Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Agyz boşlugynyň saglygy "HATAR-HATAR AKJA DIŞLER..."
( 23 Ses Berme )

Telewizoryň ekranyndan size gülüp bakýan, şadyýan we bagtyýar kinoýyldyzlaryň gözüňi gamaşdyryjy akja dişlerini görenimizde, bizde hem şeýle dişlere eýe bolma arzuwy döreýär. Häzir sagdyn, arassa we akja dişler ýokary medeniýetliligiň, başarjaňlygyň, sagdynlygyň hem-de üstünliklere eýe bolan adamyny sypatlandyrýan alamat höküminde kabul edilýändir. Şeýle dişlere eýe bolmak üçin adamlar köp usullary ulanýarlar. Stomatolog lukmanlary hem bu meselede belli bir netijäni gazanmak üçin, häzirki zaman täze usullaryň ençemesini hödürleýärler. Eýsem, ol usullaryň haýsysy has peýdalyka?

DIŞLERI AGARDYJY PASTALAR

Mahabatlandyrmalara ynansaň, bu serişdeler owadan ýylgyrşa eýe bolmagyň aňsat we elýeter usuly ýaly görkezilýär. Ýöne "agardyjy (otbeliwaýuşaýa) pasta" ýazgyly birinji duşan pastaňyzy almaga gyssanmaň. Olaryň köpüsi öz düzüminde dişde emele gelen iýmit örtügini aýryjy, "iýiji" maddalar bolan heki we sodany saklap, olaryň kadaly ulanylmagy bolsa dişleriň ýokary düýüjylygyna getirip bilýändir. Bu maksat üçin ýörite himiki goşundyly pastalar hem ulanylyp, olar diňe dişlerdäki iýmit örtüginiň belokly düzümini dargadyp, diş syrçasyna zyýan ýetirýän däldirler. Muňa garamazdan, şeýle pastalary bir aýdan köp ulanmak maslahat berilmeýär. Olary adaty pastalar bilen gezekleşdirmelidir.

ÖÝ ŞERTLERINDE ULANYLÝAN USULLAR

Agaç şepbigi

Agaç şepbiginiň düzümine kaliý gidroksidiniň birleşmeleri girýändir. Şol hem saralan dişleri agartmaga kömek edip biler. Şepbigiiň özüni ulanma ýa-da diş pastasy bilen garyşdyrma maslahat berilýändir, ýöne diş syrçasynyň ýukalmagy, dişleriň duýujylygynyň ýokarlanmagy we diş etiniň ganamagy ýaly ýaramaz täsirleriň ýüze çykyp biljekdigini göz öňüne tutup, bu usuly ýygy ulanmadan gaça durmalydyr.

Almalary iýiň-olar dişleri gowy arassalaýarlar

Almany, ýer tudanasyny (klubnika) dişlere sürtme, olaryň şiresi bilen agzyňyzy çaýkama, olary sürtgüçden geçirip, diş çotgasynyň kömegi bilen dişlere çalma peýdaly netijeleri berip bilýändir. Limon bölejiklerini hem dişlere kadaly çalma, dişleriň sarylygyndan dynmaga kömek edip biler. Bu iýmişlerde saklanýan ösümlik turşulyklary dişleriň biraz agarmasyna getirip bilse-de, elbetde, olaryň kömegi bilen gözüňi gamaşdyryjy aklygy gazanyp bolmaz. Şeýle-de, iýmit-siňdiriş ulgamyň keselleri bar adamlar, limony köp ulanmadan saklanmalydyrlar.

Iýmit sodasy we wodorodyň öteturşy ergini

Öý şertlerinde köp ulanylýan usullar bolsa-da, bu himiki birleşmeleriň diş syrçasyna we etine ýaramaz täsir edýändigini ýatda saklamalydyr. Şol sebäpli hem, agzyňyzy sodanyň ergini bilen hepdede bir gezekden artyk çaýkamaly däldir. Edil şonuň ýaly-da, wodorodyň öteturşy ergininiň iýmit-siňdiriş ýollaryna düşmeginiň öňüni almalydyr. Onuň üçin, bu erginde öllenen pagta bölejikleri bilen dişleri süpürmelidir.

Islenilen netijelere basym ýetmek üçin, agzalan usullaryň dürli görnüşlerini utgaşdyryp, dişleri pasta bilen hem ýuwmagy unutmaly däldir. Işjeňleşdirilen kömür, kül, gum bilen dişleri agartmakdan gaça duruň. Olar dişleriň arasynda galyp, diş syrçasyny dargydyp bilerler.

Agzalyp geçilen usullar dogrudanda, diş syrçasynyň reňkiniň ol diýen üýtgemedik ýagdaýlarynda ulanylyp, tetrasiklin antibiotiginiň ulanylmasy ýa-da flýuoroz keseli netijesinde dörän tegmillerden, siz diňe stomatolog lukmanyň otagynda dynyp bilersiňiz.

LUKMANÇYLYK USULLARY

Kapa geýdirmek

Kapa – ýumşak plastikden ýasalan diş gaplamasy bolup, olar stomatolog lukmanyň alan ölçegleri netijesinde taýynlanýandyr. Dermanhanalarda olaryň taýyn görnüşleri hem satylýandyr. Ýöne gaplamanyň dişlere mäkäm geýdirilmegi üçin, dişleriňiziň ölçegi boýunça taýynlananlary has amatly bolup durýandyr. Olar wodorodyň ýa-da karbamidiň peroksid erginini saklaýan gel bilen doldurylyp, dişlere geýdirilýändir. Olary, dişleriň düýüjylyk derejesine görä bir ýa-da birnäçe sagat, ýa-da bütün gije geýip saklama bolýandyr. Usulyň netijesi ýarym aýdan belli bolup, çilimkeş adamlarda bu möhlet has hem uzalýandyr.

Usulyň kemçilikleri höküminde, diş syrçasynyň dargamagy, diş etiniň alawlama alamatlaryny aýdyp geçip bolýandyr. Dürli ýaramaz täsirliligi aradan aýyrmak üçin, perekisiň 3%-den ýokary bolmadyk erginini saklaýan geli ulanma maslahat berilýändir.

Ýelmenýän zolajyklar

Agardyjy serişdeleri saklaýan ýörite zolajyklar dişlere ýelmenilýändir. Öňki usula garanyňda has amatly bolsa-da, dişleriň arasynyň, dişlere garanyňda ýeterlik agardylmazlygy, bu usulyň esasy ýetmezçiligi bolup durýandyr.

Gel çalmak

Gel çotga bilen dişlere çalnyp, tüýkülik bilen eredilýänçä dişlerde galdyrylýandyr. Islenilýän netijeleri almak üçin, iki hepdeden az bolmadyk wagt gerek bolýar.

Ultrases ulanma

Agardyjy gelleri ultrasesiň kömegi bilen dişlere çalmak, has netijeli usul bolup, dişleriň aklygy uzak saklanýandyr.

Dişleri agartma isleginiň güýçlüdigine garamazdan, stomatolog lukmanlary kariýesden, paradontozdan, paradontitden ejir çekýän adamlara bu çäreleri geçirmegi gadagan edýärler. Agartma çärelerinden öň, dişleri bejerme zerurdyr. Alyn dişlerinde gaplamasy bolan adamlara, göwreli aýallara hem-de 16 ýaşa ýetmedik çagalara dişleri agartmadan saklanmalydyr.

Ýogsa-da, ak dişleri saglygyň nyşany höküminde kabul etmek ýalňyşlykdyr. Dişlerde kalsiý mineralynyň ýeterlik mukdarda saklanmagy, diňe bir oňa berklik bermän, eýsem oňa sarymtyl öwüşgin hem berýändir. Dişleriňiziň öz reňkiniň üýtgemezligi üçin bolsa, reňkleýji içgileri (çaý, kofe, limonad, miwe şireleri) içmek üçin ýörite niýetlenen plastmass inçe tupbajyklardan peýdalanyň. Ondan soň bolsa, mümkinçilik bolan halatlary dişleriňizi arassalamagy ýa-da suw bilen çaýkamagy unutmaň.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Oglan. 2015-09-23 01:34
Hormatly Lukman! Men 18 ýaşymda, dişlerim garalyp, käsi owrnyp dökülip barýar. Ýogsam dogry iýmitlenýänem, dişlerime seredýänem. Näme etsemkäm?
Sitata
 
 
#3 Gülaýym 2014-01-27 01:18
Suratdaky gelniň dişeri proteze meňzeýär ýa-da eýesiniň gan azlylyk keseli bar.
Sitata
 
 
#2 Ýazgül 2014-01-15 22:31
Maslahatyňyza köp sag boluň!
Sitata
 
 
#1 barlagçy 2013-12-18 05:42
Kabir kişinin dişleri şeyle de ak ummasyz alada etmeyandigine garamazdan. Kabirlerininki bolsa sarymtyk. Eysem name sebapden daş yygnayarka, saralyarka ? Bize bagly bolmayan taraplary barmy ?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele