Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy PROTEIN IÇGILERI PEÝDALYMY?
( 49 Ses Berme )

Häzirki wagtda Bodibilding sporty bilen meşgullanýan sport türgenleri kilogramlap proteinli (belokly) içgileri satyn alýarlar we maşk etmezden öň we soň kabul etmäge çalyşýarlar. Elbetde her kim myşsa agramyny artdyryp, gerekmejek ýagdan dynmagy isleýär. Protein içgileriniň we başga-da iýmit goşundylarynyň görnüşleri köp, emma biz olaryň görnüşleri barada däl-de, gerekli bolan mukdary, ulanyşy, peýdalary we bar bolan zyýanly taraplary barada söz açmagy dogry bildik.

Protein içgileri näme?

Protein tozunyň birnäçe görnüşleri bellidir: uýadylan süýtli (whey), soýaly (soy), kazeinli (casein-süýdün düzümindäki belok). "Suwda ereýjiliginiň ýokarydygy sebäpli, uýan süýtden ýasalan protein tozy iň amatly hasaplanýar" diýip, Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän döwlet institutynyň maşklar we sagdyn iýmit fakultetiniň professory Peter Howart belläp geçýär. "Aýratynlykda, uýadylan süýtli protein doly protein diýip hasaplanýar, sebäbi ol öz içinde hemme adama peýdaly bolan dokuz sany aminoturşylyklary saklaýar. Wegan berhizini saýlan adamlar soýa proteinini ulanyp bilerler, emma soýaly protein öz tagamsyzlygy we suwda pes ereýjiligi bilen bellidir".

Protein içgisi barada halkyň içinde ýalňyş düşünjeler bolup, köp adamlar proteinli içgileri steroid gormonlarynyň hataryna degişli edýärler. Emma bu düýbünden beýle däldir. Protein içgileri düzümi boýunça ýokumly bolup, steroidler ýaly endokrin ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirýän däldir.

"Ondan başga-da, proteinli içgiler arassa "myşsalaryň agramyny artdyryjlar" däl, myşsalaryň agramyny artdyryjylarda köp mukdarda karbogidratlar (uglewodlar) bolup, bular içilende göni myşsalara düşýärler. Köp türgenler bu protein içgilerini maşk ýerine ýetirmezden öň we soň içýärler, emma bu düýbünden ýalňyş hereket" diýip berhiz lukmany Barbara Lewin düşündirýär. B. Lewiniň aýtmagyna görä, sport maşklaryndan öň, türgenleşme wagtynda we ondan soň biziň bedenimize karbogidratlar gereklidir. Karbogidratlar beden üçin ýangyç ýaly, ýagny olar myşsalar üçin yangyç bolup durýar we myşsalaryň ösmegi üçin iň möhüm elementdir. Elbetde, proteinli içgiler hem maşklardan soň myşsalar üçin gereklidir, emma bedene gerekli bolan karbogidrat-protein zerurlygynyň gatnaşygy 4:1, käbir halatlarda 5:1 deňdir. Proteinli içgileri bolsa myşsalara aminoturşulyklary hem berýärler, şonluk bilen myşsalaryň ýagdaýyny gowlandyrýarlar. Lewiniň maslahat bermegine görä, maşklary ýerine ýetirýän wagtlaryňyzdan başga, proteini günüň dowamynda islän wagtyňyzda kabul edip bilersiňiz.

Proteiniň güýji

Köp ýyllaryň dowamynda sport bilen meşgullanýan türgen höküminde, men proteinli içgilere bolan gyzyklanmanyň döremegine düşünýän, sebabi protein biziň bedenimizdäki her öýjük üçin gerekli bolan serişde bolup durýar. Saç we dyrnaklarymyz esasan proteinden ybarat. Bedenimiz proteini myşsa süýümlerini gurmak we ösdürmek üçin ulanýar. Bedenimizde protein fermentleri, gormonlary we başga-da beden üçin zerur biologiki maddalary döretmek üçin ulanylýar. Proteinler süňkleriň, deriniň we gan ulgamynyň emele gelmegi üçin hem gereklidir.

Ýag we karbogidratlar bilen protein bir "makronutrientdir", beýle diýmek, biziň bedenimiz üçin uly mukdarda gerekli iýmitlenme serişdesidir. Witamin we minerallar ýaly az mukdarda gerekli bolan elementlere "mikronutrient" diýýärler. Ýag we karbogidratlar bedende saklansa hem, kabul edilen proteini beden uzak wagtlaýyn saklap bilmeýär, ýagny protein üçin bedende "ätiýaçlyk çelegi" ýok.

Şeýlelikde, proteinli garyndylary günde kabul edip durma zerurlygy döreýär. Aslynda türgenlere her gün onuň köp bolmadyk mukdary zerur bolup durýandyr.

Näçe protein gerekli?

Biziň köpümiziň bilşimize görä, myşsalary ösdürmek üçin köp türgenleşip, proteinli içgileri köp kabul etmek zerur bolup durýandyr. Ýöne beloklaryň ýokary mukdarynyň bedene düşmeginiň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagynyň, şonuň bilen bagly keselleriň (podagra) we böwrekleriň işiniň bozulmalarynyň ýüze çykmagyna getirip biljekdigini bilmelidir.

Proteiniň zerur mukdary barada berhiz lukmanlarynyň arasynda jedeller dowam edip, olaryň köpüsiniň pikirine görä, her gün öz agramyňyzyň her kilogramyna 1,54 gram protein almaklyk ýeterlikdir. Ýagny, 80 kilogramm agramly türgen üçin bir günde 123 gramm protein ýeterlik bolup durýandyr.

Ýöne bu mukdardaky proteini aşakdaky önümlerden hem alyp bolýar:

► Towuk döşi – 2 sany – (65 g);

Ýumurtga – 3 sany – (18 g);

Sygyr eti – 120-130gr – (40 g).

Görşümiz ýaly, hökman proteinli içgileri içmek hökman däl, bedene gerekli bolan mukdary başga önümlerden hem alyp bolýar. Üstesine hem, bular öz tebigatymyzyň berýän önümleri bolup, bazarlarymyzda elýeter bahaly önümler bolup durýandyr.

Elbetde, protein içgilerini taýýarlamak we içmek, proteiniň hasabyny ýöretmek üçin amatly bolup durýar, emma başga önümleri iýip, hasabyny ýöretmek hem bir kyn mesele däldir.

Haçan öz berhiziňizde proteiniň köp mukdaryny ulanyp bilersiňiz?

Sport türgenleri öz berhizlerinde proteiniň ýokary mukdaryny aşakdaky ýagdaýlarda ulanyp bilerler:

→ Yetginjeklik ýyllarynda – ýetginjek sport maşklaryndan soň myşsalary ulaltmak üçin ulanyp biler, sebäbi ýetginjeklik ýyllarda beden belogyň ýokary mukdaryna mätäç bolýar.

Sport bilen meşgullanmaga başlan bolsaňyz – eger-de sport maşklary bilen meşgullanmaga täze başlan bolsaňyz hem-de myşsalary ösdürmek isleýan bolsaňyz, başda kadadan biraz ýokary protein ulanyp bilersiňiz.

Sport bilen türgenleşmeleriňizi artdyraňyzda – eger-de adaty ýagdaýda hepde-de 3 gezek ýarym sagatdan sport bilen meşgullanyp, häzir bolsa ýarym marafona taýýarlyk görüp başlaýan bolsaňyz, adatdakysyndan ýokary proteiniň mukdaryny ulanyp bilersiňiz.

Haçanda şikeslenme geçiren bolsaňyz – myşsalary çalt taplandyrmak üçin proteiniň köpeldilen mukdaryny berhiziňizde ulanyp bilersiňiz.

Proteinli matematika

Aşakdaky örän aňsat usulyň kömegi bilen öz berhiziňizde proteiniň ýeterlik mukdaryny ulanyp-ulanmaýandygyňyz barada netije çykaryp bilersiňiz.

Dynç alýan sport türgenleri: bir günde her beden kilogramyna 1,1-1,6 gramm protein.

Ýaryşlara taýýarlyk görýän we ýaryşlara gatnaşýan sport türgenleri: bir günde bedeniň her kilogramyna 1,3-1,9 gramm protein.

Ýetginjek ýaşly sport türgenleri: bir günde bedeniň her kilogramyna 1,7-1,9 gramm protein.

Beden agramyny almaga ymtylýan türgenler: bir günde bedeniň her kilogramyna 1,5-1,9 gramm protein.

Beden myşsalaryny ösdürmek üçin kadaly we erjel türgenleşmeleriň zerurlygyny belläp hem-de tebigatyň berýan proteine baý bolan önümlerini iýip, beden üçin sagdyn we peýdaly protein çeşmesini ulanmaklygy maslahat berýärin.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 BatMan 2016-11-06 14:16
Trenažora täze gatnap başlanlara gönüden-göni supplement ulanyp başlamak ýalňyş bolmazmy? 1-2 aýlyk bedeniň kadalaşyga gelmegine garaşmaly dälmi?
Sitata
 
 
#9 Öde. 2016-01-06 00:50
Protein içgileriniň tebigy zatlardan taýýarlanýandygy örän gowy, ýöne olary her bir beden üçin näçe mukdarda ulanmalydygyny bilmek has hem ygtybarly.
Sitata
 
 
#8 Krasawchik 2015-12-04 16:42
Saglyga peydalydyr
Sitata
 
 
#7 Krasawchik 2015-12-04 11:20
Egerde siz oz myssanyzy osdurmek yada massanyzy artdyrmak isleseniz size in gowy komek proteindir.
Sitata
 
 
#6 bega 2015-11-11 17:11
Boyuny Nadp osdrp bolya,1,64 boyum bar.yone men yene osesim gelya name etsem bolar
Sitata
 
 
#5 Garahan. 2015-09-10 00:43
Protein içgilerini taýýarlap içip ulanyp bilseň oňa ýetesi zat ýok, ýöne ol beloklar biziň gündelik iýýän iýmitlerimizde ýeterlik bar. Ony diňe sport türgenlerine dälde, eýsem bolmasa başga akyl zähmeti däl, gündelik artykmaç güýç sarp edýän işler bilen meşgul bolýan adamlara hem örän zerur.
Sitata
 
 
#4 Okyjy. 2015-09-04 00:50
Meniň pikirimçe hemme zadam gereginden artyk bolsa bedene zyýanly diýip hasaplaýaryn. Nämä gerek emeli protein içgilerini içip ýa-da iýmit goşundylary kabul edip, myşsalary ösdürmek. Ýokarda ady agzalan keseli, böwrekleriň işiniň bozulmasyny gazanyňdan soň myşsaň ösende näme! Keseller bilen göreşip geçmeli bolarsyň. Tebigy iýmitleri iýip, bedeni türgenleşdirip myşsalar ösdürilse görnügi, bahasy başga.Eýesi üçinem saglyk.
Sitata
 
 
#3 Guwanch 2015-09-02 12:58
saglygy soyyan
Sitata
 
 
#2 Yslam Weliyew 2015-09-01 14:25
Yok, jynsy gormonlara zyyany yok, emma beloklaryň ýokary mukdarynyň bedene düşmeginiň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagynyň, şonuň bilen bagly keselleriň (podagra) we böwrekleriň işiniň bozulmalarynyň ýüze çykmagyna getirip biljekdigini bilmelidir.
Sitata
 
 
#1 Haker 2015-08-27 16:09
Dıymek proteinin jyns gormonları üçinde zıyanı yokda...
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele