Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Erkek saglygy ATA BOLMAK ÝEŇILMI?
( 19 Ses Berme )

Dünýädäki erkek adamlaryň 80%-ne öz dürmuşlarynda ata bomak miýesser eder diýlip täze hasabatda nygtalýar. Erkek oglanlaryň aglaba bölegi çaga idegi barada habardar bolup, olaryň bu barada öz düşünjeleri bolýarlar. Gynansakda çaga terbiýesinde, çaga ideg etmekde atalaryň tutýan möhüm orny entek jemgýýetiň doly üns merkezinde bolmadyk meseledir.

Şu ýylyň 15-nji iýunynda "Dünýadäki atalaryň ýagdaýlary" atly hasabat birinji gezek taýýarlanyp köpçülige hödürlendi. Hasabat atalaryň çagalarynyň durmuşyndaky tutýan möhüm ornuna bagyşlanýar. Atalaryň çagalarynyň durmuşyna ýetirýän täsiri “ýitmez we ömürlük” diýlip häsiýetlendirilýär. Hasabatda atalaryň çaga idetmekde, terbiýelemekde, göreldeli ata bolmakda, eneleriň we çagalaryň saglygyna ýetirýän täsirleri we maşgaladaky zorlugyň öňüni almaga degişli çäreler, sanlar, maglumatlar, barlaglar, meýilnamalar, dürli döwletleriň bu babatda alyp barýan syýasatlary beýan edilýär.

Hasabatda getirilýän faktlar:

Atalar maşgala durmuşyna bagt we saglyk getirýärler.

► Atalar çagalarynyň ösmegine, idegine, terbiýesine we kämilleşmegine işjeň gatnaşanlarynda olaryň çagalary we aýallary sagdyn bolýarlar. Aýallary saglyk hyzmatlaryndan wagtly-wagtynda peýdalanýp, göwrelilik döwrüni ýeňil geçirýärler. Atalaryň işeňňir gatnaşmagy, dogrumdan soňky döwürde aýallarynda ýüze çykyp biljek ruhy çökgünlige uçramagynyň töwekgelçiligini peseldýär.

Çaga dogandan soň atalaryň işden rugsat alyp, bäbege seretmegi, ideg üçin gijelerine turmagy uly kömek bolup durýar. Bäbeklik döwründe ideg berip başlan atalar, çaga ulalanda-da aýallaryna kömek bermegi dowam edýärler.

Atalaryň kömegi, goldawy bilen bagtly we sagdyn çagalaryň ulalyp ösmeginde arabaglanşyk bar. Çagalar mekdebi taşlaman okuwy tamamlaýarlar. Atalaryň gatnaşmagy çagalarda depressiýa, ruhy çökgünlik, gorky, öz güýçlerine ynamsyzlyk ýaly duýgulary azaldýar.

Atalary öý hojalyk işlerine gatnaşan maşgalalarda olaryň ogullary hem deň derejede gatnaşyp, geljekde hem öz maşgalalarynda kömek bermegi dowam edýärler.

Aýal maşgalanyň öý hojalygynda, çaga ideginde edýän tölegsiz işleriniň gizlin bahasy.

→ Hiç bir ýurtda erkek-oglanlar öý hojalygynyň işine, çagalara seretmäge, terbiýelemäge aýal-gyzlar bilen deň derejede gatnaşanoklar.

Eger aýallar erkekler bilen deň derejede tölegli zähmet çekýän bolsadylar, onda ABŞ-nyň jemi içerki önümi (JIÖ) 5%, Ýaponiýnyň JIÖ 9%, Birleşen Arap Emirlikleriniň JIÖ 12% we Müsüriň JIÖ 34% artardy.

83 ýurdy içine alýan barlaglara görä, erkeklere garaňda aýal maşgalalar 10%-30% az gazanýarlar.

Dünýäde işçi güýjüniň 40%-i, iýmit öndürijileriň 50%-i aýallardan ybarat.

Maşgaladaky zorluk: atadan ogluna miras galýan garaýyşlar, endikler.

⇒ Ulular tarapyndan zorluga sezewar bolan çagalaryň ýa-da zulumçylyga şaýat bolan çagalaryň özleriniň hem zorluga sebäp bolmak töwekgelçiligi ýokary bolup durýar.

Çagalykda zulumçylygy, zorlugy başdan geçiren erkek oglanlarda, aýallaryna garşy fiziki we psihiki zorluk etmek töwekgelligi 2,5 esse artýar.

Dünýäde her üç aýalyň biri ýoldaşy tarapyndan zulumçylyga sezewar edilýär.

Garyp we ösüp barýan ýurlarda her dört çaganyň üçüsi, 2-14 ýaş aralygynda ene-atalary tarapyndan terbiýe bermek işinde zorluk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Hasabat birnäçe halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynda we gatnaşmagynda taýarlandy – the MenCare Campaign, Promundo, Sonke Gender Justice, Save the Children, Rutgers WPF, the MenEngage Alliance.

WEB salgy / Hasabat

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Myratly. 2016-03-18 02:46
Ata terbiýesi maşgalada hemmelere gerek bolsada, aýratyn hem ulalyp barýan oglan üçin örän derwaýys. Sebäbi ol ýaşlykdan ata endiklerine üns berýär we onuň endiklerini gaýtalamagy gowy görýär.
Sitata
 
 
#6 Merjen 2015-11-19 22:32
Öýlenen ýigide entek çagasy bolmanka maşgala we ondaky borçlary hakynda ýörite düşündirişler geçirilse talaba laýyk bolardy.
Sitata
 
 
#5 Gully. 2015-09-29 10:07
Ata-enesi degerli bolmadyk çagalara halk arasynda "atasyz ýesir, enesiz ýetim" diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Ikisiniň hem gönüden-göni öz ýeri bar.
Sitata
 
 
#4 Söhbet. 2015-09-27 10:27
Bizde käbir erkekler gazanç etmek bilen ony terbiýäniň bir bölegi hasaplaýarlar we şunlukda öz tutmaly orunlaryna az üns berýärler. Netijede çaganyň terbiýesinde böwşeňlik goýberilýär we soň ony doldurmak kynçylygy döreýär.
Sitata
 
 
#3 Pirli. 2015-08-25 01:33
Gyzyň geljekde ene bolmagy, oglanyň bolsa ata bolmagy üçin uly zähmet siňdirilmegi zerur bolup durýar. Atanyň maşgalanyň özeni bolup durýandygy sebäpli berk we pugta maşgala bolmak üçin onuň tagallasy örän derwaýys we ýerliklidir. "Bize oňat atalary beriň, biz hem oňat ogullar bolarys" diýip ýöne ýere aýdylmaýar.
Sitata
 
 
#2 Ataly. 2015-08-01 00:41
"Agasy barlykda inisi ýaş, atasy barlykda ogly ýaş" diýilişi ýaly ata goldawy bilen ulalan, terbiýelenen çaga ruhy we saglyk ýagdaýy kadaly bolýandygy mese-mälimdir. Atasyz ösen çaga durmuşda köp näsazlyklara duş gelýär.
Sitata
 
 
#1 Gülbibi. 2015-07-27 23:07
Hormatly Lukman! Makalaňyzy okap dünýä guramalary tarapyndan berlen öň bilmeýän we okamadyk maglumatlaryny uly gyzyklanma bilen okadym. Howada, kadaly ata söýgüsi bilen ýaşaýan maşgalada hakyky ata bolmagy örän möhüm we derwaýys bolsada ony käbirlerine miýesser etmedik ýaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele