Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy ERKEKLER NÄME ÜÇIN AÝALLARDAN IR ÝOGALÝARLAR?
( 26 Ses Berme )

Alymlaryň hasaplamagyna görä, erkekler aýallardan 10-15 ýyl ir ýogalýarlar. Olar erkekleriň   ömri orta hasap bilen 59 ýaş, aýallaryňky bolsa 73 ýaş diýip belleýärler. Umuman bu mesele babatda köp çaklamalar we pikirler bardyr. Bu çaklamalaryň we pikirleriň biri-de aýallaryň öz saglyklaryna has çynlakay çemeleşýändigini inkär etmeýär. Aýallar adatça wagtly-wagtynda lukmanlara ýüz tutýarlar, keselleriň öňüni almak maksady bilen lukmanlaryň gözegçiliginden geçip durýarlar, öz iýmitine we daş keşbine üns berýärler, umuman, özlerine seredýärler. Erkekler bolsa öz saglyklaryna biperwaýrak garaýarlar: alkogol içgileri içýärler, çilim çekýärler, ýagly naharlary köp iýýärler, fiziki hereketlere we maşklara üns bermeýärler, işde, hatda dynç alyşlarda-da töwekgellik edýärler.

Dartgynlyk ýagdaýlary

Dyngysyz dartgynlyklar biologiki taýdan garramaklygy tizleşdirýändir. Netijede, datgynlyklar ýagdaýynda ýaşaýan adam olara garşy durup başarmasa, tiz garrýandyr. Garrylygy yza çekmek üçin, öz duýgularyňa erk etmegi öwrenmeli, kyn ýagdaýlardan çykalgalary alkogol içgilersiz, çilimsiz tapmagy öwrenmeli, örän gaýgyçyl bolmakdan saklanmalydyr. Şonuň üçin-de, her bir adam özüniň nerw dartgynlyklaryny gowşatmak üçin azyndan 2-3 usuly bilmelidir. Muňa öz-özüňi köşeşdirmek, dem alşy kadalaşdyrmak, relaksasiýa maşklary ýaly usullary mysal getirmek bolýandyr.

Iýmitlenme

Hünärmenler kuwwatlylyk taýdan çäklendirilen, ýöne ýokumlylygy ýokary bolan berhizleriň adamyň ömrüni uzaldyp bilýändiklerini belleýärler. Şeýle berhizi saklamak üçin mahabatlandyrylýan berhizleri saklajak bolup dyrjaşmaly. Dogry berhizler saglygy berkitmäge niýetlenip, esasan-da iýmiti dogry kabul etmeklige daýanýandyr. Şeýle berhizler ýürek-damar keselleriniň, süýji we rak keselleriniň öňüni alýandyrlar. Gereginden artyk iýmek, artykmaç agram tiz garramaga sebäp bolýarlar, kesellere uçradyp bilýärler. Bedende ýaglaryň, duzuň we şekeriň gereginden artyk bolmagy hem saglygyň gowşamagyna sebäp bolýandyr.

Zyýanly endikler

Alkogol içgileri, çilimkeşlik, neşekeşlik adamyň her bir beden agzasynyňgarramagyna sebäp bolýandyr. Ýöne zyýanly endikleriň ýetirýän weýrançylygy ilki-ilkiler göze ilýän däldir. Şonuň üçin-de, zyýanly endiklere ýoluganlar özleriniň nähili «girdaba» düşendiklerini ilkibada duýýan hem däldirler. Çilimkeşlik öýken we deri keselleriň döremegine sebäp bolýar. Emma alymlaryň soňky geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde çilimiň  akyl ukyplaryny hem peseldýändigi subut edildi. Araga «bagyş edilen» ýeke-je oturylyşyk bolsa 10000 nerw öýjügini öldürýändir. Ölen nerw öýjükleriniň gaýtadan dikeldilmeýändigi bolsa hemmelere mälimdir.

Fiziki aktiwlik

Ýetmiş ýaşan erkek özüniň otuz ýaşlyk çagyndan örän tapawutlanýandyr. Ol ýetmiş ýaşynda myşsalar agramynyň 30-40%-ne golaýyny ýitirýändir. Ýüreginiň gan geçiriş ukyby 30% peselýändir. Elbetde, bu maglumatlar begendirip bilmez, ýöne yzygiderli ýerine ýetirilýän fiziki maşklar garrama ýagdaýyny azyndan 20(!) ýyl gaýra çekip bilýär. Şoňa görä-de, erkekleriň ömür dowamlylygy olaryň ýaşaýyş ýörelgesine baglydyr. Hünärmenler takwa adamlaryň durmuşyny öwrenenlerinde, erkekleriň-de, aýallaryň-da ömür dowamlylygynyň deňdigini ýüze çykardylar. Takwa adamlar (erkekler-de, aýallar-da) çilim çekmekden, arak içmekden saklanýandyrlar, aladaçyl-gaýgyçyl bolmaýarlar. Olar parahat ýaşamaga ymtylýandyrlar. Durmuşda dogrudan-da gymmatly bolan zatlara: ýakynlaryna bolan söýgä, asuda gatnaşyklara üns berýärler.

Şoňa görä-de, eý, erkekler, ýaşaýyş ýörelgäňiz ömrüňizi uzaldyp-da, ony gysagaldyp-da bilýändir. Öz saglygyňyz barada ýaşlykdan alada ediň. Zyýanly endikleriň «girdabyna» düşmejek boluň! Öz ömrüňiziň emeli gysgaldylmagyna ýol bermäň. Öz ýakynlaryňyzyň size daýanyandygyny ýatdan çykarmaň!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Kerim 2016-06-28 19:26
Ayallaryñ uzak ömriniñ sebäbi olaryñ ayaly yok.
Sitata
 
 
#8 MERJEN 2014-12-12 17:27
MEN ÖŇ BEÝLE DÜŞÜNMEÝÄDIM AÝALLAR IR ÝOGALÝANDYR ÖÝTÝÄDIM. SEBÄBI AÝAL MAŞGALA KÖP EJIR GÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖÖRÝÄ.SAÝTYNYZ ÜÇIN SAG BOLUŇ.
Sitata
 
 
#7 Serpaý 2014-03-18 17:55
Köp ýaşap ömür sürmek adama tebigatyň peşgeşi weli, erbet niýetli, dargursak, gyňyr, gaharjaň, jydamsyz adamlar öz ýaşynam, töweregindäki adamlaryň hem ömrüni gysgaldýarlar. Bu öňi bilen erkeklere degişli.
Sitata
 
 
#6 Göwniaçyk. 2014-03-17 15:42
Aýallar erkeklerden köp ýaşamaly diýip tebigat emr edendir öýdemok. Aýal bolsun ýa-da erkek öz bedenini har etse ömrüň uzalmajagy belli.
Sitata
 
 
#5 Ýaşuly 2014-02-21 13:36
Siziň saýtyňyzy okanymda nemes akyldar ýazyjysy Getanyň bir ýazanyny şol bada ýatladym. Ol ýazýar:" Ýaşlyk ýetmezçilik, ýöne adamyň başyndan çalt geçip gidýär".
Erkek bolsun ýa-da aýal, aýratyn hem erkekler ýaşlykda köp akylsyzlyk bilen öz ömrüni gyzgaldýarlar. Soň düşünseň hem , ýöne indi haýp...Giç...
Sitata
 
 
#4 Optimist. 2014-02-21 03:00
Köpräk şatlyk bilen ýaşamak, gowy adamlar bilen gatnaşykda bolmak, mähirli aýal bilen ömür sürmek, çagalaryň bilen ysnyşykly bolmak - ömrüňi gysgaldar öýdemok.
Sitata
 
 
#3 Ynam 2014-01-27 01:49
Gowy maslahatlar. Sag boluň.
Sitata
 
 
#2 Okyjy 2013-02-15 03:03
Aýmyrat! Bagyşlaň! Siz makalany doly okadyňyzmy? Siziň ýazan teswiriňiz makalany okaman, adyny okap, çagalar bagyna gatnaýan uly ýaşly çaganyň çykaran netijesine meňzeýär.
Näme erkek adamlar çagamy? Olar saglygyňy gorap, aýap saklamalydygyna düşünenoklarmy?
Sagdyn bolmak, uzak ýaşamak üçin ýokarda görkezilen sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmelidigini bilenoklarmy? Haýsy bir adam onda-da erkek adam ýylda bir gezek lukmana baryp, barladyp, barlaglardan geçip, keselleriň öňüni alyş çärelerini geçirýär? Soraglary näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmaly. Seniň pikiriň ýalňyş!
Onsoň hem aýal adam bilen erkek adamyň kesellere garşylyk görkezişinde, bir ýerde okapdym, aýratynlyk hem bar. Erkekleriň aýallara garanyňda ýürek-damar ulgamynyň kesellerine töwekgelçiligi has ýokary. Köplenç ölüme getirýän keseller hem ýürek-damar ulgamynyň keselleri.
Aý, bir gezek ýaşaýarys: iýjek, içjek, çekjek, ýatjak diýmeli däl-de, saglyga zyýanly zatlardan özüňi çäklendirmäni, ýüz öwürmäni başarmaly. Şonuň üçin hem erkekler lukmanlardan gorkmaly däl-de olar bilen aragatnaşykda, doslukly söhbetdeşlikde bolup, olardan saglyga peýdaly maslahatlary almaga çalyşmaly.
Ilki-ä kesellemejek bolup, talap edilýän çäreleri ýerine ýetirmeli, keseli irki döwürde ýüze çykaryp bejermeli. Bir gezek berilýän ýaşaýyşyň dowamlylygyny uzaltjak bolup çalyşmaly. Hemme zat her adamyň özüne, düşünjesine, erkine bagly. Hiç kim erkini özünden öňe geçirmesin.
Sitata
 
 
#1 aymyrat 2013-02-10 10:36
Erkekler lukmanlardan gorkyanlygy sebapli hassahana barmayan hem bolup biler.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele