Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy ERKEK ADAMLARY GYZYKLANDYRÝAN 11 SORAGA JOGAP
( 60 Ses Berme )

Adamzadyň güýçli böleginiň "ikinji ýöregi" diýlip erkeklik jyns mäzine aýdylýan hem bolsa, erkek ujydyny hem esasy agzalaryň hataryna geçirip bolar. Bu agzanyň ululygy, işjeňligi onuň eýesiniň üns merkezinde bolup, erkek adamynyň özüne berýän bahasy, seksual durmuşynyň häsiýetnamasy oňa juda bagly bolup durýandyr. Uly ujydyň eýesi bolmak bolsa, uçdantutma hemme erkekleriň arzuwy bolup, bu ugurda dürli peýdaly ýa-da peýdasy şübheli bolan usullar ulanylyp bilner. Bu çynlakaý meselede aýdyňlyga ýetip, käbir düşünişmezlikleri aradan aýyrmak üçin birnäçe soraglaryň üstünde durup geçme peýdaly bolar.

1. Ujyt haýsy ýaşdan ulalyp başlaýar?

Erkeklik jyns agzasy takmynan 10-12 ýaşdan ösüp başlap, şu möhletden ýümurtgajyklar hem ulalyp, gasykda tüýler ösüp başlaýandyrlar. Ilkibaşdan ujyt uzynlygyna ulalsada, ol doly kemala geleninden soň, ýogynlygyna hem ulalyp başlaýandyr.

2. Adaty ýagdaýda ujydyň ortaça uzynlygy näçe?

Gowşan ýagdaýynda uly erkek adamynyň ujydynyň ortaça uzynlygy 5-den 12 sm. barabardyr. Sowuk howa hem-de emosional dartgynlylyk ýagdaýlary ujydyň uzynlygyny wagtlaýyn azaldyp bilýändir.

3. Ujydyň gönelen (ereksiýa) ýagdaýynda eýe boljak uzynlygyny onuň adaty, asuda ýagdaýynyň ululygy boýunça kesgitläp bolýamyka?

Ujydyň asuda hem-de gönelen ýagdaýyndaky uzynlygynyň görkezijileriniň arasynda hiç hili arabaglanşyk ýokdyr. Gönelen ýagdaýynda, adaty ýagdaý bilen deňeşdirlende onuň uzynlygy 10 150% aralygy ulalyp bilýändir.

4. Gönelen ýagdaýynda ujyt nähili uzynlyga eýe bolup biler?

Bu görkeziji her kimde her dürli bolup bilýndir. Gönelen halda onuň uzynlygy ortaça 12-14 sm-e deň bolup biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu ýagdaýda bu agzaň iň uzyny 30 sm-e, iň gysgasy bolsa 1,5 sm-e barabar bolupdyr.

5. Ujydyň ululygyny elleriň, aýaklaryň ululygy boýunça kesgitläp bolýarmy?

Başga beden agzalarynyň ululygy bilen ujydyň ululygynyň arasynda hiç hili arabaglanşyk ýokdur, ýagny onuň ululygyny elleriň, aýaklaryň ýa-da burnuň ululygy boýunça kesgitläp bolmaýar.

6. Ujydyň uzynlygyny derman gerdejikleriň, melhemleriň kömegi bilen uzaltmak mümkinmikä?

Şu güne çenli ujydyň ululygyna täsir edip biljek derman serişdeleri barada tassyklanan maglumat ýokdur. Hödürlenýän dürli derman serişdeleriň netijeliligi tassyklanmadyk bolup, olary hödürlemek gazanç etmäniň usuly bolup durýandyr. Ýetginjeklik döwründe, jynsy ösüşde yza galma anyklanylanda, erkeklik gormonlarynyň lukman tarapyndan ulanylmagy aýdylanlara degişli edilip bilinmez. Uly adamlarda bu gormonlaryň gözegçiliksiz ulanylmagy, ençeme gaýraüzülmelere getirip bilýändir. Olary diňe aýry ýagdaýlarda, görkezme bilen lukman belläp biler.

7. Ujydy ulaltmagyň netijeli usullary barmyka?

Ujydy hirurgiki usullaryň kömegi bilen ulaldyp bolýandyr. Ol maksat bilen baglaýjylar gasyk süňkünden ujyda geçirilip, ony 1-2 sm. uzaltmaga mümkinçilik döredilýändir. Netijäni berkitmek üçin, operasiýadan soň 6 aýlap ýörite ekstender abzalyny geýip gezme maslahat berilýär. Ekstender abzalyň bir tarapy ujyda geýdirilip, beýleki tarapy bolsa gasyk süňküne degip durandyr. Onuň kömegi bilen, günde 4-5 sagat geýlip gezilen ýagdaýynda, ujydy ýylda 0,5-1 sm-e çenli uzaldyp bolýandyr. Elbetde, netije kem-kemden gazanylýan bolsa-da, alnan santimetrler durnukly bolup durýandyr. Bu abzaly ýörite usul höküminde hem ulanyp bolýandyr.

Ujydyň ýogynlygy bedeniň başga ýerlerinden alnan ýag dokumasyny ujyda oturtma ýa-da oňa ýörite polimer torjagazyny “geýdirme" arkaly gazanylyp, onuň ýogynlygyny 1-2 sm. artdyrmaga mümkinçilik berýändir. Ulanylýan usula garamazdan, fiziologiki aýratynlyklara görä lukmanlar ujydy 4 sm-den artyk uzaltmazlygy maslahat berýärler.

8. Ýaşyň ulalmagy bilen ujydyň uzynlygy kemelýärmi?

Hawa, ýaşyň ulalmagy bilen ujyt kiçelýär. Şonuň ýaly-da, uzaga çekýän jynsy gowşaklykda hem onuň kiçelmegi ýüze çykyp bilýändir.

9. Erkek adamynyň agramy onuň ujydynyň uzynlygyna täsir edip bilýärmi?

Erkek adamyň agramy artyp, çanaklygynda ýagyň ýygnanma mukdary ýokarlandygy saýyn, ujydyň görünýän bölegi hem kiçelýändir. Beden agramy kada gelensoň, ujydyň uzynlygy başdaky görkezijilere gaýdyp gelip biler.

10. Wakuum pompasynyň kömegi bilen ujydyň ululygyna täsir edip bolýarmy?

Wakuum pompasy ujydyň töwereginde otrisatel basyşy döredip, onuň dokumasynyň uzynlygyna hem-de taraplaýyn süýnmegine täsir edip biler. Ýöne alynýan netijeler gysgamöhletleýin bolup, onuň ýygy ulanylmagy ujydyň damarlaryny zeperlendirip, gan ýygnanmalaryň emele gelmegine ýa-da ujydyň görnüşiniň üýtgemegine getirip biler.

11. Ýörite maşklaryň kömegi bilen ujydyň ulalmagyny gazanyp bolarmy?

Ujydyň mysşa süýümlerinden däl-de, gowak görnüşli bedenjiklerden ybaratdygy sebäpli, ýörite maşklaryň ýa-da owkalamalaryň kömegi bilen onuň ululygyna täsir etme synanşygy netijesizdir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#24 Gulam 2017-05-31 08:51
Erkekleri hem ujydy az gyzyklandyrmaýandyr weli, ondan esasy lezzeti aýallar duýýandyrlaý! Tebigatyň döreden bu ýakymly beden agzalary erkek-aýaly magnit ýaly çekip ýakynlaşdyrýar ahyryn.
Sitata
 
 
#23 Weli 2016-12-10 00:01
Has erbedi hem ujydyň kelte we egri bolsa erkegiň kemisligi. Dogrymy aýtsam, onuň ýagdaýy ýaralanyp aýagynyň bir bölegi kesilen uruş maýybynyň ýagdaýyna meňzeýärmikä diýýärin.
Sitata
 
 
#22 Mekan 2016-07-23 06:01
Mana geyseksualyzyma garsy komek edayin
Sitata
 
 
#21 Marat. 2015-12-25 00:36
Köp sag boluň saýtyň lukmany! Men näçe ýaşanyma garamazdan makalany okanymdan soň erkekleriň ujydy hakynda köp bilmeýän zatlaryma göz ýetirdim. Öň maglumatlar bolmanyndan soň siziň ýazanyňyzy uly höwes bilen okadym.
Sitata
 
 
#20 jasurbek 2015-12-21 15:29
Hormatly lukman men 1yyl yaly agyr is etdim sonra birdenka Ujydym onki yaly dalde umumuan hereketlensi pes umuman pesda ujydyn yokary tarapy agrayar name maslahat beryan?
Sitata
 
 
#19 jasurbek 2015-12-21 15:21
Agyr is edilse ujyda zyyan yetip bilermi?seydip yeten bolsa name etmeli?
Sitata
 
 
#18 lUKMAN 2015-05-15 01:31
Timur!
Jynsy gatnaşyklar jübütleriň islegi boýunça, oňaýsyzlyga getirmeýän we ýaramly bolan her dürli ýagdaýlarda (poza) geçirilip bilner.
Sitata
 
 
#17 Timur 2015-05-14 01:40
Hormatly lukman soragyma jogap berseniz hoshal bolardym
Sitata
 
 
#16 Timur 2015-05-12 21:49
Hormatly lukman ayal mashgala erkek adamyn ustune cykyp ishlese (yerini calyshsa) erkek ashakda ayal mashgala yokarda shonda zeleli bamy
Sitata
 
 
#15 Gahryman 2015-03-27 00:50
Hormatly lukman jynsy gatnasyk wagtynda erkek dolunin calt gelmegi name sebapdenka? Gatnasygy uzak wagt etmek un name careler girmeli?
Sitata
 
 
#14 Begench 2015-03-10 20:27
Hormatly lukman! Ujudyn ulalmagyna V-pill dermanynyn peydasy bamy? Umuman V-pill dermanyny oy sertlerinde ulanyp bolyarmy?
Sitata
 
 
#13 Mergen 2015-02-22 16:56
Haýsy hassahana barmaly
Sitata
 
 
#12 Mergen 2015-02-22 16:52
Erkek ujydy ösmese ol ösmegi üçin haýsy lukmana ýüz tutmaly
Sitata
 
 
#11 begench 2015-02-13 20:13
Begench
Sitata
 
 
#10 Mekan 2014-04-04 21:54
Gyzykly gurrunler.men extender guraly sargadym emma sowlamady.onun shemasyny google saitinden alyp ozum yasadym.olcegler takyk.bu zyyanlymyka?garasyan netijamem beryan yaly
Sitata
 
 
#9 umyt 2013-08-01 23:58
Ekstenderiñ işleýiş mehanizmi nämä esaslanýar? Ýagny, çekip dursañ ujytda nämeler bolup gecýar?
Sitata
 
 
#8 Lukman 2013-08-01 23:04
Umyt!
Ekstender abzaly ujydy diňe uzynlygyna ulaldýar. Abzaly günde 5-6 sagat geýip, 3-4 aýyň dowamynda ulanma maslahat berilýär.Bu abzalyň ulanmak üçin görnüşini we oňa bolan görkezmeleri diňe lukman kesgitläp bilýändir.Bu abzaly şäheriň lukmançylyk enjamlary satylýan dükanlaryndan sargyt etme arkaly alyp bolar.
Sitata
 
 
#7 umyt 2013-08-01 14:18
Ekstender abzaly hem uzynlygyna, hem ýogynlygyna ulaldyarmyka? Ya diñe süýndirip goyaýýarmyka? Ony nireden satyn alyp bolyar? Ekstender abzaly barada doly maglumatlary jemleyan bir tema açaýyñ?
Sitata
 
 
#6 Lukman 2013-07-29 01:40
Hormatly Merdan!
Ujydyň bir tarapa (saga ýa-da çepe) gyşarmagy dogabitdi ýa-da sowuklama ýagdaýlary, ujydyň şikeslenmeleri, oňa edilen derman sanjymlary, geçirilen operasiýalar ýaly sebäpler netijesinde ýçze çykyp biler.Şeýle ýagdaý agyrylaryň ýüze çykmagyna,jynsy gatnaşyklaryň kynçylykly geçmegine getirip bilse hem,ujypsyz derejede ýüze çykan gyşarmalar asla biynjalyk etmän hem biler.Ýüze çykan ýagdaýyň sebäbini kesgitlemek üçin urolog,androlog lukmanyň maslahatyny alma peýdaly bolardy.
Sitata
 
 
#5 Lukman 2013-07-29 00:01
Hormatly Rahat!
Erkeklik ujydy öz gurluşy boýunça myşsa süýümlerinden dälde, gowak görnüşli bedenjiklerden (boşluklardan)ybaratdyr.Şol bedenjiklere ganyň inmegi onuň gönelmegine (ereksiýa ýagdaýyna) getirýändir.Ujydyň myşsa süýümlerinden mahrumlygy sebäpli owkalama,süýndürip çekme ýaly dürli maşklar onuň uzalmagyna getirip bilmeýär.
Şonuň ýalyda,sünnet etme hem ujydyň ulalmagyna hiç hili täsir edip bilmeýär. Sünnet etme babatda dürli pikirler bilen tanyşmak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Sünnet etme:tarapdarlar we garşydaşlar" atly makalany okap görmegi Size maslahat berýäris.
Sitata
 
 
#4 Rahat 2013-07-25 23:14
@Jahan sag bol linkiñ üçin. Shu wagt okap durshum.
Ýöne lukmanlar 11 soragyñ içine shu sünnet baradahem agzap geçen bolsa hasam düshnükli bolardy.

11-nji soragy "11. Ýörite maşklaryň kömegi bilen ujydyň ulalmagyny gazanyp bolarmy?" shu soraga beren jogaplaryna gaty düshünmedim. Shu sorag meni kanagatlandyrmady.
Sitata
 
 
#3 Jahan 2013-07-25 22:34
SÜNNET ETME: TARAPDARLAR WE GARŞYDAŞLAR
http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-durmus/erkek-saglygy/113-sunnet-etme-tarapdarlar-we-garsydaslar.html
Sitata
 
 
#2 Merdan 2013-07-22 09:39
Salam hormatly lukman kabir erkek oglanlaryn ujydy her durli bolup bilyar! Mys.ucin aýdalyñ men 17 ýasymda men ujydym 15 sm yogunlygy 3 sm ýöne menin ujydym Cep tarapa egri biten ýagny göni dälde çep tarapa gysyk biten munun zyýany bolup bilermi?
Sitata
 
 
#1 Rahat 2013-07-21 21:11
Hormatly Lukmanlar!
Erkek çagalar 3-5 ýash aralygynda sünnet edilýär muny herkimem bilýän bolsa gerek. Çaga sünnet edilse ujydyñ ulalmagyna täsir edip bilýärmi?. Sünnet edilen erkek bilen sünnet edilmedik erkegiñ ujydynyñ ululygynda tapawut bolup bilermi?
Aslynda sünnediñ peýdaly we zyýanly taraplaryny gysgaça aýdyp geçäýseñiz!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele