Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy UJYDYŇ GYŞARMAGY: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI WE BEJERGISI
( 43 Ses Berme )

Erkek adamyň ujydy gönelme (ereksiýa) ýagdaýynda käbir sebäpleriň täsiri bilen görnüşini we ölçeglerini üýtgedip gyşaryp bilýändir. Ujydyň aşak, ýokaryk ýa-da gapdala gyşarmagy erkek adama jyns gatnaşygyny doly amala aşyrmagy kynlaşdyrýar we psihologiki dartgynlylygy ýüze çykarýar.

Ujydyň adaty görnüşini üýtgetme alamaty bilen diňe 3 sany kesel häsiýetlendirilip, olar üçin ujydyň belokly bardasynyň şikeslendirilmegi mahsusdyr.

1 −peşew çykaryş ýolyň  daşky deşigi; 2 −ujydyň kellejigi; 3 −uýanjyk; 4 −kellejigiň aýlawjygy; 5 −ujydyň pürçigi; 6 −prepusial mäzler; 7 −kellejigiň boýny; 8 −ujydyň bedeni; 9 −deri; 10 −ujydyň köki; 11 −öýjükli beden; 12 −gowakly bedenler.

1. Ujydyň dogabitdi gyşarmagy

Agzanyň dogabitdi gyşarmagy hemişe onuň gönelme häsiýetine täsir edip,belokly bardanyň gowşaklygy we şol esasynda hem ujydyň gowakly bedenjikleriniň görnüşiniň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär.

2. Çäkli gatama (fibroz)

Ujydyň belokly bardasynyň ýerli gatamagy seýrek duş gelýän kesel bolup, adatça ujydyň döwülmegi (gönelme wagty belokly bardanyň ýyrtylmagy) ýa-da gowakly bedenjiklere dowamly sanjymlaryň edilmegi netijesinde ýüze çykyp bilýändir.

3. Peýronyň keseli

Bu kesel ilkinji gezek 1743-nji ýylda fransuz şasynyň lukmany Francois de la Peýronie tarapyndan häsiýetlendirildi. Peýroniň keseliniň döremeginiň sebäbi höküminde ujydyň belokly bardasynyň şikeslenmeleri we şol netijesinde ganyň ýygnanmalary bellenilýär. Şikeslenmeler netijesinde belokly bardanyň ýerli immun üýtgemeleri döräp, bu bardanyň çeýeliginiň bozulmagyna we ujydyň görnüşiniň üýtgemegine getirýän gaty ýasmajyklar (blýaşki) emele gelýär.

Peýroniň keseli esasan 40-60 ýaşly erkek adamlarda duş gelýän bolsa hem, käwagtlar ondan ýaş adamlarda hem ýüze çykyp bilýär.

Keseliň alamatlary

Ujydyň gyşarmagy bilen häsiýetlendirilýän keseller üçin aşakdaky alamatlar häsiýetlidir:

Ujydyň gönelme ýagdaýynda gyşarmaklygy;

Jynsy gatnaşykda döreýän agyrylar;

Ujydyň gysgalmagy;

Ujytda gaty görnüşli düwünleriň we ýasmajyklaryň döremegi;

Jynsy gatnaşygy geçirme kynçylygy.

Keseliň anyklanylşy

Anyklaýyş çäreleri gözden geçiriş barlaglardan başlanýar. Lukman ilki bilen jyns agzasynyň uzynlygyny ölçäp, ýörite bioteziometr abzaly bilen jyns agzasynyň duýujylygyny barlaýar. Ultrases barlagynda näsagyň ujydynyň gurluş aýratynlyklary anyklanylýar. Şondan soň, ujydyň gönelmegini döretmek üçin oňa ýörite derman serişdesi göýberilýär we gyşarma burçunyň derejesi kesgitlenýär.

Bejerme usullary

Häzirki wagtda ujydyň gyşarma ýagdaýlarynyň eke-täk bejeriş usuly höküminde hirurgiki bejerginiň dürli görnüşleri ulanylýar.

Peýroniň keseliniň hirurgiki bejergisini geçirmek üçin aşakdaky şertler berjaý edilmelidir:

→ Keseliň dowamlylygy 1 ýyldan az bolmaly däl;

Gaýnaglama hadysalarynyň bejerilmegi ýa-da olaryň gowşama döwrüni gazanma;

Jynsy gatnaşyklary geçirme kynçylyklarynyň döremegi.

Bejeriş usulynyň görnüşi ujydyň görnüşiniň üýtgeme derejesine we şol esasynda gysgalma häsiýetine, gönelme ukybyna baglylykda saýlanylýar.

Gönelme ukybyny kadalaşdyrmak maksady bilen adatça Nesbitiň operasiýasy geçirilýär. Nesbitiň usuly ilki bilen doga gyşarmalarda ulanylan bolsa hem, soňlar Peýroniň keselinde hem ulanylyp, häzirki wagtda hem öz meşhurlylygyny ýitirenok. Usulyň esasyny belokly bardanyň böleginiň aýrylmagy düzüp, ujydyň uzynlygynyň biraz (1-2 sm.) gysgalmagy onuň ýetmezçiligi bolup durýar.

Eger nasag üçin ujydyň ujypsyz gysgalmagy wajyp mesele bolsa, onda korporoplastika ulanylýar. Bu usulyň esasyny ujytdaky gaty ýasmajygyň kesilip aýrylmagy we onuň ýeriniň gan damarlaryna baý bedeniň wena damarlarynyň bir bölegi bilen doldurylmagy düzýändir. Adatça onuň üçin uly derasty wenanyň bölegi ulanylyp, bu belokly bardanyň çalşylan böleginiň gan bilen gowy üpjün edilmegini amala aşyrmaga kömek berýär.

Eger ujydyň görnüşiniň üýtgemegi onuň gönelme ukybynyň ýetmezçiligi bilen utgaşan halatlarynda ortaça gatylykdaky plastiki protezler ulanylýar. Ujydyň gysgalmagy babatda aladalanýan näsaglar üçin gowakly bedenlere protezi oturtma, baglaýjylary kesme we gowakly bedenleri ekstender abzaly bilen çekme ýaly utgaşykly operatiw bejergini geçirýärler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Ýaňyl. 2016-06-21 01:42
Erkekleriň aglaba köpüsi ujydyna erkeklik mertebesiniň nyşany höküminde garaýarlar. Şonuň üçinem uzyn ujyda nähili mertebe alamaty ýaly garaýandyklary aýan weli, kelte ujydy bolan erkekleriň mertebe üçin ony uzaltmak islegi bilen peýdaly operasiýalara razylyk berjekleri örän belli.
Sitata
 
 
#5 Leýla. 2016-03-10 01:28
Erkekler ol näsazlykdan ýa-da durmuşa çykan gyzlar we äri bilen birnäçe ýyllar ýaşap ýören aýallar gabat gelýän kynçylyklary pynhan syr hasaplap aýtmakdan utanýarlar we çekinýärle. Ýogsam bolmasa, ol hem tebigatyň emri bilen adamlaryň başdan geçirýän näsazlyklary ahyryn.
Sitata
 
 
#4 Bekdurdy. 2016-02-28 01:31
Men kiçijik oglankam, garry daýzam meniň gyşaryp duran ujydymy görüp, seniň munyň bakjada biten goşa gawum ýaly hudaýtarapyn berlen gowy alamat diýip ýaňzydardy. Ulalamsoň gowylyk däldigine düşündim weli, ýöne durmuşdan giden daýzamy welin, ýakymly sözleri üçin käwagt ýatlaýaryn.
Sitata
 
 
#3 Pygy. 2016-02-24 01:18
Saýtda berilen maglumatlar örän aýdyň we ýerlikli düşündirilen. Ýöne bizde onda ýazylan operasiýalar boýunça ujydyny göneldip, gysgaldyp, uzaldyp bolar ýaly kömek berjek bejeriş edaralary entek ýok ahyryn.Bar bolsa weli, käbir erkekeler üçin gowy kömegä bolardy.
Sitata
 
 
#2 Myrat 2015-12-24 22:17
Ujydy nahili uzaltamaly?
Sitata
 
 
#1 Merdan 2015-12-17 23:40
lukmandan maslahat
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele