Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy ERKEK ADAMLARYŇ JYNS AGZALARYNDAN BÖLÜNIP ÇYKMALAR: SEBÄPLERINIŇ KÖPDÜRLÜLIGI WE BEJERGI ÇÄRELERI
( 54 Ses Berme )

Erkek ujydy şol bir wagtyň özünde peşew çykaryjy we jyns agzalaryň bölüp çykarýan suwuklyklaryny geçiriji agzanyň wezipesini ýerine ýetirýär. Erkek adamlaryň jyns agzalaryndan bölünip çykmalar diýlende lukmançylykda, peşewden daşgary çykýan suwuklyklar göz öňüne tutulýar. Degişli barlaglar netijesinde ujytdan çykýan suwuklygyň mukdary, düzümi, reňki arkaly jynsy agzalaryň işleýşi we näsazlyklary hakynda möhüm maglumatlar edinmek mümkindir.

Jyns agzadan bölünip çykmalaryň sebapleri

Jynsy gyjynma netijesinde peşew geçiriji kanalda (uretrada) ýerleşýän kuperow mäzleriniň işjeňligi bilen ujydyň içiniň çygjarmasy hem-de ondan birnäçe damja suwuklygyň çykmagy adaty ýagdaýlara degişlidir. Şeýle hem jynsy gatnaşykdan soň we ukuda şeýtany bolma (pollýusiýa) sebäpli spermanyň akmagy kadaly ýagdaýdyr. Jyns agzasyndan erksiz bölünip çykmalaryň beýleki ähli görnüşleri näsazlyk hasaplanýar.

Bölünip çykmalaryň iň ýygy sebäbi hem zyýanly ýokançlyklaryň täsir etmegidir. Bakteriýalar, kömelekler, wiruslar tohumlyklara, jyns mäzlerine, peşew geçiriji ýollara aralaşyp dürli gaýraüzülmelere getirip bilýärler. Peşew edilende, jynsy gyjynmada agyry, awuşama düýgynyň ýüze çykmagy, başga wagtlarda ak-sarymtyl ýa-da sary-ýaşylymtyl reňkli bölünip çykmalaryň syn edilmegi jyns agzalaryna zyýanly ýokançlyklaryň aralaşandygynyň esasy alamatlarydyr.

Bölünip çykmalar öz gelip çykyşy boýunça hem tapawutlandyrylýar:

Uretroragiýa – peşew geçiriji kanaldan peşew gelmeden başga wagt ganyň gelmegi bolup, peşew geçiriji ýollaryň şikeslenmeginiň ýa-da ondaky howply täze döremäniň alamatydyr.

Prostatoreýa erkeklik jyns mäziniň işläp çykarýan suwuklygynyň peşew ýa-da täret etmeden soň ujytdan biraz nem görnüşde bölünip çykmagy kadaly hasaplanýandyr. Olardan başga wagt döreýän bölünip çykmalar tohum geçiriji ýollaryň alawlama hadysasy sebäpli çeýeligini ýitirmegi netijesinde ýüze çykýar. Prostatoreýa dowamly prostatitiň esasy alamatlarynyň biri hasaplanýar. Şeýle-de, erkeklik jyns mäziniň işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen hem bu mäziň işläp çykarýan suwuklygy bölünip çykyp bilýär. Suwuklygyň mikroskopiki seljermesinde lesitin dänejikleri, amiloid jisimjikleri görlüp, onda spermatozoidler ýokdyr.

Spermatoreýajynsy gyjynma bolmazdan, peşew ýa-da täret edilýän wagty uretradan ak-sarymtyl suwuklygyň (spermanyň) bölünip çykmagy bolup, tohum haltajygynyň we tohum geçiriji kanalyň alawlama ýagdaýlarynda yüze çykýar. Mikroskopiki seljermede spermatozoidler görülýär Üznüksiz spermatoreýa oňurga ýiliginiň näsazlyklarynda hem ýüze çykyp bilýändir.

Gemospermiýaadaty jynsy gyjynma wagtynda gelýän spermada ganyň görülmegi hem adamyny birahat edýän ýagdaýlaryň biridir. Ýokarda agzalan alamatlar bolmazdan, gemospermiýa öz başyna howply näsazlyk hasaplanmaýar. Bu sebäp bilen lukmana ýüz tutulan ýagdaýynda näsaga gözegçilik edilýär. Öz-özünden geçmän gaýtalanan hem-de agyryly duýgularyň dörän ýagdaýlarynda gemospermiýanyň sebäbini anyklamaga çalyşmalydyr. Peşewde gan bolman, diňe spermada gan görülýän halatynda, sebäbi jyns agzalaryň ýagdaýyndan gözlemelidir. Jyns ýollarynyň şikeslenmegi, jyns mäzleriniň gan aýlanyş näsazlyklary, gany suwuklandyryjy dermanlaryň kabul edilmegi, peşew çykaryş kanalynda lukmançylyk enjamlary bilen geçirilen käbir anyklaýyş çäreleri (uretroskopiýa, sistoskopiýa) ganly spermanyň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Maslahatlar we bejergi çäreleri

Ýokançlyklaryň täsiri bilen döreýän bölünip çykmalaryň bejergisi degişli derman serişdeleri bilen geçirilýär. Bejerginiň netijeli bolmagy üçin bölünip çykýan suwuklygyň barlagy geçirilmelidir we kesele sebäp bolan ýokançlyk anyklanandan soň, netijä görä derman serişdesiniň görnüşi we mukdary lukman tarapyndan bellenilmelidir. Şeýle hem, bu ýokançlyklaryň döredýän keselleriniň jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokanç kesellerdigini bellemek zerurdyr. Näsagyň başga biri bilen jynsy gatnaşykda bolmagy netijesinde, sag adama hem keseli ýokuşdyrma howpy ýokarlanýandyr. Kesel wagtynda bejerilmedik ýagdaýynda erkek adamda bolşy ýaly, zenanda hem jynsy agzalaryň dürli keselleri, şol sanda önelgesizligiň ýüze çykmagyna şert döräp bilýändir.

Erkek adamlaryň jyns agzalaryndan bölünip çykmalaryň esasy sebäbi jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýan ýokançlyklardyr. Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, her ýyl 590 mln. adam jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşýan dört keseliň biri bilen keselleýär: hlamidioz, sözenek (gonoreýa), merezýel (sifilis) we trihomoniaz. Bu keselleriň alamatlarynyň her adamda dürli wagtda we tapawutly ýagdaýda ýüze çykyp bilýändigi sebäpli, goragsyz we birden köp adam bilen jynsy gatnaşykda bolýanlar keseliň esasy ýaýradyjylary bolup durýarlar. Wagtynda bejerilmedik halatynda kesel ötüşip, erkeklerde hem, zenanlarda hem önelgesizlik ýaly howply gaýraüzülmeleriň sebäbi bolup bilýär. Jyns agzadan bölünip çykmalaryň bejergisinde lukman bu ýokançlyklara güman edip, laboratoriýa barlagy geçirmek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda alamatlaryň häsiýetine görä, dürli ýokançlyklaryň garşysyna, toplumlaýyn, giň gerimli antibiotik serişdelerinden düzülen bejergini belläp biler.

Ýaşlukman.


P.S. Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller barada has giňişleýin maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Sözenek keseliniň alamatlary we kliniki görnüşleri", "Merezýel keseli", "Hlamidioz", "Weneriki keseller: Trihomoniaz" atly makalalar bilen tanyşmaklygyňyzy maslahat berýäris.

Ulanylan çeşmeler: 1 / 2 / 3
 

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#44 a8 b8 d8 y8 2016-08-23 04:08
Salam.. men.. sizden komek isleyan yone oz problemamy nadip dusndirjegmi bilemok yone ondada dilme geldigce dusndireyn.. men 18 yashymda we viagra dermanyny kop ulandym we sonunda 1gun gaty uly guycli dozda ulandym takmymanam 400 mg doz ulandym indi ini jyns ygatnashyga giremde penis hic hili berkeme yada gatama yahday bolanok kim komegi deger diyp pikir etse men bn havarlashsyn gayrat edip :) sagbolun
Sitata
 
 
#43 polo 2016-03-03 23:09
Lukman analysis maşgala bilen bolanyñda has guýçli bolmagyny üçin name zat etmeli çalt dolman hemde uzak saklanmak üçin,gerekmi witaminleri barmy yada başga you
Sitata
 
 
#42 talyp 2015-12-20 14:33
Lukman peşewiñ reñki sary bolsa adaty yagdaymy? Käwagt goýy sary hem bolya
Sitata
 
 
#41 student 2015-12-10 05:15
Quoting neme:
lukman suwuklugun bolnup cykmasynyn onuni almak ucin antibiotik dermanyn haysysyny almaly gayrat edip jogap yazyn


Suwuklygyň näme sebäpden çykýandygyna göz ýetirip, şoňa görä derman bellenmeli. Nädogry antibiotiki serişdeleriň ulanylmagy jemgyyýetde antibiotiki dermanlara garşylyk görkezýän bakteriýalaryň köpelmegine sebäp bolýandygyny unutmalyň.
Sitata
 
 
#40 student 2015-12-10 05:11
Quoting Myrat:
Salam lukman men tiz tizden bugsugyan hemde elimi yuwamda yada suw dokulse hem bugsugasym gelyar


Urolog lukmanyna görüniň. Belki oňurga ýilik ýa da sempatiki ulgam bilen baglanyşykly näsazlyk hem bolup biler.
Sitata
 
 
#39 student 2015-12-10 05:07
Quoting Ashyr:
Lukman, jyns gatnashygynda prizirwotiw ulanylandygyna garamazdan hem kesel gecip bilyarmi?


Jynsy gatnaşyk ýoly bilen geçýän kesellerden özüňi we maşgalaňy goramagyň ylmy taýdan iň netijeli usuly diňe biri bilen jynsy gatnaşyk saklamakdyr. Prezirwatiw ulanylanda hem 1-2% kesel geçmek ähtimallygy bar.
Sitata
 
 
#38 Ashyr 2015-12-07 23:46
Lukman, jyns gatnashygynda prizirwotiw ulanylandygyna garamazdan hem kesel gecip bilyarmi?
Sitata
 
 
#37 Myrat 2015-10-26 03:59
Salam lukman men tiz tizden bugsugyan hemde elimi yuwamda yada suw dokulse hem bugsugasym gelyar
Sitata
 
 
#36 Mesele 2015-06-22 00:19
Quoting Toyly:
haysy lukmanyn yanyna baryp yuz tutsa bolar shu yagdaylar yuze chykanda ?!

Urolog erkek doktory
Sitata
 
 
#35 Toyly 2015-06-21 14:50
haysy lukmanyn yanyna baryp yuz tutsa bolar shu yagdaylar yuze chykanda ?!
Sitata
 
 
#34 neme 2015-03-29 09:26
Salam
Sitata
 
 
#33 vyshybal 2015-03-27 12:01
Salam Lukman menin size bir soragym bar? Men jynsy gatnashyga girjek bolamda men ujudym gonelme yagdayyna gelmanka sperma dokyar bu naman alamatyka . Ikinji gezegem synanshyan gonelme yagdayyna gelenden son dokulyar yone calt yagdayda.Her wagtyrak yumurtgalarda agyry peyda bolyar. Sebabi namedenka. Bejergi careleri bolsa aytsanyz.
Sitata
 
 
#32 Gahryman 2015-03-27 10:24
Salam Lukman menin size bir soragym bar? Men jynsy gatnashyga girjek bolamda men ujudym gonelme yagdayyna gelmanka sperma dokyar bu naman alamatyka . Ikinji gezegem synanshyan gonelme yagdayyna gelenden son dokulyar yone calt yagdayda.Her wagtyrak yumurtgalarda agyry peyda bolyar. Sebabi namedenka. Bejergi careleri bolsa aytsanyz.
Sitata
 
 
#31 neme 2015-03-15 10:26
lukman suwuklugun bolnup cykmasynyn onuni almak ucin antibiotik dermanyn haysysyny almaly gayrat edip jogap yazyn
Sitata
 
 
#30 Atas 2015-03-09 09:51
speman dermany barada aydaysanyz
Sitata
 
 
#29 Parahat 2015-02-24 12:00
Salam Lukman! Meni gyzyklandyrýan $u soraglara kyn görmän jogap beräýiñ! Men her gün ujygy owkalama arkaly azyndan 2-3 gezek belki ondanam köpräk dökýän munuñ zyýany bolup bilermi? Meniñ ikinji soragym spermany ýuwydýan ýa-da içýän adamlar bar bu adama peýdalymy ýa-da zyýanly?
Sitata
 
 
#28 Lukman 2015-01-20 23:16
Begenç!
Dölde ganyň bolmagynyň sebäpleri ýokardaky makalada hem bellenilip geçilen.Sizde dörän ýagdaýda, barlaglar netijesinde anyk sebäp kesgitlenmelidir.
Sitata
 
 
#27 Begenc 2015-01-19 18:57
Lukman gayrat edin su soraga jogap berin! men on jynsy gatnasykda bolanymda bular yaly yagday bolanokdy, spermam gerek wagtynda obycno cykyady, yone name ucindir sonky 2 gezekde spermam gyzyl bolup cykya, bu yagday meni oran gorkuzya, men name etmeli
Sitata
 
 
#26 Mekan 2014-12-12 14:19
Lukman egerde 3 4 gunden bir gezek bolnup cyksa onda nacerak wagtdan onelgesizlige erter takmynan aydayyn
Sitata
 
 
#25 DNK 2014-12-03 00:45
Quoting Mekan:
lukman eger wirusyn usti bilen gecen bolsa ona nahili derman serisdesi gerek gayrat edip mana derman almalydygny yazyp iberayin

Mekan,lukman siziň ýagdaýyňyzy görmän,öwrenmän,bejergi berip,derman ýazyp bilemezä.Gowy maslahat:golaýyňyzdaky hassahana ýüz tutsaňyz oňat bolar,internetde anyk zat aýtmak kyn.
Sitata
 
 
#24 Lukman 2014-12-03 00:41
Mekan!
"Wirusyň üsti bilen geçen" diýip Siz nämäni göz öňüne tutýarsyňyz? Jyns agzalarynyň wirusly zeperlenmelerinimi? Soragyňyzy aýdyňlaşdyryp, bar bolan alamatlary beýan etmegiňizi haýyş edýärin.
Sitata
 
 
#23 Mekan 2014-12-02 14:34
lukman gayrat edip mana jogap yazyp iberin yada maslahat berin
Sitata
 
 
#22 Mekan 2014-12-01 15:53
lukman eger wirusyn usti bilen gecen bolsa ona nahili derman serisdesi gerek gayrat edip mana derman almalydygny yazyp iberayin
Sitata
 
 
#21 neme 2014-08-02 09:35
lukman men her gunde iki gezek dol dokyan munun zyyany bamy ? men 16 yasymda. her gun dokesim gelip dur
Sitata
 
 
#20 azat 2014-05-30 13:08
Salam Lukman menin size bir soragym bar gayrat edip jogaplan? Men jynsy gatnashyga girjek bolamda men ujudym gonelme yagdayyna gelmanka sperma dokyar bu naman alamatyka . Ikinji gezegem synanshyan yenede doly gonelme yagdayyna gekmanka gelyar. Birem chep yumurtka bimaza edip agyryar erbet uytgeshik agyram dal yone kella dushyar. Gayrat edip nadip shu yagdaydan chyksa bolarka naili derman ichsem bolar gayrat edip yazayyn . Ka wagt gaty utandyrjy yagdaylara getiryar
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele