Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Agyz boşlugynyň saglygy DIŞLERI NÄHILI GORAMALY
( 12 Ses Berme )

Dişler barada alada etmegi we olary arassalap durmagy ýaşlykdan başlamaly. Dogrusy, dünýä inilenden soň ilkinji günleri başlamaly. Munuň üçin bäbegi her gezek emdireniňizden soň, çygly esgini alyp (esgi hökman örän arassa bolmalydyr), bäbegiň kentlewüklerini süpürmeli. Bu çäre bäbegiň öz ilkinji günlerinden başlap, agyz boşlugynyň arassalygyny duýmagy üçin geçirilýär. Soňra bu çagany diş arassalamaga öwrenişdirmek aňsat bolar. Çaganyň ilkinji dişleriniň peýda bolandan soň,  pamyk bölejigi bilen olardaky örtügi süpürip aýyrmalydyr.

Diş – janly organizm bolup, çüýremä, owranma sezewar bolýandyr. Biziň döwrümize mahsus bolan işewürlik zerarly dişleri sagdyn saklamak aňsat däldir. Biziň gadymy ata-babalarymyz iýmiti çigligine we gatylygyna iýipdirler. Şol döwürde olaryň dişleri biziňkiden has sagdyn bolupdyr. Häzirki döwürde bolsa dişler adamyň organizminiň iň gowşak we ejiz bölegi diýip hasaplanylýar. Biziň süýt dişlerimizden soň çykan dişlerimiziň indi ömürlikdigi elbetde düşnüklidir. Şonuň üçin-de, ene-atalar çagalary heniz mekdep ýaşyna ýetmänkäler, olara dişlerini arassalamagy öwretmelidir. Çaga dişlerini arassalamagy öwretmek üçin, ulular dişlerini olar bilen bile arassalamalydyrlar.

Dişler üçin iň esasy zat – olaryň çüýremesiniň we owranmasynyň öňüni almak. Olary günde iki wagtyna arassalap durmaly. Her gezek kabul edilen iýmitden soň dişlerde galýan örtügi hem aýryp durmalydyr. Sebäbi dişleriň arasynda galan iýmit galyndylary dişleri weýran edip bilýärler. Elbetde, dişler her nahardan soň arassalanylsa, ajaýyp bolardy. Emma köp adamlaryň şeýle mümkinçiligi ýokdur. Şonuň üçin-de, hiç bolmanda 10 minutlap sakgyç çeýnemek maslahat berilýär. Her gezek nahar iýlenden soň agyz boşlugyny suw bilen çaýkamak hem dişleriň sagdynlygyny goraýar. Nahardan soň dişleriň arasynda galan galyndylar çüýräp, adamyň deminiň ysyny ýaramaz edýär. Bu galyndylar dişi çüýredýär.

Diş arassalaýan çotgaňyz juda gaty ýa-da ýumşak bolmaly däldir. Ony wagtal-wagtal çalşyp durmalydyr. Islendik çotganyň ulanylyş möhleti üç aýdyr. Dişleriň adaty usulda arassanan ýagdaýynda olaryň ýüzüniň diňe üçden bir bölegi arassalanýandyr. Diş pastasy we çotgalaryň bir özi ýeterlik däldir. Olary her näçe öwseler-de, olar dişleriň arasyny arassalap bilýän däldir. Dişleriň arasyny ýörite şu maksat üçin niýetlenen diş sapaklary bilen arassalap bolýandyr. Diş sapagyny ulanmaklyk diş keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär.

Dişleri sagdyn saklamagyň ýene bir usuly – süýji, örän gyzgyn ýa-da sowuk naharlara ýykgyn bolmaň. Ýylyň dowamynda diş lukmanynyň gözegçilinden birnäçe gezek geçmek maslahat berilýär. Dişiň agyryp, gije ukudan goýaryna garaşyp oturmaň.

Ýokarda agzalan şertleriň baryny ýerine ýetirip, oňat diş pastasyny, diş sapagyny ulansaňyz, wagtal-wagtal diş lukmanynyň gözegçiliginden geçseňiz, dişleriňiziň owadanlygy we sagdynlygy töwrekdäki adamlary haýran eder.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Matal. 2014-07-16 14:40
Türkmrenlerde bir atalar sözi: "Dil bela diş gala" diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Olaryň galadgyny garranyňyzdan soň biljek bolup oturman, ýaşlykda dişleri gowy, degerli alada bilen gurşaň.
Sitata
 
 
#5 Üşer. 2014-07-10 02:12
Dişleri arassa saklamak ýüzi arassa saklamakdan hem gymmatly. Sebäbi olar diňe bir görk bermän bedene iýmitleri kadaly üwäp geçirýärler. Her iýmit iýeniňden soň agzyňyzy arassa suw bilen çaýkaň, ertir turanyňyzdan soň, agşam ýatmazyňyzdan öň gowy diş pastalary bilen ýuwuň.
Sitata
 
 
#4 Mergen. 2014-07-04 00:46
Dişler adamynyň görki we durky diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Şeýle diýilse hem dişler ýitirilenden soň hernäçe gowy ýasalan emeli dişler hem tebigy dişleriň ýerini tutup bilmez.
Sitata
 
 
#3 Diş lukmany. 2014-05-27 02:16
Dişleri örän aýawly saklaň. Olary öz mümkinçiliginden artyk maksatlar üçin ulanmaň. Meselem, aşa gaty zatlary çeýnemek, şänik , hoz döwmek, gutylaryň gapagyny açmak we ş.m. Dişleriň iýmit we iýmit siňdiriş agzalarynyň esaslaryndan biridigini bellemek bilen olarsyz iýmitiň lezzetiniň we siňmeginiň kadaly bolup geçmegi üçin öwezini dolup bolmajak orny bardyr.
Sitata
 
 
#2 Pygam. 2014-05-22 01:10
Çaganyň iki ýaşynyň dowamynda çykýan süýt dişleri bilen iýmit çeýnemäni öwretmek zerur. Ondan soň hem eňek süňküniň we eňek myşsalarynyň ösmegi we berkleşmegi üçin gatyrak çöregi we miweleri (alma, käşir we ş.m.) bermek maslahat berilýär. Olar her nahardan soň berilse dişleriň arassalanmagy talaba laýykdyr.
Sitata
 
 
#1 Çaga lukmany. 2014-05-17 19:10
Sagdyn dişler hakynda çaga entek ene göwresindekä alada etmeli. Ol hem enäniň rahar ýaşamagy, beden üçin gerekli bolan witaminleri we mikroelementleri, peýdaly iýmitleri hem-de keselleriň öňüni almak üçin öndürilýän dermanlary wagtly-wagtynda alyp durmadan ybaratdyr.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele