geliş mehanizmine düşünmek üçin, biraz gözüň anatomiýasyny ýada salmak ýerlikli bolar.

Göz almasy göz hanasyndan ýag gatlagy bilen araçäklenen bolup, ol özboluşly gorag gatlagydyr we göz töwereginiň (periorbital) öýjükli gatlagy diýip atlandyrylýandyr. Gabagyň derisinden ony birleşdiriji perde bolan göz germewi çäklendirip, ýag gatlagyny göz hanasynyň içinde saklamaga kömek edýändir.

Köp ýyllaryň dowamynda, gözüň aşagyndaky "haltajyklaryň" döremegi, esasan, göz hanasynyň germewiniň elastiki häsiýetiniň ýitmegi bilen baglanyşdyrylyar. Germewiň süýnüp, daşyna sallanýanlygy sebäpli ýag dokumasyny saklap bilmän, özboluşly ingini döredip, "haltajyklar" emele gelýär diýen düşünje bolupdyr.

Geçirilen barlaglar, "haltajyklaryň" döremeginiň gözüň töweregindäki ýag gatlagynyň köpelmegi bilen baglanşyklydygyny subut etdiler. Gatlagyň belli bir köpelme çäginde, gözhana germewi ony saklap bilmeýär we ýag gatlagy göz hanasynyň daşyna çykýar.

"Haltajyklar" ýag gatlagynyň köpelmegi we çişginlilik zerarly döräp biler.

Çişginlilik zerarly döreýän "haltajyklar" ukydan soň bildirip, bedeniň ýokary böleginiň gan aýlanyşygynyň güýjemegi sebäpli, agşamara ýakyn ýitip gidýändir.

Ýag gatlagynyň köpelmegi netijesinde döreýän "haltajyklar" bolsa, hemişelik bolup, olar günüň dowamynda üýtgemä sezewar bolmaýarlar.

"Haltajyklaryň" döremeginiň birnäçe sebäpleri bolup biler:

  • Nesil yzarlaýjy häsiýeti – eger "haltajyklar" çagalykda ýa-da ýetginjeklikde döräp, aýrylman galan bolsa, onda ol ýag gatlagynyň köpelmeginiň genetiki töwekgelliginiň barlygyndan habar berýändir. Düzgün bolşy ýaly,  şunuň ýaly "bezegi" çaganyň ene-atalarynda hem görüp bolýandyr.
  • Spirtli içgiler we neşe serişdeleri ukysyzlyk bilen utgaşanda, göz hanasynyň töwereginde ýag gatlagynyň çişginliligine getirip, kosmetiki kynçylyklary döredip biler.
  • Duzy köp mukdarda kabul etmek – duzly önümleri köp mukdarda kabul etmek hem, bedende suwy saklap, gözüň töwereginde çişginliligi döredip biler. Edil şonuň ýaly ýagdaýa agşam çaýy, kofe içgisini içmeklik hem getirip biler.
  • Käbir beden keselleri, meselem, ýürek, böwrek keselleri, galkan şekilli mäziň işiniň ýetmezçiligi (gipotireoz), allergiki keseller, burnuň ýanyndaky süňkli boşluklaryň sowuklamagy, ýiti respirator keseller hem göz hanasynyň töwereginde ýag gatlagynyň çişginliligini döredip biler.
  • Bedende gormonal üýtgeşmeler – köp aýallarda aýbaşy halkasynyň ikinji döwründe gözüniň aşagynda "haltajyklar" döreýär. Sebäbi bedende agdyklyk edýän progesteron gormony, suwy saklap, çişginliligi döredip bilýändir.
  • Ultramelewşe şöhlelenmeler – çendenaşa güne ýanma ýa-da solýarynyň hyzmatyndan peýdalanmagy gowy görýänlerde "haltajyklar" ýüze çykyp biler.
  • Ýaşyň ulalmagy netijesinde hem gözüň töwereginde ýag gatlagy köpelip, aşaky gabagyň derisiniň aşagy "sallanyp" bilýändir. Şunuň sebäbi entek doly anyklanylanok. Şunuň ýaly "haltajyklar" hemişelik saklanyp, ulalyp bilýändirler.
  • Ýadawlylyk – kompýuteriň ýa-da telewizoryň öňünde oturmagyň netijesinde döreýän umumy ýadawlylyk hem-de nerw dartgynlylyk, gabaklaryň çişginliliginiň esasy sebäbi bolup biler. Şonuň ýaly-da, uky ýetmezçiligi hem gözüň töwereginde ýüze çykýan dürli kosmetiki kynçylyklaryň sebäbi bolyar.

Ukynyň alynmagynyň – gözelligiň esasy şertleriniň biridigini ýatdan çykarmaň

Gan we limfa damarlarynyň durgunlylyk ýagdaýyny aradan aýyrmak üçin, kelläňizi biraz ýokary edip ýatmak peýdalydyr. Uky gowy şemalladylan otagda, 8 sagatdan az bolmadyk wagt dowam etmelidir.

Sebäbine bagly bolmazdan, uzak wagt saklanýan "haltajyklar" aşaky gabagyň derisiniň meneklenmegine getirip, gözüň töwereginde garamtyl aýlawlaryň döremegini ýüze çykaryp biler.

Eger, "haltajyklar" göz hanasynyň töwereginde ýag gatlagynyň çişginliligi netijesinde dörän bolsa, oňa garşy göreşmek üçin göreş çärelerini başlamak bolar.                                                                                                                                                                           

Ilki bilen çişginlilige getirýän sebäpleri aradan aýyrmak barada pikir etmelidir:

  • Alkogol içgileri we duzy çäklendirmelidir;
  • Güneşlemäni azaltmalydyr;
  • Gözüňize agram salman, dynç bermelidir;
  • Bedeniň dowamly kesellerinden ejir çekýän bolsaňyz, olary bejermelidir;
  • Hemme çärelere garamazdan gabaklarda çişginlilik saklanýan bolsa, şol maksat üçin niýetlenen kosmetiki serişdeleri (kremler, losýonlar) ulanmak ýa-da halk serişdelerinden peýdalanmak ýerlikli bolar:
  1. 1 stakan gaýnan suwa 1 nahar çemçesi petruşkany demläň. 15 minut saklap, süzüp alyň. Ýyly ýapgylary gabaklaryňyza goýup, 15 minut arkan ýatyň. Şonuň ýaly-da, gabaklaryňyza 1-2 minut goýy demlenen gök ýa-ga gara çaýa öllenen pamygy ýapyp bilersiňiz. Bu bejergini günüň dowamynda 3-4 gezek gaýtalap bolýar.
  2. Çig ýer almasyny (kartoşkany) ownuk gyrgyçdan geçirip, hasa dolaň we gabaklaryňyza 10-15 minut goýuň. Çig ýer almasynyň tegelek kesilen böleklerini hem gabaga goýup, peýdalylyk üçin 20 minut saklamak maslahat berilýär.
  3. Bir çaý çemçe ownuk dogralan petruşkany iki çaý çemçe gaýmak bilen garyp, gözüň töweregine çalyp, 10-15 minut saklamalydyr.
  4. Gyrgyçdan geçirilen ýer almasyny iki çaý çemçe un we iki çaý çemçe süýt bilen garyp, gözüň töweregine çalyp, 10-15 minut saklamak maslahat berilýär.
  5. Gözüň töweregindäki "haltajyklary" çopantelpegiň we ukropdan taýynlanan ergin bilen ýapgy etmek hem çalt aýyrýar. Onuň üçin bir çaý çemçe otuň üstüne 0,5 stakan gaýnan suwy guýup, 15 minut üstüni ýapyp goýmalydyr. Soňundan süzmelidir. Erginiň ýarysyny sowadyjyda saklamalydyr, ýarysyny gyzdyrmalydyr. Oňaýly ýatyp, öllenen pamyk bilen gezekli - gezegine, gabaklaryňyza sowuk we gyzgyn ýapgy ýapyň. Bu bejergini yzygiderli 1-2 aý geçirip bolýar. Edil şunuň ýaly usuly ulanyp, bidenegiň ýapragynyň (şalfeý) ergini bilen hem bejergi geçirmek bolýandyr.

Eger Siziň wagtyňyz we maddy serişdäňiz bolsa, gözüň töweregindäki çişginligi we meneklenmäni aýyrmak üçin kosmetolog-hünärmenlere ýüz tutmak hem ýerliklidir. Ýörite ýapgylar we  owkalama usullary gerekli netijäni berip biler.

Ýöne "haltajyklar" genetiki we uly ýaş bilen baglanyşykly sebäplere görä ýüze çyksa, ýörite blefaroplastika operasiýasyny geçirmek gerekli peýdaly netijeleri berýändir. Onuň üçin kirpikleriň aşagyndan, gabaklarda kiçijik dilik edip, ýag gatlagynyň gerekli mukdary aýrylýandyr we göz hanasynyň germewi plastiki usul bilen dikeldilýändir. Dogry geçirilen blefaroplastiki operasiýasynyň netijeliligi onlarça ýyla dowam edip biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Atsyz 2015-12-05 01:37
Her näme diýseňem ol "haltajyklar" esasan aýallara seredeniňde erkek adamlarda köp duş gelýär. Belkäm ol erkekleriň özlerini durmuşda şalpar alyp baryşlary bilen baglydyr.
Sitata
 
 
#5 Hekim. 2015-09-27 02:21
Ýatmazyňdan öň suwy, çaýy köp içip ýatsaň gabaklaryň çişip sallanyp durýandygy köp ýagdaýlarda mälim. Käbir adamlarda ol belli bir ýüze çykybam duranok. Belkem, ol göz okaralarynyň gurluşyna baglydyr.
Sitata
 
 
#4 Babaly. 2015-08-25 00:12
Gözüň aşagy "haltajykly" gezip ýören adamlar hakynda sorasam, ol böwrek kesellilerde we alkogolly içgilerini köp içýän adamlarda bolýar diýerdiler. Sag bol Lukman, onuň nähili ýagdaýlarda emele gelýändigine düşündim.
Sitata
 
 
#3 Saparly. 2015-07-15 14:43
Gözüň aşagyndaky haltajyklaryň emele gelmesi hakynda saýtda lukmanyň ýazanlaryny örän ýerlikli hasap edýärin. Sebäbi ol adamlara durmuşda az duşmasamda onçakly bir düşünjäm ýokdy. Indi bolsa kop zada göz ýetirdim.
Sitata
 
 
#2 Lukman. 2011-09-07 22:52
Salgym!
Häzirki zaman kosmetologiýasynda ýüzdäki örgünleriň yzy we güne ýanma netijesinde dörän ýakallary aýyrmagyň köp usullary bar.Bu çäreler kadaly bejergini, wagty, sabyrlylygy talap edýär.
Örgünlerden soň galýan kiçijik tygjagazlary madekwol, kontratubeks serişdeleri we lazer usuly bilen aýryp bolar.
Örgünlerden soň galan tegmilleri dürli ýüze edilýän ýapgylar bilen agardyp bolar: rozmarin efir ýagy goşulan ýaşyl palçyk, ýumurtganyň agyna goşulan limon şiresi, çaý agajynyň ýagy goşulan limon şiresiniň we lawanda ýagynyň garyndysy, badýaga, lukmançylykda ulanylýan parafin, perekis turşusy goşulan dürli ýaglar, losýonlar...
Ahromin hem tegmilleri aýyrýan serişde bolup, ony deriniň görnüşine baglylykda tapgyrlaýyn ulanmalydyr.
Siziň deriňiziň ýagdaýyna görä, peýdaly bejergini yzygiderlikde dowam etmek üçin, dermato-
kosmetologa ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.
Sitata
 
 
#1 Salgym 2011-09-05 17:47
Salam, Lukman aga! Mende bu mowzuga degishli däl sorag bar.
Yüzüñdäki örgünleriñ yzyndan galan tegmilleri we güne dörän yakallary nädip ayyrmaly?
Ahromin diyip bir krem bar welin, onuñ yüze ziyany barmyka?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele