Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy ERKEK JYNS AGZALARYNYŇ ŞIKESLERI: GÖRNÜŞLERI, BEJERGISI
( 18 Ses Berme )

Erkek jyns agzalarynyň şikeslenmeleri öz köpdürliligi bilen tapawutlanyp, olaryň içinde ujydyň pürçiginiň, ujydyň kellejiginiň we gowak görnüşli bedeniniň şikeslenmeleri aýralykda ýa-da ýumurtga haltajygynyň şikeslenmeleri bilen bilelikde ýygy duş gelýändir.

Şikeslenmeleriň görnüşleri

► Ujydyň uly bolmadyk şikeslenmeleriniň arasynda balagyň syrmasy bilen onuň derisiniň gysylmagy iň ýygy ýaýrandyr. Döreýän ýara uly bolmasa hem, ol güýçli agyrynyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Ýarany ulaltmaz ýaly, syrmanyň şikeslenen ýeriň aşagyndan açylar ýaly edip kesilmegi zerurdyr.

Ujydyň şikeslenmeleriniň arasynda ýene bir giňden ýaýrany, onuň sürtülmesidir. Şeýle kynçylyklar esasan seksual hyjuwy dyňzap duran erkek adamlarda ýa-da jynsy gatnaşyklary ýaňy başlaýan jahyllarda ýygy duş gelýändir. Birinjiler üçin tyg yzyny galdyryp biljek deriniň çuň ýaralanmalary, ikinjiler üçin bolsa ujydyň pürçiginiň gasynlarynyň ýyrtylmagy häsiýetlidir.

Jynsy gatnaşyk mahaly ujydyň kellesiniň uýanjygynyň dogabitdi gysga bolmagy uýanjygyň üzülmegine getirip, agyryny we gan akmany döredip bilýändir.

Özboluşly şikeslenmelere ujydyň gysylmagyny degişli edip bolar. Bu ýagdaý ujydyň ýüp ýa-da sim, bagjyk bilen daňylmagy, oňa halka görnüşli jisimleri dakma synanşygy netijesinde döreýändir. Uly adamlarda bu masturbasiýa, ujydyň gönelme ýagdaýyny dowamly saklamak ýa-da peşewiň saklanmazlygynyň öňüni almak synanşygynyň netijesi bolsa, çagalarda şeýle nädogry hereketler bezzatlygyň netijesi bolup biler.

Lukmançylyk edebiýatynda ujydy uzaltmak islegi bilen onuň tozan sorujynyň turbasyna sokulmagy netijesinde alnan çynlakaý şikeslenmesi barada maglumat bardyr. Şeýle hereketler ujydyň wenalarynyň trombozyny döredýändirler. Bu ýagdaýda ujyt gök reňke eýe bolup, güýçli agyrylar döreýändir.

Seresapsyzlyk we şowsuzlyk sebäpli ujydyň döwülmegi hem ýüze çykyp bilýändir. Bu çynlakaý şikeslenme jynsy gatnaşyk mahaly ujydyň jynshana girmän, uly bat bilen aýalyň buduna ýa-da çanaklyk süňklerine urulmagy netijesinde döreýändir. Ujydyň döwülmegi özboluşly şykyrdy sesini döredip, gan inme netijesinde ujyt gök ýa-da gara reňke eýe bolýandyr.

Ujydyň çykygy hem, edil onuň döwülmegine getirýän sebäpler – ujydy çanaklyk süňklerine berkidýän baglaýjylaryň üzülmegi netijesinde döreýändir. Ujydyň gowak görnüşli bedenjikleri ýumurtga haltasynyň aşagyna ýa-da ýamza tarap süýşýär we ujyt "boşan halta" ýaly bolup galýar. Ujyt yzyna salnandan soň üzülen baglaýjylar tikilýändir.

Ondan başga hem, ujydyň gowak görnüşli (kawernoz) bedenleriniň şikeslenmeleri bilen häsiýetlenýän bozulmalarynda olaryň alawlama ýagdaýykawernit döräp bilýändir.

Eger ujyt dowamly wagt gönelme ýagdaýynda saklanýan bolsa (birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli), bu gan aýlanşygynyň bozulmagynyň sebäbidir. Ujydyň gönelmegi dowamly saklanýar we adamyny ýiti agyrylar biynjalyk edýär. Bu ýagdaý ujydyň içinden geçýän gan damarynyň şikeslenip, ganyň akmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle agyr kesel "priapizm" diýip atlandyrylýandyr. Bu keseliň döremegine süýjüli diabetden we orakgörnüşöýjükli gan azlylykdan ejir çekýän erkek adamlar ýykgyndyrlar.

Peşew çykaryş kanalynyň ýokançlykly we alawlama kesellerinden ýa-da ujydyň özen görnüşli dokumasynyň, gan damarynyň üzülmeginden soňky dikelme döwründe tyg yzlary emele gelip, diňe bir kadaly gan aýlanşygy bozman, eýsem ujydyň kadaly gönelmegine hem zeper ýetirip bilýändir. Kadaly ýagdaýda ereksiýa wagty ujydyň dokumalary dürli tarapa "giňeýändir". Tygly, üýtgän dokumanyň giňelmesi bolup geçmeýär. Netijede, ujyt gönelme wagty bir tarapa gyşarýar. Bu ýagdaýa Peýronyň keseli diýilýär. Ujyt gowşan wagty onuň gyşarmasy bilinmeýär, ýöne ol gönelende gyşarma netijesinde köp halatlarda jynsy gatnaşyklary geçirmek mümkin bolmaýar.

Çagalarda olaryň aşa hereketjeňligi, aşak bökme, ýykylma hereketleri netijesinde ýumurtgajyklaryň towlanmagy ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý ýumurtgajygy ýumurtga haltajygynyň düýbüne berkidýän baglaýjynyň gowşaklygy bilen düşündirilýändir. Şeýle bolanda ýumurtgajyklar hereketjeň bolýandyr. Şeýle hem, uly adamlarda güýçli urgular netijesinde ýumurtgajyklaryň ýenjilmegi we ýarylmagy döräp bilýändir.

Jyns agzalaryň şikeslenmeleriniň gaýraüzülmeleri we getirýän netijeleri

♦ Ýumurtgajygyň sowuklamagy (orhit);

Şikeslenen ýeriň derisiniň aşagyndaky gan toplanmalaryň iriňlemegi;

Urosepsisgana ýokançlyklaryň düşmegi netijesinde hemme beden agzalarynyň işiniň bozulmagy;

Ujydyň gyşarmagy;

Peşew bölüp çykaryşyň bozulmagy;

Ýumurtga haltajygynda döreýän dowamly agyrylar;

Kadaly ýagdaýda bolmaýan, ýumurtga haltajygynda döreýän fistulalaryň (swişş) döremegi;

Jynsy gowşaklyk;

Önelgesizlik;

Ýumurtgajygyň şikeslenmegi. Bu ýagdaý ýumurtgajygyň rak keseliniň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýandyr;

Ýumurtgajygyň kiçelmegi.

Şikeslenmeleriň bejergisi

Bejerginiň hirurgiki däl usuly diňe daşky jyns agzalaryň ýapyk şikeslenmelerde we ujydyň, ýumurtgajyklaryň ýyrtylma alamatlary bolmadyk haladynda geçirilýändir. Ol aşakdaky çärelerden ybaratdyr:

→ Gyşarnyksyz düşek düzgünini saklamak;

Gysyp duran içki eşigi (plawki) geýmek;

Görkezme boýunça antibiotikleri, gan akmany kesiji, agyrsyzlandyryjy, gormonal däl sowuklama garşy derman serişdelerini ulanmak.

Hirurgiki bejergi aşakdaky bejeriş usullary öz içine alýandyr:

⇒ Peşewiň bölünip çykmasy saklananda sistostomany goýmak. Bu bejergi çäresi netijesinde garnyň aşagyny deşme arkaly peşew halta rezin ýa-da plastik turbajyk sokulýar we peşewiň çykarylmagy üçin mümkinçilik döredilýär.

Ujytda we ýumurtga haltajygynda dörän ýyrtylmalary tikmek. Ujydyň kellesiniň uýanjygy ýyrtylanda ol ujydyň ugruna parallel tikilýändir.

Ýumurtga haltajygynyň kesilmegi we ýumurtgajygyň ýagdaýyny kesgitlemek. Ýagdaýa baglylykda ýumurtgajygyň ýyrtylmasyny tikmek ýa-da ony aýyrmak barada karar kabul edilýändir.

Peýronyň keselinde ujydyň kadaly gurluşyny dikeldiji plastiki usullar ulanylýandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#12 Sary 2017-04-11 16:05
Utanañzokmy şeýle surat goýmana ! Terbiyesizler!
Sitata
 
 
#11 Mekan 2017-04-04 18:12
Quoting Intern:
Sinegra erkek adamyň ereksiýa(ujydyň turmagy) bozulmasynda peýdalanylýan derman serişdesi bolýar.Galan maglumaty bejerýän ýa-da derman bellän lukmandan alyp bilersiň-dä!




Diymek mana dermanhanacy diyyan dermanymy bermandir,mana beyle derman nama gerek diysene
Sitata
 
 
#10 Intern 2017-04-03 22:19
Quoting Mekan:
Sinegra dermany barada dushundurish berip berayin hey jogap berjek yokmyka? Saydyn lukmany gayrat etda agam?

Sinegra erkek adamyň ereksiýa(ujydyň turmagy) bozulmasynda peýdalanylýan derman serişdesi bolýar.Galan maglumaty bejerýän ýa-da derman bellän lukmandan alyp bilersiň-dä!
Sitata
 
 
#9 Admin 2017-04-02 23:41
Quoting Mekan:

Haysy sosial ulgamlaryndaky sahypalarnyz hakda aytyanyz anyk salgy (adres-ssylka) aydynda BASHDAN SOWMA ETMAN HAYYSHT


Quoting Mekan:

Haysy sosial ulgamlaryndaky sahypalarnyz hakda aytyanyz anyk salgy (adres-ssylka) aydynda BASHDAN SOWMA ETMAN HAYYSHT


https://vk.com/club63093142
https://www.facebook.com/saglyk
https://twitter.com/Saglyk
Sitata
 
 
#8 Mekan 2017-04-02 17:38
Quoting Admin:
Salam Mekan,

Biziň lukmanlarymyzyň ählisi amaly lukmançylyk bilen meşgullanyp, işden boş wagtlary saýtymyz bilen hyzmatdaşlyk edýärler.Gyssagly soraglaryňyzy Saglygyň sosial ulgamlaryndaky sahapalarynda goýup bilersiňiz. Ýaş lukmanlar jogap bererler diýip umut edýäris. Gyssagly ýagdaýda maşgala lukmanyňyza ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.


Haysy sosial ulgamlaryndaky sahypalarnyz hakda aytyanyz anyk salgy (adres-ssylka) aydynda BASHDAN SOWMA ETMAN HAYYSHT
Sitata
 
 
#7 Mekan 2017-04-02 17:35
Mashgala lukmany bular yaly soraga jogap berenok onsanam ol ayal adam-soramana cekinyan. Sosial ulgamlaryndaky sahypalarynyz haysy sosial ulgamdaky sahypa bolya acyk aydyn hayysht.
Sitata
 
 
#6 betje 2017-03-30 22:01
Quoting Atajan Taganow:
ERBEDEM DAL YAZYAN ZATLANNYZ HAYSY BIR SIKIN ALADASYNY ETJEK SIKE ELEM DEGENOK SOKARA DESHIKLERDEN YANA DESHIKDEN ÇHYKYAN WAGTY YOGA


Sik -ujyt, deshik - jynsyhana. Bedenige hormat goy, alada et, sokup yormali goren yerimize
Sitata
 
 
#5 Atajan Taganow 2017-03-30 21:49
ERBEDEM DAL YAZYAN ZATLANNYZ HAYSY BIR SIKIN ALADASYNY ETJEK SIKE ELEM DEGENOK SOKARA DESHIKLERDEN YANA DESHIKDEN ÇHYKYAN WAGTY YOGA
Sitata
 
 
#4 Admin 2017-03-30 20:40
Quoting Mekan:
Sinegra dermany barada dushundurish berip berayin hey jogap berjek yokmyka? Saydyn lukmany gayrat etda agam?

Salam Mekan,

Biziň lukmanlarymyzyň ählisi amaly lukmançylyk bilen meşgullanyp, işden boş wagtlary saýtymyz bilen hyzmatdaşlyk edýärler.Gyssagly soraglaryňyzy Saglygyň sosial ulgamlaryndaky sahapalarynda goýup bilersiňiz. Ýaş lukmanlar jogap bererler diýip umut edýäris. Gyssagly ýagdaýda maşgala lukmanyňyza ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.
Sitata
 
 
#3 Mekan 2017-03-30 20:07
Sinegra dermany barada dushundurish berip berayin hey jogap berjek yokmyka? Saydyn lukmany gayrat etda agam?
Sitata
 
 
#2 Okyjy 2017-03-29 22:05
Be-e-e!Erkeklerde ýagny, olaryň jyns agzasynda problema bardyr öýtmeýärdik weli, olarda aýallaryňkydan beter ekeni.Bular ýaly zatlaram bolup biljegow!
Sitata
 
 
#1 Mekan 2017-03-29 12:46
Синегра - dermany barada turkmence aydyp berayin? Hayysh?!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele