Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Sagdyn deri we gözellik DODAKLARYŇ JAÝRYLMAGY: SEBÄPLERI WE BEJERGI ÇÄRELERI
( 14 Ses Berme )

Owadan dodaklar – birinji nobatda, sagdyn dodaklardyr. Şonuň üçin howanyň sowamagy bilen olaryň ýagdaýyna aýratyn üns bermeli bolýar. Dodaklarda ýag mäzleriniň bolmanlygy üçin olara hemişe çyglylyk ýetmeýär we şonuň üçin olaryň gurap jaýrylmalary, sowuklamalary, solmagy ýaly alamatlar ýüze çykyp başlaýar. Ýylyň sowuk wagtynda bolsa çyglylygyň ýitirilmegi ýokarlanýar, şonuň üçin hem dodaklarda islenilmeýän özgerişleriň nädip bolýandygyny bilmek möhümdir.

Dodaklarda jaýryklaryň emele gelmeginiň sebäpleri

Dodaklarda jaýryklaryň emele gelmeginiň sebäbi köplenç, ýaramaz howa şertleridir: şemal, doňaklyk, howanyň çyglylygynyň pes bolmagy. Zenan dodaklarynda jaýryklaryň emele gelmegi pomadanyň düzümindäki reňk berijileriň döredýän guraklygy bilen baglanşykly bolup biler. Şol sebäpli ýylyň sowuk wagtynda, iň gowusy, gigiýenik taýdan ýokary hilli bezeg pomadasyny çalmalydyr.

Uzak wagtlap durýan pomadalaryň düzüminde ýeterlik derejede çyglandyryjylaryň ýoklugy sebäpli, olar dodaklary guradyp bilerler. Dodaklara ýalpyldy berýän pomadalar sowuk howanyň täsirinde goýalýar hem-de dodaklary guradýar, şonuň üçin olary gyş paslynda ulanmazlyk maslahat berilýär. Guradyjy häsiýetliligi bolany üçin düzüminde spirt, gliserin, mentol, nebit önümleri, salisil turşusy, retin A, benzoil saklaýan kosmetika serişdeleri ulanmak maslahat berilmeýär.

Sebäpleriň arasyna çilim çekmekligi, sowuk we gyzgyn naharlary iýmekligi hem degişli etmek zerurdyr. Dodaklaryň gurulygy we jaýryklary diş pastasynyň düzümindäki sinnamat atly madda bilen baglanşykly bolmagy mümkindir. Düzüminde ftor bolan diş pastalary hem diňe bir dodaklaryň däl-de, eýsem agzyň töweregindäki deriniň hem çyglylygyny peseldýär.

Iýmit-siňdiriş ulgamynyň dowamly keselleri, ýokanç keseller, uçuk, kömelek ýokançlyklary dodaklardaky jaýryklaryň emele gelmegine sebäp bolup biler.

Gyşda adamlaryň köpüsi ter bakja önümlerini we miweleri iýmekligi goýýarlar. B toparyň witaminleriniň ýetmezçiligi dodagyň çeýeliginiň ýitirilmegine getirýär. Şol sebäpli hem, haçanda biz işjeň dodagymyzy hereketlendiremizde ýa-da ýylgyramyzda, gowşan dodaklar birden jaýrylýar.

Sowuk howada dodaklarymyzy ýalamak – zyýanly endik

Tüýkülik dodaga degende agzyň näzik derisinden inçejik goraýjy gatlagyny aýyrýar we şemala hem-de doňaklyga dodagy guratmaga mümkinçilik berýär.

Ýyladylan jaýdan daşary, sowuk howa çykylanda, temperaturanyň birden üýtgemegi dodagyň jaýrylmagyna getirip biler.

Ýyly öýlerimiziň howasy – ýyladyjylaryň gyzgynlygy öýüň howasynyň çyglylygyny "alýar" we dodaklaryň nemlenmesini peseldýär.

Psihologlaryň bellemegine görä, dodaklarda jaýryklaryň emele gelmeginiň ýene bir sebäbi, hemişelik emosional dartgynlylyk, özüňden nähoşallyk we gamgynlylykdyr. Bu ýaramaz emosional faktorlar dodaklaryň hamynyň azmagyny güýçlendirip bilýär.

Dodaklarda emele gelen ýaralara we jaýryklara garşy hiç bir çäre görülmese, dodaklaryň alawlamasy – heýlit keseli döräp, bejergini has hem kynlaşdyryp biler.

Dodaklardaky jaýryklaryň bejergisi

Dodaklaryň gurulygyny we jaýrylmasyny bejermek üçin derman serişdelerinden başga hem, tebigy serişdelerden taýynlanan melhemler we ýapgylar giňden we üstünlikli ulanylýandyr:

► Gijesine dodaklara käşiriň ýa-da hyýaryň suwuny, bal çalmak peýdalydyr.

Bir çaý çemçe dorog bilen bir çemçe käşir suwundan ýasalan ýapgy ýarylan dodaklary juda gowy ýumşadýar.

Günüň dowamynda birnäçe gezek jaýryklara ergin guş ýagyny ýa-da gaýmak ýagyny çalmaly. Gaýmak ýagy bilen sürtgüçden geçirlen almadan taýynlanan ýapgy hem dodaklardaky jaýryklary bejermäge kömek edýär.

Düzümine kalendulanyň ýagy girýän melhemler dodaklaryň burçlaryndaky kesikleri (olara "заедa" hem diýilýär) gowy bitirýär we çişginliligi köşeşdirýär. Iki nahar çemçe kalendulanyň güllerini külke bolýança owratmaly. Oňa 40 gram adaty gaýmak mesgesini goşmaly (eger ol ýok bolsa, islendik ýagly gijeki kremi ulanmak mümkin). Soňra bolsa oňa iki nahar çemçe piwo goşmaly we gowy garyşdyrmaly. Emele gelen serişdäni dodaklaryň burçuna nahardan soň we ýatmazdan öň çalmaly.

Düzüminde lanolin bilen zeýtun (oblepiha) ýagy saklanýan melhemler hem peýdalydyr.

Witaminleri kabul etmek. Eger bedeniňize E witamini ýetmeýän bolsa, onda ony A witamini bilen bilelikde kabul edip başlaň (olaryň ikisi beden tarapyndan gowy özleşdirilýär). Düzüminde B toparyň witaminlerini saklaýan multiwitaminleri möwsümleýin kabul etmäge çalşyň.

Tebigy bal. Ol antiseptik hökmünde täsir berip, ýarajyklary ýumşadýar. Gadymdan gelýän adaty dermanlardan tapawutlylykda, balyň ulanylşy boýunça hiç hilli çäklendirmeler ýok – bu tebigy süýjüligi dodaklara her bir sagatda hem çalmak mümkindir.

Aloe şiresi. Aloe ösümliginiň täze kesilen ýapragyny birnäçe günüň dowamynda irden we agşamyna jaýryklara goýma maslahat berilýär.

Eger öýde bir çemen bägül bar bolsa, ýene bir şypa beriji kremi taýýarlamak aňsatdyr. Bir bägüliň gül ýapraklaryny ýolmaly we olary el bilen ownuk böleklere bölmeli. Gül ýapraklaryna bir nahar çemçe mal ýagyny, meselem, doňzuň ýagyny goşmaly. Garyndyny gowy garmaly we dodaklara çalmaly.

Az ýagly dorogyň bir çaý çemçesini almaly we oňa bir çaý çemçe ýagly gaýmak garmaly. Ýapgyny 10-15 min. goýmaly. Garyndyny pamygyň kömegi bilen aýyrmaly.

Orta ululykly almany almaly, arassalamaly we şäniklerini aýyrmaly. Miwäni kiçi böleklere dilimlemeli we süýtde bişirmeli. Taýýarlanyşa laýyklykda, alma ýumşar – garyndyny birmeňzeş pýure bolýança garyp durmaly. Dürüşdäni otdan aýyrmaly we sowatmaly. Dodagyň üstüne galyň gat edip çalmaly we hasa ýa-da arassa mata bilen örtmeli. Bu dürüşdäni dodaklarda 30 min. saklamaly, ýyly suw bilen ýuwmaly. Soňundan islendik iýmitlendiriji kremi çalmaly.

Dodaklaryň gurulygynyň we jaýryklaryň emele gelmeginiň öňüni nädip almaly?

Gurulyga garşy ýeke-täk derman – çyglandyrmadyr. Makiýažyň aşagyndan, her gezek daşary çykmagyňyzdan öň hem-de her gezek dodaklaryňyzyň gurandygyny duýanyňyzda gigiýenik, reňksiz, nemlendiriji pomadany ulanyň. Bu pomadany erkek adamlar hem ulanyp bilýändirler.

Öňüni alyş maksady bilen ýapgy hem taýýarlamak mümkindir: 1 çaý çemçesi kakao, 1/2 çaý çemçesi bal arysynyň mumiýasyny we 1 stakan ösümlik ýagyny gaba alyp, aşagy otda ýuwaş ýanyp duran suwly gapda (wodýanaýa banýa) garyň. Günüň dowamynda 3-4 gezek dodaklara çalyň. Howanyň sowuk wagty gialuron turşylykly balzam hem siziň dodaklaryňyza ilkinji kömek bolup hyzmat edip biler, çünki olar derä çeýelik berýär, iýmitlendirýär, çyglandyrýar, şeýle hem bejeriş aýratynlyklary bilen ýarajyklary bitirmäge mümkinçilik berýär.

 

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Zenan 2017-05-07 00:18
Maslahatyňyza sag boluň. Dodak guramadan, jaýrylmadan kösenip ýördüm. Haýyr tapdym. Minnetdar.
Sitata
 
 
#2 Gulman 2017-05-06 13:44
Dodak jaýrylmasy we dodak uçygy aýra bolsada ikisi hem ýakymsyzlyklary bilen bir hörpden gopýarlar. Dodak uçygy hem sowuk we gyzgyn şemalyň täsirine wiruslaryň gozganmagy bilen ýüze çykýanda bolsa, olaryň bejeriş usullary başgarak bolýa. Käbir adamlarda ola yzygiderli gabat gelip dursada, käbirlerde örän seýrek duş gelýärler.
Sitata
 
 
#1 Garsak 2017-05-03 20:23
Adminden hayyst.deri kesellerine degisli bolan cisotka barada dusundirseniz sizden hosal bolardym
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele