Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Agyz boşlugynyň saglygy HÄZIRKI ZAMAN DIŞ LUKMANÇYLYGYNDA TAÝÝARLANYLÝAN DIŞ PROTEZLERINIŇ GÖRNÜŞLERI
( 35 Ses Berme )

Geçen asyrda stomotologiýanyň ortopediýa ugrunda dişleri üýtgedip salmakda köp üýtgeşiklikler bolup geçdi. Tehnologiýanyň ösmegi we täze materiallaryň döredilmegi bilen, dişleriň öz fiziologiki işini berjaý etmäge we tebigy görnüşlerini saklamaga mümkinçilik berýän birnäçe ylmy öňe gidişlikler amala aşyryldy. Mundan başga hem, diş protezleriniň äňiň kadaly işleýşini üpjün edip, ulanylan wagtynda oňaýsyz ýagdaýlaryň bolmazlygy üçin köp zatlar göz öňünde tutuldy we olaryň üstünde işlenilip gelinýär. Dişleriň protezirlenmegi agyz boşlugynda sagaldyş işlerini geçirmek bilen alynyp barylýar: protez ýasamak üçin ýaramlylygy bolmadyk zaýa, bozulan dişler sogrulýar, kariýes bilen şikeslenen dişler bejerilip, ýörite petikleýji serişdeler (plomba göýma) bilen petiklenýär.

Esasy ýetilmeli netijeleriň biri hem, protez ulanylanda oňa söýget berýän dişleriň özüne düşýän agramyny saklap bilmeklerini gazanmakdyr.

Ýygy ulanylýan protezleriň görnüşleri

Häzirki wagta, agyz boşlugynyň ýagdaýyna baglylykda protezleriň şu aşakdaky görnüşleri maslahat berilýär we ýasalýar:

► çykarylýan, ýagny äňde hemme dişleriň bolmadyk ýagdaýynda ýasalýan protezler;

bölekleýin çykarylýan protezler, olar agyz boşlugynda bir ýa-da birnäçe dişler galan ýagdaýynda taýýarlanýar;

çykarylýan býugel protezleri;

metal gaplamalar;

metalsyz plastmassa;

keramika;

metallokeramika;

gaplama salnan dişler.

Haçanda näsag köp dişlerini ýitirip, protezleriň başga görnüşini ulanmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda doly çykarylýan (rus. – sýemnyý) protezler ýasalýar. Agyz boşlugynda birnäçe dişler bolan ýagdaýynda bölekleýin protezler taýýarlanýar. Başga-da býugel (egilen ýaý ýa-da aý ýaly) protezi, çykarylýan kiçi (mikroprotez) we şertli protezler ulanmaga ýasalýar. Olaryň hemmesi plastmassa esasynda bolup, proteziň oturjak ýeriniň görnüşini gaýtalaýarlar. Her protez ýasalanda görnüşi boýunça kosmetiki talaplara deň gelip, näsagyň islegi hem göz öňünde tutulýandyr. Ol protezler ýasaýjy serişdeleriň hili boýunça birnäçe görnüşlerde bolup bilýändir.

Çykarylýan protezleriň her nahardan soň çykaryp hem-de ýuwup, hususy gigiýena çäreleriniň berjaý edilmegini talap etmegi – bu protezleriň ýetmezçilikli tarapy bolup durýandyr. Orta ýaşdaky adamlaryň birnäçe aýry-aýry dişleri ýiten ýagdaýynda çykarylmaýan protezler ýasalýar. Ol protezler dişleriň görküne owadanlyk bermek bilen iýmit çeýneme işini kadaly amala aşyrýarlar.

Häzirki zaman tehnlogiýanyň ösmegi çykarylmaýan protezleriň her hili görnüşlerini ýasamaga giň ýol açyp, olaryň fiziologiki işini kämilleşdirmäge goltgy berýär.

Häzirki wagtda ýeke gaplama, emeli dişler we köprigörnüşdäki protezler aýry-aýry ýasaýjy serişdelerden ýasalyp, metal (polat, gyzyl), serişdeleriň utgaşdyrylmagy (meselem, metal, plastmassa gaplama we dişleriň ýüz tarapyny örtmek (oblisowka) üçin plastmassa), keramika we metallokeramika ulanylýar. Protezlar dişe gaplamalaryň ýa-da implantat bilen berkidilýär. Çykarylmaýan protezlere ýene-de kiçi protezler (mikroprotez) degişli edilip, olar dişleriň şikeslenmesiniň derejesi boýunça petikler goýlup bolunmaýan ýagdaýynda dişe goýumjyklar (wkladki) we winirler (keramik goýumlar) bilen berkidilýär.

Protezleriň iň täze görnüşleri

Häzirki döwürde näsagyň dişleriniň tebigy görnüşine gabat gelýän we uzak möhletli hyzmat etmegi üpjün etjek täze serişdeleriň gözlegine köp üns berilýär.

1965-nji ýylda doktor Branemarkyň birinji gezek operasiýa geçirmegi bilen emeli dişleriň implantasiýasy (täze ýere oturtma) amala aşyryldy we özüniň gowy netijelerini berdi. 1983-nji ýylda stomotolog Mattsom Anderseniň stomatologiýada implantasiýa etmegiň täze ugruny öňe sürmegi bilen, her näsag üçin hususy implantantyň ýasalmagyna ýol açyldy. Soňra ol ugur Nowel Rçoseranyň usuly ady bilen, dişleriň görnüşine gabat gelýän ýokary hilli protezleri ýasamaga mümkinçilik döretdi.

2002-nji ýylda näsaglara implantaty we gaplamalary dişler sogrulandan soň, şol günüň özünde oturtmak amala aşyrylyp ugraldy.

Oturdylýan emeli titan kökleri aşaky we ýokarky eňekde doly çykarylýan protezler üçin hem daýanç bolup durýarlar.

Häzirki wagtda implantirleme tehnologiýasynyň kämilleşmegi bilen, titanyň süňk dokumalary bilen çalt sepleşip, implantirlenýän dişiň çalt dikeldilýändigi sebäpli, adamyň öz dişleri ýaly çeýnemegi gazanylýar. Implantasiýa degna ulgamyny, ýumşak we gaty dokumalary şikeslendirmezden amala aşyrylýar. Şikeslendirme dörän ýagdaýynda hem lazeriň kömegi bilen degna ulgamynyň, ownuk gan damarjyklarynyň çatylmagy bilen birlikde, agyry hem-de çişginlilik döreme ýagdaýynyň öňi alynýar. Protezler ýasalanda, her näsagyň äňiniň anatomiki aýratynlyklary göz öňüne tutulyp, onuň öz tebigy dişleriniň görküni saklamaga ymtylynýar. Häzirki wagtda ulanylýan protezlere allergiýa täsirliliginiň döremeýändigini we tagam, temperatura duýujylygynyň bozulmaýandygyny hem aýratyn bellemelidir.

Size proteziň haýsy görnüşiniň gerekdigini tejribeli, stomatolog-ortoped lukmany kesgitläp biler. Ýöne her diş protezi taýynlanylanda, adam bedeniniň mümkinçiliklerini göz öňüne tutup hem-de öz saglyk we maddy ýagdaýyňyza görä seljerip, lukmanyň maslahaty bilen belli bir netijä gelmelidir. Oňat ýasalan protez Size oňaýly çeýnemegi üpjün edip hem-de ýakymly, ynjalykly we saglygyňyz üçin howpsyz bolup, uzak wagt hyzmat etmelidir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 Gartaşan aýal. 2014-07-09 00:44
Tejribeli lukmana ýüz tutmaly. Ol hemmesini düşündirip, saňa gelişýän protezi ýasap, tabşyrýar. Özüm-ä indi 10 ýyl bäri protez bilen iýýärin. Iýmitden soň ýuwup, gije-gündiz agzymda. Onsoň hem ýüzüň gelşigi. Şonsuz durmuşymy göz öňüne getirip hem bilemok.
Sitata
 
 
#10 Welnazar. 2014-07-02 02:17
Hormatly 8-nji tesbiri ýazan ýaş ýigit! Gorkara zat ýok. Häzirki wagtda lukmanlar hemme işlerini agyryny aradan aýyrýan serişdeler bilen geçirmegi başarýarlar.
Sitata
 
 
#9 Sapar. 2014-06-27 01:02
Häzirki wagtda adamlar dişleriň öz tebigy görnäşini döredýän protezleri (aýratyn hem aýal-gyzlar) gowy kabul edýärler. Munuň üçin biziü döwrümizde diş protezleriniň täze materiallar bilen ýasalýan görnüşleri taýýarlanylýar.
Sitata
 
 
#8 Ýaş ýigit. 2014-06-16 14:37
Özüm ýaş hem bolsam dişlerimiň ýarysy ýok. Gorkudan ýaňa baryp bilmän, ýüz görnüşimdenem utanyp, kän gülüp hem bilemok.
Sitata
 
 
#7 teswirçi 2014-06-05 02:17
protezlar barada maglumat edindik-de, yöne Türkmenistanyn haysy klinikalarynda nahili mümkinçilikler bar, geljekde nameler göz önüne tutulyar, Tm-da we beyleki yurtlarda nyrhlary nahili, şular bolmasa temalar duzsyz gelyar.
Sitata
 
 
#6 Gartaşan. 2014-06-02 13:03
Köp adamlar diş protezlerine zerurlyk dörese hem bialaçlykdanmy ýa-da kentlewigi bilen iýmiti owmaçlap iýip, özlerini kyn ýagdaýa salýarlar. Emma kadaly ýasalan protezleriň hüzürine düşünip ýitirilen wagta ökünýärler.
Sitata
 
 
#5 Diş lukmany. 2014-05-25 01:47
Dişleriň belli bir böleginiň ýitirilmegi diş protezlerine bolan zerurlygy ýüze çykarýar. Dişler bolmasa iýmit çeýnemek ýagdaýy üzül-kesil bozulýar. Adam alaçsyz galýar, ol gözgyny ýagdaýda iýmiti diri ýuwutmaly bolýar. Ol bolsa iýmit siňdiriş agzalarynyň içini kynlaşdyrýar.
Sitata
 
 
#4 Dişsiz. 2014-05-21 18:45
Kim emeli diş protezleri oýlap tapan bolsa, protez dakynýan adamlaryň adyndan uly minnetdarlyk bildirýärin. Ol adamlaryň tagallasy bilen, hezil edip hemme näz nygmatlary problemasyz iýip, durmuşyň bir lezzetimni görüp ýaşaýarlar. Öňki döwri göz öňüne getirip görseň, adamlar nähili ýaşadylarka?! Köseniçlik...
Sitata
 
 
#3 Aýgül. 2014-05-21 02:16
Implantasiýa bizde amaly lukmançylykda oňat ýola goýulmadyk. Entek tejribeli lukmanlar gerek. Onsoňam ol usul örän gymmat. Wagt bilen gowulaşmagy mümkin.
Sitata
 
 
#2 Gartaşan. 2014-05-21 01:03
Ýaşkaň hemme zat ömürlikdir diýip pikir edilýär. Beden agzalaryň kadaly işleýşi "amanat". Şol sanda adamyň ömri orta ýaşa ýetende dişler hem sandan çykýar. Şonuň üçin dişler zaýalanmaz ýaly, ony saklamagyň aladasyny ýaşlykdan etmeli. Soň giç bolýar. Soňky ömrüň emeli dişlere bagly bolýar.
Sitata
 
 
#1 atsyz 2014-05-20 22:33
Sagja bol lukman! Peýdaly maslahat turkmen dilinde.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele