Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy KINNIWANJA ÖÝJÜKLER BARADA PEÝDALY WE GYZYKLY MAGLUMAT
( 37 Ses Berme )

Her minudyň dowamynda erkek bedeninde 50 000 sany spermatozoid (erkeklik jyns öýjükleri) işlenilip çykarylsa, bir sagadyň dowamynda onuň ýumurtgajygy 3 mln, bir günüň dowamynda bolsa 72 mln. çykarmaga ukyply bolup durýandyr. Bu gyzykly we "öndürijilikli" hadysa jinsy kämillik döwründen başlanyp, ömrüň soňuna çenli dowam edýändir.

Erkeklik döli çylşyrymly düzümli bolup, öz içinde limon turşulygy, fruktozany, kaliý we möhüm element bolan sink hem-de ýene 30-dan hem köp dürli düzümli maddalary saklaýan biologiki suwuklyk bolup durýandyr. Şeýle-de dölüň düzüminde kükürt, mis, magniý, kalsiý, C hem-de B12 ýaly elementler saklanýandyr. Dölüň şeýle peýdaly häsiýetleri ony kosmetologiýa serişdelerini öndürmekde tapylgasyz çig mala öwürip, kosmetiki serişdeleriň peýdalylygyny ýokarlandyrýandyr. Ýöne bu maksatlar üçin öküziň döli ulanylýandyr.

"DOGULÝAN" ÝERLERI

Spermatozoid öýjükleri ýumurtgajyklarda öndurilip, soň onuň goşundysyna geçirilýändir. Täze "doglan" jynsy öýjükler entek ýetik kämilleşmedik we okgunly hereket bilen ýumurtga öýjügini tohumlandyrmaga ukyply bolmaýar. Goşundylaryň diwarlary suwuklyk bölüp çykaryp, şonuň täsiri bilen öýjükler hereketjeňlik we çalasynlyk häsiýetlere eýe bolýandyrlar. Ýöne entek hem olar doly kämilleşmedikdir. Doly kämilleşme derejesine ýetip, tohumlandyrma häsiýetlerine eýe bolmak üçin spermatozoidler ýumurtgajyklarda 72 gün, onuň goşundylarynda bolsa 12 gün "bişişmeli" bolýandyr. Diňe şondan soň ol tohum haltajygyna we erkeklik jyns mäzine tarap öz "syýahatyny" dowam etmäge ukyply bolup biler.

Doly emele gelen spermatozoid kellejikden, inçe boýunjykdan we guýrujykdan (žgutik) ybarat bolup, onuň kellejigi tohum häsiýetlerini geljekki nesillere geçirmäge ukyply genlerden ybarat 23 sany hromosomany saklaýandyrlar. Spermatozoidiň guýrujagy ýylan şekilli, öňe bolan hereketleri amala aşyrýandyr.1 sm. aralygy geçmek üçin spermatozoidiň guýrujagynyň aşaky bölegi 800 gezek iki tarapa hereketlenmelidir.

Biziň köpümiz erkeklik döli diýlende diňe jyns öýjügi bolan spermatosoidleri göz öňüne getirýäris. Hakykatdan bolsa, döl jyns öýjüklerinden, tohum haltajygyň we erkeklik jyns mäziniň işläp çykarýan suwuklygyndan ybarat, çylşyrymly biologiki serişde bolup durýandyr.

Spermatozoidler öz "täzeligini" bir aýa golaý wagt saklap, ondan soň könelişen we ölen jyns öýjükler dargap gidýändirler, olaryň düzümindäki ýokumly maddalar bolsa ýumurtgajyklar tarapyndan siňdirilýändir.

"OGLAN" HEM-DE "GYZ" ÖÝJÜKLER

Spermatozoidleriň iki görnüşi tapawutlandyrylýandyr: olaryň biri X-hromosomany, beýlekisi bolsa Y-hromosomany saklaýandyr. Ýumurtgajygyň Y-hromosoma bilen birleşmegi oglanjygyň, X-hromosoma bilen goşulyşmagy bolsa gyzjagazyň dünýä inmegine getirýändir.

Izrail alymlarynyň bellemegine görä, tohumlanma wagty doguljak çaganyň jynsyny kesgitläp bolýandyr. Y-hromosomaly spermatozoidler has çalasyn, ýöne gysga wagt ýaşaýan hasaplanylýar. Şonuň üçin hem, aýallyk öýjükleri ýaňy emele gelip, ýumurtgalyklardan çykan wagty tohumlanma bolup geçse, olar X-hromosomaly spermatozoidlere garanyňda has okgunly hereket edýändirler we oglanjygyň dogma ähtimallygy ýokarlanýandyr. Tersine, tohumlanma aýallyk öýjükleriniň emele gelýän wagtyndan bir gün öň bolup geçse, has uzak ýaşaýan X-spermatozoid bilen tohumlanma mümkinçiligi ýokarlanýandyr. Şeýlelikde, gyzjagazyň dogulma ähtimallygy döreýändir.

GOWLARYŇ GOWSY

Aýal jyns öýjügi bolan ýumurtgajyklara ýetilýänçä, spermatozoidleriň diňe 200 sanagynyň diri galýandygyny barlaglar äşgär edýär. Erkeklik jyns öýjükleriniň köpüsi birinji päsgelçilik bolan ýatgynyň boýunjygyndan geçip bilmedik bolsalar, ençemesi ýatgynyň içinden ýatgynyň turbalaryna çenli aralykda ölýärler. Spermatozoidler aýal jyns agzalarynda 2-7 gün ýaşamaga ukyplydyrlar. Edil şonuň ýaly wagt hem aýal öýjügini tohumlandyrmaga gerek bolup durýandyr. "Hil mukdardan wajyp" diýen düşünje spermatozoidlere hem degişli edilse bolýar. Gurluşy taýdan kämil, fiziologiki päsgelçilikleri geçip bilýän, eserdeň erkeklik öýjükleri aýal öýjügine "duşup", ony tohumlandyrmaga ukyply bolup durýandyr. Çakganlyk meselesi esasy bolup durýar. Çünki spermatozoidler diňe öňe hereket etmelidir. Olaryň ortaça tizligi bolsa 1 minutda 3 mm. aralyga deň bolup durýandyr. Tohumlanma ýatgynyň turbasynyň giň bölüminde bolup geçmelidir we hut şu ýere spermatozoidleriň iň eserdeňleri ýygnanýp, aýal öýjügine garaşýandyrlar. Eger aýallyk jyns öýjügi ýumurtgalyklardan çykan bolsa, onda oňa eýe bolma ugrunda spermatozoidler göreşi başlaýandyrlar. Öňe bolan hereketler we aýal öýjüginiň daşky gatlagyny eretmäge ýardam berjek himiki maddany bölüp çykaryp, spermatozoidler "hüjüme geçýändirler". Spermatozoidleriň tagallalary bilen daşky gatlakda yş açylansoň, erkeklik öýjükleriň birnäçesi aýal jyns öýjüginiň içine girýändirler. Indi iň soňky esasy böwet – aýal jyns öýjüginiň ýadrosyny gurşap alýan ýuka örtügi geçme galýandyr. Diňe bir spermatozoid ony geçmäge ukyplydyr. Megerem, şol hem gowlaryň gowusydyr. Spermatozoidiň ýadrosy aýal jyns öýjügiň ýadrosy bilen birleşip, hromosom jübütleriň birleşmesini emele getirýändir. Hut şol ýagdaý hem geljekki şahsyýetiň häsiýetlerini kesgitläp, Tebigatyň bize äşgär edýän syrlarynyň esasy bolup durýandyr.

ÖNELGESIZLIK KYNÇYLYKLARY

Önelgesizlik – kadaly jynsy gatnaşyklary saklaýan we göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri ulanmaýan, çaga dogurmaga ukyply ýaşly jübütlerde 12 aýyň dowamynda göwreliligiň bolup bilmezlik ýagdaýydyr.

Jübütleriň önelgesizliginde aýal we erkek önelgesizligiň paýy deň derejede 40%-i düzýän bolsa, 15% ýagdaýlarda sebäbi jübütleriň ikisine hem degişli edilýär, 5-10% ýagdaýlarda bolsa önelgesizligiň sebäbini anyklama başartmaýar.

Göwrelilige getirip biljek sagdyn dölde spermatozoidleriň umumy sany 20 mln. az bolmaly däldir, olaryň 50%-den gowragy hereketjeň bolmalydyr, 75%-den gowragy diri bolmalydyr, 30%-den gowragy kadaly gurluşly bolup, spermatozoidleriň ýelmeşmegi syn edilmeli däldir. Dölüň umumy mukdary 2 ml. az bolmaly däldir (deňeşdirme üçin – öküzde bir gezekde çykýan dölüň mukdary 250 ml, kit balygynda 3 litre deňdir).

Lukmançylyk edebiýatynyň bellemegine görä, jyns agzalaryň ýokançlygy, warikosele, endokrin bozulmalar, ýumurtgajyklaryň şikeslenmegi, käbir beden keselleri erkeklik önelgesizligiň esasy sebäpleri bolup durýandyr.

ERKEK ADAMLARYŇ ÝATDA SAKLAMALY MAGLUMATLARY

Ýaşaýyş düzgünleriň ýaramaz täsirleri, derman serişdeleri, käbir hünär aýratynlyklary dölüň, şeýle-de spermatozoidleriň işlenilip çykarylmagyna, olaryň tohumlandyrma häsiýetine täsir edip, erkek adamynyň ata bolma bagtyna ýetmegini gijikdirip biler.

Dölüň hilini gowulandyrmak üçin aşakdaky maslahatlary ýatda saklama peýdaly bolar:

► Iýmitiňize witamin C, B12, foliý turşylygyny, sinki, omega-3 ýagy saklaýan ömümleri goşuň. Olar spermatozoidleriň hilini we işjeňligini gowulandyrmaga kömek edýär;

Göwreliligi meýilleşdirmezden 2-3 aý öň alkogol içgileri kabul etmeden we çilim çekmeden saklanyň;

Dar, gysýan içki eşikleri geýmäň;

Ýumurtgajyklaryň gyzmagyna getirýän çärelerden (meselem, gyzgyn suwa düşme) gaça duruň;

Sport bilen meşgullanýan bolsaňyz, anabolik gormon serişdeleri kabul etmeden saklanyň;

Jalbarlaryňyzyň öňki jübülerinde ykjam telefonlary götermejek boluň. Noutbuklary dyzyňyzyň üstünde goýup işlemeden saklanyň;

Hünäriňiziň aýratynlyklaryna üns beriň. Meselem, himiýa önümçiliginde işeýän adamlaryň, gurluşykda reňkler, laklar bilen iş salyşýanlaryň, narkotiki serişdeler bilen işleýän anesteziologlaryň, diş lukmanlarynyň hünär bilen bagly ýaramaz täsirlere gabat gelme ähtimallygy ýokarlanýandyr.

Spermatozoidleriň işjeňligi güýzüne we gyşyna ýokarlanýandyr, çünki şol möwsümde döl jyns öýjükleriniň ýokary mukdaryny saklaýandyr. Lukmanlar oktýabr-fewral aýlar aralygyny çaga meýilleşdirilmegi üçin iň amatly wagt hasaplaýarlar. Ondan başga hem, şu aýlar oglanjyklaryň dogma mümkinçiligi ýokarlanýandyr. Sebäbi oglanjyklaryň dogulmagy üçin jogapkär Y-hromosoma tomsuň yssysyna örän düýgur bolup, tomus aýlary uzak ýaşamaga ukypsyz bolýandyr.

SPERMATOZOIDLER BARADA TOSLAMALAR

"Mende spermatozoidler gutaryp biler" – bu ýalňyş we ylym tarapyndan tassyklanmadyk toslama köplenç masturbasiýa bilen meşgullanýan ýaş oglanlar ynanýan hem bolsa, uly, kämil erkek adamlary hem bu toslama az alada goýanok. Erkeklik öýkükleriniň bütün ömrüň dowamynda emele gelýändigini bilseler hem, şeýle sorag erkek adamlar tarapyndan köp berilýär. Barlaglaryň görkezişi ýaly, jynsy gatnaşyklardan saklanma hem spermatozoidleriň görnüşine, mukdaryna, hereketjeňligine täsirini ýetirmeýär.

"Garrylyk döwri spermatozoidler emele gelmeýär" – barlaglaryň görkezişi ýaly, 70 ýaşda spermatozoidleriň emele gelmegi azalýar. Geçirilen derňewler 80-90 ýaş aralygyndaky garry adamlaryň 46-48%-niň dölünde erkeklik öýjükleriniň saklanýandygyny görkezdi. Häzirki wagtda alymlar ýaş adamlaryňka garanyňda, gartaşan adamlaryň dölüniň has gowşak we gurluşy boýunça üýtgän spermatozoidleri saklaýandygyny we olaryň doga kemisli çagany dünýä indirip biljekdigini belleýärler. Ýöne garry adamlaryň bu ýaşlarda ata bolmaga ymtylmaýandygy sebäpli, howplulyk derejesini kesgitleme mümkin däldir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#21 Bazzy 2017-08-01 18:03
[quote name="Bazzy". Erkeklik tohymyny ýagny spermany ösdirmek ùçin her hili tabletgalar ukollar alynýan ähli görnüsli emler bilen bejergi alyp gördim hemmesem galdyranok lukmannynyñ maslahaty bilen aldym emma birisem netije bermedi tohumluluk netijesi ösmedi oña näme sebäp bolup biler. Tohumlugyñ pesligi sebäpli önelgesizlik ýüze çykyp dur. önelgesizlikden gynanýarys .
Lukman sizden haýys bize bir maslahat berseñiz sizden hosal bolardyk.!!!
Kömegiñiz üçin öñindem sagboluñ..!!!!!!!!!!!!!!
Sitata
 
 
#20 Bazzy 2017-08-01 17:59
Bizde onelgesizleik dowam edyar. Men tohumlygymyn prosenti pesligi sebapli onelgesizlikden ejir chekyaris. 15% bolsa nadip beygeldip bolar.
Sitata
 
 
#19 Bahbit 2015-09-07 17:15
Lukman..
Size ýene bir soragym bar. Erkeklik tohymyny ýagny spermany ösdirmek ùçin her hili tabletgalar ukollar tokly usulda alynýan ähli görnüsli emler bilen bejergi alyp gördim hemmesem andralok lukmannynyñ maslahaty bilen aldym emma birisem netije bermedi tohumluluk netijesi ösmedi oña näme sebäp bolup biler. Tohumlugyñ pesligi sebäpli önelgesizlik ýüze çykyp dur. Masgalam bilen durmus guranmyza 4 ýyl bolyp geçdi önelgesizlikden gynanýarys .
Lukman sizden haýys bize bir maslahat berseñiz sizden hosal bolardyk.!!!
Kömegiñiz üçin öñindem sagboluñ..!!!!!!!!!!!!!!
Sitata
 
 
#18 Bahbit 2015-09-07 16:42
Erkeklik tohumyñ pes bolsa näme etmeli
Sitata
 
 
#17 Apple 2015-04-18 07:01
salamwaleykum Lukman men soragym bar !
Toy gijesi gyz bilen bolanda dine gyzlyk perdesi alynyar sondan son nace gezek yatym turumdan son gyz gowrellik halynda bolup biler ?
Yada oglan nace gezek dokse gyz gowreli bolup biler?
Sitata
 
 
#16 Tyrry. 2015-03-11 02:31
Erkek adamlaryň "önümlerine" gowy düşünip abat saklamaklary üçin bizde saglyk öýlerinde androlog lukmanlaryň işleri ýola goýulmandyr. Gijirägem bolsa indiki ýaşlar üçinä gowy boljakgygy ikiuçly däl.
Sitata
 
 
#15 Atas 2015-03-09 09:16
Speman dermany barada aydyp bermeginizi hays edyarin
Sitata
 
 
#14 Atas 2015-03-09 09:13
salam lukman
Sitata
 
 
#13 Polat. 2015-02-27 02:36
Be-e! Bu kinniwanja öýjügiň öz etmeli işini boýun alyp maksadyna etmek üçin hereket edişi onuň kellejiginde hromosomlardan başgada bir üýtgeşik "syryň" barlygyna meňzeýär. Onuň garaňky ýerdäki başyndan geçirýän okgunly hereketlerini akylly-başly adamlar ýerine ýetirip biler öýdemok. Bu syr öwrenilmedimikä?
Sitata
 
 
#12 Okyjy. 2015-02-21 01:05
Eger mümkin bolýan bolsa öküzleriňkiden başga hem erkek sag adamlaryň spermatozoidlerini anonim ýagdaýda alyp, derman ýasalyp durulsa gowy bolardy. Hemä erkeklere pul bolardy, hemem oňat dermanlar we kosmetiki önümler öndürilerdi.
Sitata
 
 
#11 Lukman 2015-02-18 02:40
Maksat!

Jynsy ukyby we hyjuwy döretmekde peýdaly önümler barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Söýgi hyjuwyny oýandyrýan önümler:afrodiziaklar" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýärin.Bu makalada sizi gyzyklandyrýan önümleriň toplumy barada gyzykly maglumat bardyr.
Sitata
 
 
#10 Maksat 2015-02-17 21:47
Lukman! Erkeklerde jynsy ukyby hasda guyclendirmek un siz nameleri iymekliklerini maslahat beryarsiniz ??? Onunnen sag bolun jogabynyza ?????
Sitata
 
 
#9 Ýigit. 2015-02-12 23:22
Käbir zenanlaryň tenini owadanlamak üçin döl üçip ýörmesini eşidýärdim weli asyl jany bar ekeni. Aý, näme adamlar durmuşyň her bir öwrüminden netije çykarýarda.
Sitata
 
 
#8 Lukman 2015-02-09 01:25
Merdan!
Sag ýumurtgajygyň kriptorhizminiň bejergisi we çep ýumutgajygyň işjeňlik ýagdaýyny kesgitlemek babatda (USB-gy, dölüň barlagy) androlog lukmanyna ýüz tutmak netijeli bolar.Bir sag ýumurtgajygyň kadaly işjeňligi hem önelgeliligi üpjün edip biler.
Sitata
 
 
#7 Merdan 2015-02-07 15:48
Sag tarapky ýumurtgajyk öz funksiasyny ýitiren bolsa, çep tarapky kadaly işleýan bolsa şondada önelgellilik bolman bilermika,kyn görmeseňiz jogap beraýiňda lukman.haýyş!!?
Sitata
 
 
#6 Merdan 2015-02-07 15:44
Salam lukman. Önki maglumatlaňyz üçin köp sag boluň, men 23 ýaşymy doldurp barýan, sag tarap kriptorhizm bar, adatdaky ýaly islegimem ba dölem gelýa, eger sag tarapky ýumurtgany operasia arkaly düşürtsem, Önelgellilik dowam edermika??
Sitata
 
 
#5 Lukman 2015-02-06 01:49
Merdan!
Kriptorhizm, adaty anatomiki ýerinde ýerleşmedik ýumurtgajygyň işjeňliginiň peselmegine,şeýle-de önelgesizlige getirip biler.Adamyň ýaşyna, kriptorhizmiň görnüşine, ýumurtgajyklaryň ýagdaýyna görä dürli bejergi (gormon serişdeleri ýa-da hirurgiki usullar)çäreleri geçirilip bilner.Kriptorhizm näçe ir anyklanylyp bejerilse, şonçada peýdaly netijeleri gazanma mümkinçiligi artýandyr.Bu kesel barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Kriptorhizm" diýen makalany okamagyňyzy maslahat berýärin.
Sitata
 
 
#4 Merdan 2015-02-06 01:05
Eger kriptorhizmli bolsan cagan bolyamyka geljekde. Eger operasia etdirmesen
Sitata
 
 
#3 Talyp. 2015-02-05 01:28
Baý, kinniwanja öýjügiň beýle çylşyrymly pursatlary başyndan geçirýändigini bilmeýärdim. Beýledir hem öýdemok. Birinji gezek öz dilimde okap gowy düşündim. Gyzykly we özüne çekiji maglumat.
Sitata
 
 
#2 durdy 2015-02-03 17:31
Tohumlanma hadysasynyñ nädip seyle cylsyrymly yagdayda bolup gecyändigini ylym düsündirip bilermikä? Spermatazoidlerde akyl (añ) ýokdur ahyry.
Sitata
 
 
#1 Esen. 2015-02-03 01:52
Bu öýjükleriň emele gelşine, hereket edişlerine, iş bitirişlerine haýran galýarsyň. Olaryň durmuş kadalaryna gabat gelmeýän ýagdaýlarda ýaşaýan adamlarda çaga öndürip bilişlerine haýran galýarsyň. Birnäçe ýyllar dowamynda arak içip, çilim çekip ýören adamlaryň akylly başly çagalaryny göreniňde tebigatyň bu ukybyna baş egýärsiň.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele