Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy JYNSY GATNAŞYGYŇ DOWAMLYLYGYNY UZALTMAGYŇ USULLARY
( 57 Ses Berme )

Wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýa (dölüň zyňylmagy) dünýäniň dürli ýurtlarynda has ýaýran bozulmalaryň biri bolup, dölüň bolmaly wagtyndan has ir zyňylmagy bilen alamatlandyrylýandyr. Erkek adam öz durmuşynda bir gezek hem bolsa ir dörän eýakulýasiýa ýagdaýyna sezewar bolandyr, ýöne bir gezek bolan şowsuzlyga üns beren hem däldir. Eger dölüň ir zyňylmagy kadaly ýagdaýda bolup geçýän bolsa, erkek adamyny alada goýup, ruhy gamgynlylygyň, özüňe ynamsyzlygyň döremegine getirip biler.

Wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýanyň sebäpleri

Bu sebäpleri esasan 4 topara bölüp bolýar:

► Dürli beden bozulmalary – bedeniň dürli keselleri netijesinde (peşew-çykaryş agzalaryň keselleri, oňurganyň şikesleri, prostatit, fimoz, gormonal bozulmalar, zäherli maddalar bilen zäherlenme) döräp biler;

Fiziologiki aýratynlyklar (ujydyň kellejiginiň has duýgur bolmagy, jynsy gatnaşyklardan uzak wagt saklanmak, örän owadan aýal bilen gatnaşyk, aýal bilen ýakyndan tanyş bolmazlyk, iýmitde magniý mineralynyň ýetmezçiligi);

Psihologiki sebäpler (stress, howsalalar, aýal bilen ýakyndan ruhy aragatnaşygyň bolmazlygy);

Genetiki faktorlar (eger geçen nesilleriňizde şeýle bozulmaly erkek adam bar bolsa, sizde hem onuň döreme töwekgelçiligi ýokarlanýar).

Aşakdaky alamatlar wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýany güman etmäge esas döredip biler:

Eýakulýasiýanyň ujydyň jynshana salynmagyndan öň ýa-da ony saklama synanşyklaryna garamazdan bolmagy;

Ir dörän eýakulýasiýanyň erkek adamynyň maşgala gatnaşyklarynda oňaýsyzlygy döretmegi, onda howsalanyň, gorkynyň döremegi;

Bozulmanyň döremeginiň derman serişdeleri kabul etmeklige bagly bolmazlygy.

Seksopatologlaryň bellemegine görä, jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygy ujydyň jynshana girip, dölüň dökülmegine çenli wagt aralygy öz içine alýandyr. Şu döwrüň wagt aralygyna we ujydyň hereketlerine baha berilýändir. Ujydyň 68 gezek öňe herekedinde, bir minutdan dowamly bolan gatnaşyklar kadanyň aşaky serhedi hasap edilse, ýokarky araşäk kesgitlenmeýär. Ol 3, 5, 10 min we ondan hem dowamly bolup biler. Ýöne 10 min. dowamly jynsy gatnaşygyň aýaly hem, erkek adamyny hem güýçden gaçyrjakdygyny bellemelidir.

Dölüň wagtyndan öň dökülmeginiň bejergisi ýa-da jynsy gatnaşyklary dowamly geçirmegiň usullary

Bu ýakymsyz bozulmanyň bejergisi erkek adamynyň beden, ruhy, maşgala aýratynlyklary öwrenilip, sebäpleri anyklanylandan soň lukman tarapyndan berilmelidir.

Anyk sebäpsiz seýrek şowsuzlyklar bolanda

Eger erkek adamda anyk sebäpsiz seýrek şowsuzlyklar duş gelýän bolsa, jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygyny uzaltmaga kömek edýän usullar arkaly onuň jynsy gaýratlylygyny ýokarlandyryp bolar.

Şeýle usullaryň biri "Start-Stop" usulydyr. Erkek adam dölüň zyňylma wagtyny duýup, ujydy jynshanadan çykarýar we onuň kellejiginiň düýbüni barmaklary bilen mäkäm gysýar. Ondan soň jynsy gatnaşyk ýene dowam edýär. Dölüň wagtyndan öň gelme duýgusy dörände bu usuly ýene gaýtalamaly. Şeýlelikde, jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygy ýuwaş-ýuwaşdan uzalýar.

Eýakulýasiýa gözegçilik etmegiň ýene bir usuly – Kegeliň usulydyr. Kegel ýamzyň myşsalaryny berkitmek bilen bilelikde, döli dökmek hadysasyny hem gözegçilikde saklamaga kömek edýän maşklary işläp düzüpdir. Ol maşklaryň esasyny gasyk-guýruk myşsalaryny günde 2-3 gezek 15 gezege çenli erkin dem alyşda ýygryp gowşatma hereketleri düzýändir. Maşklar bir tapgyrda 50 gezege çenli ýygrylma çenli çylşyrymlaşdyrylyp bilner. Myşsany dem alyşda ýygryp, dem göýberlende bolsa dynç alyp, ol maşklary şeýle görnüşde hem çylşyrymlaşdyryp bolýandyr. "Lift" diýip atlandyrylýan maşkda bolsa bu myşsany ýygyrma barha güýçlendirilip, soňra ýuwaş-ýuwaşdan gowşatma geçilmelidir.

"Üç barmagyň usuly" – bu usul biwagt dörejek eýakulýasiýanyň öňsyrasynda üç barmak bilen ýamzyň ortasynda, artbujak bilen ýumurtgajyklaryň arasynda ýerleşýän nokady basmaga esaslanandyr. Barmaklar biraz epilen bolmalydyr.

Ujydyň herekedini sanama: jynshana 9 gezek doly girmän, 1 gezek doly girmek, 8 gezek doly girmän, 2 gezek doly girmek, 7 gezek doly girmän, 3 gezek doly girmek we şu tertipde dowam etmek.

Şeýle-de, jynsy gatnaşyklary posalar, sypalamalar bilen bilelikde gezekleşdirip geçirme, gatnaşykda prezerwatiwi ulanmak bedeniň gyjynmagyny peseldip, jynsy gatnaşyklary dowamly geçirmäge kömek eder.

Derman serişdeleri bilen bejergi

Derman serişdeleri bilen bejergi geçirlende aşakdaky topara degişli barlanan serişdeler ulanylyp, gowy netijeleri almak üçin olaryň utgaşmasy ulanylýandyr. Derman serişdeleri bilen bejergi diňe lukman tarapyndan bellenmelidir!

► Duýujylygy peseldýän, agyrsyzlandyryjy serişdeler – instilagel, katadžel, lidokain-prilokain gel jynsy gatnaşyklary geçirmäge 5-10 min. galanda ulanylýar. Ujydyň gönelme (ereksiýa) ýagdaýynda bozulma dörände bu dermanlar ulanylmaýar.

Ruhy gamgynlylygy bejerýän serişdeler.

Nerw süýümleriniň serotonina täsirini peseldýän serişdeler – fluoksedin, dipriwoks, paksil.

Ujydyň gönelmegini berjaý edýän serişdeler – lewitra, sialis, wiagra.

5-gidroksitriptofanly iýmit goşundylary.

Bu serişdeler erkek adamda ir döreýän eýakulýasiýanyň öňüni alýan bolsa, utgaşykda geçýän keseller hem degişli bejergini talap edýändir: peşew-jyns agzalaryň ýokançly kesellerinde antibakterial serişdeler, oňurga sütüniniň kesellerinde nerw geçirijiligi kadalaşdyrýan, gan aýlanşygy gowlandyrýan serişdeler we witaminler ulanylýar.

Dölüň wagtyndan öň zyňylmagyndan kynçylyk çekýän maşgala jübütleri psiholog lukmanyna ýüz tutup, irki tapgyrlarda howsalaly ýagdaýlara, ruhy gamgynlylyga, özüňe bolan ynamyň peselmegine garşy bejergini alyp bilerler. Maşgala jübütleriň özara düşünişmekleri we emosional ýakynlygy bu bozulmany bejermekde esasy çäre bolup durýandyr.

Wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýany bejermekde aýalyň kömegi

Bu bozulmany bejermekde erkek adamynyň aýalynyň hem (elbetde aýalynyň islegi we düşünmekligi bolanda) kömegi zerur bolup biler. Aýalynyň kömegi bilen Simmansyň usuly ulanylanda degerli netijeleri gazanyp bolýandyr.

► Eýakulýasiýasyz 15 min. çenli gury el bilen masturbasiýa geçirme (üç synanşyk).

Eýakulýasiýasyz 15 min. çenli wazelin bilen masturbasiýa geçirmek (üç synanşyk).

Ujygyň gönelme ýagdaýynda, eýakulýasiýasyz aýalynyň eli bilen masturbasiýa geçirmek.

Aýalynyň eli we wazelin bilen masturbasiýa.

Aýalynyň "Atda oturma" görnüşinde jynsy gatnaşyklary arakesmeler bilen geçirmegi, gatnaşygyň dowamlylygy 15 min. barabar, eýakulýasiýasyz, üç synanşyga çenli.

Kömekçi usullar bilen bejergi

Esasy bejergi çäreleri bilen bilelikde iňňe bilen bejergi, fiziki emler, bejeriş wannalary we şypahana bejergisi hem wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýany bejermekde giňden ulanylýar.

Köpler dermanlyk otlary, meselem, huşly gunçanyň (hmel), şir guýrugyň (pustyrnik), melis otunyň, koriandryň ýa-da barwinkanyň gaýnatmalaryny bu bozulmany bejermekde peýdaly hasaplaýarlar.

Hirurgiki bejergi

Jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygyny uzaltmak üçin ujydyň pürçügini kesmek (sünnet etmek) hirurgiki bejergisi geçirilýär. Başga halklarda ol esasan fimoz ýüze çykanda ulanylýar. Sünnet etmek netijesinde ujydyň kellejiginiň duýujylygy peselip, jynsy gatnaşyklaryň dowamlylygynyň uzalmagyna getirýär.

Wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýany bejermek üçin bu usullaryň hemmesi ulanylman, her adam üçin lukman zerur usullaryň utgaşmasyny saýlap alýandyr. Bejergileriň netijeli bolmagy üçin erkek adam öz zähmet we dynç alyş tertibini kadalaşdyrmalydyr. Wagtynda dynç almak, ýeterlik ukynyň alynmagy, magniý we sink minerallaryna baý önümler bilen dogry iýmitlenme, stres ýagdaýlaryndan gaça durma we fiziki işjeňligi saklama, tertipsiz jynsy gatnaşyklardan gaça durma geçirilýän bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edip biler.

Lukmanyň hemme maslahatlary we bejeriş düzgünleri berjaý edilende jynsy gatnaşyklara ýaramaz täsir edýän bu bozulmany bejermek mümkindir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#13 Maugli 2017-04-19 23:33
Molodes
Sitata
 
 
#12 678 2017-03-08 22:52
Quoting Betje:

Utanch bolmaly dal. Utanch bolany turkemn erkekleri bilimsiz galdy, galyar. Name dinge yewropadaky ayal, erkek kanagatlanmalymy? Turkmenlerede seksual kanagatlanma bolanokmy? Gadaganmy?

Siz kanagatlanma diyip name dine shondan kanagat tapyamy adamzat. Bu gatnasyk guymenje yada sen kanagatlanman u.n dal aslynda o nesil u.n caga u.n...
Sitata
 
 
#11 Şamy 2017-01-02 00:56
Lukmançylykda indi köpden bäri ereksiýany güýçlendirmek üçin ulanylýan derman serişdeleri ýaly, döl zyňylmasyny öz islegine görä haýalladýan dermanlar tapylyp hödürlense, bir topar ruhy peslikde gezip ýören erkekler üçin uly kömek bolardy.
Sitata
 
 
#10 Nurmyrat 2016-10-12 10:04
Masturbasiyany iñ uzak aralyk nace wagtdan etmeli çydap bilmeýänler üçin
Sitata
 
 
#9 josgun 2016-09-14 16:19
Yerlikli maslahatlar
Sitata
 
 
#8 Şamil 2016-08-25 09:14
Erkeklerde döl dökülmesi çalt bolmagy ýakymsyz boluşy ýaly käbir aýallarda ujydyň jynshana giren pursadyndan soň ýedi sekiz gezek sürtülmesinden orgazma ulaşmagy hem onçakly talaba laýyk dälmikä diýýärin. Muňa garamazdan ýenede esasy talap erkeklerden garaşly bolup durýar.
Sitata
 
 
#7 Betje 2016-08-01 23:51
Quoting Mersii:
Aý sizä ýewropadanam geçirýäňiz, aýalynyň eli bilen masturbasiýa zat diýip. Utanç dämi beýle zatlary aýtmak? etmek barada gürrüňem ýok, aýyp zatlara bular....aý bolýada


Utanch bolmaly dal. Utanch bolany turkemn erkekleri bilimsiz galdy, galyar. Name dinge yewropadaky ayal, erkek kanagatlanmalymy? Turkmenlerede seksual kanagatlanma bolanokmy? Gadaganmy?
Sitata
 
 
#6 Mersii 2016-07-29 19:43
Aý sizä ýewropadanam geçirýäňiz, aýalynyň eli bilen masturbasiýa zat diýip. Utanç dämi beýle zatlary aýtmak? etmek barada gürrüňem ýok, aýyp zatlara bular....aý bolýada
Sitata
 
 
#5 Bilesigeliji 2016-07-10 16:35
Shapak! Aydanlaryna dushunip biledim has aydyn dushniklirak dilde aydayda (dushundirayda?!)
Sitata
 
 
#4 Döwran 2016-07-09 14:54
Haýsy lukman arkaly diýjekdim
Sitata
 
 
#3 Döwran 2016-07-09 14:53
Bu bejergileri haýsy hassahanada, haýsy arkaly alyp bolar?
Sitata
 
 
#2 Şapak 2016-07-08 19:24
Psihologiki ýagdaýlar üçin ulanylýan Serotoniniň täsirini peseldýän serişdeler (fluoksedin) islenilmeýän täsir hökmünde impotensiýa/islegiň azalmagyna sebäp bolup bilýär. Emma bu halady peýdaly tarapa öwürsek wagtyndan öň döreýän eýakulýasiýanyň bejergilerinden biridir.
Sitata
 
 
#1 Bilesigeliji 2016-07-08 08:27
bay bou
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele